10:40 Görgüli / powestiñ soñy | |
7.
Powestler
Oraz Sary ýazgynyň soňuna ýetende elindäki kagyzlaryň sandyraýanyny gördi. Kellesine degen urgynyň sarsgynyny ýatlady. Ony bir gezek sahnada çyndan urupdylar. Oraz Sary baýyň roluny oýnaýardy. Aktýor hökmünde ondan ilkinji edilýän talap, synpy duşman hasaplanýan baýy tomaşaçylara ýigrendirmekdi. Onuň sütemine, zorlugyna çydamadyk garyp-gasar baýyň garşysyna baş göterýär. Dawa-jenjeliň soňy garpyşyga ýetende, çopan taýakly bir akmak är güýji bilen taýagy Oraz Sarynyň depesinden inderipdi. Gözi garaňkyrap, başy aýlanyp ýykylýar. Rewolýusion ruhdan lezzet almaga ram eden tomaşaçy el çarpýar, şowhun turuzýar. Perde ýapylandan soň Oraz Saryny aýak üstüne galdyrmak iş bolupdyr. Henizem baýyň kellesinde galyň silkme telpek bolupdyr, ýogsam bolmasa, Oraz Sary hakykatdan hem synpy göreşiň pidasy bolaýmalydy. Ony rehimsizlik bilen uran kişi teatryň ýanyndaky studiýa okuwçy alnan ýetginjek bolup çykdy, şol gün ol köpçülik sahna gatnaşypdyr. Oraz Sary eden işiniň telekdigine düşünip bilmän duran ýetginjegiň üstüne gygyrdy: «Biedep! Samsyk!» Soňra ony ýanyna çagyryp, sorap gördi: «Düşünmän etdiňmi, ýa-da biri şeýdip ur diýdimi?» «Synpy ýigrenjiňi tomaşaçylara görkez diýdiler» Oglany gyssap durmagy uslyp bilmändi, ýöne kalbynda müňkürlik galypdy, duşmanlarynyň biri ýetginjege öwreden bolmaly. Teatryň içindäki duşmançylyk sahnada görkezilýän synpy duşmançylykdan artyk bolmasa, kem däl. Kemalyň ýazgysyndaky Selim ujyz sypypdyr, Oraz Sary ukuda ýatanyň agzyny dykandan kellesine urup huşundan gidermegi amatly diýip bildi. Bir mahalky taýagyň degen ýeri lorsuldan ýaly boldy. Selim diýen adamyň toslanan bolmagy ähtimal, şonda-da gep puluň ýygşyrlan ýeriniň gabat gelýändiginde. Oraz Sary süňňüniň gowşandygyndan gorkdy, göwresini süýräp, eýwana çykdy, krowatdaky köne düşege elini sokdy. Eli dollarly daňa degende iriňli ýara ýarylan ýaly süýjülik bilen iňledi, küküregini düşege berip, bir meýdan meýmiräp ýatdy. Ýatyrka-da bu ýazgynyň duýduryş üçin ýörite ýazlandygyna ynandy. Ýazgy guraksy, gönümel ýazylypdyr. Oraz Sarynyň Kemala aýdyp beren hekaýatlary şireli, duýga baý, tolgundyryjy, olara ynanasyň gelip dur, bu ýazgyda welin, hakykat ýaly ýowuzlyk bar, duýga äsgermezlik bar. Munuň ýeke-täk zor ýeri, puluň ýygşyrlan ýeriniň takyklygynda. Şol hem Oraz Saryny juda bimaza edýär. Eýwanyň açyk penjiresi öýüň böwründäki deşik bolup göründi. Uly klýon agajynyň şahasy bilen eýwandaky penjiräniň aralygy bolaýsa bir metr, agaja dyrmaşyp, emgenmän öe girip bolýar. Kemal eýwan tarapy içgin synlan bolarly. Mundan beýläk penjiräni açyk galdyryp bolmaz. Şahany çapyp, owarra etmeli. Gabat aşakda, birinji gatda ýaşaýan ermeni aýala bu zerurlygy başga bir bahana tapyp düşündirse bolar. Garrynyň nägile bolmajagyny bilýär, ol: sen perişde bolup depämize gonduň, sen göçüp geleliň bäri biziň arkaýyn ýaşaýyşa ýüzümiz düşdi diýip, Oraz Saryny alkyşlamakdan ýadanok, del nahar etse, dadyrmaga getirýär. Öňki ýaşan üç çagaly maşgaladan gören ezýetini aýdanda kempiriň süňňi saňňyldaýar. Gije-gündiz dowam eden güpürdiniň üssesine-de, häli-şindi depeden suw akdyrypdyrlar. Oraz Sary şahanyň düýbüne palta urup durka, pişiklerden zeýrendi: ýoluny kesäýmesem ady ýitmişler meni öýden çykarjaklar diýdi. Kempir oňa düşündi. Eýwanyň penjiresini jebis ýapsa-da, dollary öňki ýerinde galdyrmaga ýürek etmedi. Üç bölege bölüp, hersini bir deşige sokmaly, ýöne bir otagly jaýda onça buljum ýer tapman kösendi. Kitaplaryň gatynda goýmagy-da amatsyz gördi, bary 20-30 kitap, bäş minutda silkip çyksa bolýar. Gyssagarada hemmesini göwnejaý edip bolmaz. Häzirlikçe dollary kuhnýada millionlyk daňylaryň ýerinde goýmaly, manat puly äkidip dollara çalyşmaly. Soňra haýdan-haý Kemaly tapmaly, ýazgyňy okadym diýmeli, toslamaňy gönümel, guraksy dil bilen ýazypsyň diýmeli, sähel ýerde sepi açylyp dur diýmeli. Ýok, hiç zadam diýme, oňatmy-erbetmi, çynmy-ýalanmy, ýeke söz diýme, näme üçin okamaga berenini özi aýdýança gepleme. Gara bazara ugranda köçäniň iki tarapyna esewan boldy, eger Kemala gözi kaklyşsa, göni baragadan ýazgysyny ýüzüne ursa-da gelişmän durmaz, oýnajak adamyňy daşdan gözle diýseň-de, bolman durmaz. Kemala gözi düşmedi. Şahany çapmaga howlugyp, telek iş eden bolmagym-da ähtimal diýdi. Kemal şahanyň çapylandygyny görse, Oraz Sarynyň howatyrlanmagyna sebäp bar ekeni, onda pul bolmaly diýer. Eger pul soraýsa, nähili bahana taparsyň? Bahanaňy sesini çykarman diňlär, soňam: onda näme üçin şahany kesdiň diýer. Pişikleri bahana etjekmi?.. Gahardan ýaňa Oraz Sarynyň maňlaýyna der indi, käýindi: «Nireden tapyldyň, tapylman geçmiş!» Oraz Sary otuz bäş ýyl ozal başyndan inen musallaty ýatlady. Ony tomusda, teatr oblastda gastrolda ýörkä öýlendiripdiler. «Doganjygym, doganjygym» diýip, hossar çykyp, Ene maňka onuň bigam sallah durmuşyna talaň saldy oturyberdi. Ene maňka öňem: «Saňa öz gyzymy beräýjek welin, arman, urarmykaň diýip gorkýan, ýekelige öwrenen erkek murtar bolýar» diýer ýörerdi. Her näme-de bolsa, Oraz Sary Ene maňkanyň gowulykda ýatlanmagynyň tarapdary. Aradan çykanyna on ýyl. Pakyr biraz burnuna salyp gepleýärdi, bäsdeş artist heleýler onuň adynyň gapdalyna tagma ýaly «maňka» sözüni patylatdylar, şonuň hesretini çekip gitdi. Hemişe ýigrenji, otrisatel aýallaryň roluny oýnamaly boldy, hemişe orny ikinjidi. Ýoldaşlaryna hemaýatynyň degjek ýerinde ol ýaýdanmany, diňşirmäni bilmezdi, hakyky položitel görelde görkezýärdi, döredijilikden ýetmeýän lezzetiniň öwezini haýyr-sahawat bilen doldurýardy. Oraz Sarynyň otuz ýaşa ser uran wagtydy. Öz gyzyny dözmedik Ene maňka kişiň gyzyny yzyna tirkäp myhmanhana getirdi. «Otur, gürleş, göwnüňe ýarasa şo maşgala seňki. Duluňa geçirýänçäň el uraýjy bolmagyn, ene-atasyna doganjygyma niýet edýän diýendirin» diýdi. Onuň gara çyny. Oraz Sary gyzy synlaýar. Ýigrimi ýaşlaryndaky, akýagyz, görmegeý maşgala. Eti-gany ýerinde, ýuka köýneginiň aşagynda göwüsleri ýumralyp dur. Göwni gidäýdi. Teatra dahylsyz gyzy küýsäp ýördi. Ene maňka bilen soňky bolan gürrüň şu günki ýaly ýadynda. – Galyň berib-ä alyp biljek däl. – Artistden zat hantama bolmaň, artistiň adyna, şöhratyna guwanyň diýdim. Süýt haky diýip bir zat emlärsiň-dä. – Emlemek her tüýsli bolýar. – Göwnüňden çykaranyň bolar. Aýperi getirdim saňa! Syn et, görmegi ýüz gyza degýär. Göwnüňem açylar, eliňem açylar! – Gyzlygyna ynamyň barmy? – Ýit-ä, enesi ýalamadyk! Ony ak düşege gan akanda bilersiň. Sizden her şumluga garaşaýmalydyr, aý, oglan, durumsyzlyk edäýme, gül ýaly gyzyň ýüregini ýararsyň. Gyz tutulan guş ýaly myhmanhananyň köne diwanynda galpyldap otyr, akja elýaglygy bilen tekiz maňlaýynda, dodaklarynyň gyrasynda görünýän der damjalaryny süpürýär. Dodaklary terliginden pökgeripjik dur. Bu gyz, megerem, teatra, tomaşa aşyk bolup ýören maşgalanyň çagasy bolmaly. Olar gastrola gelen artistleri myhmançylyga çagyryp, hezzetlemegi bagt bilýärler. Olaryň sadalygyna Oraz Sarynyň nebsi agyrardy. Häzir welin, şol sadalyga minnetdar boldy, eýsem bolmasa, bu pakyrjyk garşyňda utanar oturarmydy. Garaz, toý aladasy-da ertekilerdäki ýaly ýeňil çözüldi. Gastroldan gaýdylanda artistler gyzy gelnaljylap wokzala getirdiler, başyna mahmal atyp, küpele oturtdylar, şowhun bilen paýtagta ýetdiler, şowhun bilenem gelni Ene maňkanyň howlusyna saldylar, molla çagyrlyp nika gyýyldy, iki janly soýlup toý edildi. Agşamlyk gelin bilen Oraz Saryny iki otagly jaýda goýup gitdiler. Oraz Sary gelne ýanaşandan soň haýdan-haý çyrany ýakyp, ak düşege seredipdi, gan görenden soň ynjalypdy. Namysyna şek ýetmänine monça bolsa-da, näme üçindir garaşan lezzetini duýmandy. Gapdalda ýatan gelniň ertire çykylandan soň gitmän, şu ýerde galjakdygy oňa geň göründi. ZAGS-a baryp ýazlyşmak Oraz Sarynyň niýetinde ýokdy. Ýazlyşsa, pasportyna-da bellik ederler, öýüňe propiska etmelisiň, şeýder-de gapdalyňda ýatan kanuny aýala öwrüler gidiberer. Sen ony idetmeli bolarsyň, ol ýere-bu ýere çykanda pul bermelisiň. Iýjegini-içjegini özi gazansyn diýseň işe salmaly. Belli bir hünäri ýok, diňe orta mekdebi gutarypdyr. Ýokary okuw jaýyna girse-de boljak, ýöne bäş ýyllap student saklamak, göz-gulak bolmak, harjysyny çekmek!.. Eý-ho, Oraz Sary başyna bimöçber alada alaýan ekeni. Eýse, tomusda gastrola gidilende ony ýeke goýup gitmeli bolarmy? Ýanyň bilen alyp gitmek düýbünden bolmajak zat. Ony aktýor diýlen adamlara öwrenişdirmeli däl, asyl bara, olaryň golaýyna-da goýbermeli däl! Iň bärkisi olaryň gödek degişmesine çydamak kyn. Bir gezek elli ýaşly aktýory tas däliredipdiler, ýogsa, görgüli sähel-mähel degişmä çydaýan adamdy. Serhet ýakasyndaky raýona gastrola barlanda onuň iki dosty serhetçi ofiseri-de öz awantýuralaryna çekýärler. Ony telefonda oturdýarlar, soňam aktýora serhetçileriň telefon apparatyndan öýüňe ap-aňsat, mugt til edip bolýar diýýärler. Aktýor spektakldan soň gije öýüne til edermen bolýar. Aňyrdan trubkany dilleşilen ofiser göterýär. – Allo, allo, Aşgabatmy? – Hawa, Aşgabat. – Pylanyň öýümi? – Aktýor öz adyny aýdýar. – Hawa, şoň öýi. – O nähili şoň öýi bolýar? Sen kim? – Saňa kim gerek? – Aktýor aýalynyň adyny aýdýar. – Ol-a ýatyr. – O nähili ýatyr?! Häziriň özünde turuz-da, trubka çagyr, äriň çagyrýar diý. – Ýaňy uka gitdi, turuzmaň diýdi, ýadap ýatdy. – Ýadar ýaly näme iş edipdir? Sen meň öýümde näm işläp otyrsyň? – Häzir-ä piwo içýän, gel, saňa-da bir bokal bereýin... Aktýor trubkany zyňyp, kellesini diwara urýar, gygyrýar: – Men jelep heleý bilen ýaşap ýören ekenim! Zatlaryny ýygnap başlaýar, gaýtjagyna güman ýok. Köşeşdirmek iş bolýar. Degişmäni gurnanlar onuň aýagyna ýykylyp ötünç soraýarlar. Barybir aktýoryň ýüreginde aýalyna müňkürlik galandyr. Awgustyň petiş gijesi. Oraz Sary gelniniň ýalaňaç bedenini goltugyna gysýar. Ýylmanak ter beden çygjarypdyr, ýakymsyz ys burnuna uran ýaly bolýar. Deriň ysydyr. Ys deňiz suwunyň şor tagamyny ýada salýar. Deňiz suwy nireden bolsun? Bedeni şorladymyka? Gelnine ýuwnup gelmegi buýurýar, özem gastrol mahaly Krasnowodsk şäherinde bir aýal bilen ýatanyny ýatlaýar. Şonuňam endamyndan şor suwuň ysy gelipdi, ol ýaňy deňze düşen ekeni. Soňra ol ys aýalyň demindäki soganyň ysy bilen garyşyp, ten ýakynlyga bolan höwesi ýom-ýok edipdi. Oraz Sary ýuwnup, süpürnip gelen gelne meýil bildirmändi. Indiki gezek gelniniň bedeninden at ýatagynyň ysyny aldy. At ýatak nireden ýadyňa düşüp ýör? At ýatak diňe şäheriň etegindäki aýlawda bar. Gündiz entäp aýlawa baraýdymyka? «Seýis tanşyň barmy?» Gelin bu sowala düşünmedi. «Seýis diýýänime düşüneňokmy?» «Düşünmedim» Oraz Sary gygyrdy: «At ýataga bardyňmy?!» Gelin gözlerini petredip, gorky bilen garady, soňra aglady. Iki aýdan soň gelnini öýlerine ugratdy, gezersiň, göwnüň açylar diýdi. Gelin dolanmady, til edip, meni ideme diýdi. Bu aýdylana gynanýandan bolup, howsala düşen adamyň roluny oýnamak Oraz Sara gerek bolmady, gelin trubkany goýdy. Wagt geçdi, gelniniň göwrelidigini eşidip, öz ýanyndan öýkelän kişi boldy. Soňra gyzy bolupdyr diýdiler, öz ýanyndan gelniniň göwnüne degdi: meniň gyzymdygyny kim bilýär?! diýdi. Çagany aýal öz familiýasyna ýazdyrypdyr diýlende ynjaldy, diýmek, aliment sorajak däldir. Soňra äre barypdyr diýen habar gulagyna degdi, akyl edipdir diýdi. Diýse-de, şol gyz 18 ýaşaýança böwründen sanjy aýrylmandy, birdenkä aliment talap edilip gelnäýjek ýaly boldy durdy, sebäbi, çaganyň özündendigine ynanýardy, şol ynam hem ony ynjalmaga goýmandy. Şol bir mahalda-da ony ykrar etmezlik üçin birgiden delil taýynlapdy. Hudaýa şükür, olary ulanmak zerurlygy ýüze çykmady. Gyzynyň ýetişip, durmuşa çykandygyny eşidende gutarnykly ynjalypdy, öz ýanyndan oňa bagtly durmuş arzuwlapdy. Düşbülige gezek gelende gyzy ejesinden kem oturmady, ikisine-de minnetdar boldy. Gara bazara haýdap barýan Oraz Sary häzirki ýüz beren howsalaly pursat bilen bagly has gorkuly pikire maýyl boldy. Onuň maşgala ýagdaýyndan Kemal habarly bolsa?.. Çary ýaly agzyboşlardan birgiden myjabat eşidendir. Žurnalistiň ähli zada burnuny sokmak häsiýeti Kemaly ýola düşüren bolsa bilýärmiň? Belki, Oraz Sarynyň aýaly bilen gyzynyň ýanyna ýörite gidendir? Eger olaryň arasynda haýsydyr bir dilleşik baglaşylaýsa, ony diňe pul bilen baglasa bolar. Ärden, kakadan ýeňillik bilen ýüz öwürseler-de puldan ýüz öwürmek kyndyr. Puluň ýakymy başga, puluň hözüri başga! Taýyn pula topulan adamdan rehime garaşmagyn. Ol Kemalyň içimtaplyk bilen haýal-ýagal ýöräp barşyny göz öňüne getirdi, oňa mynasyp gören sözüni dişini gyjap aýtdy: «Pul deregine eş-şegiň nemesini alarsyňyz!..» 8. Kemal dört gat beton jaýda ýaşaýan bolmaly, Oraz Sary bir gezek onuň çakylygyna barypdy, nämä çagyrlany anyk ýadynda däl, sadaka bolmagy-da ähtimal, tagamly dograma iýipdi, gapdalynda Çary bardy. Jaýyň öňündäki agaçlaryň kölegesine ýazlan düşekde oturypdylar. Bir okara dogramany boşadypdy, ikinji okarany getiripdiler. Ýagly dograma agyr düşüp, içiniň bozlanam ýadynda. Jaýyň haýsy gatynda, haýsy kwartirasynda ýaşaýar, bilenok, soran hem bolsa, hakydasynda galmandyr. Oraz Sary dogry gelipdir. Jaýdan taýak atym aralykda çagalar bagynyň derwezesiniň bardygyny bilýär. Derweze bilen jaýyň aralygynda oturtma dükanjyk goýlupdyr, bu soňky döwrüň alamaty. Dükanyň öňünde başy açyk aýal asfalt ýola sübse urup ýör. Dükan ýapyk. Oraz Sary aýala tarap ýöneldi. – Gurgunmysyňyz... sizem şu jaýda ýaşaýansyňyz-da? – Kim gerek size? – Aýal başyny galdyrman sorady. – Şu jaýda Kemal atly biri bolmaly. – Hä, Kemal atly diýeniňiz şu jaýda ýaşaýar. – Aýal dikelip, Oraz Sara seljeriji nazaryny dikdi. Gözi içiňde geçip barýar. Gönümel burny agzynyň üstüne abanyp dur, eňegi çüri. – Siz artist Oraz Sary bolmaly, ýalňyşan däldirin-le? – Ýalňyşmadyňyz. Tanany üçin aýalyň ýüzünde begenç görünmedi, Oraz Saram biperwaýdy. Garradygyça bu aýalyň eňegi has çüreler, burun bilen aralykda gelşiksiz çöketlik dörär. Agzyndan görk gider, mahalyndan ozal kempire öwrüler. – Kemal haýsy kwartirada ýaşaýarka, aýdyp bilmejekmi? – Meň adym Suraý, Kemalyň aýaly. – Ol sübsäni asfaltiň üstüne taşlap, dükanyň gapdal gapysyny açdy, girmän, elini uzadyp, oturgyç çykardy, ony ýere dikmekçi bolýan ýaly bat bilen goýdy. – Oturyň, özümem garaşýan şoňa. – Dükan siziňkimi? – Bolmanlar ötsün-le, bolman geçen, rehnedinden azaby artyk. – Dükanyň öňüne ýelmenen möhürli kagyza Oraz Sarynyň gözi düşdi, mundan soň ýagdaýy sorap oturmagyň geregi-de ýokdy. – Warryk batyry oýnaňyzda gülerdik, häzirem oýnaýaňyzmy? – Indi Warryk batyr oýnalanok. – Oýnaňyzda-da indi güljek ýok. – Sen näme diýjek bolýarsyň? – Gulagyň näme eşiden bolsa, şony diýýän, güljek ýok diýýän. Gülünmejegine özüňiz düşüneňzokmy? – Gülkä gülmeseň, göwni galar-da. – At oýnatmasaňyz-la, artist aga. – Suraý ýene arassa asfalta sübse çalyp başlady. – Adamlaň bary Warryk batyra öwrüldi, şoňa düşünýän-ä gülmez, özüm-ä güljek däl. Iki-ýeke akmak gülende-gülmände näme! Öz üstüňden gülmek üçin teatra gidip ýörmegiň hajaty ýok. – Men Gogolyň «Derňewçi» pýesasyndaky şäher häkiminiň roluny oýnapdym, görüpmidiňiz? – Häkimleri ýer ýuwutsyn! – Gogolyň ýazan şäher häkimi on dokuzynjy asyryň adamy. – On dokuz boldy, ýigrimi bir boldy, häkim üýtgemez. Eşekler üýtgänog-a, haýsy zaman bolanda-da şol bir eşek, ýa gulagy kiçelipmi, ýa guýrugy üzülipmi? – Käýinmesene, gelin, Kemal ýaly äri bolan gelne käýinmek gelşenok. Suraý janagyrly güldi, sübsäni ýere zyňdy. – Gözläp-idäp, bir edaradan garawulçylyk tapdy, işlese bir aý işländir-dä, täze gelen başlyk kowuň diýipdir, öz adamlaryna ýer gerek, soňky geljek olaram kowar, düzgüniňiz gursun! – Maňa başga bir zat aýtdylar, söwdagär aýalyň elinde işleýär diýdiler. – Näm işleýänini aýtmadylarmy? – Sorabam durmadym. – Wah-eý, soramaly ekeniňiz-dä, artist aga. Baý heleýiň elinde waspnamaçy bolup işleýär. Ilki eşidemde, onuň ýalam wezipe barmy diýdim, şo heleýi wasp etmelidir diýip düşünipdirin, beýle däl ekeni. Ol aýal meň öwgime mätäç däl diýdi. Onda satýan harydyny wasp etmelisiň-dä diýdim. Ol heleý Kemala başga zat diýipdir, sen häkimleri wasp etmeli diýipdir, eline-de prezidentden başlap, uly emeldarlaryň ady ýazlan spisogy tutdurypdyr. Her baýrama gutlag ýazmaly, bu ýurtda iki günüň biri baýram. Göz öňüne getiriň! Hersiniň doglan güni, wezipä bellenen güni, garaz, sanasaň sogaby bar. Bir ýazanyň beýleki ýazanyňa meňzemesin, üýtgeşik bolsun, has çeper bolsun diýipdir. Goşga salyp ýazsaň has gowusy. Mes heleý şahyr diýdirmegiň kül-külüne düşendir diýdim. Waspnama şo heleýiň ady bilen gidýä. Öwginiň örüsi dar, gaýtalaman bolanok. Hudaý gün berse, şol bir nahar iýen ýaly-da, Kemalyň ha-alys mädesine degdi! Her gün bir roly oýna diýilse, özüňiz çydajakmy, artist aga? – Äý, näme, hak-heşdegi ganymat bolsa... – Bir aýda berýän puly on kilo et almaga ýetenok. Kemal geldi. Ol Oraz Sara alada bilen garady. Ýapyk dükanyň ýüzündäki möhürli kagyzy görüp: – Ýene gelipdirler-ow – diýdi. – Şol bir bahanalary. – Suraý Oraz Sara seredip dowam etdi. – Arak satýan ekeniňiz, rugsadyňyz ýok diýen bolýalar. Maýda söwda üçin araga lisenziýa berilmeýänini gelenler gowy bilýä, bizem bilýäs. Satyp ýörüs, hemme kişem satýa. Para almak üçin ýeser bahana. Alaçsyzja öz aýagyň bilen baryp, bermeli paraňy holtumlaryna gysdyryp gaýdarsyň, onsoň satyber. Birki aýdan ýene gelerler, ýene bermelisiň. Biz-ä düzgüni bozýan bolýas, häkimlikde oturanlaram hezil edýäler, olara düzgün bozulsa gowy. – Ýaşula öe gir diýmeli ekeniň. – Öe girip oturmak hyýalym ýok, sen meni köçä çenli ugrat. Oraz Sary gelen ýoly bilen yzyna dolandy. Köçä ýetip barýarkalar Kemal: – Ýaşuly, Suraý biraz gaharly gepledi welin, geň görmäň. – diýdi. – Poliklinkada medsestra bolup işleýärdi, iş ýeri kemeldilenleň sanawyna düşdi, ýokuş gördi. – Inibatyr, men indi bu dünýäde zady gaty göremok. Beren kagyzyňy bir demde okadym, gyzykly ekeni diýsemem bolardy, diýip biljek däl. Toslamadygyny bilip durkam gyzykly diýsem gelşiksiz bolar. – Ýaşuly, men bolan wakany ýazdym. – Dur!.. öňürti meni diňlemeli bolarsyň. Menem saňa bolan wakany aýdyp berjek, şony bilmek saňa juda zerur, näçe çalt bildigiňçe şonça-da amatly. – Oraz Sary pyýada ýodadan on-ýigrimi ädim sowaşyk tut agajynyň saýasynda aýak çekdi. – Saňa aýtdymmy, aýtmadymmy, bilemok, aýtmadygam bolsam, umuman, maşgala ýagdaýymdan azda-kände habarlymykaň diýýän. Bir mahal menem öýlenipdim, artistler aýdandyr. Artistlerde bir gylyk bar, biri beýlekisiniň gyýbatyny etjek bolsa, badalga hökmünde ilki onuň ýorganynyň içine seredýändir. – Oraz Sarynyň elleri saňňyldap, ýüzi agardy, dodaklaryndaky müňküldi barha beterläp, soňy titiremä ýazdy. – Meniň öýlenişime tötänlik diýseňem, akmaklyk diýseňem gelşip dur. Gyzy alyp gaýdamyzda ýaşajagyma ynamym ýokdy, gerek däl diýip bilmedim. Meni mejbur eden ýok. Şol gelni Oraz Sary kowdy diýýän adam bar bolsa, pohuňy iýme diýse bolar. Özi gitdi, öýlerine gezelenje diýip gitdi, dolanmady. Islän däldir, islemedigi mejbur edip bilmen-ä! Idemedim, onuňam sebäbini aýdaýyn. Idemäge özümi mejbur etmelidim, başarmadym. Başarmadygymy boýnuma alýan. Gyzy bolupdyr diýdiler, soň äre barypdyr diýdiler. Äre barmazyndan öň dogrupmy, soň dogrupmy, bilemok, biljegem bolmadym. Gyzyň boldy diýlip, ýörite habar edilen bolsa, aýry gep. Hakykatdanam meniň gyzym bolsa, ýüz öwürmezdim, aliment diýilse, aliment tölärdim, äý-ýok, göwnüňden çykaranyň bolar diýlen bolsa, oňa-da hä diýerdim. Meni asla idän bolmady. Ol gyz ýetişipdir, durmuşa çykypdyr, ne habar, ne çakylyk – men bihabar, soň eşidip galýan. Ejesi men hakda gyzyna hiç zat aýdan däldir diýýärdim, ýalňyşan ekenim, aýdypdyr, ýöne haçan aýdypdyr, gep şu ýerde! Geçse iki ýyl geçendir, bir gün gapym kakylýar. Açdym, bosagada goltugy çagaly ýaş aýal dur. Kimdigini soramankam göni bäbenegime seretdi-de: men seniň gyzyň diýdi. Maňlaýyma eşek depdi, şeýle diýsem jaýdar boljak. Başym aýlandy gitdi. Täze adresimi nirden bildikä? Mazaly sorag-ideg eden bolmaly. Egin-başy pukara, ýörite köne-küşül geýnip geldimikä diýdim. Ýüzünde reňk-pet ýok, göreçleri çakgyň çüýi ýaly. «Gyzym bolýan bolsaň, bu mahala nirede otlap-suwladyň, kakaň bardygy indi ýadyňa düşdümi?» diýdim. «Ejem aýtmadyk bolsa, entegem bilmezdim» diýdi. Soň täleýinden zeýrendi. Halaşyp bir ýigide barypdyr, ýeksurunyň agzy hapa ekeni, geroine ýatypdyr. «Özüň bir arassamy?» diýdim. Neşekeşleriň aýalyna neşe öwredýänini bilenim üçin soradym. Ýekuş gördi, aglady. Nebsimem agyrýar, gaharymam gelýär. «Kakaň bardygyny ejeň indem aýtmaly däl ekeni-dä!» diýip gygyrdym. Äri ogurlykda tutulypdyr, türmede otyr diýdi, bir gowy eden zady, aýrylyşypdyr. Näme diýende-de, nebsim agyranda-da, gyzymdygyna şübhäm kemelenok. Dokumentiňi görkez diýdim, dokumentden peýda ýok diýdi, hiç ýerde meniň adymyň görkezilmändigini boýun aldy. Belki, ony biri pul alarys öýdüp, ýaman niýet bilen ýörite ýollandyr? Hä-ä, ejeň aýdan bolsa, dogrudyr diýip, kaýyl bolup oturyberer ýaly men akmak däl-ä! Meniň şu aýdanyma sen düşündiňmi?! – Kemal etmişi üçin käýinç eşidýän çaga ýaly ýüzüni asyp diňleýärdi. – Näme üçin ejeň gelmedi diýip gygyrdym, gelsin-de seni menden dogranyny subut etsin! diýdim. «Ejem gelmez, ölmäge kaýyl bolar, ýöne gelmez, bäri gaýdanymam bilenok, aýtman gaýtdym. Maňa daýanara hemaýat gerek, kaka hökmünde sen şuňa borçly diýdi. Meni birinji gezek ejem dünýä inderen bolsa, ikinji gezek seniň hemaýatyň bilen dünýä inip biljek» diýdi. Ýeser gördüm, alkymymdan alyp, goýberjege meňzänok. «Şelaýyn söz tapyp meni ynandyraryn öýtme, iň bolmanda, daş sypatyňda meňzeşlik bolsady, seret maňa, heý, meňzeýän ýeriň barmy?» diýdim. «Ejeme meňzäpdirin» diýdi. «Ejeňe meňzeşligiň maňa delil bolup bilmez» diýdim. «Seniň üçin delili başga ýerden taparyn!» diýdi. «Nireden?» «DNK-myzy alyň, barlaň diýjek!» Saňsar bolup galaýdym. Kelläm güwläp başlady, şonda-da aýdýan sözleri aňyma ýetdi. «Meň ynanmagym üçin ejemiň aýdany ýeterlik, saňa welin, suduň karary gerekdir, garaşyber!» diýdi. Törüme geçirip ýalbardym, belent abraýymy dökme, genimizi barladyp, galmagallaşyp ýörmäli, ylalaşaly. Menden saňa näme gerek? «Pul gerek» diýdi. «Ýagdaýyma görä berjek bolaýyn, ýöne bir şert bilen: menden el çek diýdim, indiden soň men saňa gyzym jan, senem maňa kakam jan diýip, äbe-jüje bolup bilmeris» diýdim. Üç müň dollar sorady, eýdip-beýdip iki müňe razy etdim. Iki müň dollarymy alyp gitdi. «Alandygyňa dilhat ýaz» diýdim, ýazdy, dilhaty mende dur. Kim bilýär, ertir gelip ýene näme diýjek, hatyrjem bolanyň gowy. Inibatyr, eşitdiň gerek? – Ýaşuly, näme üçin bu zatlary maňa aýdyp berýäňiz? – Mende kör köpük galmady, şony bilip goý diýip aýdyp berdim!– Oraz Sary Kemalyň beren ýazgysyny penjesine gysyp, depesinde galgatdy. – Düşekde gizlär ýaly mende daňy-daňy dollaram ýok, depäme urup, öýümi talajak bolýan dostumam ýok! Başdan-aýak toslama, nämüçin ýazdyň, näme maksat bilen maňa okamaga berdiň?! – Ol ýazgyny tokgasy bilen Kemalyň döşüne urdy, kagyzlar pytyramanka Kemal gapmaga ýetişdi. – Bäh, beýle bolaý-dow!.. Kemal süssenekläp barýan Oraz Sarynyň yzyndan garap, ajy-ajy ýylgyrdy... 9. Oraz Sary öýüne ýetmänkä goýberen hatasyna düşündi. «Oraz Sary, sen gaty görüp öljegem bolsaň, bolşuňy ýüzüňe aýtjak diýip – özüne käýindi. – Seniň kelle diýip göterip ýöreniň kädi, içi boş kädi, suw kädi, nas kädi! Akmak bolmasaň, sen oňa ýaňky zatlary aýdarmydyň. Sen öz diliň bilen näme etmelidigini aýdyp gaýtdyň, paňkelle, samsyk! Saňa goýunkelle diýseň gelişjek!» Ol howpuň reallygyny aýdyň duýdy, gözüniň öňünde goltugy çagaly, reňki öçük, keselbent, egin-başy tozgun aýal direndi. Alaçsyzlyk ol aýalyň hereketine çakganlyk, tutanýerlilik berýär, ol iki tarapyny deňlän, ol galmagal gözleýär, ondan ýuwdarhalar ulukjyn alyp gaçmaga taýyn. Oraz Sary bu howpdan dynmagyň bir alajyny çaltrak görmese, öýüne barany bilen arkaýyn oturyp-da bilmez, ýatyp-da bilmez. Ol it aýagyny iýen ýaly şäherde entedi ýördi, haýsy ýerden, haýsy köçeden barýany aňyna ýetenok, gapdalyndan geçýän adamlar, ulaglar gözüne-de ilenok. Wagtal-wagtal özüne salam berilýänini eşidýär, saglykmy diýse-de, olaryň ýüzüne seredenok, sereden hem bolsa, hakydasynda ýok. Şu gün, aňry gitse ertir goltugy çagaly, ataýry sypat aýalyň peýda bolaýmagy ähtimal. Ýok, oňa bu gün garaşma, gelmez. Kemal ony habardar etmäge ýetişäýende-de ol bu gün gelmäge ýetişmez, Kemalyň özem bu gün gel diýmez, eger diýse, planlaşdyrlan talaňçylygy gös-göni özüniň gurnandygyny äşgär eden ýaly bolar. Eşekýassyk ýaly haýal ýöräp, etjegi içinde, az gepläp, köp diňleýänlerden gork. Eger baý söwdagär aýalyň görgi baryny görkezýäni çyn bolsa, bilip edýändir. Aýaly adym Suraý diýdimi? Olam-a darsdaban görünýär. Birdenem hyýalyndaky çagaly aýal Suraýyň keşbine girdi. Gyzynyň aýdaýjak sözlerini Suraý aýtsa, gelişjek duruberjek. Oraz Sary surnugyp öýüne dolandy. Çaý içmezden öňinçä manat berip alan dollarlaryny ýygşyrara ýer gözledi. Ilki hyýaly, diwardaky fotoportretiniň ýeňsesinde goýmakdy, ýöne bu usuly kinofilmlerde telim öwre görüpdi, onuň görenini il hem görendir. Elbetde, bu amatsyz, ygtybarsyz. Eýwanyň bir çüňkünde ýatan ýeşikde ünsi eglendi, oňa köne-küşül, hara-hura salýardy. Apgyrdy gopan köwşi tapdy, içine ýyrtyk, hapa jorap dykylan ekeni. Umuman, Oraz Sary deriň porsy ysyny halaýar, joraplaryny seýrek ýuwýar. Eger deriň porsusy ýitmedik bolsa, dollary joraba salyp, köwşüň burnuna dykyp goýsa-da biamat bolmaz, deriň ysy syçanlary gorkuzmaly. Joraby ysgady, deriň ysy galmandyr, diýmek, syçan gorkmaz. Syçan dollary iýýärmikä? Bu sowaly hiç kime berip bolmaz, hatarly. Şu zamanda syçanlaram dollardan ýüz öwürmeseler gerek. Jany ýanyp, kwartirasyny ýyrtyk kisä deňedi. Ol gije düýş görüp turdy. Dogrusy, muňa düýş diýer ýaly hem däl. Sygryň uzyn-uzyn naýynjar molaýan sesini eşidýär. Sygyr aç-suwsuz galanda, gölesini ýitirende şeýdýär. Ses çykan tarapa garasa-da, sygry görenok. Janawaryň sesinde howpdan dörän goky bar. Ses Oraz Sarynyň ýüregine-bagryna düşýär, sabry gaçyp, gara dere batýar... Oraz Sary oýanandan soňam esli wagt sygryň sesi gulagyndan gitmedi. Aýagy alakanyň hininden çykýan suwa gidip, gölesini ýitiren sygyr uzak ýyllaryň daşlygyndan Oraz Sara duýduryş ýollan bolmaly. Arkaýyn oturma, bir alaç tap diýýär... Ol irden öýünden çykdy, maksady ýurist bilen maslahatlaşmakdy. Henize-bu güne ýüz tutmadyk bolsa-da, «ýuridiki konsultasiýanyň» ýerleşýän jaýyny bilýärdi, häli-şindi gapdalyndan geçip ýör. Bu jaý ýöne bir jaýmy! Aşgabagda onuň «pentagon» diýen ady bar. Näme sebäbe beýle at alanyny anyk bilenok. Hakyky Pentagonyň Waşingtondadygyny bilýär, harby ministrligiň jaýydygyny-da bilýär. Aşgabadyň ortasyndaky dört gat «pentagonda» SSSR döwründe goşun ofiserleriniň ýaşan bolmagy-da ähtimal, Oraz Sary mahalynda şoňa-da üns bermändir. Häzir welin, jaýy synlap barşyna, tas bir kwartaly tutup duran bütewi ymaratyň durkunda Pentagonyň jaýyna meňzeşlik gördi. Jaýyň iç tarapyna geçilýän arkanyň daş ýüzünde latyn harplary bilen «ýuridiki maslahat» diýlen ýazgy asylypdyr. Öňki krill harpyndaky ýazgynyň haçan aýrylanyny-da bilenok. Dogrusy, Oraz Sary türkmençe tapylýan täze terminleriň, aňlatmalaryň köpüsine düşünenogam, düşünjek hem bolanok. Meniň geçmişim öňki elipbiýde-krillisada galdy diýýär. Onda-da iş-alada ýüze çykýar, telewizordan eşidýärsiň, üns bermäýin diýseňem bolanok. Täze tapylýan aňlatmalaryň käbiri Oraz Sarynyň gulagyna ýakymsyz eşidilýär. Ine, «fontan» diýen söz bar, eşidilişem owazly, aňladýan predmeti bilen sazlaşyp dur. Gadymy latyn sözi, dünýäniň köp diline geçen. Alagadan «fontana» derek «çüwdürim» diýdiler. «Çüwdürim» diýilse, Oraz Sarynyň göz öňüne siýdigini çüwdürip duran çaga gelýär. Ýakyn aralyga-da «siýdik çüwdürim» diýýärler. «Çüwdürim» «fontanyň» aňladýan manysyny püçege çykarýar, rast, öz diliňde şol manyny aňladara jaýdar sözüň ýokmy, öňki allanäme sözi ulanyber. Oraz Sary gelen ýerinde-de näsazlygyň bardygyny aňdy. «Konsultasiýa» derek «maslahat» diýipdirler, jähennem, sülä gelýär diýeli. Maslahat bermeli adamlara «maslahatçy» diýmän, «aklawjy» diýip ýazylanyna düşünmedi. Aklawjylar sudda oturmaly dälmi? «Aklawjynyň» manysy bu edaranyň bitirmeli işine gabat gelenog-a. Beýle diýseň «sud» sözüni «kazyýet» bilen, «sudýany» «kazy» bilen çalşyrdylar. «Kazy» diýilse, Oraz Sary başy selleli, egni donly orta asyr adamyny göz öňüne getirýär. Äý, bolýar-da, başyňy agyrtma, Oraz Sary, gowusy, sen öz aladaň bilen bol... Oraz Sary bu edaranyň ululygyna haýran galdy, jaýyň aşaky ýary ýerzemin gatynda ýerleşýär, ýarty ganatyň dowamyna uzalyp gidýär, ýüz metrden gysga däldir. Iki egniňde-de otaglaryň hatary, her otagda üç-dört adam stol eýeläp otyr, köpüsi-de aýallar. Gapydaky «aklawjylar» diýen sözüň aşagynda olaryň familiýasy görkezilen. Oraz Sary assa ýöräp zalyň aňyrsyna çykdy, açyk gapylara seljeriji nazaryny aýlap barşyny görenleriň: bu ýaşuly birini gözleýändir diýýän bolmaklary-da ähtimal. Bir otagyň gapysyna «kassa» diýlip ýazylypdyr. Bu söz Oraz Sara pul tölemelidigi duýdurdy. Ol alada galdy, kisesindäki pul tölege ýetermikä? 40 müň manady bar, şähere çykanda artykmaç pul götermezlik ram eden endigi. Alýan harytlarynyň bahasyny aglaba bilýärdi. Bu ýerde berilýän maslahata näçeräk baha kesilýärkä? Ilki sowalyňy diňleýän bolsalar gerek, ýönekeými, çylşyrymlymy, şoňa garabam tölegiňi aýdýandyrlyr. Kassa pul geçireniňden soň jogabyňy berýändirler? Ýa-da, berlen maslahatyň seni kanagatlandyryşyna görä baha kesilýärmikä?.. Oraz Sary özüniň tanalmazlygyny isleýärdi, aklawjy diýlip oturdylanlaryň kileň ýaşlardygy ony biraz arkaýynlaşdyrdy. Soňky zamanyň ýaşlaryny bilimem, sungatam gyzyklandyryp baranok. Artist diýilse, masgarabazdyr öýdýärler. Sowet zamanynda artisti görmäge höwes bardy, oňa öýkünjek bolunardy, suratyny törden asardylar. Ol erkek aklawjyny gözledi, onuň islegine, derdine erkek düşünip biler. Erkek bilen aýalyň arasyndaky antogonizm ýa-da erkekleriň garşysyna durmaga aýallaryň özara raýdaşlygy Oraz Sarynyň peýdasyna işlemez. Orta gürpdäki otagda maňlaýy sakar, ýüzi ýylmanak ýigit burça gysylyp otyr. Gapdalyndaky stollar boş. Bu has amatly, arzyňy ýeke adam diňlese gowy. – Inim, giribersem bolar-la? Aklawjy jogap bermezden öňürti bosagadan içeri ätlemäge häzir Oraz Sara çiňerlip garady, geleniň özüne nätanyşlygyny onuň soňky biperwaýlygy duýdurdy. – Giriberiň, geçiberiň... – Saglykmydyr?. – Salawmaleýkim. Oturyň şujagaz ýerde, ýaşuly. «Hernä, tanamady». – Bir mesele ýüze çykdy, çözgüdini salgy almaga geldim. – Salgy bermek biziň başarýan işimiz-dä, ýaşuly. – Öz meseläm däldigini öňünden aýdyp goýaýyn. – Bize tapawudy ýok. – Meniň gowy görüşýän, gatnaşýan ýoldaşym bar, ömrüni mugallymçylykda ötüren adam, saglygy ýabygorly, şu ýere gelmäge-de gurbaty ýok. Derdi aýagynda, bir dyzy epilenok. Bimaza bolup ýatyr, arkaýyn ýat diýdim, seniň meseläňi özüm maslahatlaşyp gelerin diýdim. – Oňaraýypsyňyz, ýaşuly. – «Mugt Buharda ýok» diýilşi ýaly, maslahatyňyz tölegsiz-ä bolmaly däl. – Elbetde. – Möçberi näçeräk bolarka? – Meseläňe bagly bolar, ýaşuly. – Tölegini, hat-petegini öz adyma etsemem bolar-a? – Öňürti meseläňizi eşideýin, ýönekeý, dilden beriläýmeli jogap bolsa, näsag adamdan töleg sorap durmarys, bizem hudaý, ynsap diýip ýaşaýarys-a. – Berekella! Ýaňy gapydan saňa seredemde, aňrujy adam tanaýan bolsam, şu ýigit köp okaýandyr, köp bilýändir diýdim. Meselämi biraz uzakdan başlajak. Fransiýada dünýä belli aýdymçy aktýor bardy, kinoda-da köp oýnady, ady Iw Montan. – Aklawjy habardar ýaly başyny atsa-da, göreçlerindäki biperwaýlyk bilmeýändigini äşgär etdi. Iw Montanyň kimdigini giňräk aýtsa-da boljakdy, onda-da aklawjynyň bilmeýändigini äşgär eden ýaly boljak. – Pakyry gabrynda arkaýyn ýatyranoklar, soňky 20 ýylda üç öwre gabryny açdylar. Biri men aýalydyryn, ýene biri men gyzydyryn diýip gelýär, aktýoryň mirasyna dawa edýärler. Hakyky mirasdüşerler: subut ediň diýýärler. Dawagärlerde elin delil ýok, bolmasa-da, ökde aklawjy tutup gelýärler, asyl bara, DNK-myzy analize beriň, hökmany suratda gabat geläýmeli diýip, goh-galmagaldan gaýdanoklar, gazetini, telewideniýesini dek oturdanoklar... – Ýaşuly, miras dawasy suduň işi. – Bilýän, ony bilýän. Sen, inim, DNK meselesiniň bizde ýörgünlidigini, däldigini aýdyp beräý. – Enteg-ä DNK almak üçin pylanyň mazary açylypdyr diýlip eşidilenok. – Sözümiz gabat geldi, menem şony diýdim. Adam pakyr was-wasa düşse, ýaman boljak ekeni, hi-iç arkaýynlaşyp bilenok. – Aňsat ýoly bar. Emlägini mirasdüşerlerine bölsün, dawa bolar öýtse, natariusda resmileşdirsin, gepem bolmaz, gürrüňem bolmaz, kanuny zat. Mugallym adamda üýşüp ýatan baýlygam ýokdur-la. – Zady bolanda-da mirasdüşeri ýok. – Nätdiňiz-aý muny, ýaşuly ! Onda was-wasa düşüp ýörmesi näme? – Bir näkesiň tapylmagyndan gorkýar. Geň görme, gorkusynyň jany bar, durmuşyna belet bolamsoň aýdýan. Giç öýlendi, öýlenişem geň. Oblastlaryň birine tomus gezelenje gidýärler, şol ýerde-de ýoldaşlary ony ur-tut bir ýaş gyza öýlendirýärler. Görki-görmegi allanäme maşgala, dili-agzy ýok. Ýekelige öwrenseň murtar boljak ekeni diýýär, gelin görgülä ysnyşyp bilmändir... – O ýagdaýlary nähili, kemi bardyr-da? – O tarapy düzüw, birinji gije prostyn gara gan boldy diýýär. Bu ýerde gelinde-de günä bar, kapasa düşen guş ýaly bolup oturmaly däl, oýun et, näz-kereşme et, degiş, gülüş, äriň göwnüni göter. Bu zatlar bolmasa, ten ýakynlygynyň gyzygy gaçyberýän ekeni diýdi, aýdanyna ynanýan. Bir gün gelin öýlerine gezelenje diýip gidýär, gaýdyp dolanmaýar. ZAGS-dan geçelem diýmändir. Bu-da idemeýär. Soňam äre barypdyr diýip eşidýär. Hawa, şondan öňmi-soňmy, takyk bilenok, gyz dogranmyş diýen habaram gulagyna degýär. Kakasy diýip, muňa ýörite habar ýetiren ýok. Çaganam ejesi öz familiýasyna ýazdyrypdyr diýip eşidýär. Meniň gyzymdyr diýmäge-de dili baranok. Gelin ikinji äre baranda, ýa şol çaga göwresinde bolmaly, ýa-da soňky äriniň eden işi bolmaly. Eger birinji ärinden göwreli bolan ýagdaýynda, çagany kakasynyň adyna ýazdyraýjak ýaly. Etmedigem bolsa, oňa-da sebäp bar, öň olaryň ýazlyşan ýerleri ýok. Ärsiz guzlapdyr diýiljek. Eger şu ýakymsyz gürrüňden gaçan bolsa, çagany öz familiýasyna ýazdyrypdyr diýleni-de ýalan bolmaly, çaga soňky äriniň familiýasyny göterýän bolmaly. Iki-üç ýyllykda ýene bir habar eşitdi. Şol gyz ýetişip, durmuşa çykanmyş, çagasy bolupdyr, ýöne durmuşy oňmandyr, baran ýigidi neşebent ekeni, geroine ýatypdyr, ahyram ogurlykda tutulyp, türmä düşenmiş. Gysgaça aýdylanda, ýagdaý şeýleräk. Indiki mesele: alageden betbagt aýal, ýaňkyň gyzy, çagasyny goltugyna gysyp, maýyp ýatan görgüliň gapysyndan geläýse, nätmeli bolar? – Onçasyny gelende görübermeli bolar, ýaşuly. Dostuňyza bir zat diýiň: suw görmän tamman çykarmasyn. – Ine, bu ýerde-de pikirimiz deň geldi. Diýdim. Ynjalanok, ätiýaçdan kanuny jogap tapyp goýmasam ynjalman diýýär. – Gyzy asyl-ha görmedik bolsa, ady hiç bir dokumente düşmedik bolsa, gyzyň ejesi bilen nika haty ýok bolsa, dostuňyz näme sebäbe howsala düşüp ýör? Özüňizi dostuňyzyň ýerinde goýup görüň. Şol gyz indiden soň gelermi? – Ejesi: pylany seň kakaňdyr, pylan ýerde ýaşaýandyr diýse, geler. Kakasyny küýsäp gelmese-de, emlägini küýsäp geler. Ol aç-ýalaňaç galdy, ony idetjek ýok, äri neşekeş, ogry, türmede otyr. – Ýaşuly, ejesiniň pylany seň kakaňdyr diýen sözi emläge eýe bolmaga kakuny esas berenok, gapdalynyň ygtybarly dokumentleri gerek. – Ini-im, şol sebäbe men başda DNK-dan gep gozgadym. Aklawjy hahahaýlap güldi. – Ýene bir öwre aýtmaly bolýan: suw görmän tamman çykarmasyn, özüni horlamasyn. – Şonda-da, aýdaly, meseläň soňy syrygyp DNK ýetäýse?.. – DNK gabat geläýende-de, sud birgiden sowal berer. Şu çaka kakasynyň bardygy ýadyna düşmänmi? Ejesi meýletin gidipdir, är-aýal bolup ýaşandyklaryny tassyklaýan dokument ýok. – Şaýat boljaklaram kileň ölüp gitdiler. – Ejesini bile ýaşamaga mejbur eden barmy, zorlan barmy? – Ýok-ýok, özüm gözlüje şaýat. – DNK bolsun, bolmasyn, şu sowallara jogap bermeli bolar, sudy ynandyrmaly bolar. – Ine, pikirimiz ýene gabatlaşdy, berekella! – Ýaşuly, dostuňyz ýeke bolsa, maýyp ýatan bolsa, gyzyny özi gözläp tapmaly dälmi? Oňa-da hossar gerekdir-ä. Aklawjy oturgyja arkasyny berip, ellerini penjeginiň kisesine sokup oturdy, Oraz Sarynyň ýüzüne dikanlap garady. – Dostuňyz arkaýyn ýaşasyn, gyzy geler öýtmesin – diýdi. – Öňi bilen-ä ejesi gyzyna pylany seň kakaň diýen däldir, bardy-geldi diýenem bolsa, gyzyny goýbermez. Ol pisint aýallara men belet, ýaşuly, aýalam bolsalar, olar ärleriniň peselen ýerinde peselmeýärler. Başda erkeklerçe ýalňyşyny düzeden aýal bu gün gyzyny kakasynyň üstüne kowmaz. Beýle ejizlige ýüz urjak aýal gyzy üçin başda aliment talap ederdi, sudlaşardy, şaýadam tapardy, dokumentem tapardy. Etmändir, etmezem! Ol mätäçligiň derdeserinden belentde durýan aýal bolmaly!.. Bagşylaň, ýaşuly, dostuňyzyň göwnüne degmäge hakym ýok, eger özi gelen bolsady, men bu pikiri aýtmazdym, düşünersiňiz diýen umyt bilen size aýdýan: dostuňyzyň ýerliksiz howsala düşüp ýörmegem, sizi bärik ýollap ýörmegem sataşan maşgalasyndan pesdigini görkezýär. Ol maşgalaň wagtynda gideni gowy bolupdyr. Men siziň pikiriňizi sorajak bolamok, hakymam ýok. Adamçylykda aýdylaýýar, bagşylaň, ýaşuly, gürrüň öz aramyzda galsyn. – Näçeräk tölemeli bolsa, aýt, inim. – Töleg ýok, ýaşuly. – Minnetdar. 10. Oraz Sarynyň çakyna görä, maňlaýy sakar, ýylmanak aklawjy ony tanady. Aktýor diýip tanamadyk hem bolsa, gyzynyň gelmeginden ätiýaç edýän adamyň Oraz Sarynyň özüdigini aňlan bolmaly. Başganyň aladasy bilen geldim diýse-de, özi aklawjynyň her sözüne tolgundy oturdy. Häzirem arkaýynlaşyp bilenok. Özüne igendi: ol tarapdan adam gelmejekdigini aklawjy aýtmanda seniň özüň bileňokmydyň? Bu ýöwsel oýun kime gerek? Gelägeden gözýaş ýa-da nadaralyk bilen biriniň gazanan halal emlägine eýe bolup oturybermek aňsat eken-ow! «Seniň ýeke köpük goşant eden ýeriň barmy?!» Oraz Sary hyýalynda real sypata giren goltugy çagaly aýala dişini gyjap ýüzlendi. Real sypat hökmünde Kemalyň aýaly Suraýyň keşbi ymykly orun aldy. «Pul deregine meniň nemämi alarsyň!» diýdi. Diýse-de, alaçsyzlykdan diýýänini duýdy, barha ot aldy, töwerege, uly köçeden biparh barýan adamlara-da gaharlandy. Daşary ýurt markaly maşynlarda oturan diktumşuklaryň awariýa uçramaklaryny diledi. Haram pula alnan emlägiň köýeni bilen gynanjak ýok. Oraz Sarynyň gazanjy welin, ene süýdünden halal. Nägünlik bilen gazandy! Teatrdan sypdygy telewideniýä, ondan radio, ondan kinostudiýa howlugardy, ýeteşiksiz günde ömri ötdi. Dost-ýar bilen keýp-sapada boldumy, restoranda pul döken ýeri barmy, ýa-da göz eglener ýaly geýim geýdimi! Häli-şindi göreni bufetiň nany, kefiri, naharhananyň borşy, kotleti, holodilnikde hepdeläp ýatan kolbasa... Ol muny ömrüniň bihuda geçendigi üçin aýdanokdy, gazanç etmegiň kyn bolandygyny tekrarlaýardy. Onuň emlägine göz dikýänler şu ýagdaýy bilmeýärmikäler?! Köçeden sowlup, ýaşaýan jaýynyň öňüne aýlananda, podýezdiň gapysynda duran Kemaly gördi, menden el çekmejekleri çyn diýdi. Kemal eýwana direlip duran şahanyň çapylandygyny görendir, pulum ýok diýip ynandyrmak kyn düşse gerek. Kemalyň ýöwselläp başlanyny görende Oraz Sary onuň hereketini ýakmaz iş edip, indem eýesiniň göwnüni tapmak üçin guýruk bulaýan ite meňzetdi. – Ýaşuly, salawmaleýkim. Oraz Sary başyny galdyrman onuň deňinden geçdi, podýezdiň iç bosagasyna ýetip, gaňyrlyp garady. – Okamaga ýene bir zat getirdiňmi? – Ýaşuly, men-ä walla, uzak gije ýatybilen däldirin. – Niýetiňi düzüw tut. – Ýaşuly, bu maňa diýilmeli söz däl. Şol ýazgyny ýaman niýet bilen okamaga bermedim, ýagşy niýet bilen berdim. Diňläň ahyry, beýtmäň, ýaşuly, düýnden bäri ýerde-gökde ynjalyk tapamok. – Toslama ýazyp, ynjalan ýokdur, inibatyr. – Ýaşuly, men bolan wakany ýazdym. – Meniň üçin ýazdyňmy? – Size okadanymyň sebäbi bar. Siz ussat aktýor, ömrüňiz sahnada geçdi, sahnany sizden ökde bilýän galmady. Kelläme bir hyýal geldi, siz unasaňyz, maslahat berseňiz... şol ýazgyny pýesa öwräýmek hyýalym bar. – Hyýalyňdan el çek. Ol toslamaňy ak kagyz göterýär, teatr götermez. Teatr janly, damarlarynda gan urýan bedendir, altynyň arassalygyny äşgär edýän mähekdaşdyr, galplygyň sepini açar oturyberer. Meniň maslahatymy küýseýän bolsaň, bir ýagdaýy bek belle. Pýesa tomaşaçy üçin ýazylýar diýýänler bardyr, ynanmagyn. Pýesa aktýor üçin ýazylýar! Öňürti aktýory ynandyrmalysyň, ynanmadyk zadyny aktýor oýnamaz, oýnasa-da oňa tomaşaçy ynanmaz. Bolan waka diýip ýazan zadyň meni ynandyrmady. Süleýman diýen diş dogtoryň galtaman, haramzada. Ömürboýy şol galtamany tanamadyk bolsa, ol Selim diýeniňem nalajedeýin, akmak! Nämesine guwanyp, olary sahna çykarjak? – Adamlar maýdalanyp barýar. – Maýda adamlaryň sahnada işi ýok, sahna belent ideany jar etmeli! Gogol teatry kafedra deňäpdir, kafedra çykan adamdan akylly-başly, peýdaly pikire garaşylýar. Sen näme diýjek? Bäş şaýy pul goraglap ýörmeden gaýry ol adamlaryň işi-pişesi ýokmy? – Pul adamlaryň aňrybaş idealyna öwrülip barýar, ýaşuly, adamyň mertebesini pul bilen ölçeýärler. Ylyma, bilime, manyly söze orun galmady, puluň orny bar. Pul bedewi eşegiň yzyna tirkedi, ýaşuly, pul halaly harama mätäç edip goýdy, sag eli sol ele mätäç edip goýdy! Pul adamy döretme-dä, puly oýlap tapan adam-a! Bu gabahatlykdan bir çykalga bolmalydyr-a, ýaşuly. Siz talapkär mugallymyň belligini aýtdyňyz, ýaşuly, siz meni ugrukdyrsaňyz bolýar, zehinimi, zähmedimi gaýgyrmaýyn. Göwneseňiz bile işläliň, bile ýazalyň... «Meni öz arabasyna goşjak bolýar, öýüme öwrenişmäň aladasyny edýär». – Menden el çek! Bu söz Kemaly kükregine depilen ýaly etdi, kynlyk bilen dem aldy. – Sizem bimaza edäýdim, ýaşuly, bagşylaň, ötünç soraýan. – Hoş. – Haýran galyp durmaly bolaý-dow... – Kemal ýene bir zatlar hüňürdedi, Oraz Sarynyň gulagyna ýetmedi. Kemalyň gapydan kowulsa-da, çagyrlaryna garaşýan it ýaly oýturaklap barşyny synlan Oraz Sary käýinmedi, dogrusy, oňa biraz nebsi agyrdy. Oraz Sary ikinji gata galyp barýarka, gaýra goýman, häziriň özünde etmeli işini göz öňüne getirdi. Puly üçe bölüp, adam oglunyň oslamajak ýerinde ýygşyrmalydy... SOŇY. 2006-njy ýyl. Tirkiş JUMAGELDIÝEW. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |