22:41 Goşa ýürek | |
GOŞA ÝÜREK
Goşgular
![]() Men söýgini söýmedikden öwrendim, Wepany öwrendim bir biwepadan. Söýüp bilmedimi, söýüp ýigrendi? Maña sapak bolan bir biweç ada. Ýok, ol meniñ saýlap-seçen bijämdi, Badaşan kalbymyñ hökmürowany. Güneşli gündizim, Aýly gijämdi, Gördüm göwreden oñ göwni sowany. Dogrusy, ol menin ysgan gülümdi, Bagtymyzy çalşyp gitdi salgyma. Arzuwlardan düzen tesbim üzüldi, Aýagasty bolup garyldy guma. Bölmeli däl zady bölmek gadagan, Bölünmejek zady bölmek haýyrsyz. Goşa ýüreklere ömür sadaga, Goý, olary diña ajal aýyrsyn. Kerwen IGDIROW, Daşoguz welaýatynyñ Akdepe etrabynyñ 74-nji orta mekdebiniñ mugallymy. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |