00:19 Gurbanlyk gijesi hekaýalar toplumy - Gelin kinesi | |
…Gurbanlyk gijesidi. Gülçyranyň ýagtysy otagyň içini gyzgylt alagaraňkylyga besleýärdi. Penjiräniň tutusy ýarym syrylgydy. Mahy-tabanyň süýtreňk şöhlesi penjireden içerik düşýärdi-de, otagyň alagaraňkylygyna gatyşyp-garyşyp, eräp, ýitip gidýärdi. Jümle-jahan yrňyldap duran rahatlykdan dolup, öz rahatlygyndan lezzet alýan deýin dymyp ýatyrdy. Otagda Sary bilen gelni Gülbahar bardy. Sary törde ýazylan düşegiň üstünde ýanyn ýatyp, ölügsi ýagta kitap okaýardy. Gülbahar bolsa jorap örýärdi. Gelniň endikli elleri öz-özünden işleýäne çalym edýärdi. Göwnüňe bolmasa gelin ol-a alagaraňkylyk ekeni, gözüni daňsaňam arkaýyn işläbiljek ýalydy. Elleri şeýle çalasyn hem türgen işleýärdiler. Olar daşyndan biri-birine näçe biparhsyrap, öz işlerine gümrasyran bolsalar-da, assyrynlyk bilen gabak astyndan biri-birini synlaýandyklary bildirýärdi. Sary şunça özüne zor salyp kitabynda ünsüni jemlemäge çalyşsa-da, kellesine zat girmeýärdi. Ýöne nazary bilen setirleriň üstünden tyrpyp barýardy. Pikirleri düýbünden başga ýerdedi. “Dogry-da walla! Näme öýkelän bolup. Erkek kişi erkek kişi bolar-da. Arasynda käýemeli hem bolar, gaharlanmaly hem bolar.” diýip oýlanýan Sary ýene-de kitabyna üns bermäge çytraşdy. Gülbahar hem adamsyna gözüniň gyýtagyny aýlap goýberdi. Ol şol bir bolşuny saklap, aňyrsyna bakyp ýatyrdy. Gelniň köşeşip ugran öýkesi ýaňadan örç aldy. “Bolan bolaýşyny! Günä özünde däl ýaly. Köpçülikde üstüme herrelip masgara etdi. Indem azaryna-da däl.” Gülbahar kine bilen gabaklaryny aşak sallady-da, elindäki çişleriniň hereketini hasam ýygjamlatdy. Öýkeli oýlar biygtyýar ýaş gelniň aňyna dökülip ugrady. “Gurbanlyk günde bolup durmaýar ahyry. Aýda-ýylda bir gezek gelýär. Ilk-ä zordan ýalbaryp-ýakaryp ulagy bilen baldyzym ikimizi hiňňildiklere aýlamaga yrdyk. Birki sany hiňňildige eltdem, bulanyp başlady. Birinde uçmaga nobata durduk. Adam köp bolandygy zerarly wagty bilen nobatymyz ýetmedi. Munuň hem ganygyzmalygy galjak däl. Tüsseledi. Birküç sapar: “Howa sowuk, gaýdalyň.” diýdi, soňam birdenkä sesini zaňňyrdadyp: ”Ýörüň, boluň, Asla şu halyňa hiňňildik uçjak bolmak nämäňe gerek?!” diýip herreldi.” Gelin näme üçindir uýaljaň gyzardy-da, elini göbeginiň üstünde goýdy. “ “Şu halyňa” diýen bolup, heniz Ýaňy iki ýarym aý boldy ahyry! Entek gaty bildirmeýär. Onsoňam hiç zat bolmaz ahbetin!… Bu bolsa zat ýokýerinden azgyrylan bolýar. Indem hiç zat azaryna däl ýaly.” Gelin adamsyna ýene-de bir ýola kineli nazar oklady. “saňa gerek bolmasa, maňa-da derkar däl.” Gelin elini tasanjyradyp, işine gümra boldy. Şol pille beýdip ýatmak ýüregine düşdümi nämemi Sary kitabyny ýapdy-da, arkan ýatdy. Ýüzünden daş asylan ýaly edip: -Tutuny çyranyň öňüne syr. Men ýatjak.-diýdi. Gülbahar sesini çykarman turdy-da, tutyny syrdy. Soňra ýene-de öňki ýerine geçip oturdy. Çişlerini eline aldy. Sarynyň gulagynyň ýeňsesi gyzyp ugrady. -Näme, ýatmakçy dälmi? -Häzir şujagazymy örüp dynsam ýatjak. “Garaňkyda örüp bilersiňmi?” diýjek bolan Sary dilini dişledi. “Bolýar-la her gezek näzirgäninde näzini çekjek bolsaň başga işem gerek däl.” Sary tersine döndi. Birsellem uklamaga dyrjaşyp, gözlerini berk ýumup ýatdy. Emma gapdalynda mähriban ynsanyň teniniň tüýs endik bolup ýylysyny duýmaýanlygy oňa uklamaga päsgel berdi. Nämedir bir zat ýetmeýän ýalydy. “Ýa, bolmasa örüp bilmeseň çyrany ýak-aý!” diýäýsemmikäm?!” diýip pikir öwürdi. Emma bada-bat bu pikirini ret etdi. “Hiç zadam diýmerin! Men erkek kişi ahyry!” Soňam ol ep-esli wagt uklap bilmän kösendi. Ýöne assa-ýuwaşdan gündizki ýadawlygy onuň dartylyp duran beýni damarlaryny gowşatdy. Ony uky bürdi. Birhaýukdan soň oýnawaç üçin kakasyndan öýkelän çaga ýaly düňderilip ýatan Sarynyň asuda dem almasy eşidilip başlady. Onuň uklandygyna düşünen Gülbaharyň hem işläp weji bolmady. Gelniň içi gysyp başlady. Göwnüne nähilidir birhili tukatlyk aralaşdy. Gözlerini götereninde bolsa aňyrsyna dönüp ýatan ýanýoldaşyna dözmedi. Kalbynda gozganan haýpygelmäni basyp ýatyrmakçy bolýan dek gelin: “Göwnüme degen özi hem bolsa azaryna-da däl.” diýip pikirlenmäge çalyşdy. Emma bu kineli pikire derek, göwnündäki dözmezçilik has-da örjäp: “Üstüne ýorgany hem çekmändir. Üşäýmesin.” diýen pikir emele geldi. Gülbahar pişik basyşyny edip turdy-da, emaý bilen Sarynyň üstüne ýorgany örtdi. Sary özüne deglenini duýan ýaly ukunyň arasynda yňranjyrady. “Ýadapdyr öýdýän, mähribanym!” diýip oýlanan Gülbahar ýanýoldaşynyň maňlaýyna düşen saçyny kiçijek, ýumşajyk elleri bilen yzyna gaňtardy. -Özümdenem bar-la!-diýip bägül dodaklaryna siňdirip pyşyrdan gelin, saklanyp bilmän adamsynyň gabagyndan öpdi… Gülçyranyň ýagtysy otagyň içini gyzgylt alagaraňkylyga besleýärdi. Penjiräniň tutusy ýarym syrylgydy. Mahy-tabanyň süýtreňk şöhlesi penjireden içerik düşýärdi-de, otagyň alagaraňkylygyna gatyşyp-garyşyp, eräp, ýitip gidýärdi. Jümle-jahan bolsa yrňyldap duran rahatlykdan dolup, öz rahatlygyndan hem-de gelniň öýkesiniň ýazylandygyndan lezzet alýan deýin dymyp ýatyrdy. “Nesil” gazeti, 2005-nji ýylyň 26-njy marty. | |
|
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |