18:05 "Gorkut ata" eposynyñ biziñ günlerimize gelip ýetmedik boýlary | |
«GORKUT ATA» EPOSYNYŇ BIZIŇ GÜNLERIMIZE GELIP ÝETMEDIK BOÝLARY
Edebi makalalar
Milli mirasymyza gadyr goýýan Saparmyrat Türkmenbaşynyň edebi taglymaty «Gorkut ata» eposymyzyň alnyndan ak gün bolup dogdy. 70 ýyllap Sowet imperiýasy türkmeni bu ajaýyp edebi hazynasyndan jyda düşürjek bolup, elinde baryny edenem bolsa, hatda Mäti Kösäýew ýaly uly alymyň başyna «itiň gününi» salan hem bolsa, barybir, halk ýüreginden orun beren dürdänesini ýitirmedi. Garaşsyzlygmyzyň Beýik mugallymy Saparmyrat Türkmenbaşynyň aladasy bilen türkmen alymlary öz taryhyndan söhbet açýan «Kitaby dädem Gorkut» hakynda çynlakaý oýlanyp başlady. Ýarym asyrlap alymlaryň göz aýtymynda ýaşan bu eser öz okyjysyna türkmeniň taryhynyň hem çeper sungatynyň gadymylygyny äşgär eder. Eýsem, «Gorkut ata» eposynyň ähli boýlary biziň günlerimize doly gelip ýetdimikä?! Bilşimiz ýaly, «Kitaby dädem Gorkut» adyny alan bu eser birnäçe boýlardan − şahalardan ybarat. Bu kitabyň Drezden nusgasynyň 12, Watikan nusgasynyň 6, çowdur wariantynyň hem 16 boýdan ybaratdygy ylmy jemgyýetçilige mälimdir. Biziň şahsy ynanjymyza görä, «Kitaby dädem Gorkut» kitabynyň boý sany aslynda kän bolmaly. Biziň günlerimize onuň diňe bir bölegi gelip ýetipdir. Bu epos oguznamaçylyk däbiniň ajaýyp nusgasydyr. Abulgazy − Bahadur hanyň «Şejere-i terakimesinde» Gorkut atanyň Salyr Gazany taryplap aýdan öwgi goşgusy getirilýär. Şol goşguda hem Salyr Gazanyň görkezen gahrymançylykly hereketleri ýatlanyp, onuň waspy ýetirilýär. (Seret: Abulgazy «Şejere-i terakime», Aşgabat, «Ylym», 1992, 89 sah). Goşgy jemi ýedi bentden ybarat bolup, onda Salyr Gazanyň edermenligi birin-birin ýatlanylýar. Gürrüňini edýän goşgymyzyň ikinji bendinde Salyryň Gazan adyny alşy beýan edilipdir. Bir gazanga kyrk bir atnyň etin saldy, Ol gazanny sol eligi birlen aldy, Sag eli birlen ilge ülüştirdi. Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi. «Kitaby dädem Gorkut» kitabynda il içinde hormatdan peýdalanmak üçin söweş edip, at gazanmagyň gerekdigi ýa-da saçak ýazmagyň zerurdygy dogrusynda aýdylýar. Salyr Gazan bu iki talabyň hötdesinden gelen şahs. Eposdan bilşimiz ýaly, Salyr ile saçak ýazyp Gazan adyny alypdyr. Biziň şahsy ynanjymyza görä, şu wakany suratlandyrýan ýörite boý − şaha bolan bolmaly. Ýokarky mysal getiren bendimizde şol waka ýatlanylýar. Ýöne ol biziň günlerimize gelip ýetmändir. Salyr Gazanyň Gazan adyny alşy dogrusyndaky rowaýat salyr türkmenleriniň arasynda biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. (Seret: Džikiýew A. Oçerki proishoždeniýa i formirowaniýa turkmenskogo naroda w epohu srednewekowýa. Aşhabad.: Turkmenistan, 1991). Şeýle-de gürrüňini edýän öwgi goşgymyzyň üçünji bendinde Salyr Gazanyň asmandan inen ýylan-ajdarhanyň başyny kesip, ilini uly beladan halas edendigi hakynda aýdylýar. Gök asmandan inip geldi tinli ýylan, Her adamny ýutar erdi görgen zaman. Salur Gazan başyn kesdi bermeý aman, Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi. Salyr Gazanyň bu gahrymançylygyny beýan edýän sýujet «Kitaby dädem Gorkut» eseriniň hiç bir boýunda duş gelmeýär. Ýöne bu uly gahrymançylygy beýan edýän mifologik-fantastik boýuň aslynda bolanlygyna ynanasyň gelip dur. Ýatlanylýan wakanyň şeýle boýa sýužet bolup biljekdigini bellemek gerek. Abulgazy Bahadur hanyň «Şejere-i terakimesini» ünsli okap, onda beýan edilýän taryhy waka dogrusynda çuňňur oýlansaň, türkmenleriň taryhyndan söhbet açýan oguznamalaryň, şol sanda «Kitaby dädem Gorkut» eposynyň uly göwrümli eser bolandygyny çaklamak bolar. Abulgazy Bahadur hanyň «Şejere-i terakime» atly kitabynyň «Salur ili we Ukurjyk alpnyň atalary we inileriniň we oglanlarynyň zikri» bölüminde Salyr gazanyň enesi Çeçekliniň beçeneler tarapyndan ýesir alnyşy gürrüň berilýär. Üç ýyldan soň Çeçeklini paç töläp beçenelerden alyp gaýdýarlar. Alty aýdan soň Çeçekliden ogul çaga dünýä inýär. Salyr Gazan enesi Çeçeklini öldürmekçi bolýar. Şonda Çeçekli şu namany aýdýar: Ýagy geldi gararyp, Gaçyp gitdiň bozaryp, Tiwäge minip keýniňden, Barar erdim gabaryp. It beçene yzymdan ýetti, Düýämniň başyn tutty, Içi gaýnady, daşy ýaýnady, Üstümge minip oýnady, Yhtyýarymny aldy, Bu oglany içimge saldy. Bolan oglana Urek diýip at goýýarlar. Biziň pikirimizçe, şu waka bilen hem baglanyşykly boý bolmaly. Ýöne ol biziň günlerimize gelip ýetmändir. Sebäbi onda alp Salyr Gazanyň namysyna deglişi hakynda gürrüň edilýär. Halk bolsa öz namysyna degilýän pursatlary ýatlamagy halamaýar. Ony geljekki nesillerine geçirmeýär. «Kitaby dädem Gorkudyň» kitabyny oguzlaryň taryhynda gahrymançylyk görkezen şahslara bagyşlanan boýlar hasyl edýär. Biziň bu pikirimizi eposyň «Kazylyk goja ogly Ýegenek boýuny beýan eder» diýen boýundaky «Bu «Oguznama» Ýegenegiňki bolsun!» diýip, Gorkut dädäniň öz aýdan sözleri-de tassyklaýar. Oguzlaryň taryhynda merdana alplaryň «Kitaby dädem Gorkut» kitabyndaky şahslar bilen çäklenmeýändigi biziň her birimize aýandyr. Eger şeýle bolsa, gürrüňini edýän eposymyzyň iri göwrümli eser bolandygy hakyndaky pikir has ygtybarly görünýär. Öňde belleýşimiz ýaly, bu epos oguznamaçylyk däbiniň ajaýyp nusgasydyr. Orta asyrlarda namaçylyk däp pars dilli edebiýatda-da, türki dilli edebiýatda-da uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Pars dilli edebiýatda Firdöwsiniň «Şanamasy» kämil eser. Abulkasym Firdöwsiniň «Şanamasyndan» başga-da pesinden dört awtoryň «Şanamasynyň» bolandygyny alymlar habar berýärler. Hatda, Firdöwsiniň «Şanamasynyň» ilkinji 1000 bendini Dakyky ýazypdyr. Öňki «Şanamalar» Firdöwsä maglumat çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Eýsem, şu zeýilli ýa-da şuňa meňzeşräk ýagdaý oguznamalarda nähilikä?! Elbetde, irki orta asyrlarda «Kitaby dädem Gorkuda» çeşme bolup hyzmat eden oguznamalar bolandyr. Iň bärkisi XVII asyrda ýaşap geçen Abulgazy Bahadur han «Şejere-i terakimäni» ýazmak üçin gör, näçe oguznamalaryň, taryhy traktatlaryň içinden geçmeli bolduka?! Çünki islendik eseri ýazmak üçin gaty köp kitaplary agtarmagyň hökmanydygy ýönekeý hakykatdyr. Geliň, indi edebi prosesimiziň orta asyr döwrüne gysgaça nazar aýlalyň! Araplaryň merkezi Aziýa halklaryny basyp almagy bilen Yslam dini ornaşdyrylyp başlanýar. Täze din − täze dünýägaraýyş. Çeşmelerde berilýän maglumata görä, araplar öňki otparazçylyk ruhy bilen baglanyşykly eserleri ýok edýärler. Belki «Oguznamanyň» ilkinji bitewi ajaýyp nusgasy şol ýok etmäniň pidasy bolandyr. Ylmy çeşmelerde VIII-IX asyrlarda edebiýatyň ideýa taýdan däl-de, žanr babatda ösendigi habar berilýär. Munuň özi bir dünýägaraýyşdan ikinji dünýägaraýşa, onda-da yslam ýaly täze dünýä gelinýän döwründe kanunalaýyk hadysadyr. Şeýle-de X-XI asyrlarda pars hem türki dilli edebiýatda halkyň arasynda aýdylýan rowaýatlary gaýtadan işläp, çeper eser görnüşine getirip, awtorlyk hukugyna eýe bolmak, döwrüň edebi prosesine mahsus bolupdyr. Halk öz ýüreginden orun beren dürdänesini, ruhy buýsanjyny hiç wagt elinden gidermeýär. Gorkut dädäniň öz oguznamasyny döretmegini şu jähetden zerurlyk hasaplasa bolar. Ýöne «Kitaby dädem Gorkut» kitabynyň ýaşamagy üçin onuň döwre uýgunlaşmagy − «dini bezegi» gerekdi. Ol şeýle-de edilipdir. Ýene bir bellemeli zat X-XI asyrda şaýy-sünni gatnaşyklary ýitileşipdir. Firdöwsiniň «Şanamasynyň» Mahmyt Gaznawynyň köşgünde özüne mynasyp orun tapmazlygy munuň subutnamasydyr. Edil şonuň ýaly oguzlaryň gahrymançylykly taryhyndan, geçmişinden söhbet açýan eserleriň-de ýeke şaýa degmeýän döwrüniň hem ýeriniň bolandygy gynansak-da ikuçly däldir. Şeýle ýagdaýda «Kitaby dädem Gorkut» kitabynyň boýlarynyň ünsden düşmek, ýitmek howpy abanýar. Araplaryň Merkezi Aziýa halklarynda Yslamy ornaşdyrmagy bilen arap dili rowaç alýar. X-XI asyrdan başlap bolsa, pars dilli edebiýat ösüp başlaýar. Türki dilli edebiýat XIV asyrdan, has takygy Nowaýydan soň örňäp ugraýar. Şonuň üçinem «Arap dili - alymlaryň dili, pars dili şahyrlaryň dili, türki dil täjirleriň dili» diýilýän döwürde «Kitaby dädem Gorkudyň» gadyr-gymmatyna ýeterlik derejede düşünilmejekdigi hakykatdyr. Bu eposyň demokratiýanyň, azatlygyň, erkinligiň, deňligiň, uly-uly harplar bilen ýazylýan sowet döwründe-de gadyry bilinmedi. Ine, şu ýagdaýlar «Kitaby dädem Gorkut» eposynyň boý sanynyň azalmagyna, eseriň göwrüminiň kiçelmegine getiripdir. Alym M.Kösäýew eposyň XVI asyrda dilden ýazylyp alnandygyny aýdýar. Dil üsti bilen ýaşaýan eserler bolsa, döwre görä üýtgäp, asyl nusgadan daşlaşmak bilen bolýar. Eger türkmenler adyny alan oguzlar 800 ýyllap köşgi-eýwanly döwlete zar bolmadyk bolsady, onda bu epos asyl nusgada, doly wariantynda biziň günlerimize gelip ýeterdi. «Kitaby dädem Gorkut» kitabyna Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda düşünilip ugraldy. Serdarymyz bu eposa ikinji − täze ömür berdi. Belki, «Kitaby dädem Gorkudyň» täze ömründe onuň boý sany artar. Çünki, halkyň aňy uly edebi hazyna. Zähmet soňy rehnet. Soran Mekgäni tapar... Akmyrat TÄJIMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |