09:05 Gündelikde galanlar -6/ dowamy | |
3.02.92.
Ýatlamalar
Şu gün 10:30-da weteranlar sowetine, Magtymguly Şabasanowa jaň edip, onuň ýanyna bardym. Ozal onuň öýüne jaň edip, Annamuhammet Gylyjow hakynda gürrüň bermegini sorapdym. Gylyjowyň 80 ýyllygyna bagyşlap makala ýazmagy maňa “Garagum” žurnalyndan tabşyrdylar. Barsam ýaşulularyň birnäçesi oturan eken. M.Şabasanow, Abdy Annalyýew, Allanazar aga (familiýasyny bilemok), ýene-de birki sany ýaşuly. M.Şabasanowdan birki sany ýatlama ýazyp aldym. Sowetiň başlygy Seýitnyýaz Ataýewiň ýanyna girip salamlaşdym. Şonda ol özleriniň Hezret Şirmämmedowyň (Ol irki döwürlerde LKSMT MK-nyň birinji sekretary bolan) adyny Änewdäki mekdebe dakmak hakda hat taýýarlandyklaryny aýtdy. Okap berdi. Şonda men oňa Bäherdenden bir ýaşulynyň maňa-da hat ýazyp, Şirmämmedow hakda material ýazmagymy haýyş edendigini ýaňzytdym. Seýitnyýaz Ataýewiç o hakda şeýle bir wakany gürrüň berdi. Hezret Sakarçägede raýkomyň sekretary döwründe raýispolkomyň ýolbaşçylarynyň biri bilen goňşy ýaşaýan eken. Gije ýatyrka bir şakyrdy eşidýär. Görse, raýkomyň birinji sekretary. Hezret onuň haram işini görýär. Hezret sesini çykarman ýatýar. Birinji gelip, bir ýerde gürrüň edäýse heläklejekdigini aýdypdyr. Ertesi ol Aşgabada, çagalarynyň ýagdaýyny biljek bolup, jaň etjek bolanda, öýüniň telefony işlemeýär, telefon stansiýa ugraýar. Ýolda ony tutup, keselhanada insulin ukolyny urupdyrlar. S.Ataýewiň gürrüňiniň şu ýerinde Jumadurdy Gurbanow (TKP MK-da çöwda bölüminiň müdiri bolup işläpdi –A.Ç.) girdi. Çeýitnyýaz Ataýewiç meni Gurbanow bilen tanyşdyryp, “Allaýar Çüriýew” diýip, adymyň birinji bognynyň basymyna güýç berdi. Gurbanow meniň makalalarymy yzygider okaýandygyny aýtdy. Men oňa özümiň Öwez Nuryýewiç Orazowyň inisidigimi aýtdym. Ol söwda ministridi. Hemem Gurbanow bilen arasynyň barlygy üçin muny aýtdym. Şonda Gurbanow 1942-nji ýylda Öweziň Köneürgenje gelendigini, (Et-süýt halk komissarynyň orunbasary şo wagt Orazow) şonda tanşandygyny aýtdy. At münüp kolhozlara aýlanypdyrlar. “At münüp görüpmidiň?” diýip, sorapdyr. “Ýok” diýip jogap beripdir. “Men ata münüp, “çüw” diýip öňe okdurylamda, onuň münüp oturan atam bat bilen öňe atyldy. Şonda Öwez ýere ýykylyp gitdi” diýdi. Soň kurortda bile boluşlary: çaý içip, mesawy gürrüň edip otyrkalar, Öweziň oturgyçdan bilgeşleýin birden ýere ýykylyşy ýa-da Öweziň ak kostýum geýip, massažistkanyň öýünde kömür daşap, gelende üst-başynyň hapalygy. Seýitnyýaz Ataýewiçe Hezret bilen bolan şo waka gatnaşan, ýagny ukol urduran wraç rak bolup ýatyrka ýazyjy Ata Söýünowa gürrüň beripdir. “Ömrümiň ahyrynda şuny aýdyp, derdimi ýeňletmesem maňa agyr düşýär” diýipdir. * * * 13.02.92. Düýn “Sowet Türkmenistany” gazetiniň Moskwadaky habarçysy, žurnalist Boris Paramonow jaň etdi. Moskwadan Aşgabada Bi-bi-siniň işgärleri bilen gelipdir. “Repressiýa hakda gyzyklanýarlar, gürrüň beräýseň?” diýdi. Meni oňa Ýazyjylar soýuzynyň başlygy Annaberdi Agabaýew salgy beripdir. Ertir 930-da redaksiýada duşuşaly diýişdik.. Belleşilen wagtdan gijä galyp geldiler. Tanyşdyk. Bi-bisiniň prodýuseri, ýanynda terjimeçi aýal hemem Boris Paramonow. Ýene-de bir adam ol kabinete girip çykdy. Ilkinji sowaly Türkmenistanyň Sowet häkimiýeti döwründäki ýagdaýy. Men rewolýusiýadan ozal türkmenleri Eýran, Hywa, Buhara tarapyndan hemişe talanandygynyň faktlaryny aýtdym. Daşary ýurt syýahatçysynyň geçen asyrda gelip, “Türkmenler ýer ýüzünde gara tegmil” diýip ýazandygy hakda aýtdym. Sowet häkimiýeti türkmeni bir ýere birleşdirip, döwlet etdi. Ykdysady, medeni we edebiýat taýdan ösüş berdi. Ýöne ýalňyşlyklar goýberildi: Repressiýa üçin Staliniň günäsiniň agyrdygyny aýtdym. Hakyky kommunistler bolupdy. Ýöne 60-njy ýyllardan başlap, saýgarylman SSKP kabul edilendigi, hapalanandygy hakda-da aýtdym. Döwlet üçin tertip-düzgün gerek. Maşgalabaşy tertibi saklamasa, maşgala dargaýar. Döwletem şonuň ýaly. Ýaşuly nesil Stalin hakda erbet pikirde däl. Sebäbi onuň döwründe tertip-düzgün ýola goýlupdyr. Garry atam repressiýa edilse-de, bir gezegem onuň adyna erbet söz atmady. Ýolbaşça köp zat bagly. Gorbaçýow hakda-da öz pikirimi aýtdym. Hökümeti düzýän adamlar hakda-da, olaryň ýaş tapawudy hakda-da soradylar. Pikirimi aýtdym. Iki sagada golaý gürrüň edilen bolsa gerek. söhbetdeş bolanymyň ady Çarlz, ol ýene-de geljekdigini aýtdy. Olar Orta Aziýa hakda 40 minutlyk gepleşik edýärler. Sowetler döwründe din hakda, dil hakda, däp-dessurlaryň ýagdaýy hakda soradylar, gürrüň berdim. 14.04.92 ý. 14:00 Gündiz sagat birden işlände obadan geldik. (sişenbe). 7-nji aprel güni irden sagat 7-de jaň geldi. Men oýaly-ukuly ýatyrdym. Orazgül aldy. Onuň howsalaly çykan sesinden bir bolmasyz zadyň bolandygyny aňdym. Telefonda inim Çaryýaryň sesi. “Trubka Allaýary çagyr”diýipdir. Bardym. “Allaýar, şu gün sagat altynyň ýarynda kakam ýogaldy. 3-4-e çykarjak” diýdi. Merede jaň etdim. “Gitdi” diýdiler. Aşyra jaň etdim. Olam gidipdir. Wagt geçmän Meret geldi. Röwşen, Aşyr geldi. Serdary Röwşeniň maşynynda Gurbanjemallara iberdik. Oglanlaryň hersi bir ýere dagady. Ýarym sagat geçse-de-geçendir, Enebaý jaň edip, telefonda aglady. Trubkany goýanymdan soň gaty agym tutdy. Ses edip agladym. Çagalaram aglaýar. Sagat 9-yň ýarlarynda ugradyk. Meret maşynyny 160–165-den sürýär. Oba sagat 2-den 10-15 minut işlände bardyk. Howluda adam kän. Garaşyp duran ekenler. Hiç kimi göremok. Derwezeden giremde ses edip aglap girdim. Kakam uly otagda ortarada ýatyr. Hemmämiz aglaýarys. Ýürek gyýdyryjy. Nähili mertlige saljak bolsaň-da, bolmaýan eken. Kakamyzyň ölümi biziň üçin öwezini dolup bolmajak ýitgi. Üstümize kyýamat gopdy. Men “Kakam öler” gorkusy bilen otuz ýyldan gowrak ýaşadym. Bu gorky mende megerem 5-6-njy klasda okap ýören döwrüm döräpdi. Şondan bärem şo gorkuly duýgy ýadyma düşende ähli keýpim gaçýardy. Gürrüň berişlerine görä, ol (muny ejemden sorap bilmedim, ýüregim edenok. Soň soraryn) sagat irden altydan işlände turup, synjy kylypdyr. (Ol soňky dört-bäş ýyllykda namazyny sypdyrmady). Öýe girip, sag egnine gyşarypdyr. Ejem oýaly-ukuly ýatan eken. Oňam ýarawy ýok. “Der basýar. Ýogsam, peji otlajakdym” diýipdir. Wagt geçmän, ýuwaşja hyrryldy eşidip, ejem turup seretse kakamyň kellesi ýerde ýatyr. Nätjegini bilmän, Mämmetýar agamy çagyrýar. Agam täret kylyp oturan eken. Ylgap gelýär. Gelenden kakam birküç gezek dili bilen dodagyny ýalaýar. Hiç zat gürläp bilenok. Şalyk mollany çagyrýarlar. Ol gelip üç gezek kelemesini çöwürenden soň, kakam jan berýär. Bu bary-ýogy 10 minudyň içinde bolup geçipdir. Nähili aňsat ölüm! Kakamy sagat 4-de jaýlamaga alyp çykdyk. 5-iň ýarynda jaýladyk. Adam gaty kän gatnaşdy. “Jynaza duranlaryň özi 350 töweregi adam boldy” diýdiler. Jynaza doganlaryň hemmesi durdy. Kakamy 400-den gowrak adam jaýlamaga gatnaşdy. Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, şunça adam gatnaşan ýasy görmändirler. Diňe obamyzyň hormatly ýaşulusy Meret molla jaýlananda şunçarak adam gatnaşypdyr. Jynazasyna duranlaram 200 töweregi adam eken. Kakamyň hormat-sylagy il arasynda gaty uly eken. Ýedisi güni obadaşymyz Orazsähet Hudaýberen Meret ikimiziň ýanymyza gelip: “Çüri bizden adamkärçiliklidi. Hiç kime ýamanlyk etmedi, hiç kimiň gaýybana gürrüňini etmedi” diýip, aglady. Kakam öljek gününiň agşamy mellegimizde ýer depip, kiçiräk iki sany pel edipdir. Ejeme-de: “Ýeriňiz-ä taýýar. Näme ekseňiz ekersiňiz-dä” diýipdir. Ölümini öňünden duýan ýaly. Şol agşam sagat 11-lerde Baýramsähet Hojamämmediň öýüne jaň edip, ýarym sagat dagy gürleşipdir.“Geleňzok, habar tutaňzok” diýipdir. Hoşlaşýan ýaly. Ejem ýatyp galypdyr. Oýansa telewizor gutaran eken. Şoňa çenli kakam telewizora sereden bolmaly. Pejiň üstünde el ýaly çöregi kakadyp iýmek üçin goýupdyr. Olam ýadyndan çykypdyr. Çöregiň bir ýüzi ýanan eken. Ony jaýlan günümiz iýipdirler. Üçüni obada sowup, 9-na (dördünji gün) Aşgabada geldik. Aşyr bilen Baýjan obada galdy. Meret, Röwşen, men, Resul dagy gaýtdyk. 12-sine Aşgabatda onuň belli gününi etdik. Adam gaty köp geldi. Sagat 3-de oba gaýtdyk. Birinji gün (13.04.92) ýedisini sowduk, ikinji günem (14.04.92) Aşgabada gaýtdyk. Gurbanjemal bilen Orazgül obada, ejemiň ýanynda galdy. Kakamjan, ýatan ýeriň ýagty bolsun. Imanly bol! Imanlysyň. Diňe çagalaryň üçin ýaşadyň. Çagalaryňy adam sanyna goşduň. Ruhuň elmydam biziň bilen ýaşar. Kakamyň ýogalan güni baýram aýynyň üçi güni. Nowbahar enemiň ýogalan güni (27.07.79) oraza aýynyň üçi güni. Kakamy atamyz Çary Balynyň ýanynda jaýladyk. Topragy ýumşak eken. Ýekeje-de daş çykmandyr. Derdimiz çekerden agyr. Heniz ýaşamaly wagty (bary-ýogy 65 ýaşynda, 1927-nji ýylda doglan) kakamyzy aldyrdyk. * * * 24.04.92. Şu gün 13:30 töwereklerinde Magtymguly baýragyny bermek baradaky komitetiň mejlisi tamamlandy. Men şo wagt iş bilen kabinetimden çykdym (44-nji kabinet. Öňki Sowminiň jaýy). Zalyň ugry bilen Kakabaý Ylýasow (Daşhowuz), Nazar Gullaýew, Sapar Öräýew dagy gidip barýan ekenler. Atamyrat Atabaýew howlukmaç ýöräp gelip, meniň elimi gysdy. “Gutlaýan. Seniň şansyň uly” diýdi. Kakabaý yzyna öwrüldi-de, meniň bilen salamlaşyp: «Seni indiki ýyla goýduk. Razymyň!” diýdi. Men sesimi çykarmadym. Atamyrat bilen gürleşip gitdiler. Onýança Berdinazar Hudaýnazarow (Komitetiň başlygy) bilen Täçmämmet Jürdekow gelip, meniň ýüzüme birsalym seredip durdular. Berdinazar “Seniň kitabyňa gaty köp otklik gelipdir. Komitet seni indiki ýyla geçirdi. Bu komitetiň taryhynda ilkinji gezek. Sen indiki ýyl hökman baýrak alýaň. Çünki komitetiň özi seni hödürleýär” diýdi. “Gutlaýan” diýip, elimi gysdy. Täçmämmedem elini uzatdy. “Özüňiz gowy bilýäňiz” diýjek bolup, “Özüňize” diýip sakyndym. “Meniň işime iň köp otklik gelen bolsa, meni nämüçin indiki ýyla goýmaly” diýip pikir etdim. Hany bu ýerde logika?! Işden soň maşynly öýe gaýdamyzda, ýolda, duralgada Atamyrat duran eken. Ol şu günki mejlisiň protokolynyň garalamasyny maňa okap berdi. Birinji punktynda meniň indiki ýyla geçirilýändigimi ýazypdyrlar. “Indiki ýyl sen alýaň. “Garantirowannyý” diýdi. Maşynda Akbibi Ýuwubowa-da otyr. Sesimi çykarmadym. Gözel Şagulyýewa bilen Akjemal Omarowany gizlin sese goýupdyrlar. Olar birinji turdan geçmändirler. Şonda Atamyrat meni mejlise gatnaşanlar: Sapar Öräýewem, Nazar Gullaýewem, Kakabaý Ylýasowam, özem, Berdinazar Hudaýnazarowam goldap çykyş etdiler. Täçmämmedem başda eýle-beýle diýjek boldy. Şonda Berdinazar oňa: “Allaýaryň kitaby üçin ýerlerden aglap hat ýazypdyrlar” diýdi. Olam “Allaýara hiç hili garşylygym ýok. Goldaýan” diýip aýtdy diýdi. Adamlara düşüner ýaly däl. Düýn Täçmämmet gürleşemizde “Kakaň yzy ýarasyn. Belli gününe görnüp bilmedim. O zatlaram (baýrak hakda) biz bir-birimize aýdyp etdirmeli däl-ä. Ondan arkaýyn bol” diýdi. Ýogsam, men oňa şonda bu hakda ýeke agyz ýatladamogam. Aý, bolýa-da! “Ömür kyssasyny” men baýrak üçin ýazmadym. Ýüregiň emri bilen ýazdym. Ony halk üçin ýazdym. 8.06.92. Iýunyň 30-dan 6-sy aralygynda Eýranda, aýatolla Homeýniniň ýogalmagynyň 3 ýyllygynyň hatyrasyna geçirilen ýas günlerine gatnaşdym. Türkmenistandan 200 adam gatnaşdy. Tähranda Isteklal myhmanhanasynda (333-nji otagda) çelekenli mekdep direktory Belek Ylýasow bilen bile ýaşadyk. Maşatda Ymam Rzanyň guburyna (5.06.92) zyýarat etdik. Gaty täsin ymarat. Şo gün Könekesirde Muhy daýym aradan çykan eken. Onuň agasy Garýagdy ahunyň ogly Rahym ahun Maşat şäherinde ýaşaýar. Onuň adresi bolmansoň, ony gözlemedim. Daýymyň ölenligi hakdaky habary 6-syndan 7-sine geçilen gije öýe gelemsoň eşitdim. Ýatan ýeri ýagty bolsun! Eýrana gitmelidigi hakda maňa maýyň 24-ne Prezident Sowetinden Arazbaý Öräýew jaň edip aýdypdy. Men oňa dynç alyş rugsadyndadygymy aýtdym. Mundan Ýaşulynyň habarynyň bardygyny aýtdy. * * * 29.06.92. Arada Berdinazar Hudaýnazarowyň özi (onuň bilen bile goňşurak kabinetlerde oturýarys) kabinetime gelip, “Sen zor çykdyň!” diýdi. “Nämüçin?” diýip sorasam, “Baýrak bermediler” diýip, iller ýaly hiç ýerik arz-şikaýat etmediň. Indiki ýyl täze çykjak kitabyňy hödürle. Sentýabrda. Men çynymy edeýin. Seň temaň könelenok. Iller gowy görýär” diýdi. 26.06.92 ý. Ýanyma halk deputaty Almämmedow (Garrygaladan, brigadir, ol Magtymguly baýragynyň komitetinde agza) geldi. Komitetiň jemleýji maslahatynda çykyş edendigini (meniň peýdama) aýtdy. Özüni Muhammet Çerkeziň hem goldap çykyş edendigini aýtdy. Galan agzalaryň birem maňa ses bermändir. Diňe Berdinazar Hudaýnazarow meniň kitaba seslenmäniň köp gelendigini aýdyp oňupdyr. Zyýany ýok. Men baýrak üçin ýazamog-a! 27-nji iýunda (1992) Eýranyň Baglyk obasyndan Öwez aganyň insi Amanmyrat bilen onuň uly ogly Aşgabada gelipdirler... Olary ýaşulymyz Nepes aga Berzeňňide garşylapdyrlar. Şo gün agşam Baýjanlaryňkyda Öwez agany ýatlap köp oturdyk. Öwez Nuryýewiç Orazow 1940-njy ýyldan 1959-njy ýyla çenli uly wezipelerde işledi. 1985-nji ýylyň 25-nji martynda 76 ýaşynda ýogaldy. Onuň kakasy, ejesi we doganlarynyň hemmesi 1929 ýa-da 1930-njy ýylda Eýrana geçip gidipdirler. Kakasy Oraz ýetim Könekesirde gurlan ilkinji kolhozyň başlygy eken. Ol 1967-nji ýylda 65 ýaş töwereginde Baglykda aradan çykypdyr. 17.07.92. 16:08 m. 15-nji iýul – meniň doglan günüm. 43 ýaşym doldy. 15-nji iýul – biziň başymyza kyýamat inen güni. Röwşenli waka. Ýörite guralypdyr. Beterinden saklasyn! 13.10.92. Birki günlükde redaktorlar bilen bolan maslahatda tutha-tutluk wakalary bilen bagly ýazylan materiallara aýratyn eserdeňlik bilen seredilmelidigi hakda nygtalypdyr. Oňa diňe aklamak baradaky komissiýanyň başlygynyň ejazasy bolmaly. 29-njy sentýabrda döredijilik işgärleri bilen bolan duşuşykda Prezident meniň “Turkmenskaýa iskrada” çap bolan “Bekgi Berdiýew” atly makalamy agzady. Ol menden: “Materialy KGB-den alýaňmy?” diýip sorady we şo döwür hakdaky oýlanmalaryny gürrüň berdi. Şondan soň Rahym Esenow Prezidenti Gahrymanlygy bilen gutlap, özüniň “Türkmen azatlygy” hakda oçerkler tapgyryny ýazýandygyny, ýöne “Käbir awtorlaryň bu temadan ýazan gazet makalalalarynyň gowşak we ýüzleýdigini tankyt edeni üçin, öz golýazmalaryna ýaňadan seretjekdigin ýaňzytdy... Ol muny aýtmak bilen ar aljak bolýana meňzeýär. Çünki men Baýar Öwez hakdaky makalamda “Prawdanyň” Türkmenistandaky habarçysy hökmünde R.Esenowyň görmän, öwrenmän bir gijede makala ýazyp “Prawdada” çykyş edenligimi ýazypdym. Ýöne familiýasyny agzamandym. Soň ol meniň ýanyma gelip, şo faktyň nädogrudygyny aýtdy. Elbetde, ol fakty maňa Baýar Öweziň ogly gürrüň berdi. “Maňa ýazdyrdylar. Meni bagyşla” diýip, R.Esen Çärjewe barýarkalar, Tagandan ötünç sorapdyr. Prezident meni tankyt edenok. Makala gowşak we ýüzleý diýibem aýdanok. R.Esen köne endigine görä, meni çümmükläp görýär. Beýle adamlar gaty namart bolýandyr! Şo duşuşykdan soň “Turkmenskaýa iskrada” bir materialym bardy. Redaktory Balkan Gafurow “bermäň” diýip tabşyrypdyr. Ony men yzyna aldym. “Türkmenistan“ gazetinde-de otuz ýediň pidasy Mahmyt Tumalow hakdaky materialym ýatyr. Repressiýa. Şo duşuşykdan soň maketden birki gezek düşüpdir. 22.07.93. 22:40 Telewideniýeden Durdy Döwlet jaň edip, “Şu gün Ýusup Öwezi jaýladyk” diýdi. Şu gün güýçli ýagyş ýagdy. Ýagşyň astynda jynaza durlupdyr. Şu gün dördünji gün. 6-njy gün 3-i. Ýusup aga hakda men “Ömür derýasy” atly oçerk ýazypdym. Ol uruş ýyllary komsomolyň Merkezi Komitetiniň I sekretary, soň TKP MK-nyň sekretary, şäher sowetiniň başlygy bolup işlän adam. 31.08.94. 18:56 Şu gün irden metbugat gullugyna redaktorlary çagyrypdyrlar. Sowet döwrüniň taryhy hakda gürrüň edip, gullugyň sekretary Kakamyrat Ballyýew “Allaýar Çüriýewiň Şaja Batyrow we beýleki şahslar barada ýazýan materiallaryny metbugatda bermekden saklanyň” diýipdir. Nämemişin, sowet döwri hakda we ol nähili ýazylmalydygy hakda taryhçylar entek bir çukura tüýkürenoklarmyşyn. Saglygyň ugry ýok. Indi üçünji aý ýaramok. 8-nji sentýabrda zähmet dynç alşyndan işe çykmaly. Saglyk şeýle bolsa, onda işden çykmak hakda öňräginden arza ýazaryn-da. * * * 21.10.94. 21:40 Änew. Änewe göçüp geldim. Seýdi, 1. Agşam sagat 21-lerde Arslan ýoldaşynyň maşyny bilen gelip, obamyz Könekesirde ýer titrändigini habar berdi. Baýjan ikimiz öýde. Çagalar Aşgabatda. “Biziňkilerden ölüm-ýitim ýok. Ýöne ähli jaýlar tekizlenipdir” - diýdi. (Soň bu habaryň ýalandygy belli boldy. Şeýle uly harabaçylyklar ýok eken). Baýjan şaýyny tutup, Aşgabada gitdi. Çagalar heniz gelenok. Serdar gelse maşyny bilen Baýjanyň ýanyna gitmeli. Şo ýedenem Aşyrdöwlet dagy bilen oba gidiler. “Menem gideýin” diýsem, Baýjan “Ýok, sen gal. Ýarawyňam ugry ýok” diýdi. Şu gün sagat 17 töwerekleri özümi gaty oňaýsyz duýdum. Howa täsir edendir-dä. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||