13:54 Göwünlik / goşgular | |
▪︎ GÖWÜNLIK Haýp, şat günleň geçişine sered-ä, Bu gün bolsa derdinmeli lukmana. Wah, şonda-da, düşün, ýersiz ýere kän töhmet atyp oturma:ly ykbala. Muny göre-göre gelýän durmuşam, Mundan beter pürkmäwersin awusyn. Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam Meňzemeýär ýelegine tawusyň. Toýuň bolar şol sähetli senede, Galman bilmez monjuklaryň düzülmän. (Bolmajagna gözüm ýetýär, şoňa-da ýüregim agyrýar, juda üzülýän.) Meni ýakynyň saý. Özgäniň, ýadyň Garşysynda çökermegin gerdeni. Her niçik-de bolsa, begenýän zadym — Ýylgyryşyň gizläp bilýär derdiňi. Gaý-tupanyň güýji ýetmez ýykmaga, Ynam bilen kürekleseň — gaýykdan. Ýöne öňler alkyş aýdyp ykbala, Bu günde hem köteklemek aýypdyr. ▪︎ BILSEÑ... Bilseň, bu günleňem möwriti öter, Eglenmez başyňda kelpeň ýaşlygyň. Hat-da aňarsyňam, giden mahalyň Ýaňagma syrygan tuşdyr öýdeniň — gara ýaşdygyn. Hawa, Şadyhorram dünýäň mazasy gaçar, Diskatekaň bolmaz öňki şowhuny. Götärsiň gursakda, günlerde bir gün Öz-özüňi ýitiräýmek howpuny. Ýene Sella bara eňersiň, emma Portugal çakyram keýpiň götermez. Ýüregiň joşsa-da, agramly ruhuň Keýpihonlaň gürmegine itermez. Alnyňda bulanýan ýarym-ýalaňaç Näzeninler hyjuwyňa joş bermez. Misli buthana dek, gijeler dynman gatnan haremhanaň gujagyn germez. Özüňe gelersiň, soňam gün-günden, Şadyhorram dünýäň mazasy gaçar. Birsellem dymarsyň. Gözüň öňünden Birin-birin menli günleriň geçer. Meň ýüregmi wagt tebibi seýiklär, Gel, günäňi geçip biljek beýikkäm. * * * “Bu başyma degip giden Ýaprakmyka? Elmikä ýa?” Mämmetnazar Babanazarow. Bilýän, göwnüň mendedigni, A meň göwnüm dagda, düzde. Sen bir ýaşa! Berk gandally Şol dünýeden örküň üz-de. …Wi, ýogsa-da, görmändirin… Kimdir biri bu öýmüzde Ýa, kemmikä? Jemmikä ýa? Şundan akan bolsa aryk Ýene şundan akyp gider. Mundan soňky diýiljek söz Ýyldyrym deý çakyp gider. …Wi, ýogsa-da, senmi şol gün Penjirämi kakyp giden? Ýa, delmikä? Ýelmikä ýa? Barybir aljak galaň ýok. Elewreseň o ýan, bu ýan. Şu gün men bar, düýnde ýokdur, Erte bilmen, ol – nägüman. …Wi, ýogsa-da, daga çykyp, Ho-ol atama golun bulan Ýa, senmikäň? Menmikäm ýa? * * * Ir sagat 6:30, şowly penşenbe. Sämän serim säher ýaly durlanan. Daş işikde sazyn çalýar daň şemal Radioda-da “Durnalar”… Guşlaryň däl, işe sary haýdaşýan, Gulaga hoş ýakýar adamlaň sesi. Edil şu ahwalda, edil şu günde Säherler döredýär ertä höwesi. Täze güne gadam basan dünýäni, Görmeseň-de, duýmak juda lezzetli. (Meger, sähel zada begenmek üçin Durmuş meni – Polýannanyň ykbalyna meňzetdi…) Başujyňda kakaň otyr. Güneşem Gözlerine öz nuruny çaýypdyr. (Şu gün ol özüni iň bagtly kaka, Menem iň bagtly perzent saýypdym.) Günlerime gözün dikýän täleýim, Nazaryňy uzaklarda egläber. Ýogsa-da gel. Ýöne entek kakamyň Şu günki deý säherlerne degmäwer. * * * Bir bar eken… Soň ýok eken nurly meňizde ýylgyryş. Dünýe birsellem togtady, Hereket ýok. Ýok hiç bir yş. Bir bar eken… Ýerleşerden dar eken Zeminiň asty. Nirä gitjek? Ýer ýüzünem Alasarmyk duman basdy. Ýerden ýer tapmadyk janlar, Han-ha urunýar ikiýan. Nirä sumat boldy birden Daglar, baglar hem okean? Ýok, ýok, bu beýle däl. Asla Bolubam bilmez beýle zat. Heniz hiç zadyň soňy däl. Bolsa-da hemmesi berbat. Miwe ýygnar bir bag eken. Sen görýäňmi, hol tarapda Bir üýtgeşik ýer bar eken. Seretsene, gözellige Gül bar eken… Gülzar eken… ▪︎ KAKAMA ÝAZAN HATLARYM Kybla o ýan, a men weli şu gezek Saňa bakyp, sežde kylsam eger-de… Dünýe döräp, Ýer ýüzüne gelmezek Perişdeler meň ýanyma geler-de Hakyň huzuryna göterer meni. Geçen günlem üçin goýman eleme, Sorarlar islegim, men şonda seni ýatlaryn…Gowşuryp elimi ele Dilärin özüme ikinji ömri, Entek soňky pellä ýetmezim üçin. Hawa, kaka, ýaş dilärin özüme Bagyr awusyny çekmeziň üçin… * * * Ýok, gyýylma, bujagaz dert – Çekibilmez dert däl, kaka. Naçar diýme, her telpeklem Meniň kimin mert däl, kaka. Sen bilýäň-ä, bu durmuşam Synamaz her kimi, kaka. Günler ýene gaýdyp berer Görkümi, erkimi, kaka. Ýükläbersin, onça ýüki Göterer gerdenim, kaka. Bu ýolda yza tesermi, Heý, seniň merdemiň, kaka?! Görýäňmi, ýognan bilegim, Bedenimem berkän, kaka. Maňa sen bilen birlikde Ynamyňam derkar, kaka. Ganyma ornapdyr zoruň, Hem gaýratyň, dogmuň, kaka. Men biriniň gelni borun, Seniň weli ogluň, kaka. * * * Salam, kaka. Men Arzyman. Birwagt – Arasyna siňip giden türkleriň… Türkmeniň düzünden üzüldiň diýme, Düzüldiň diýmegin hatarna durnaň. Bu aýralyk agyr deger ejeme, Emma doganlarym boýnuny burman ýaşar, hem oňlar meniň gaýdanym. (Aýdanym bilenem ýeňlemez ýüküm, Gowusy bar zatda gysaýyn dişim.) Bu ýerde ähli zat gülala-güllük, Ugruna işim. Razy, ykbalymdan, müňde bir razy, Agyr günler agsap galdy ýeňsede. Bilip bolmaz, ömrüň galan günleri Belent serim dik başaşak egse-de, Ýyllar öwürse-de enter pelegim, Köwlenmerin, näçe agyr degse-de… Bilýäň-ä, Meni bu ýerlere getirdi birçak, Ters aýlanan täleýimden ürkmegim. Şoň üçin göwnümi bire baglaryn, Hem galaryn arasynda türkleriň… Aýbölek ABDYÝEWA. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ "Gama batanyñy gördüm, Allaýar" / Goşgular - 09.09.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ýaşlyk / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Kim aýtdy ýara / Goşgular - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||