12:53 Göwün kirşi / hekaýa | |
GÖWÜN KIRŞI
Hekaýalar
Merw obasy mydama gelim-gidimli mekan bolansoň, myhmany geňläp ýa ýüksünip durmaýar. Şeýle bir hyzmat edýärler welin, başga ýerde şeýle hyzmaty görmedik kişileriň soň ol ýerden eger-eger gaýdasy gelmeýär. Mürzäniň öýüne düşen üç myhmanyň hem düşegi birki sagadyň içinde kemsiz ýumşady. Şu obadan ösüp ýetişen, häzir ýurduň belli alymy hökmünde tanalýan Allan Hallyýewiçiň gelmegi oba adamlaryny hem gozgalaňa salypdy. Allany sylaýan obadaşlary, obanyň ýolbaşçy topary Mürzäniň öýüne dökülipdiler. Elbetde, mugt araga gultunyp gelenlerem bardy arasynda. Bu gün-ä içerler, her hili gürrüň edip, gülşüp oturarlar. Ertesem içilen araklaryň mukdary, kimiň aragy nähili edip içeni aýdylar. Oba şular ýalyrak bir hezillik bilen ol ýatlamadan beýleki ýatlama ýetip, öz gününi hoşlap ýaşaýardy. Gelen myhmanlar hem dünýäni unudyp, serden geçmäge döwtalapdylar. Bu ýerde olara: «Sen serhoş bolduň, köp geplediň» diýjek başlyklaram, aýallaram ýokdy. Erkek kişä-de geregi şeýle erkinlik. Onuň üstesine-de, myhman diýen beýik adyň bar. Oturanlaryň, öý eýeleriniň bary saňa ony-muny iýdirjek, göwnüňden turjak. Komandirowkada bolmagyň iň lezzetli tarapy, ine, şu. Myhmanlar üçin Mürze janly soýdurdy, tanyş üstünden bir ýaşşik arak tapyp gelipdi. Aragyň gadagan edilen döwründe bir ýaşşik arak tapmak diýmek bir halta tyllaň bolandan, onam myhmanlara paýlandan abraýlydy. Gadagan edilenligindendir-dä, ähli kişiniň juda arak içesi gelýärdi. Ähli gadagan zatlara adamda höwes artar eken. Mürzäni aýalynyň jigileri, goňşular myhmana zyýapat etmäge gelipdiler. Diňe bir çet ýerden gelenleriň däl, içerdäkileriňm göwnünden turmak, mynasyp myhman gaýtarmak Mürzäniň borjy bolup durýardy. Ertirki gün oba içine çykmak üçin, myhmanyň hem onuň ýanynda oturanlaryň öňünden gaty berk geçmelidi. Allan Hallyýewiçiň ýanynda saçlary eginlerine dökülişip duran kinorežissýor bilen haýsy milletdendigi näbelli Jora atly bir murtlak kinooperator bardy. Olar gadymy Marynyň ýadygärliklerini kino düşürmekçidiler. Olaryň almakçy bolýan suraty Soltan Sanjar ýaly lowurdap duran ýadygärlik däldi, ol gaty gadymy döwre degişli bolup, guma siňip giden ýadygärlikdi. Millet ony diňe depe hökmünde bilýärdi. Allan Hallyýewiç alymlyga ýetişip, şol depeleriň birnäçesiniň syryny açypdy. Indi şol açan syryny uly ile ýaýmak isleýärdi. Gadymy Merwdäki ýadygärlikleriň biri zoroastrizmiň mukaddes kitaby bolan Awestada ýatlanýarmyş. Oba adamlary ol depä «Güneşli» diýýärler. Sebäbi gün dogandan, tä ýaşýança, ýylyň dört paslynda oňa gün düşýär. Ol ýarym aýlaw şekilli, agyz tarapy günorta bakyp dur. Ol indi halys ýumrulyp, ýere siňip, beýik aýlaw gum depesine çalymdaş. Allan Hallyýewiçiň aýtmagyna görä, ol Ataşkede ekeni. Ol ýerde alty sany keramatly ojak bolupdyr. Şol ojaklarda bolsa hiç mahal sönmeýän baky ot alawlap durupdyr. Ine, şol ataşkedäni surata düşürip, dünýä medeniýetiniň bir ojagy hökmünde köpçülige tanatmakçy bolýarlar. Şeýle-de bolsa, saçak başyndaky gürrüň Güneşli ýa ataşkede hakynda däldi, asla ylmyň ýa geçmişiň gürrüňini edýän ýokdy. Bu meselä ertir gelmekçidiler. Şonuň üçin häzir myhmanlaryň şanyna göwün göteriji, öwgüli sözleri aýdýardylar. Mürze palawly mejimäni alyp girende, öýdäkiler şeýle bir derejä ýetipdiler, umumy düzgün bozulyp, her kim öz garşysyndaka akylly pikirini diňletjek bolýardy. Iň geň ýeri-de, oba mekdebiniň mugallymy Döwletgeldi çök düşüp, alyma birzatlar aýdyp berýärdi. Ol barmagyny çommaldyp: «Hut şeýle. Öz gözüm bilen gördüm» diýip, gaýtalap gidip otyrdy. Mürze entegem mejime tutup duran ýerinden: – Döwlet jan! – diýip, obadaşyna gygyrdy. – Sen biziň professorymyzyň gözüne barmagyň bilen bir zeper ýetiräýme! – Men boldum. Men gutardym! – diýip, Döwletgeldi yza çekildi. Ortadan sowan naharlary aýryp, palaw goýara ýer taýýarlady. – Adamlar, meni diňläň! – Allan Hallyýewiç obadaşlarynyň ünsüni jemlemek isledi. – Hudaýa şükür, Gorbaçýow daýynyň aragy gadagan edendigine seretmezden, meniň Mürze doganym aragy ýaşşigi bilen orta goýdy. Araga suwa düşsegem ýetjek. Ine, täze nahar geldi. Geliň, şu nahar başynda jemleişip, bir tost götereliň! Özüm kimiň saglygyna diýseňizläň?.. Alyma ýoldaş bolup gelen – saçy egnine düşüp duran režissýor edil bilmesi kyn soragy bilýän kişi dek, bilimseklik etdi. – Elbetde, öý eýesiniň saglygyna! Mürze jan üçin! – Ýok. Mürzäniň saglygyna ertir içeris. Häzir meniň goňşymyzyň saglygyna içeliň. Adyň näme diýdiň?.. Hä, Döwletgeldi. Şu Döwletgeldi üçin içeliň! Adamlar, bu örän uly açyş etdi. Ol biziň gözläp ýören zadymyzyň üstünden barypdyr. – Ine, saňa gerek bolsa! – Obadaşlar Döwletgeldä tarap öwrüldiler. – Näme, ol tyllaly hum tapypmy? – Ýok, munuň tapyndysy tylladan has gymmadrak! Döwletgeldi diline erk etmek ukybyny ýitirip barýanam bolsa, alymyň sözüni böldi: – Men gördüm. Hawa, gurap ýatan kelleçanagam, malyň toýnagynam gördüm! Kül depejigi-de bar şol ýerde. – Nirede? – diýip, burçda oturan birisi gygyrdy. – Gü... güneşlide. – Dawaý, bolýa, gidýäs! – diýip, Allan Hallyýewiç gygyryp diýen ýaly, gürlemek gezegini öz eline aldy. – Gitdik onda! Götereliň, oglanlar, Döwletgeldiniň saglygyna. Ertir bolsa Güneşlä gidýäs. – Men hökman gitjek. Söz berdimmi – sözümde duraryn! Bir gün mekdebe barmanym üçin meni işden kowaýsynlar. – Döwletgeldi bulguryny goýup, entirekläp ýerinden galdy. – Häzir däl, ertir irden gidýäs. Sen otur entek – diýip, Allan Hallyýewiç onuň syýyndan aslyşdy. – Ýok, men boldum. Ertir irden gelerin. Allan Hallyýewiç köp wagt bäri obasyna gelmänligindenmi-nämemi, gijäniň içinde ýaşlygyny galdyran obasynyň köçelerinden aýakýalaňaç aýlanyp çykasy geldi. Il, goý, näme diýse şony diýsin! Ol dogduk obasynda diňe bir çagalygyny, ýaşlygyny galdyrmandy, ol Gözel atly bir gözel ýaryny hem galdyryp, onuň başga bir goç ýigidiň gujagyna girendigini eşidip: «Bu agyr ýüki çekip bolmaz!» diýip, Aşgabada gidipdi. Şol Gözel atly gözeliň mährinden ganyp bilmändigi üçinem ilkinji gyzy dünýä inende, adyna Gözel dakypdy. Şeýdibem Gözeliň hormatyny saklapdy. Muny Allan Hallyýewiçiň aýalynyň bilmeýändigem bir gowy zat. Eý-ho, ýatlara şeýle bir zat kän. Allan Hallyýewiç Mürzäni ýanyna çagyrdy. Onuň bilen ýaşlygyny ýatlap oturasy geldi. Ol ýaşlygy hakda süýji gürrüňe başlady. Mürze-de süýji uka gitdi. Allan Hallyýewiç muny giç duýdy. Ýöne Mürzäniň gürrüň diňlemän uklamasyna öýkelemedi. Goý, uklasyn! Allan Hallyýewiç ýaşlygyny ýatlap, içki joşgunyny gowzadasy gelipdi. Ýeke oturyp, gapdalynda Mürzäni ýatyryp şol islegine-de çalarak ýetipdi. Ertesi Döwletgeldi myhmanlar el-ýüz ýuwup, ýaňy saçak başyna geçende gelip ýetişdi. Olar Döwletgeldiniň ýok-beýleki diýmegine seretmezden: «Birneme kelläň açylsyn» diýip, arak guýup berdiler. Wah, myhmanlaryň bar aladasy Döwletgeldiniň kellesiniň agyrmasy däldi. Döwletgeldi ýöne bir arak içmäge bahanady, ýöne agşamky içgiden soň aragyň ysyny almak, hatda ýüzüne seretmegem mümkin däldi. Döwletgeldi myhmanlaryň göwni üçin dabanyndan depesine çenli titredi. Nähilem bolsa şol doly bulgurdan soň, bedeninde gany ýöräp ugrady. Oňa çenli başlyk hem ýetip geldi. Murtlak kinooperator bilen saçlak režissýor apparatlaryny başlygyň maşynyna ýükläp ugradylar. – Allan Hallyýewiç, men sizi süýt ferma çenli ugratjak. Onsoň meniň işim bar. Siz öz günüňizi görersiňiz. Maşyn siziň ygtyýaryňyzda bolar. Başga näme kömek gerek? – Kömek däl, bize ýardam gerek – diýip, keýpi kök Allan Hallyýewiç şadyýan dillendi. Başlygam ondan kem galmady: – Ýardam başlyk bilen şofýoryň oturgyçlarynyň arasynda durandyr. Alty adama bu maşynyň darlyk edýändigi bildirýärdi. Nähilem bolsa, başlyk: «Ýolda düşüp galjak» diýensoň, gyslyşyp barýardylar. Hälki içen bir bulgur aragy Döwletgeldiniň diňe kellagrysyny aýyrman, eýsem keýpine-de täsir edipdi. Ol açylyşyp, özüni örän oňat duýýardy. – Biz Güneşliniň beýle ýüzünden kärendesine ýer aldyk – diýip, maşynyň içinde ýeke özi diýen ýaly gürleýärdi. – Depäniň düýbünden ýap çekmeli bolduk. Şol ýeri gazanymyzda, kelleçanaklara duş geldik. Ol kelleçanaklar ýörite getirilip döküläýen ýaly. Ilki eşegiň kellesidir öýtdük, soň men onuň ýylkynyň kellesidigini bildim. Sebäbi öň uly toýlarda, baýramçylykda Gün hudaýyna iň ýyndam ýylkyny gurban berer ekenler. O döwürler ýylky etini iň gowy et saýypdyrlar ahyryn. Men ony Massondan okadym öýdýän, Sarianididen okan bolmagymam ahmal. Men oglanlara: «Şu kelleçanaklara degmäliň» diýdim. Aýdyşym ýaly, beýleräkde depejik bolup duran bir tümmegem kül bolup çykdy. Siziň aýdýanyňyz dogry, professor. Biziň Güneşlimiz Ataşkede bolmaly. Men Awestany okamok, belki, ýatlansa ýatlanýandyr. – Ony men bilýän – diýip, Allan Hallyýewiç Döwletgeldiniň sözüni böldi. Edil ýygnakda çykyş edýän ýaly, dabaraly gürledi: – Bu unikal ýadygärlik – dünýä medeniýetiniň bir ojagy. Bu hakda Awestada ýazylypdyr. Gün Hudaýy Ahuramazda aýdýar: «Men sizi örän bereketli, süri-süri köp mally bagtly mekana iberýärin» diýip. Ahuramazdanyň ýatlaýan ýurdy, ine, şu toprak bolmaly. Güneşli Ataşkedesi şol Hudaýyň hatyrasyna gurlan. Başlyk şofýoryň egnine kakdy. Maşyn ýoldan sowlup saklandy. Başlyk maşyndan düşüp, gaýrada asman bilen tapyşyp duran giň boşluga elini salgady. – Eýsem şu taryhy toprak üçin dyz epip bolmazmy? Bu nähili uly gözellik! Heý, şundan gözel zat barmydyr surata almak üçin?! Gaýrada gadymy gala, ileri ýüzde oba – bu diýseň-diýmeseň tolgundyryjy görnüşdi. Beýik Seljuklar döwletiniň paýtagty seleňleýärdi. Ondan gündogarda gadymy Nusaý eýýamynyň Merwdäki belli şäherleriniň biri bolan Gäwürgala seleňläp otyrdy. Ol galanyň astyndan Beýik Ýüpek ýolunyň şaýady, iki ýarym müň ýaşly ýüpek parça tapylypdy. Allan Hallyýewiçiň aýdara sözi köpdi. Emma başlyk ony gürletmedi: – Geliň, şu beýik gözelligiň garşysynda durup, bir duz dadalyň. – Örän oňat teklip – diýip, režissýor çensiz-çaksyz üýtgeşik täzelik eşiden dek galkyjaklady. – Göwnüm bolduň, başlyk. Men «Türkmenistanyň şekilleri» diýip, biziň topragymyzyň ähli gözelligini jemleýän bir film almakçy. Şol kartinany hut şu gadymy toprakdan başlamakçy. Orta gazet ýazyp, bir kesemen nan bilen üç atly batyryň suraty ýelmenen uzyn çüýşe arak hem gök-sök goýuldy. – Eger walla, meniň gaty çynym – diýip, režissýor elini döşüniň üstünde goýup saýrady. – Allan Hallyýewiç, örän gözel obaňyz bar! Munuň geçmişi, gör, nähili gadymy hem beýik ekeni! Ol Awestada ýatlanýan bolsa, Ahuramazda pygamber bu topragy öwýän bolsa, Aleksandr Makedonskiniň hut özi bu ýerden gala saldyryp, oňa-da öz adyny dakdyryn bolsa, onda bu toprak üýtgeşik bereketli bolmaly, tükeniksiz baýlykly bolmaly. Ýöne biz bu zatlardan bihabar gezip ýörüs. Ony hökman kino etmeli. Iň esasy zat – şu güni diýsene. Şu zatlary kino almaly... Näme üçindir, başlygyň şofýoryndan başga ähli kişiniň gürläsi gelýärdi. Ýöne Allan Hallyýewiç barmagyny çommaldyp, hiç biriňiz gürlemeli däl diýen yşaraty etdi. – Esasy ýadygärlik, ol, ine, meniň kalbymda – diýip, barmagy bilen döşüni görkezdi. – Şu ýerde, şu toprakda meniň oglanlygym geçdi. Men oglanlyk şatlygymy şu topragyň hyzmatyna berdim. On dört ýaşymdan kolhoz işledim. Şu ýerlerde gowaça ekipdik. Başlyk sypaýyçylyk bilen Allan Hallyýewiçiň sözüni böldi: – Bu gudratly gadymyýete nazar salyp, ýüz gram içeliň, Allan Hallyýewiç. Hoş geldiňiz! Şeýdip gelip durmaly ahyryn öz obaňyza. – Sag boluň! – Men şu beýik topragyň öňünde dyza çöküp içýärin! – Režissýor dyzyny ýere goýdy-da, ýoldaşlaryna garaşman, guýanyny jyňkydyp goýberdi. Allan Hallyýewiç elindäkisini ýuwdup barýarka: «Şundan soň içmäýin. Gündiz serhoş bolsaň, onsoň şol gün açylmaýaň» diýip, içinden oýlandy. Açylan çüýşe şol ýerde galmaly boldy. Olar uzak gitmän, süýt fermasyna ýetip, ýene saklandylar. Allan Hallyýewiç ýene içýärdi, her gezegem öz ýanynda: «Indi içmäýin. Şu – iň soňkym» diýip pent edýärdi. – Ine, indi maşyn siziňki. Agşam Mürzelerde duşuşarys – diýip, başlyk, söz berşi ýaly, şol ýerde galdy. Allan Hallyýewiçiň şeýle bir keýpi kökdi, onuň maşyndan düşüp ylgaberesi gelýärdi. Aýdyma gygyrasy gelýärdi. Öz ýaşlygyny – şu ýerlerde geçiren oglanlygyny ýatlamak isleýärdi. Gören horluklaryny gürrüň bermese, böwri byjyklap alyp gelýärdi. Olar gadymy ýadygärliklere däl, Allanyň geçmişine aýlanmaga barýan ýalydylar. Režissýoryň hälki arak içilende dyzyna çöküp aýdan sözi, töweregiň görnüşi onuň şeýle bir göwnünden turýardy welin, ol sözüniň bagtyýarlygyny, şu toprakda dünýä inip, şu toprakda önüp-ösenini nädip düşündirjegini bilenokdy. Belki, ony düşündirmegiň geregem ýokdur?! Beýle oba – dogduk mekan her bir adamda bar, hersiniňem obasy özüne eziz. Ýöne Allanyňky aýratynrak ýalydy, onuň şony aýdasy gelýärdi. Bu toprak barada Ahuramazda pygamber aýdypdyr ahyryn. Näme üçin onsoň muny öwrenýän alym aýtmasyn?! Maşyn alaňly-şoraly bir boşlukdan barýardy. Gaýra ýüzde kiçijik ýapjagaz bardy. Allanyň bir zat ýadyna düşdümi ýa ol ýapdan suw içesi geldimi, maşyny saklatdy: – Şu ýerler öň giden takyrlykdy – diýip, ol düşündirmäge başlady. – Şol takyrlygyň aňry çetinde mydama salgym bolardy. Gözüňe deňiz emele gelerdi. Ol çaýkanyp, bäriligine gaýdyberjek ýalydy. Şu ýerden bir uly ýap akyp geçýärdi. – Ine, şol ýap şu. Soň ony gömdüler, ýene täzeden gazdylar – diýip, Döwletgeldi düşündirmäge durdy. – Ol öň, hakykatdanam, gaty çuň ýapdy. – Onda-da nähili çuň ýap! Asyl, gözümiň öňünde dur. Häzir barymyz maşyndan düşeliň. Men size bir zat aýdyp berjek. Döwletgeldi sypaýyçylyk etdi: – Gaýdyş ugrumyza düşäýeliň? – Ýok, hut häzir göreliň. Ony görmän, üstünden geçip bolmaz. Men sizden talap edýän. Barymyz maşyndan düşeliň! Olar Allan Hallyýewiçiň aýdany bilen boldular. – Ine, şu ýerde. Ýok, bu ýeri däl, entegem beýleräkde bolmaly. – Ol myhmanlaryny yzyna tirkäp, pessejik ýabyň ýakasy bilen pyýadalap ugrady. Ep-esliräk ýöränsoňlar, ýene saklandy. – Şu ýeri görýäňizmi?! Men şu ýerde masgara boldum. Öz ilkinji söýgülimiň öňünde. Bu meniň ykbalyma kest getiren ýer. Töwerekdäkiler oňa degişýändir öýtdüler. Emma Allan Hallyýewiçiň gara çynydy: – Bir wagt bu ýerde uly ýap bardy. Gyşyň güni, ýanwaryň içidi. Biz – mekdep okuwçylary kolhoz işine gatnaýardyk. Şu ýerden ýaba böwet basyp, gaýralygyna saka almaly diýdiler. Daýhanlaryň arasynda Gözel atly şeýle täsin gyz bardy. Men ony söýüp, diňe şol diýip, onuň wysaly bilen ýaşaýardym. Meniň başky hem ahyrky söýgim onuň täk özi boldy. Iller işleýär, menem işleýän, iller wagtyny geçirmek, aýlyk-günlük üçin işleseler, men Gözel üçin işleýän. Allan uludan dem aldy. Gözlerini perişan ýagdaýda tegeläp, arman bilen başyny ýaýkady. Onuň hut hälkije keýpinden, şatlygyndan nam-nyşan ýokdy. Ol diňe keýpini däl, dilinem ýitiren ýalydy. Birsellem dymyp durdy. Emma hiç kim, ne onuň bilen gelen ýoldaşlary, ne Döwletgeldi – hiç biri azar berip bilmedi. Birsellemden ol ýene gürläp başlady: – Biziň barymyz üýşüp, ýabyň bir ýüzünden gum sürýärdik. Brigadir bolsa: «Wah, o ýüze-de bir adam geçäýmeli ekeni. Muny derrew alardyk» diýip howlukdyrdy. Men göz astyndan Gözele seretdim-de, ýabyň o ýüzüne bökermen boldum. Pilimi ýabyň ortarasyna diräp, o ýüze bökdüm. Ýap çak edişimden gaty çuň ekeni. Piliň sapy suw içine gidensoň, gowy bat alyp bilmedim. Aýagym beýleki raýşa degdi. Şol badymy saklap bilmänem, gaýtdym arkanlygyna. Ýüzi gyrpaklap duran suwuň içine götin oturdym. Böwet basyp duranlar pillerini taşlap, meni ýapdan zordan çykardylar. Şonda duranlaryň biri: «Ýigid-ä iş bitird-ow» diýip, üstümden güldi... Allan Hallyýewiç silkinip-silkinip gitdi. Ony gülýändir öýtdüler-de, duranlar ýylgyryşan boldy. Emma ol demi-demine ýetmän aglamaga başlady. Ilki «hork-hork» edip aglady. Soň içigip aglady. Agladygyça agysy bat aldy. Uly ses edip, möňňüripler aglady. Ony köşeşdirmek iş boldy. – Allan Hallyýewiç, köşeşseňizläň! Bolan zat ýok – diýip, Döwletgeldi özelenýärdi. – Men... Men... Masgara boldum, Döwlet jan, Gözeliň öňünde. Düşünýäňmi? – Hawa, düşünýän. Ýöne... Ol özüni dürsäp, ýene gürläp başlady: – Şonda men akmadym buzly suwda... Ýok... Meniň ýigitlik buýsanjym, ilkinji söýgim... Şol bulanyk buzly suw bilen... Allanyň göwün tarlary inçelip-inçelip, dutaryň kirşine dönüpdi. Indi ol kiriş inçe duýgulara zarynlap ses edýärdi. Ol saz şeýle bir süýjüdi, ol saz şeýle bir arassady, ol saz şeýle bir gamgyndy. Onuň hasraty gözlerinden boýur-boýur ýaş bolup inýärdi. Bu perişan ýagdaýyň näçe wagta çekeni belli däl. Ahyry olar maşyna münüp, indi sesýetimden görnüp duran Güneşlä tarap ugradylar. Diňe Allan Hallyýewiçiň däl, olaryň ählisiniň başky söýgüsi ýadyna düşdümi-nämemi, ýüzleri gubarlandy. Alym bolsa ýaşly gözlerini töweregindäkilere görkezmejek bolup, kese bakyp otyrdy. Olar mundan üç müň ýyl owalky zoroastrizmiň keramatly Ataşkedesine ýetdiler. Töwerek örän parahatdy. Edil ýap-ýaňy aglap köşeşen Allanyň kalby ýaly mylaýym ümsümlik töwerekde gaýmagyny bozman durdy. Güneşli depesi bolsa garrap ýere çöküp, iki goluny öňe uzadan äpet göwredi. Onuň golunyň içi – gujagy güneşden doludy. Gün bar şuglasyny hut şol ýere – Güneşliniň Aý şekilli tegelek gujagyna inderip durana meňzeýärdi. Bu geň görnüş ýitip gidibermesin diýýän ýaly, operator bilen režissýor ylgaşlap işe başladylar. Döwletgeldi bolsa alymy yzyna tirkäp, kelleçanak çykan ýere ugrady. * * * Myhmanlar oba gelenlerinde, Gün eýýäm ýaşypdy. Mürze maşgalasyna birzatlar tabşyryp, gapysynda olara garaşyp durdy. Myhmanlar maşyndan düşenlerinden, Döwletgeldi yzyna ýumlukmak bilen boldy. Ony Mürzäniň: «Ýeke käse çaý içäý-how» diýen özelenmesem saklap bilmedi. Allan Hallyýewiçiň ýüzi salykdy, keýpsiz hem örän ýadaw görünýärdi. – Ýeri, eýgilikmidir? Ýaman perişan görünýäň-le? – diýip, Mürze çalaja ýylgyrdy. – Oňat, hemme zat ganymat. – Işiňiz bitdimi? – Bitdi. Gül ýalak boldy! – Onda näme beýle ýadaw görünýäň? Ýa ýaşlygyňy ýatlap bozulaýdyňmy?.. Allan Hallyýewiç Mürzäniň ýüzüne geňirgenme bilen seretdi-de, gönüsinden gelip ugrady: – Aý, men birazajyk geçmişimi ýatlan boldum. – Öz obaňa gelseň, oglanlykda gezen ýerleriňi görseň, geçmişiňi ýatlaman bolmaz. Ýöne, eşidişime görä, sen öteräk ýatlaýýan ýaly? – Aý, hawa, öteräk ýatldaýdym öýdýän. Ýogsa, beýle bolmaly däldi. Birmahalky suwa ýykylyp masgara bolan ýerimi oglanlara görkezemde şeýle bir hapa boldum. Ynanaý, hiç saklanyp bilmedim. Şunça aglamaýyn diýýän, bolanok. Aglamaýyn diýdigimçe, beter agym tutýar. Özüme erk edip bilmän, birmeýdan zörledip aglap, içimi sowatdym. Juda köp agladym. Soňundan şeýle bir süňňüm ýeňledi, gör ony. – Öňki suwa gaçyşyň, masgaraçylygyň hiç kimiň, Gözeliňem ýadynda ýok eken – diýip, Mürze ajymtyk ýylgyrdy. – Ýöne bu günki masgaraçylygyňy welin, biziň obaň adamlary on-on bäş ýylsyz unutmaz. «Allan Hallyýewiç zörledip dur» diýip gürrüňini edýärler. Aglandygyňy gelip maňa eýýäm aýtdylar. Ýatlap, öňki masgaraçylygyňdan beterräk masgara bolupsyň... Allan gözlerini balkyldadyp, sowukdan dem aldy-da, gaýdyp gürlemedi. Ähli zady özgä aýdyp bolýarmy näme?! Ýöne Allan Hallyýewiçiň Mürzä aýdasy gelen gürrüňi bardy. Aslynda, onuň Mürzeden ýaşyryn gürrüňem ýokdy. Ol Gözeli tanaýardy. Aralarynda, gör, näçe gezek habar gatnadypdy. Gözeli başga bir ýigide durmuşa çykarýandyklary hakdaky ajydan ajy habary Allan Hallyýewiçe ilki aýdanam Mürzedi. Hut Mürzäniň özüdi. Şonda Allan Hallyýewiç düýnküsi ýaly hunybirýan bagyrmandy. Aglasa, şol habar üçin aglamalydy. Ýok, şol ajy habardan ýigrimi ýyl geçenden soň suwa ýykylyşyny ýatlap, sojap-sojap aglady. Aý, ýürege-de düşüner ýaly däl. Agyr urgy üçin aglaman, kiçeňräk bir masgaraçylyk üçin aglap dur. Belki, kiçeňräk masgaraçylyk ajy aýralygyň dagy bilen bileleşip, ýüregi heýjana salandyr?! Ol boýnuny sallap otyrdy. Özüniň islemeýän takdyrynyň, kyn durmuşynyň agramyna kaýyllyk bilen ýazgyn gerdenlerini tutup, şol ýüküň astynda maýrylýan ýalydy. 1991 ý. Osman ÖDE | |
|
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |