06:05 Gudraty güýçli goçak | |
"Kökler"
Edebi makalalar
GUDRATY GÜÝÇLI GOÇAK Çarwa türkmen goýny gyzyldan gymmat görüpdir, baýlygyň derejesini goýun sürüsiniň sany bilen kesgitläpdir. Adamy häsiýetlendirmekçi bolanlarynda goýnuň häsiýetinden mysal tutup: “goýun ýaly ýuwaş adam” diýýärler. “Mesligi goýun göterýär” diýlen söz etiki ölçegiň jaýdar aňlatmasydyr. Juda ýuwaş bolsaňam adamlara ýaramaýan ýeri bolýar. Biri samsyklyk edäýse: “sen-ä goýun kelle ekeniň” diýýäris, bu meňzetmede goýun janawar babatda adalatsyzlygyň bardygyna ünsem beremzok. Nirede goýun kemakyllylyk, sam- syklyk edenmiş? Aýdybilmersiňiz! Dünýä halklarynyň folklorynda goýnuň hem mynasyp orny bar. Ol janawar kütekligiň simwolydyr öýdülse-de, möjekden zor çykýan ýerleri bolýar. Geçi bilen jübüt bolanda dagy onuň almajak galasy bolmaz. “Möjekleri gorkuzan geçi bilen goýun” diýen türkmen ertekisinde olar gelegurtlaryň ordasyna ulukjyn berýärler. Dogry, tapylan pirimiň awtory geçi bolsa-da, goýnuň çekinmän belanyň üstüne barmagy ýeser batyrlyk. Geçiniň yzyna düşmek, hamala, goýun janawara buýrulan ýaly. Sürä öňbaşçylygy çopan geçä ynanýar. Et kombinatyna eltilen goýunlary soňky ajal pellä alyp gidýänem geçi. Geçi hakyndaky gürrüň entek öňde, häzir gep goýun hakynda. Türkmenler üçin goýnuň arzysy artykmaç. “Ol Ybraýym halylyň eli bilen Allanyň ýoluna gurban edilen mal. Onuň piri güýçli, sadagasy boldugym Musa pygamberiň penasynda durandyr, Hydyr gören janawardyr” diýip, onuň artykmaçlygyny delillendirýärler. Şonuň üçin goýun çopanam hoşgylaw, ýumşak adam bolmalydyr. Sürüni gyssaman, horlaman, paýyş söz diýmän ýedi ýyl bakan çopana-da Hydyr ata görnermiş diýýärler. Türkmen dilinde “goçak” diýen söz bar. Onuň bir manysy “uly, belent” diýmek, ikinjisi nagyşyň ady. Edermen, mert erkege “ goç ýigit” diýilýär, “goç” sözünden. Şahy burum-burum goçy göz öňüne getiriň! Haýbatly görnüşi nämä degmeýär diýersiňiz. Uçut gaýadan özüni başaşak goýberýän dag goçy gaýduwsyzlygyň nusgasy ahyry! “Öküz ýigit”, “at ýigit” diýilmeýär, “goç ýigit” diýilýär. A.Bekmyradowyň ýazgylaryna salgylanyp aýtsak, gadymy ata-babalarymyz gurdy öz totemi hasaplapdyrlar,gurduň esasy awy goýun. Şu sebäbe görä-de goýuna hormat etse bolar. Ol ýedinji asyrda Kulteginiň ýadygärligine ýazylan ýazgylarda hanyň nökerlerini börä, duşmanlary goýna meňzedilendigini aýdyp, soňra şeýle dowam edýär: “Şol bir wagtyň özünde, goýun bereketliligiň, döwletliligiň hem simwoly. Häzir hem aýdylyp gelinýän “Gapyňyzda toý bolsun, agylňyzda koý (goýun) bolsun” ýaly we “Goýunly baý, goýy baý” diýen ýaly türkmen nakyllary muňa mysal... XI-XII asyrlarda türkmenler iki sany uly toparlanyşyga bölünipdir. Olar akman hem garaman diýlip atlandyrylypdyr. Bu iki bölünişik barada pikir ýöredip, S.Atanyýazow şeýle pikiri orta atýar: “Biziň pikirimizçe, akman we garaman diýen etno- nimleri akgoýunly we garagoýunly diýen gadymy taýpalaryň ady bilen deňeşdirmek has gyzyklydyr, çünki türki dillerde maň, man sözüniň “dört (bäş) ýaşly goýun” diýen manysy bar. Alymyň bu deňleşdirmesi diýseň gyzykly. Ol hakykata laýyk gelýän ýaly bolup dur. Şuňa arkalanyp, biz başga bir pikiri orta atmakçy bolýarys. Biziň pikirimizçe, geçmişde türkmenleriň öz aralarynda ilki bilen akman hem garaman diýip, soň akgoýunly hem garagoýunly diýip iki topara bölünmegi Oguz hanyň öz ogullaryny ak goýunly hem gara goýunly iki sütüne görä bölmegi bilen baglanyşykly dessurdan baş alyp gaýdýar... Türk alymy Z.Togan Oguz hanyň Bozuklary ak goýun da- kylan sütüniň, Uçoklary gara goýun baglanan sütüniň töwereginde oturdyşy barada pikir ýöredip, “Bular hunlaryň “ak hun” hem “gara hun” diýip bölünendigi barada hindi hem eýran çeşmelerinde berilýän maglumatlara badaşýar” diýip ýazýar. Gadymy Oguzlaryň hojalygynda, ykdysady durmuşynda dowarçylygyň esasy orunda bolandygyny bilenimiz üçin ýokarky ynançlaryň, däpleriň döremegini geň göremzok. Eger şu esasda goýnuň obrazy bilen bagly hadysalary durmuşyň diňe pragmatik tarapy bilen esaslandyryp oňaýsak, juda bärden gaýdarys. Hakykatda welin, ynançlaryň köki örän çuňdur. Gadymy çomrular ýaşaýyşlarynyň dänä baglydygyna garamaz- dan oňa sejde etmändirler, balykdan gün görýänler balyga sejde etmändirler. Ýewreýleriň taryhy ýolunyň başlangyç döwründe olaryň gün-güzerany dowarçylyga bagly bolupdyr, goýunda hudaýyň keşbini görüpdirler. Ýa-da, Täze Gwineýanyň papauslary mukaddes emblema hökmünde goýnuň şahyny döşlerinden asypdyrlar, hakykatda welin, ol ýerde goýnuň ady-sory-da bolmandyr. Kawkaz halklarynda goýun diňe doklugyň, bereketiň simwoly diýilse kemterlik eder. Onuň ruhy manysy has giň. Inguşlarda goýnuň adyndan kasam etmek däbi bar. Çeçenler adam mertebesiniň örän ýokarydygyny mahabatlandyrjak bolsalar: “Ol goýun ýaly” diýýärler Osetin-alan aýallary perzent diläp keramatly ýere zyýarata gelenlerinde goýnuň palçykdan ýasalan şekilini getirýärler. Ýokarda alanlaryň türkmenlere ýakyn halkdygyny belläpdik, şonuň üçinem bu ynanjyň türkmenlere-de mahsusdygyna geň galmaly däl. Türkmen yrymlaryny öwrenen alym W.Basilowyň kitabyndaky bir fakta ýüzle- neliň. Köpetdagyň sebtinde keramatly mazarlary dag goçunuň şahy bilen bezemek däbi dowam edip gelýär. Mazaryň üstüne gümmez galdyrylan halatynda, gümmeziň maňlaýyndan, içinden şah asýarlar Bu däbiň asyl mazmunynyň düşündirişi ýok. Mazaryň üstüne goýlan şahyň tötänleýin dörän bezeg däldigi belli. Çagasy bolmaýan zenan- lar perzent diläp keramatly mazarlara ýykylmaga gelenlerinde dag goçunyň şahyna ýuwaşlyk bilen kakyp görýärler. Eger sarsgyna şahdan garynja gaçaýsa, bu gowulygyň alamaty, çaganyň boljagyna ýagşy umyt döreýär. Bu ynanç beýleki türki halklarda-da duş gelýär. Indi “Dünýä halklarynyň mifleri” diýen ensiklopediýanyň ikinji tomuny açýarys, ýokarky däbiň örän gadymda Müsürde dörändigi aýdylýar. Biz baş hudaý Osirise niýet edilen haýwanyň öküzdigini belläp geçdik. Käbir ýerde onuň keramaty goýna-da berilýän ekeni. Mendes diýen ýerde Osirisiň goýun şekilindäki heýkeline çaga dileýän aýallar zyýarata gelipdirler, hudaýyň gudratyna ynanyp, onuň öňünde ýalaňaçlanypdyrlar. “Mif we simwol” diýen kitapda Dagys- tanyň Amuzgi obasynda jaýyň daş diwarynda goýun şahly adam kel-lesiniň oýulyp çekilen şekiline duş gelindi. Edil şonuň ýaly şekil bäş müň ýyl ozal meşhur Troýa şäherinde çekilipdir. Bu çeper hyýalyň netijesinde dörän obraz däl, bu hudaýyň obrazy. Antik zamanlarda erkek adamyň goýun şahly kellesi zikgeleriň ýüzüne-de urlupdyr. Ol hudaýyň ýa-da patyşalaryň şekilini aňladypdyr. Dabaraly pursatda Aleksandr Makedonskiý-Iskender Zülkarnaýn kellesine goçuň şahyny geýer ekeni. Goç şahly täji geýmek gadymy pars şalaryna-da mahsus däp bolupdyr. Bu simwolyň üsti bilen olar özleriniň hudaý tarapyndyklaryny nygtamak isläpdirler. Gadymy Ysraýylda ybadathananyň altaryna goşa şah goýupdyrlar. Ýewreý ru- hanylary halky mübäreklejek bolanlarynda iki barmaklaryny galdy- ryp, şahyň şekilini aňladýan nyşan görkezipdirler, ol nyşan soň latyn elipbiýindäki V harpy bilen aňladylyp başlanýar. Munuň asyl manysy keramatly şahyň simwolyndan gaýdýan ekeni. Häzir bu nyşan bilen “Viktor-ýeňiş” sözüniň alamaty berilýär. Türkmeniň “goç ýigit” diýýän häsiýetlendirmesiniň aňyrsynda nämäniň ýatandygyny indi özüňiz pikir edip görüň. A.Wamberi Orta Aziýada goýun şahynyň ýokary häkimligiň nyşany bolandygyny belleýär. Töwratda Abraam (Ybraýym) ogluny hudaýyň ýoluna gurban etmekçi bolanda perişde oglany goýun bilen çalşyrmaga biribaryň emr edendigini habar ber- ýär. Hakyň ýoluna goýny gurban etmek Abraamyň döwründenem has öň dörän mukaddes däp. Gadymy Müsürde Amon hudaýyna-da goýun gurban beripdirler. Bu ýurtda uly ybadathanalaryň ýanynda mukaddes goýunlar ýerleşdirilipdir, kämil ýaşa baranlarynda öldü- rilip, durşy bilen mumiýa edilipdir, soňra dabara bilen jaýlanypdyr. Döredijilik ylhamynyň hudaýy Hnum hem goýnuň sypatynda. Indi türkmenleriň amaly haşam sungatyna üns bereliň. “Goç boýnuz” diýen keşde bar. Ol köplenç erkek adamlaryň geýmine sa- lynýar. Köýnege, çäkmene, possuna, hatda balaga-da çekilýär. Aýallaryň donunda, kürtesinde, çyrpysynda, kiçi geýminde-de näçe diýseň bar. “Goçak” atlandyrylýan nagyş halylarda köp duş gelýär, ony gaýma hökmünde-de ulanýarlar. Biziň keşdelerimizdäki, nagyşlary- myzdaky goýun şahlarnyň şekiline siňdirlen manynyň aňyrsyna ýetseň, ol ýokarda aýdylanlardanam gadymylygy bilen parhlanýar. Käbir mysala ýüzlenmek bilen çäkleneliň. “Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty” ady bilen 1976-njy ýylda Leningradda çykarylan albomyň 17-nji illýustrasiýasynda düýäniň döşüne gerilýän haly görkezilipdir, ol 18-nji asyryň önümi. Halyda dört ujyna-da goçak çekilen kese atanagyň şekili bar. Ýa-da, ärsary halysyndaky gölüň ortasyna ýerleşdirlen dört goçagy alalyň. Goçaklaryň hersi ortadaky kwadrata birigýär, kwadratyň içinde-de hajyň şekili bar. Eýse, bu şekilleriň köküni nireden gözlese bolar? “Mis we simwol diýen kitapda sekiz müň ýyl ozal Kiçi Aziýada dörän udeogram-manyň şekili berilýär. Ol haja geýdirilen dört “goç buýnuz”. Edil är- sary halysyndaky “ dört goçagyň” görnüşine bap gelip duran ortasy kwadratly başga-da bir grafema getirilýär. Olaryň aňladýan düýp manysy düýäniň döşüne gerilýän halydaky nagyşa-da degişli. Hemmesiniň manysy bir. Goýun şahlary ýerdäki ösümlikleri görkezýän simwol. Ortada ýerleşdirlen haç ýa-da kwadrat bolsa, dünýäniň dört tarapyny görkezýän bellik. Şu aňlatmalar bilen gös-göni bagly miflere gabat gelse bolýar. Her ýylda gögerýän, soňra gurap gidýän, ýa-da orulýan ösümlikler ölýän hem direlýän hudaýy göz öňüne getirip dir. Goýun şol hudaýyň simwoly. Gresiýada, Kawkazda mazarlaryň başynda goýnuň şekili goýlupdyr. Gülüstanlygy döredýän topragyň simwoly gara reňkde bolany üçin Dagystanda gara goýnuň hormaty belent. Türkmenlerde: “Mesligi goýun göterer, goýnuňam garasy” diýen sözüň aňyrsynda, belki, şu manydan geçen öwüşgin bardyr? Toprak dilsiz, merhemetli. Türkmen nagşynda “goçakly” üçburçly- gyň şekiline gabat gelinýär.Üçburçlyk bölek ýeriň belligi, goçak bilen birlikde ekinzarlygy aňladýar. Belligiň döränine 15-20 müň ýyl geçdi. Öküz hem goýun hakynda aýdylanlardan soň men özümçe şeýle bir netijä geldim. Goýuna-da, öküze-de berilýän aňlatmalar, keramat esasan meňzeşräk. Öküziň kulty oturymly, daýhançylyk bilen meşgul halklarda, goýunyň kulty çarwadar halklarda meşhur diýse-de bolar. Munuň şeýle bolandygyny ilatyň şu haýwanlardan görýän peýdasynyň önjeýlidigi bilen düşündirmek gerek. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |