GUMRY
Gumry mazaly göze gornüp başlandygyna garamazdan, maý tapsa, deň-duşlaryna degerdi, her hili oýun ederdi. Degişmelerine öwrenişmedikler weli, oňa ulugyzyň edalylygyny öwretmäge çalyşýardyldar. Şonda ol her gezek gelnejesi Jereniň aýdanlaryny ýatlardy.
- Su bezzatlygyňa saňa Gumry ady gelişenok, ballym . Gumry gur-gur edip ýoren ýuwaşja guş, sen bolsa, dünýa ot ýakdyraňok. Joralaryňa-da gün bereňok, biriniň saçyndan çekýän, ýene biriniň ýaglygyny sypyrýaň, garaz, dek duraňok. Aýp bolar ahyry, ulugyz halyňa bezzatlyk edip ýörsüň. Şu bolşuň bilen bizem masgara edýaň. Bir az asyllyrak bolaý, senem.
-Näme masgaralygy barmyş? .
- Adyň Gumry bolany bilen ozüni guş saýyp ýörme. Seret ulugyz çykypsyň. Ýöne sende ulugyza gelişýän ýekeje hasiýetem ýok, Gumry bolaýşyňy seniň.
-Ynha seret, şu näme gyzyň hasiýeti dälmi?—Ol şeý diýerdi-de, özüne
gelişmeýän ýygralyk bilen sülmürärdi. Soňam sozüniň üstüni ýetirerdi.
-Indem ulugyza meňzämokmy?
- Seýtseň-ä gelişmänem duranok. Oýnuň bar bolsun, seniň. Kime meňzediňkäň gyz, sen.
Gelnejesiniň bu sözleri onuň ýele ýanyndanam geçmezdi. Gyzlar weli
oňa başgaça degerdiler.
-Gumry, sen azajyk ulugyzsyramasaň, oglanlar duşuňdan geçer giderler, özüňe geleňde gaty kyn bolar. Sen birini saýlaýançaň, biziň barymyz öýli-işikli bolarys.
- Men ýaly yza galyp ýörenleri bolar-a olaňam. Hemmesi deňämden
birden geçäýmez-le. Maňa-da biri galar ahyry.
-Bolşuň bar bolsun. Saňa bir zat düşündirip bolasy ýok-la.
Soňam olar çyny bilen sorag bererdiler:
-Hany, aýtsana, saňa ýaraýan oglan barmy?
-Ýok bolsaňyzlaň, oglany başyma ýapaýynmy, maňa heniz о zatlar
barada pikir ederden ir.
—Ir-ir diýip, ahmal galaýma. Soň Gumry gus bolup, asmanda näçe pyrlansaňam haýry degmez.
Şol halat ol adyna näme üçin Gumry dakandyklaryna düşünjek bolup, azara galardy. Ýöne her näçe pikirlense-de akyl yetirip bilmän, öz ýanyndan ene-atasyna igenerdi. “Kakilik, Laçyn, iň bolmanda Bilbil diýselerem bolja-ga, hökman Gumrymy diýsene. Adym başga bolanda belki, hasiýetimem başgaçarak bolardy.” Soňam ol oz-ozüne garşy çykardy. “Men diýýän zadym näme, gumry ýuwaşja guş bolsa, menem şoň ýaly bolmaly ahyry. Bu ýerde bir düşnüksizlig-ä bar. Adamyň adyna göra häsiýeti bolýar diýýänleri belki, nadogrudyr.” Şeýle halatda ol ulugyzyň edalylygyny saklamaga çalyşardy. Ýöne näme uçindir ol dem salymda Gumrynyň huşundan uçardy-da ýene-de şol bezzatja gyzjagaza öwrülerdi. Sapaga jogap bermäge tagta çykanda harplary bilgeşländen bulaşdyryp ýazardy-da okuwçylary guldürerdi. Mugallym bir zat diýdigi, jogabyny kinaýaly bererdi. Mugallymlaryň köpüsi Gumrynyň gaňryşyna gaýtmazlyga, şeýlelikde, sapagy rahat geçmeklige çalyşardylar. Çünki sapakda Gumrynyň çyny bilen aýdýan sözlerem deň-duşlarynda gülki dörederdi. Onsoň olary köşeşdirmek mugallyma is bolýardy. Käte-de ol kagyzdan guş ýasardy-da mugallymyň gözüne güý salyp, basga bir tarapa uçuryp goýbererdi. Guşy alanam Gumrydan peslär ýaly däldir. Olam guşuň ganatyna “Gumry goşmak” ýazarda, yzyna uçurar. Onsoň sapak diňleýän ýokdur. Her kim gus ýasap, ganatyna Gumry ýazyp, uçurmak bilendir. Gumrynyň hasiýetine belet mugallymlar ony nazaryndan sypdyrmazlyga çalyşardylar.
Bir gezegem mugallym Gumrynyň öň ýanynda oturýan Hemrany ýerinden galdyryp, şu günki sapaga taýýarlygyny sorady. Gumry Hemra bildirmän, usullyk bilen onuň oturgyjyny bir gapdala süýşürdi. Mugallymyň soragyna jogap berip bilmän, yüzüni sallap duran Hemra rugsat berlenden soň, haýallyk bilen ýerinde oturjak boldy. Ol şobada-da çin-arkanlygyna gaýtdy. Okuwçylar pakyrda berdiler. Içini tutup gülýänlerem az däldi. Hemra weli, yüzüni boz-ýaz edip ýerinden galdyda, Gumrynyň ýüzüne alarlyp seretdi. Ýöne näme diýjegini bilmän, hyrçyny dişledi oňaýdy. Okuwçylaryň gulkusini basmak mugallyma esli salymlap başartmady. Ahyram ol stoly bat bilen ýumruklady-da:
-Agayewa, hany tur ýerinden, görýän weli, sen köp bilýän ýaly-la. Indi Rejebowyň bilmedik soragyna sen jogap berersiň. Geçen sapakda biz nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň söýgi hakdaky bir goşgusyny ýatdan öwrenmeli diýipdik. Sen şahyryň haýsy goşgusyny bilýan bolsaň, aýdyber.
Gumry çekinjiräp durmady.
Gül yüzüňe perwana men, gaýry reýhan istemen,
Bakyban mahrinden doýsam, bagy-bossan istemen...
Okuwçylar ýene pakyrda berdiler.
Hydyr mugallymyň gahary geldi: ol güklinizi bes ediň diýen terzde
stoly ýumruklady.
-Agaýewa, sen Magtymguly bilen Mollanepesi bulaşdyrdyň. Seň bu
aýdýanyň Magtymguly Pyragynyn “Istemen” goşgusy.
-Mugallym, ony men bilýän, ýöne men şu goşgyny aýdasym geldi-dä.
Okuwgylaryň gulkusi has batly çykdy.
-Mugallym, Gumrynyn yürejigi-da şol.
-Özüniň istelmegini küýseýä pahyrjyk. Ýöne ak kagyzdan ganat ýasap, uçup ýörşune ýerde näme bolýanyny bilenok.
Kyýas mugallym yzdan eşidilýän seslere, Gumrynyň özüni alyp barşyna has gaharlandy:
-Hany, ýuwaş boluň, senem Agaýewa, gürrüňiňi azalt-da, Mollanepesden bir goşgy aýt. Ýogsa-da gündeligiňe ikili-gä bir goýýan, onsoňam Hemra-da oturgyjyny ýerinden suýşürmäge rugsat berýän.
Gumry esli salym torsarylyp durdy-da soňam ýuwaşlyk bilen aýdyp başlady:
Dür derýadan çyka bilmez,
Nazar kylsa dişlerine.
Dowzah meni ýaka bilmez,
Yanyp men ataşlaryňa...
Yzky oturanlardan biriniň “wah-wah” diýen sesi eşidildi. Oňa çenli başga biri “Gumry guş oda atyldy-da”diýdi. Okuwçylar ýene-de gülüşdiler. Hydyr mygallymyň halys gahary geldi.
-Bü näme boldugynyz, şu ýerde gülkünç zat barmy? Häzir baryňyzyň gundeliginize tertibi ýok diyip, ikilik goýýan. Agaýewa, otur senem ýeriňde.
-Mugallym, bary Gumrydan-da. Oňa ikilik goýaýmasaň, başga alaç boljak däl ýaly-la.
Hydyr mygallymdan ses çykmady. Oňa derek yzda oturan Gurban özbaşyna hüňürdedi.
-Mugallym, öňräk men himiýadan jogap berenimde hem Gumry şeýdip
sapagy bozdy. Oňa çäre görüň-dä. Ýogsam ol-a her gezek akja juýje, bizem tetibimiz üçin ikilik almaly bolýas.
-Ejesini mekdebe çagyrmaly Gumryň. Gyzyna akyllyja bol diýsin-dä.
Ýöne Gumra diýdiň diýmediň tapawudy ýokdy. Onuň şol bir waşiligi, degişgenligidi.
Iň soňky jan kakylan güni Gumrynyň hazirem ýadyndan çykmaz. Ikibir-ikibir bolup, pyrlanyp tans edip ýören okuwçylaryň şatlygyny hiç zat bilen deňär ýaly däldi. Göýä ýaşlyk olaryň ygtyýaryny elinden alan ýalydy. Aýdym-saz ses-üýn alyşdyranokdy. Gyzlar şol pyrlanyp ýörüşlerine oglanlar bilen galtaşanlarynda has-da bat alýardylar. Olaryň ellerini, billerini hereketlendirip edýän tanslary biri-birinden owadandy. Aralyga böwşeňlik aralaşandan Gumry tans edip ýörenleriň ünsüni böldi:
-Gyzlar, oglanlar, ýekeje minut maňa üns beriň. Şu gün biz uçurym. Gutardyş synaglaryndan soň ýollarymyz aýra düşer. Sizi görüp ýörmesem, meniň günüm geçermikä? Meni şol pikir heläk edyä. Meniň kösenmegimi islemeseňiz, kim nira gidýan bolsa birek-birege aýtsyn. Biri-birimizin salgyny alalayn. Ýogsam ilki bilen men ýüregim gysar. Men lukman bolmagy arzuw edýän. Meni göresi gelen lukmançylyk mekdebine baraýsyn. Indi söz sizden.
Gumrynyn ýarym çyn, ýarym degişme bilen aýdanlaryny her kim bir hili kabul etdi. Gyzlar biri-biriniň yzyndan öz arzuwlaryny aýtdylar. Ýöne yigitler weli, mertlerçe dymdylar. Olardan ses çykmajagyny bilen gyzlar ýene pyrlanyp tans edip başladylar. Garma-güýrmelikde Gumrynyň eline kimdir biri bir zat gysdyrdy. Gumry birbada onuň nämedigine düşünmedi, soňam birden ýuregi jigläp gitdi. Şol dem onuň beýnisinde özüne näbelli duýgy at çapdy. Ýuregi gürsüldäp urup başaldy. Gumry ozünde dörän ýagdaýy seljerjek bolup, azara galdy.
Ýöne her naçe dinşirgense-de, oňa düşüdnip bilmedi. Onsoň ol assyrynlyk bilen gyra çekildi-de, bir-ä gysymyndaky kagyza seretdi, birem beýnidäki bulaşyk pikirleri seljermek isledi. Ol usullyk bilen düýrlenip, bir düwür bolup giden kagyzy açdy-da ilki bilen ony kimiň ýazandygyny bilmek isledi. Ýazgynyň yzynda hig hili at ýokdy. Ol bir dem haty oglanlaryň haýsysynyň ýazandygyny hakda oýlandy.
Olaryn hatlaryny bir-bir göz öňüne getirdi. Ýöne näçe oýlansa-da hatyň
kimiňkidigini aňşyryp bilmedi. Gumryny gen galdyran hatda bary-ýogy dört oýnam setir bardy:
“Başga ýer tapmadyk ýaly hamana,
Gumry guşum uçup barýar dumana.
Gygyrdym, nirä sen, aýt gumry guş,
Ah, gaýt Gumry gus, gaýt, Gunry gus”.
Şol pursat ol özüne Gumry guş diýýänleriň kimdigini aňynda aýlady.”Gurban mydama guşjagaz diýip yüzlenýa. Ýöne ol goşgy ýazyp bilenok ahyyry. Onsoňam ol Şemşada hat ýazyp ýör. Meň bilen nä işi bar onsoň. Belki, başga biridir. Men barada beýdip çyny bilen aladalanýan kimkä? Men nirä uçup barýarkam? “
Humay Gumryny uzak ýeke galdyrmady.
-A gyz, näme çete çekildiň, ýör, tans edeli-le.
Jan ýaly jorasyndan hemaýat gözlän Gumry sesini çykarman, elindäki bir bolejik kagyzy oňa uzatdy.
Humay ank-tank boldy:
-Bu näme gyz, bü nireden çykdy, kim berdi, kim ýazypdyr?
-Dursana, jan berene, jay bersene. Bir demde soragdan üstümi gömdüň.
Men nä bileýin, kimiň ýazanyny, kimiň berenini.
-О hahili men näbileýin. Seň eliňe hat tutduranyň kimdigini bilmän, näme işleýäň.
- Tans edip ýörkäm, elim galtaşaýandyr diýip guman etsem, asyl bölejik kagyz eken.
-Onsoň.
-Onsoňy-da şol.
-Ulalman geçjek-le, gyz, sen. Şun ýaly ýerde bir ulugyz çykanyňy biläýmeli-dä.
- Bilip bilmän näme bolupdyr. Kim ýazsa, şol ýazsyn-la. Näme men onuň gumry guşymyşymmy? Niräk uçup barýamyşym? Aslynda nirä uçamda oňa nämemiş?
-Belki, ol seni söýýändir. Yürek duýgusyny şeýdip duýdurasy gelendir.
Onuň kimdigini bilesiň gelenokmy?
- Yok, kim bolsa, şol bolsun. Oňa kellämizi agyrtman, ýör, tans edeli.
Gör, nahili gowy saz.
-Kimiň yazandygyny bileli-le bu haty. Bilesim gelip, içimi it ýyrtyp
barýa.
-Aýtdym-a kim bolsa, şol bolsun diyip. Gaýraty çatsa, gozüme seredip
aýtsyn, diýesi gelýän zadyny. Elbetde, kagyza hat çyrşamak aňsat. Ak kagyz hemme zady göteryär. Islän zadyňy ýazybermeli.
Iki jora tans edýanlere garyşsalaram, hersi öz ýanyndan assyrynlyk bilen oglanlary synlap başlady.” Uzyn Kerimmika ýa-da jüýk burun Ylýas? Belki-de, ol Annadyr. Käte käte onuň gyzlara otlukly seretmesi bar-a. Hatyň eýesiniň Sapar bolaýmagam ahmal” Az salym şu pikirlere berilse-de Gumry o hatam, ony ýazanam tiz ýadyndan çykardy.
Gutardyş agşamy daňdana çenli dowam etdi. Öylerine gaýdyp barýan
joralar ýene-de şol goşgyny kimiň ýazyp biljekdigi barada jedelleşdiler. Ol haty kimiň ýazandygyna üns bermediksirän bolsa-da hälki dörän düşnüksiz duýgy, yüreginiň gürsüldisi indi Gumra rahatlyk berenokdy. Şol nätanyş duýgy onuň kalbyny gemrip barýardy. Ol öz-özüne haýran galyp, munuň näme üçin beýle bolýandygyna düşünjek boldy. Ýöne başly-barat bulam-bujarlyk hiç zady saýgarmaga maý berenokdy. Indi ol gapdalyndan ýöräp barýan Humaýyn diýýänlerini hem eşidenokdy.
Beýnisi gapma-garsylykly pikirlkerden ýaňa ýarylaýyn diýýärdi. Gumry jorasy bilen hoşlaşaryna mähetdel ylgawyna öýlerine geldi-de sessiz-üýnsüz otaga girdi.
Gumry hasanaklap öýe girende baldyzyna garaşyp ýatan Jahan laňňa ýerinden galdy. Ol pişik basyşyny edip, baldyzynyň otagynyň gapysyna bardy. Onuň bir zada birahat bolandygyny äňan Jahan baldyzynyň özi dillenýänçä hiç zat soramazlygy yüregine düwdi. Sebabi Gumrynyň içinde syr saklamaýandygyna Jahan beletdi. Şonuň üçinem onuň ozüniň ýarylaryna garaşandan gowusy ýokdy. Öňräk Gumry ýadygarlik ýazgylary üçin ýörite depder edinipdi. Ol hasyr-husur şony aldy-da, bir-birden hatlary deneşdirip başlady.
“Gumry, sen edil saýrak guşjagaz ýaly şadyýan gyz. Men seniň mydama şu durkuňy saklamagyňy arzuw edýärin. Ýyllaryň, wagtyň seniň daşky keşbiňe-de, içki dünýäňe-de tagma salmazlygyny arzuw edýärin. Ýöne şahyrlar aýtmyşlaýyn, şu setirlerem ýatdan salma.
Ýaşlyk yyllar şemal ýaly,
Ýüzüň oper, geçer gider,
Ýöne weli tagmasyna
Diýip bolmaz “öçer gider”.
Hemra”.
Ol bu goşgyny ilkinji gezek okan ýaly boldy. “Yeri, Hemra nirede, goşgy nirede diýsene! Bujagaz haty-da belki, Hemra ýazandyr”. Ol beýnisine agram berýän pikirlerden daşlaşmak isleýän ýaly ellerini daldalatdy. Ýöne olar bu mahal Gumryny terk ederli däldi. Gumry synpdaş oglanlary ýatlap, haýalynda olary birin-birin yzlady. Şeýdip olaryň haýsysynyň gözünde mähir bardygyny saýgarmak isledi. Ýöne barybir hiç zatdan baş çykaryp bilmän, uka gitdi.
Gutardyş synaglary dowründe Gumry önki bälçikligini etse-de, oglanlaryň nazaryny sypdyrmazlyga çalyşýardy. Ol gözlerden özüne nahilidir bir ýakynlyk gözleýärdi. Sebäbi söýýän gözleriň garaýşynyň
has başga bolýandygyny onuň guşuňky ýaly tarsyldap duran yüregi syzýardy. Onuň bu halyna diňe Humaý düşünýärdi. Çünki ol Gumrynyň şol günden bäri oglanlaryň nazaryny ogryn-dogryn synlaýandygyny aňýardy. Sebabi jorasyna ýazylan goşgynyň kimiňkidigi ony-da az gyzyklandyranokdy. Haty kimiň ýazandygyny anyklamak isleýärdi. Dogrusy, Gumry “Meni hatyň kiminkidigi gyzyklandyranok” diýse-de, näme üçindir o hat oňam öz gunüne gonanokdy.
Soň-soňlar ol Gumrynyň ýadyndan çykdy. Talyplyk dumiuşy, täze deň-duşlar orta mekdebiňkiden düýpgöter başgady. Şonuň üçinem Gumrynyň bar ünsi okuwdady. Şeyle aladaly günleriň birinde ýaňy okalgadan gelip, çaý iýmäge hyýallanan Gumrynyň bolýan otagynyň gapysy kakyldy. Deň-duşlarynyň biridir diýip guman eden Gumry oturan ýerinden “gapy agyk, giriberiň” diýdi. Gapy ýuwaşlyk bilen açyldy. Aňyrdan gelen birbada giribermage ejap etdimi nämemi usullyk bilen otaga boýnuny uzatdy. Jorasyna gözi düşen Humay Gumra tarap okduryldy. Iki jora esli salymlap birek-birege seredip doýup bilmediler.
Bir şaherde bolsalaram görüşmäge elleri degmeýän joralar bu çak biri-birinden öň geplemage, tazelikler bilen tanyşdyrmaga howlukdyldar. Olaryň gürrüni aýlanyp-dolanyp ýene-de şol birmahalky Gumry gus baradaky hata syrykdy. Çünki ondan bäri ençe ýyl geçendigine garanazdan, joralar her gezek duşuşanlarynda hökman şol hat barada ýatlaýardylar. Ony kimiň ýazandygy barada kelle döwýärdiler.
Her gezegem ol nabelliligine galýardy. Soň da Gumry öz dünýäsi bilen
başagaý bolup ýörşüne söýgi diýilýän närsäniň gapdalyndan nädip geçenini duýman galandygyna kemsinýärdi. Öz ýanyndan joralarynyň bagtyna guwanardy. Käte bolsa oýa batardy. Deň-duşlarymyň ählisi maşgalaly, çagaly-çuwgaly. Men bolsa, henizem ýekeje. Men name üçin ýeke galdymkam? Näme üçin inçe duýga berlip bilmedimkän?
Azajyk üşükli bolan bolsam, “Gumry guşum? diýen ýigide, belki, sataşardym. Indi şeýdip ýeke galyberermikam, ýa-da şol süýji duýgy meniňem dünýämi ýagtyldarmyka? Ýürek öz ýerini taýyny has gürsüldäp urýar diýenleri çyn eken. Men şol halat söýginiň hut şol pursatdan başlanýandygyny duýmandyryn.” Ol şol pursat ýene-de hat ýazan ýigidi ýazgarardy. Yz ýanyndanam: “Eger çyndan söýen bolsa, yşkyň heserine hakykatdanam köýen bolsa, hökman bilerdim. Söýýän gözleriň garaýşam başga bolýar diýýäler. Men-ä henize çenli hiç kimde özüme üýtgeşik garaýşy duýmadym. Diýmek, ol yigidiňem söýgüsi ýalandyr”diýip, özüni köşeşdirerdi. Bagtyň haçanam bolsa birwagt öz dünýäsini ýagtyltjakdygyna ynanýardy. Indi oňa ýüregi bilen garaşýardy. Şonda ýene näme üçindir onuň oýuna ilki bilen Hemra gelerdi. Hemranyň henize çenli öýlenmän ýörşi-de geňdi. Göýä ol kimdir birine garaşýan ýalydy.
Gumry lukmançylyk uniwesitetini gutaryp gelen badyna, deň-duşlaryny myhmançylyga çagyryp, diplom toýuny etdi. Ol bu duşuşykdan köp zada garaşýardy. Wagtyň geçendigine garamazdan, şu gün şol haty kimiň ýazandygyny anyklamak isleýärdi. Çünki ol indi birmahalky garagol Gumry däldi-de, eli gyzyl diplomly lykmandy.
Degişme-gulkuler bilen bilen başlanan oturylyşyk uzaga gekdi. Ýaşlaryň hiç haýsynyň gaýdasy gelenokdy. Gürrün arasynda maý tapyp, Humaý deň-duşlaryna yüzlendi.
-Men bir tapmaça aýdaýyn. Onuň haýsy şahyryň döredijiligine degişlidigini bileniň baýragy...
Gumry oňa sozüni soňlatmady:
- Baýragy men berýän.
Oturanlar el çarpyp gülüşdiler.
-Lukmandan paý alsaň, derdiň dep bolaňar. Humaý, aýt goşgyny.
-Bu goşgy mundan yedi yyl ozal ýazylypdy. Diňläň, belki, tanyşdyr.
“Başga ýer tapmadyk ýaly hamama,
Gumry guşum uçup barýar dumana.
Gygyrdym: “Nirä sen, aýt gumry guş,
Ah gaýt, gumry guş, gayt gumry gus”
Humay goşgyny aýdyp başlanyndan Gumry oglanlara ýeke-yekeden synlady. Hemranyň ýuzuniň boz-ýaz bolandygyny ýeke Gumry däl, oturanlaryň hemmesi aňdy. Gurban gürrüňi çynyrgatdy.
-Walla, men aýdaýyn. Hemra, sen meni bagyşla. Şunça ýyllap yşk oduna kozsüz koýeniň besdir. Şu ýaşda yüregini açyp bilmeseň, maňa rugsat ber, men aýdaýyn.
-Sen aýtmanyňda-da, bary düşnükli boldy.
Hemranyň sesini çykarman oturmagy hemmeleri gyzyklandyrdy.
- Hemra şahyr bolup giden oguşýa. Gumry, senem indi başga tarapa uçjak bolma-da gaýt yzyňa. Size-de toý tutmaga çen boldy.
- Şol birmahalky goşgyň yzyny men aýdyp bereýin- diýip, Ylýas ýerinden galdy. Men bu setirleri Hemra bolup okaýan. Çagalara edebiýatdan sapak berse-de onbuň şol ýygralygy.
Aýlar, günler şemal bolup,
Deňämizden ötdi, dünýäm.
Keşbimizden kemal tapyp,
Başlar göge ýetdi, dünýäm.
Gumry guşam ganatlaryn
Ýaýyp gitdi, açdy ara,
Birmahalky haty ýatlap,
Yürek-bagrym boldy para.
Ylýasyň sözüni tamamlaryna mahetdel yaslar, Hemrany gabadylar.
-Sen-ä durşuna gömülip ýatan zehin ekeniň. Hemranyň henizem ýüzüni galdyryp bilmän oturyşydy.
Ara salym salman, oturanlar turmak bilen boldular. Hemra-da ýerinden
gobsyndy. Onuň egninden basan Gurban otur diýen yşarat etdi. Henizem özüne gelip bilmedik Hemra ýüzüni ýerden galdyryp bilman, kän oturdy. Gumry hemişeki endigine göra ilki dil ýardy.
-Näme dymmaşak oýnaýasmy?
Hemra zordan dillendi:
-Ýok, Gumry guş. Biziň ýureklerimiz sözleşýär, gözlerimiz gözleşýär.
-Sen-ä dogrudanam şahyr ekeniň.
Hemranyň dili açylan ýaly boldy.
-Seň yşkyňda saýraýa bu diller, Gumry gus.
Duýdansyz gelen bagtynyň şuglasyna gözi gamaşan Gumry edil şu pursat yşk ataşynyň kalba dolandygyny duýdy.
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar