08:01 Gülmelek / hekaýa | |
GÜLMELEK
Hekaýalar
Men bu wakany ertekidir, rowaýatlary gürrüň bermegi gowy görýän Solmaz ejeden eşidipdim. Olam mamasyndan eşidip, ikjagazyny pyrlap-pyrlap goýberip, hut wakalaryň içine girip, süýjedip-süýjedip gürrüñ berdi. * * * Heniz on ýedisem dolmadyk Gülmelek öz ykbaly beyle çalt çözüler öýdüp, ýatsa-tursa hyýalyna-da getirmändi. Halyk agalaryň habarlarynyň alnanyny gelnejesi oňa ertesi aýtdy. Boýnundan otly halka ildirilene dönen gyz allaniçigsi bolup, syçrap ýerinden galdy. Birdenem essi aýylyp, reňki üýtgedi-de, aşak oturdy. Gülmelegiň otlukly göreçlerinde ýaş görünmedi. Ol göreçlerden ot syçrady, Garşydaşy ýazyksyzam bolsa, beyle garşylyga uçraryn öýtmänsoň, bütin durky bilen gyzyl oda öwrülen baldyzyna öwelip galdy. Gepläninde Gülmelegiň sesi sandyraýanam bolsa, iňňän zarply çykdy. -- Men olara razy däl, däl. --Tob-eý, bolşuň dagy nähili gyz seniň? Goýaweri, il-gün eşitse näme diýer? Ataň dulunda garrajakmy? Jany ýanan gyz hiç wagt ýüzüne gelme¬dik ýeňňesini gepletmedi: --Ili ara goşma, gelneje! Il perzendiň perzentlik mertebesini saklar, ilki çözüp, soň aýtmaz. Sala salman, ýeňsämden itiberip goýberer ýaly näme ýaşadym. Birsalymdan ot alan ýaly bolup giren Sabyr eje, ýaňam keýik ýalyjak bolup girip-çykyp ýören gyzynyň gözenegin agzynda bu dünýäniň adamsy däl ýaly, näumyt halda başyny aşak salyp oturşyna ýü¬regi awap, esli wagt sesini çykarman, ýuwdunyp oturdy. Soň bölüp-bölüp adaja gürledi: --Aklyňa aýlan, balam! Ataň-eneň näme etmelidigini senden gowy bilýändir. Görüp ýörsüň, gijede-gündizde gapymyz dynýarmy? Göz bar, dil bar, dost bar, düşman bar. Duýaňok sen, ataňam halys ynjalygy gaçdy. Hem bir iliň-günüň sylaýan adamy gözümiziň ýetip duran ýeri diýdik. Gülmelek özüni ýazyksyzka jeza berlip, soň höre-köşe edilýän adam hasap edip, aýdylýan gürrüňleri gulagynyň duşundan parhsyz geçirdi. Gyzyň gelnejesem ýene gaýnenesine goşulyp, baldyzyny birneme ýumşatmak isledi, oňa ýalbardy. Halyk aga¬larda bal ýalap, ýüpek geýjekdigini, zada mätäç bolman, ýaşajakdygyny aýdyşdyrdy. Gülmelek welin diňlemeg-ä beýlede dursun, hatda pikirlenmäge-de ukypsyz huk bolup otyrdy. Birdenem ol howa ýetmeýän ýaly hopukdy-da, öwfüldäp, ýerinden turdy. Ejesidir gelnejesiniň deňinden aýlanyp geçdi, daş gара çykyp durdy. Ýüzüne tämiz howa ça¬landan son, birneme özüni dürsedi-de, edil gapylarynda öylerine ýaplanyp oturdy. Ol hiç haçan şu ýagdaýda oturmansoň, hatda ýaňy aýak bitenje jigisi-de muny geňleýän ýaly gapdaljygyna gelip dur¬dy. Gülmelege gözlerini gyrpman seretdi. Soň eljagazlaryny gyzyň egninde goýup, oňa ýaplanyp durdy. Mert gyzyň gözünden ilkinji gezek ýaş paýrap gitdi. Dözümsiz hossar-da. Gülmelek sanlyja günüň içinde edil iňňä sapaýmaly boldy. Ne iýdi, ne içdi. Gyzynyň bolşuny ejesi halamady. Ynjalygy gaçyp, otursa-tursa oňa ýalbardy. Hatda adamsynyň ýanynda zeýrendem. - Gyzyň-a bedibagt aglap, özüni öldüräýjek bolýar. Juda ýokuş gördi. Men-ä halys ugrumy ýitirendirin. --Diňer aglasa. Gyzlaryň haýsy biri gülüp gitdi. Gyz halkynyň edähedi şeyle. Onuň üçin darygyp oturma. Gulmelegiň kakasy şeýle diýdi-de, sözü¬ne nokat goýup, indi şu meselä dolanyp gel¬mejegini duýdurýan terzde gürrüňiň ugruny üýtgetdi. * * * Gülmelegiň kalbyna Döwletaman duýdansyz girdi, soragsyz ornaşdy. Gyz er¬kini elinden alyp, ýakyp-ýandyryp barýan duýgusyny namys bilip, ony kalbyndan çykarjak bolup dert-azara galdy. Ol syry töweregindäkiler duýup barýan ýaly howpurgady. Wagtal-wagtal küýi-pikiri başga ýerde bo¬landan soň, özüne diýilýän zadam eşitmän, ters jogap berdi. Gülenlerinde bolsa utanjyna çym-gyzyl boldy. Hatda ol soňy puç arzuwlaryna-da gümra bolup gördi. Ol arzuwlar Gülmelegi uzak güýmemedi. Olaryň ornuny Döwletaman eýeledi. Ýatlamajak boldugyça ir ertirler ýuwaş-ýuwaşdan älem giňişligine sapara ugraýan Günüň gapdalyndanam Döwletaman bir oňat ýylgyryp, özüne bakdy durdy. Asyl onuň kirpikmen ala gözleri, ýakymy ýupekdenem ýumşak nazary Gül-melegi yzarlap başlady. Gyz girende-çykanda, güžžüldedip ýanlyk ýaýanda, özi bilen boýdaş saçlary tolkun atanda, her gezek meleje gölejigini goýberip, sygyr saganda, hyýalynda Döwletaman onuň gapdalynda gezdi ýördi. Şonsuzam gamak ýalyjak Gül¬melek galyp-gopup, gülüp-degip, ne jigilerini ugruna goýdy, ne-de salpyja gulagyny galgadyp, gapylarynda jigileri bilen denje bokjekleyän owlajyklaryny. Asyl onuň şolar bilen deňje böküşesi, ylgaşasy geldi. Haýsydyr bir göze görünmeýän güýç ýaşajyk Gülmelege nasam gurp berdi, göwnüni göterdi. Gyza güýç beren duýgular şundan başlandy. Bir gün ir bilen gölejikleri boşady-da, temejigini göge tutup, hut ters ugra tutdurdy. Asyl ol ýetdirer ýaly däl. Jigileri gohlaşyp gapylaryndan kowsaňam gitmezler welin, olaram şu wagt gürüm-jürüm. Gamak ýalyjak Gülmelegem mündi söbügine. Ol dyzyna çolaşýan saçlaryny boýnuna orapdyr-da, gyrmyzy köýnegini pasyrdadyp, özi bir gudrata meňzäp, uçup barýar. Ol gölejigi bilen obanyň içinden okkessirme geçdi. Göläni Döwletaman saklady. Elbetde, geçip barýandyr-da. Gyz onuň nireden peýda bolanynam duýman galdy. Dine ýigide gözi düşende, bolup barşyndan utandy. Ýigit göläniň bagyndan tutup, özüne tarap ýönelende, Gülmelek garşysyndan öwüsýän pessaýja şemaldan doşüni gizledi. Boýnuna oran sa¬çlaryny bada öňüne goýberdi, eglibräk hem gapdallap ýöredi. -- Gölejigiň-ä eýgerder ýaly däl, bet ekeni, Gülmelek! -- diýip, Döwletaman has-has edip, gyz ýanyna baranda dillendi: -- Saňa baş berermikä? Ýigit dyzap, sypjak bolýan göläniň bagyny sypdyrman durşuna gyza şeýle maýyl bolup garady. Gülmelegiň muny duýandygynam bilip, özem utandy. Bokurdagynda bir zat galan ýaly ardyndy: - - Aý, eýgerder-le -- diýip, Gülmelek birhaýukdan son ýigide jogap berdi. Döwletaman gölaniň bagyny gyza uzatdy. Ikisiniň nazary bir-birine kaklyşdy. Hatda ýigidem birhili aljyrady. Gülmelege gölejigi kömek etdi. Ýigitden eýesini «gabanyp», çyny bilen dyzap, ýüpüni üzäýjek boldy, gyzy idenekledip ugrady. Döwletamanlar öň Gülmelekleriň syrgynynda ýaşaýardy. Soň olar obanyň ileri başyndan jay salnyp, öňkülerini uly agasyna goýup, göçüp gitdiler. Şondan soň Gülmelek Döwletamany görmändir ýa üns bermändir. Ol asyl syratly, çynar ýaly yigit bolup gidipdir. Gülmelek soňam suw almaga gidende, Döwletamana pete-pet gabat geldi. Ýigidiň şol ýakyp-ýandyryp barýan nazary ýene gyzy nyşana aldy. Gözler gözlere kökerildi. Goram-gowşak bolan gyz, ýigit suw soransoň, ýüpli bedräni onuň eline tutdurdy. Özi yzraga çekilip durdy. Ýöne onuňam «ümsümje» nazary garşysynda gurşundan guýlan yaly bolup duran sagdyn bedenli, syratly ýigidiň keşbini özüne duydurman surata aldy. --Nädýäň, Gülmelek, gölejigiň bilen oňuşýarmyň? Gülmelek myssa ýylgyrdy: -- Oňuşmasak ýene araçyny çagyraýmaly bolar-da. -- Araçy bolmaga ikelläp razy, Gülmelek! Gölejigiňe aýt: «Döwletamanyň aňtap, tutup bilmän ýören elguşuny asmandan aşak düşmäge kömek edipsiň» diý. Bolýarmy? Ýogsam bolmanda Döwletaman pahyr göze iljekmidi?! Ata gurtlaryň toýunda, iki-üç gezek ile duýdurman, habar gatdym. Baş galdyran bolmady. Zyýany ýok, gölejik maňa kömege ýeter, oňa aýt, boşanyp gaçyp, Döwletamanlaryň töweregine-de syýanata gelsin. Gyz ätiýaç edip, töweregine garanjaklady. Gülmelegiň ýagdaýyny duýan ýigit golaý-goltumda gara görmedi-de, gyzyň gaplaryny dolduransoň dillendi: -- Sen öňem eýjejikdiň, Gülmelek, seni joralaryňdanam gabanýardym. Ind-ä tüweleme tanar ýalam bolmansyň. Ýadyňdamy kiçiräkkäň bir sapar «Aýyň bölejigi-dä sen, Gülmelek!» diyenimde, gaty görüpdiň. Şony gaýtalasam, yene gaty görermiň?! Gyz adaja ýylgyrdy-da, bedrelerini egin agaja ildirdi. Gülmelek Ata agalaryň toýunda Döwletamany görmändi. Onuň söz gatanynam duýmandy. Ýogsam ol gedem däldi. Çagalykda welin, ýigit bilen bileje oýnapdy. Döwletamanyň ony öz ýanyndan aýyrmaýanam, beýlekiler ynjytsa, aryny alyp berýänem hakdy. Beýleki çagalar bilen sözi azaşsa-da, Döwletaman bilen hiç wagt sözleriniň azaşmanyny Gülmelek soň hakydasyna getirdi. Göçüp gidenlerinde bol¬sa, gynanjyna nätjegini bilmändi. Olaryň göçenine öýlerem, beýleki goňşularam gynanypdy. Gülmelekleriň syrgynyndan obadaşlarynyň biri gelin edindi. Toýa Döwletamanyňam geljegini bilýän gyz dünýä gelip, özüni bilip, birinji gezek yüregi atygsap, şeýle höwes bilen beslendi. Gyz heniz egne sokulmadyk keteni köýnegini geýdi. Lowurdap duran gyrmyzy ketenini kakasy ýörite dokadyp getiripdi. Tahýasyndaky akyp gelýän gurşuna çalymdaş, ownukdan nepis sümsülesini hem gyzyl çaýylan uly gupbasyny obalarynda Meret ussa ýasapdy. Ol pahyryň özi häzir aýatda ýok. Çe¬keligini Gülmelegiň özi Nurnazara ýasadypdy. Ol Meret ussanyň ogludy. Ýigitleri-hä däl, zenan maşgalanam aňaldýan surat ýalyjak şekillije Gülmelek lowurdadyp, şaýly tahýasyny geýip, çekeligini tokmak ýaly saçlary bilen ugurdaş goýberýärdi welin, başyna jyga geýdirilen şa gyzyna aňry dur diýdirýärdi. Altyn-kümşüň lowurdysy bilen gyzyň şonsuzam nurly mähriban hem surat çekibermeli üzümiň suwy ýaly buldurap duran tämizden ар-ak ýüzi, egnindäki gyzyl ketenisi göreniň gözüni eglejekdi. Gülmelegiň at ýüzündäki nepisden göni burny, pisse dodajyklary, garamyk ýaly gözleri, gözlerine kölege berýän syh-syn kirpikleri ony beýleki gyzlardan has tapawutlandyrýardy. Toýa uranlarynda Gülmelege joralaram degşip keýpden çykdylar: -- Näbileli, toý toýlap, mazamyz bolaýsa-ha. Bu barşymyza ýigitleri huşuna getirmek dert bolaýmasa. Gowusy, Gülmelekjan akyllym, aklyňa aýlandajyk, ýigit baryny gyrana bermejek bolsaň, abraýyn barka yzyňa dolan. -- Lal açsana! - diýip, Gülmelek enaýyja gülüp, gapdalyndan barýan gyzyň kebzesine suňşurdy. -- Uzak goýjak däl, men muny aparjak -- diýip, wäşi Doýduk eýemsiräp dillendi. -Ýogsam Kössek jan dälirejek. Araňyzda ge¬zerin, asyl hepdä ýetirmän yraryn diýdim bendäň çagasyna. Düýnem alnymdan çykyp, «Yrdyňmy?» diýýär. «Ugruňda, asyl, olam sen diýip heläk» diýdim. --Ýok bolsana, senem bir zadyňy taparsyň, şu ýigitleriň bollugynda maňlaýymdan çykjagam, gel-gel, Kössek bolsa, bagtym ýatypdyr - diýip, Gülmelegem gyzlara goşulyp güldi. Kössek diýilýänem harazçynyň uçguryny oňarman, balagyny süýräp ýören sansyz ogly. Gyzlar märekä golaýlanda, toýuň şagalaňy asmana galýardy. Iliň gözi Aýyň bölegi ýaly bolup, bütin märekäni bezäp duran Gülmelekde. Gülmelek bolsa okara ýaly gözlerini balkyldadyp, atbaşçy ugrajak bolşup duran ýigitleriň arasyndan Döwletamany gözleýär. Tapanok. Gülmelegin özüne eşitdirip diýen ýaly aýallaryň biri goňşusynyň gulagyna pyşyrdady: --A gyz, gapdalymda duran ynsan çagasymy ýa asmandan inen bir gudratmy? Beýle-beýle zatlaram bar oguşýan obamyzda, hiý, görmän yörüpdiris. Kimiň çagasy gyz bu? --Ballynyň gyzy. --Boldy-boldy. Bow, bu gyzyň tarypyny eşidendirin men. Onda-da beýle üýtgeşikdir öýtmändim. Bir bagtlynyň bagtyndan çykar. Toýuň şagalaňy asmana galýar. Gelin bary geýnip bilenini geýnişip, dakynyp bile¬nini dakynyp, şaňňyrdaşyp, gelnalyjy gitjek bolşup, ber-başagaý, kim çagajygyny çygyrdyp, baldyzynyň eline tutdurýar, kim ekabyrragynyň eline nabat berip, nalwa getirmegi wada edip, sypjak bolýar. Ýaş gelinler bolsa kürteleriniň synyny çalaja yüzlerine çekişip, uz ýaşynyşyp, bir gyrada gyzyl-ala bolşup sülmüreşip durlar. Hemişe toýuň şowhunyna, adamlaryň şadyýan degişmelerine, obadaşlarynyň gülküsine denje şärik, şol gülkülerden olaryň özünden on esse artyk lezzet alýan Gülmelek häzir, uly märekede bir adama ykbalyny baglap, onuň ýoklugyna boýnuny burup dur. «Bolşuň nähili? Il-günden haýa et. Daşyňy gallap duran gara gözler onça ýokmy? Üly-kiçisi sylap Gülmelek-de, Gülmelek. Ýa sen üytgeşik mähre çoýunaryn öýdyärmiň? Gaýa-gopuz ýok ýerden oda düşüp, gowrulyp durmaň näme? Atsa atypdyr-da lak, yüregiň törüne geçiräýmelimi onsoň, ýa lak atýan ýo¬kmy? Uly iliň şowhunyna goşulman sortduryp durmaga utanaňokmy? II bilen adamsyň Gulmelek!» «Ol il däl-mi?» «Bir adamdan il bolarmy?» «Bolar». «Ol iliň bölegi». İçini gepledip, öz-özüni igeläp duran gyzyň bir¬den ýüzi ýagtyldy. Gülmelegin gözi ak atyny säpjedip, gelip ýigitlere goşulan Döwletamana düşdi. Ol uzakdan Gülmele¬giň nazaryny özüne çekdi-de, myssa ýylgyrdy, başyny dik tutup, keýerjekläp duran atynyň boýnuny sypady. Gülmelek bolsa edil ogurlyk eden ýaly töweregine ogrynça nazaryny aýlady, duýulmandygyna begenip, soň gabagyny galdyrmaga utanyp, saçlarynyň uçlaryny bir çözüp, bir daňyp, sülmüräp durdy. Gelnalyjy ugranda-da, atlar dabyraşyp, depeden aşak inende-de, gelin şaňňyrdap gelende-de, gyzyň nazary özün¬den biygtyýar Döwletamany sypdyrmady, gara gözler ençeme gezek birek-birege kökerildi. Toýdan gaýdanda, gyz ýüregini ol ýerde goýup gaýdana döndi. Şeýdip, Döwletaman Gülmelegin aýrylmaz nemrasyna, guwanjyna öwruldi. Obalaryny ganatynyň aşagyna alyp oturan belent daglara, ulgam-ulgam depelere aşyk Gülmelek soň, dünýä hasam başgaça garap başlady. Daglar onuň golaýjagyna gel¬di. Düýbünden başga dünýäde, kalbyny heýjana getirýän täsin duýgynyň gyza ganat beren dünýäsinde daglar onuň bilen has dostlaşyp, şatlygyny paýlaşdy. Hyýalynda Gülmelek Döwletaman bilen gol tutuşyp, daglaryň çür depesine çykdy. Mähriban obalaryny guwanyp-guwanyp synlady. Depeden-depä aşyp, baýyrlaryň eteginden gül ýygdy. Az wagtlyk bolsa-da, Döwletaman gyza hiç kimiň bermedik bagtyny berdi. Gyz yşk kölüne gaýygyny goýberip, ýap-ýaňy ýüzüp başlanda, onuň gaýygyny sakladylar. * * * Gelnejeleri Gülmelegiň seplerini taýynlap başladylar. Ol welin, hatda toýda geýjek ketenisiniň biçüwinem aldyrmady. Ony gyza deňemän, çen bilen biçdiler. Ully gelnejesi Gülmelegiň bolşuny onlaman, uly baldyzy¬na gabak astyndan köp manyly garap goýberdi. Hatda öň Gülmelege diýenini geçirýän uly aýal doganam jigisine nebsi agyryp, sesini çykarman, öz ýanyndan netije çykardy: «Körpe görüp halys läliksiredäýipdiris öýdýän, henizem özüni çagadyryn öýdyär». Dulda tutulan guş ýaly bolup oturan Gül¬melek kellesini ýaryp gelyän pikirlerini kowup, çykaryp bilmän, ejir çekýärdi. «İndi seniň dadyňa ýetişjek ýokmy Gülmelek!» diýip, ol özüne sorag berip, jogap tapman barha möwç alýardy: - Eziz Allam, ýelden-günden gorap ýüregimi höwürtge edip, apalap saklan söýgimiň ýasyny tutmaly boldummy? Wah, men bu apata neneňsi döz gelerin. Mertligiňem öz çägi bardyr-a! Ile ryswa etmäweri, jan Allam, maňa giňlik ber, ony kalbyma guýanam özüň. Ýa ol bagty gysga pursatlyk berdiňmi? Beýder ýaly men biçäräň ýazygy name? Ýa bu derde uçrap, dünýä sygman guduradymmy? Ýa oň bilen görünmesiz ýerde göründimmi? Dowzaha ýazykly girýändir-ä. Alla jan, atma meni dowzaha, ýumşat bularyň ýüregini. Ol ojakda maňa bagt garaşanok. Wah, olam meň bilen bagtly bolmaz-a. Ýüregi başgadan mähre çoýunyp bagt tapan ýokdur-a. Ony meniň mährim çoýmaz. Eziz Allam, ýakma onam, tap çykalga, ýalka bizi! Kesekiniň ojagynda başga mähri küýsesem, jeza bermezmiň, eziz Allam! Ýa men ar-namysymy ýele be¬rip, yzyna düşeýinmi? «Meni alyp git» diyeýinmi? Way, ýog-eý. Meni beýle ryswa etme, eziz Allam! Atam-enemiň ýüzüni ýere salanymdan ölenim gowudyr. Gudraty güýçli Alla jan, sen isleseň çykalga taparsyň! Mundan beter horlama naçaryňy?». Jigileriniň biri gelnejesiniň egnine ýapyşyp, yrsarap, azar ýamanyny berdi. Asyl ona iş etdirmedi. Höre-köşe bilen bolmady. Ahyry şarpyk paýyny iýdi. Öýe sygman oturan gyz tasap ýerinden turdy. Demi-demine ýetmän, aglaýan jigisini garbap alyp, daşaryk çykdy. Oňa höre-köşe edip, ilki gölejikleriniň ýanyna eltdi, köşeşmedi. Güjüjeklerini gözläp, öýleriniň ýensesine aýlandy. Gülmelegin gözi birden atyny idip gündogarlygyna barýan Abdylla kaklyşdy. Gyz yüregi ýerinden gozganandyr oý etdi. Oňa oýlanmaga, ölçerip dökmäge-de pursat bolmady. Sen-men ýok, jigisini goltuklap eňdi yzyndan. Häzir ony saklap: «Nirä, näme üçin barýaň?» diýseler, aýdyp biljek däl. Ýöne Gülmelegiň bolup barşyndan gyzyň ýüregine bir zady düwendigi belli. Urlanyny ýokuş gören çaga diňer ýerde diňmedi. Sojap-sojap aglady. Derdi başyndan agdyk gyzyň ony diňdirmäge eli ýetmedi. Gülmelegin garşysynda ýalpyldap, gol boýy ýokaryk galan Gün gyza bagt arzuw edýän ýaly, ähli nuruny dür däneleri ýaly edip, onuň üstünden seçdi. Ir säherler Gün gyzaryp, dünýä altyn nuruny saçanda, ony söýgi bilen garşylaýan, ýagşy umytlar, süýji arzuwlar bilen älem giňişligine ugradýan gyz häzir Gün asmandan ýere düşse-de, ýalpyl¬dap, öňünden çykyp salam berse-de, baş galdyrmajaga meňzeýärdi. Gülmelek şol gidip oturşyna küren obanyň aňry başyna çykdy. Çynar boýly ýigidiňem yzyndan kowgy gelýändiginden bihabar, şol gidip oturşy. Özünin nirä, näme üçin äkidilip barylýandygyndan bihabar çaga az-kem köşeşip, ýat ýerlere gözlerini mölterdip hem gorka seretdi. Soň ejesinden daşlaşanyny duýup, ýene sojap başlady. Has-has edip, demi-demine ýetmän, ylgap barýan Gülme¬lek jigisine ýalbardy. --Jigim jan, goý, goýaý! Men saňa guşjagaz tutup berjeg-ä, owadanja guşjagaz. Sen entek oň ýaly guş görenem dälsiň. Jigisi diňlemedi. Ol guşuň beýle ýagdaýda tutulmaýanyna belet bolmaga çemeli. Gülmelek bokurdagy dolup-dolup gürledi: --Jigim jan, gaýdasyň gelýärmi? Etjämi? Wah, meniňem görüm gömülmändir şu taýda. Ikimiz onuň bilen gürleşmeli-dä. «Nädip?» diýýämiň, bala. Ony özümem bilemok. Gepläp bilerinem öýdemok. Geplemese doganjygyň bagty ýatýar, jigim jan, onuňam. Ahyry Gülmelek ýigidiň adyny tutup gygyrdy. Sesi sandyrap çykan gyz, ony dünýä eşidendir öýdüp gorkdy. Abdylla yzyna ýaltyldap seredip, atynyň başyny çekdi. Aldyrany bar ýaly bolup, özüne tarap ylgaşlap gelýän gyza gözi düşüp, allaniçigsi boldy. Onuň tasap gelşini halaman, ýüregi bir zat syzdy. Bada atyny yza öwrüp, Gülmelege tarap yöräp gaýtdy. Gyz galpyldap, ozünden biygtyýar samrap başlady: «Hudaý jan, bir ýerde bar bolsaň, biçäre gyzyň dadyna ýetiş. Onuň maňa rehimi insin. Gülmelegin ýagdaýyna senden gowy düşünjek hossar ýok. Abdyllanyň ýüregine sal, sal, ol menden el çeksin, meni Döwletamana özüň bagladyň. Indi kömek et. Ýetiş-dä, dadyma. Duýýaryn ýetişersiň, keramatly Allam!». Jigisini diňdirip bilmän, utanyp hem özüni ýitirip ber-başagaý bolup duran gyza düşünmän, ýigit birhili bolup, aňalyp galdy. Wah, çynar boýly, syratly, ýüpek ýaly, nurana ýigit söýüp-söýlüp, guwanmaly ýigit. Arman, arman, gyz ýüregi başga kökerlen. Ýigit atynyň uýanyny boýnuna atdy-da, Gülmelegin bolup durşuna nebsi agyryp, oňa nähilidir bir kömek etmek niýeti bilen elinden jigisini almak isledi. --Bow, ullakan ýigidem aglarmy! Hany gel maňa, tanşaly? Çaga ýadyrgap, başyny gyzyň döşünde goýup, öňküsindenem beter zowladyp başlady. Öňem bir ýere girip bilmän, saňňyldap duran gyz hasam ozüni ýitirdi. Soň gabagynam galdyrman, ýuwdunyp-ýuwdunyp, dine ikije agyz söz aýtdy: --Meň, sende göwnüm ýok, Abdylla! Gülmelek bada gelen yzyna ýumlukdy. Onuň öz göwün söýenine ýürek yşky üstün çykypdy. Salgydy agyr saldylar bahanasy bilen Halyk agalar mal geçirmäge gelmediler. Şirinjemal GELDIÝEWA. | |
|
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |