…Gurbanlyk gijesidi.
Allatagalanyň süýt käsesinden seçelenen damjalara meňzeýän ýyldyzlar garaňky asmanyň ýüzünde akjaryp durdular.
Hiňňildikden gaýdan gyzlaryň yzyna düşen Söýün içini hümledip barýardy:
“Häzir yzlaryndan ýeterin-de: “Maral, ýekeje pursat aýak çeksene! Seniň bilen iki agyz gürrüňim bar.” diýerin. Togtaram welin, elini gysymyma gysaryn-da gözleriniň görejine seredip: “ Maral, men seni janym-tenim bilen, tutuş durkum bilen söýýärin. Gije-gündiz diňe seniň pikiriňi edip, däliräp barýaryn. Sensiz mundan beýläk nädip ýaşajakdygymy bilemok. Asla sensiz maňa ýaşaýyş ýok. Maral jan, meni bu soňsuz jebir-jepalardan halas et! Iki jahanyň owarrasy bolup ýörmäýin.” diýerin.”
Birdenem aňynda dörän sowuk pikir onuň depesinden buz ýaly suw eňterilene dönderdi.
“A birden ol: “Ýok bolsan-a! Seniň bilen köçäniň ugrunda görene göz bolup gürleşip durarynmy?” diýäýse näme?”
Söýüniň ini tikenekläp gitdi. Onuň üçin şondan aýylganç zady göz öňüne-de getirmek kyndy. Söýüniň kalbyna lapykeçlik aralaşdy. Öz-özünden elleri sallandy. Gadam urşy haýallady. Köňlündäki aýgytlylygyň ýerini ýöwsellik doldurdy.
“Elindenem tutup bilmerin. Dilim äňime ýelmeşen ýaly bolup, diýjegimi diýmäge-de bognum ysmaz.”
Özünden göwni geçen Söýün hasam gowşady. Göwni boşap galdy. Tutuş dünýäsini dolduran boşlukdan ýaňa ol özüni hakyky, çyn durmuşda ýaşaýan däl-de, alasarmyk düýşde gezip ýören ýaly duýdy. Haýdap barýan gyzlar bolsa barha daşlaşýardylar.
Özüniň bolup barşy Söýüni gysyp-gowrup başlady. Gyzlar çatryga sowulmadyk bolsa özüne gahary gelýän Söýün tasdanam yzyna gaýdýardy. Gyzlar gözüniň öňünden ýiten dessine Söýüniň ýüregi jigläp gitdi. Birhili Maral ömürlik elinden gidip barýan dek atygsaýan ýüregi agzyna geldi. Gyzlaryň yzyndan haýdap ugrady. Köçe bilen barýan adamlar bolmadyk bolsa güýjünde baryny edip ylgajakdy hem. Ylgamagyň bäri ýanynda, giň-giň ädimläp barşyna Söýün hem çatrykdan öwrüldi.
“Men näme erkek kişi dälmi? Men lellim, nalajedeýin, esgi däl ahyry! Häzir yzyndan ýeten badyma ähli zady bolşy-bolşy deýin aýdaryn. Çöp döwen ýaly etmesem bolmaz, haçana çenli beýdip kösenip ýörmeli?!”
Birdenem ýigrimi-otuz ädim daşlykda, köçäniň gyrasynda, uly garagajy penalap gyzlaryň durandyklary Söýüniň gözüne ildi. Ol sakga durmagyň ebeteýini tapman, ädim urşuny az-kem gowşatdy-da, ýoluny dowam etdirdi. Gyzlara biraz ýakynlaşanynda ol gyzlaryň biriniň nätanyş oglan bilen gepleşip durandygyny, beýlekisiniň bolsa aňyrrakda garaşýandygyny saýgardy.
Söýüniň endamy gyzyp gitdi. Aýaklaryna ýeňiljek sandyrama indi. Içine bir gysym köz guýlana döndi. “Maral däldir-le!” diýip ol gark bolup barýanyň sypala ýapyşyşy dek, körumyt pikir bilen özüni aldamaga çalyşdy. Emma gepleşip duranlaryň deňine ýetende onuň bujagaz umydy hem köýdi.
“Maral eken!” diýen pyşyrdy iň soňky deminde urunýanyň jany sogrulyşy deýin, onuň agzyndan “öwhüldäp” çykdy…
Ol doňdy. Beýnisine kimdir biri hapa penjelerini sokup iki tarapa ýyrtýana döndi. Ýüregi bolsa allajy aýazda doňup barýan guşjagaz kimin assajdan titräp başlady. Ol nädip Maral dagynyň deňesinden ötendigini-de aňşyrmady. Asla ol gurşundan guýlana çalym edýän aýaklarynyň henizem ädilip barýandygyna haýran galdy.
Garagaçdan ep-esli daşlaşandan soňra kalbynyň iň pynhan, iň ýaşyryn künjünde döräp, degen ýerini awy-zerzaw edip gelýän “Maral!” diýen ýekeje söz towlanyp-towlanyp göterildi. Bu söz bogazyna ýapyşanda bolsa gözlerinden damja yzyna damja togalanyp ugrady. Söýüniň göwnüne bolmasa ýaňagyny ýakyp gelýän damjalar hem “Maralsyz galdyk-la!” diýip tükeniksiz zarynlaýan ýalydy…
… Allatagalanyň süýt käsesinden seçelenen damjalara meňzeýän ýyldyzlar bolsa göýä hiç zat bolmadyk ýaly, garaňky asmanyň ýüzünde akjaryp durdular…
“Nesil” gazeti, 2005-nji ýylyň 10-njy marty
Hekaýalar