Gurbanlyk gijesidi…
Syýareňk asmanyň uýaljaň mahymy kyrkgünlük gelniň gülgüne ýylgyryşy deýin ýumşak nuruny garaňkylyk ýapynjasyny basyrynan Zeminiň üstüne gysganman seçýärdi.
Jemalyň: “Birdenkä ejem gözläbermesin.” diýen howatyr bilen gidenine esli wagt bolan-da bolsa Enweriň gaýdasy gelmeýärdi. Jemalyň ölje, gyzgyn hem ýumşajyk, pökgüje dodaklarynyň basylan ýeriniň ýakymyny ýitirmän, has uzaga çekdirjek bolýan dek sypalap otyrdy. Şeýdip oturşyna-da Jemal bilen eden gürrüňlerini içinden ýeke-ýeke gaýtalaýardy. Durmuş gurmak, geljekki toýlaryny guramak, jaý salynmak, geljekki çagalary hakynda süýji-süýji sözleri, şirin-şeker söhbetleri, ezeli-nabat arzuwlary onlarça gezek hetjikläp pikirlenmekden doýmaýardy. Ýadamaýardy. Özem göýä ýaňyja tamamlanan duşuşyklary täzeden başyndan geçýän ýaly, gözleriniň öňünde ähli jikme-jikliginde peýda bolýardy.
“Iki oglumyz bilen, iki gyzymyz bolsa men Allatagaladan razy.” diýip Enwer Jemalyň gulagyna pyşyrdaýardy. Jemal bolsa diýjek sözlerini Mahy-tabanyň nurundan, älem alyslygynda sowuk gyrpyldaşýan ýyldyzlardan, hatda gije garaňkylygyndan-da gabanýan dek, Enwere has hem gysmyljyrap, eşidiler-eşidilmez: “Oglanlarymyz saňa meňzär!” diýip jogap berýärdi. “Gyzlarymyz bolsa saňa!” diýip Enwer Jemaldanam beter assa gepläp, üstüni ýetirýärdi.
…-Üý-ýü-ü! Üý-ýü-ü-ü!
Golaýdan eşidilen horazlaryň sesine Enwer ukudan açylan ýaly tisginip gitdi.
-Eý-ho! Eýýäm ýarygijeden agaýpdyr-ow! Bahymrak gaýdaýyn!-diýip ol içki pikirini daşyndan hümürdänini duýman galdy. Ol ýerinden turdy-da mekdebiň gür baglygyndan çykyp, öýlerine garşy ýola düşdi. Emma Jemallardan bir çatryk daşlaşyp-daşlaşmanka, öýlerine tarap aýagynyň ädilmeýändigini syzdy. Hiç gidesi gelmeýärdi.. Onuň özüne içi ýandy.
“Näme-aý, bolşum dagy nähili diýsene! Edil enesinden galasy gelmeýän ýaşajyk çaga ýaly-la! Az-owlak merdemsilenmesem-ä, bolmaz! Eýýämden beýdip eräp-akyp ýörsem, soň Jemala öýlenenimden soň dagy neneň-niçik bolarka?! “Heleýguly” adyny alaýmasam hem ýagşydyr… Günde-günaşa görmesem ýüregim üzülip barýany-ha barýany welin, asyl indi ýanyndan gaýdyp hem bilemok ahbetin. Şunuň özi hem eýýämden jylawymy aldyrandygymyň alamaty dälmi?…”
Enwer şeýdip öz-özüne meçew berip barşyna, birden gyzanyny duýman galdy.
“ Hany indem bir göreýin, günde duşuşyga gidişimi! Köp bolsa hepdede bir gezek duşuşaryn. “Gel” diýip jaň etse-de barmaryn. Hany göreli bakaly, kim kimiň jylawuny eline alýandygyny. Edil ýöne butnadaýmasam nädersiň!”
Tow berlene dönüp, haýdap barýan Enwer öz köçelerine sowlanyna hem üns bermedi. Diňe goňşularynyň itiniň tanyş sudury tutlukdan çykyp, gapdaly bilen mytdyldap ugranda ol öýlerine ýetendigine düşündi. Ol näme üçindir derwezelerinden ätläýmän saklandy. Näme edýändigine aň salman gapdalyndaky daýaw türkmen köpeginiň gazan kellesini sypalap goýberdi. Dem salym oýurganyp durşuna içinden bir zatlary öwrüp-çöwürdi. Birdenem yzyna öwrüldi-de, Jemallara tarap ylgaşlap gaýtdy.
“Özüni görüp bilmesem-de, iň bolmanda Jemalyň bägül ysy siňen köçeleriniň howasyndan bir dem alyp gaýdaýyn, ýogsa uklap bilmerin.” diýip Enwer ylgaşlap barşyna pikir etdi.
… Syýareňk asmanyň uýaljaň mahymy bolsa misli ýaş ýigdiň bolşuna kinaýaly gülümsireýän dek, kyrkgünlük gelniň gülgüne ýylgyryşy deýin ýumşak nuruny garaňkylyk ýapynjasyny basyrynan Zeminiň üstüne gysganman seçýärdi…
“Nesil” gazeti, 2005-nji ýylyň 3-nji marty
Hekaýalar