AÝJYN HÜJÜM ETSE...
Iki sany ýigit gök ekin ekmek üçin kärendesine ýer aldylar. Giden meýdanyň gapdalynda-da ir döwürlerde gurlan kerpiçden iki otagly meýdan düşelgesi bar. Günbatar tarapynda-da soňky ýigrimi ýyl bäri adam jaýlanmasy bes edilen, köne mazarystanlyk ýatyr.
Gündiz, ekin meýdanlaryna suw açdyrmak aladasy bilen suw paýlaýjy desganyň nobatçy işgärleriniň ýanyna baranlarynda-da olar, ekin ýerlerine goňşulykdaky gonamçylyk barada biri-birinden mojuk, köp-köp eýmenç wakalary eşitdiler.
Del söhbetdeş küýsäp giden suwçylar, iki dosta, ol gabrystanlykda gijelikde ýiten adamlaryň atlarynam birme-bir sanap berdiler. Ol ýerlerde eýýäm takmynan ýüz ýyldanam gowrak wagt bäri saçam gyzyl, gözem al, tenem gülgüne, aýylganç aýjynyň olja agtaryp, ser-sepil gezýändiginem ilgeziklik bilen habar bermäge ýetişdiler.
Garaz, gije ýatanlarynda iki ýigit, elektrik togy ýok bolandygy zerarly tüm-garaňkylyga beslenen jaýda, gapyny içinden temmelänleri bilenem oňman, oňa pillerinem mäkäm diräp ýatdylar.
“Gurt agzasaň gurt geler” diýleni, gözlerini howatyrly tegeläp ýatyşlary ýalam, ýarygijeden agyberende jaýyň öýünde bir gorkunç, iniň tisgindiriji “hossuldy” eşidildi. Soňam nähilidir bir läheň göwre gazap bilen olaryň ýatan jaýynyň gapysyna gazap bilen süsňäp başlady welin, iki dost birek-birekdenem, bu ýalançydanam ellibizar, bela-beterden janlaryny gutarmagy dilemeg-ä beýle-de dursun, aýjynyň elinden azap-hunaba ýuwutman, duranja ýerlerinde takga janlary çykyp ölüp bilseler armanlary ýok, äňlerine ýelmeşen dillerine erk etmäge ýagdaýlary bolman, jaýyň iň alys künjüne dykylyp, busuryldylar oturyberdiler.
Kän wagt geçmänem, köne düşelgäniň çalamydar gapysyna gürpe-gürpe urulýan agyr göwräniň zarbyna, işik pytrady-da, onuň aňyrsyndan suwçylaryň daňysyndan boşan adamçy öküziniň şahlary somalyşyp duran kellesi göründi.
Hemişe-de gazygydyndan boşadygy öň boş ýatan şu düşelgä gelip, içinde ýatmaga endik eden janawer öz gaçybatalgasyny eýelän, biri-biriniň içine giräýjek bolup galpyldap oturan iki sany pyýada gözlerini mölertdi-de: “Mo-o-o!!!” edip, uzyndan-uzyn, nägile molap goýberdi...
Hekaýalar