01:29 Güýz aglaýar | |
GÜÝZ AGLAÝAR
Goşgular
Aşygyndan aýra düşen mahaly, Sojap-sojap aglaýşy deý, gyzlaryñ. Ýagyş ýagýar, güýz aglaýar agysyn, Uçup giden durnalaryñ-gazlaryñ. Gussalaryñ gursagyña sygmasa, Agla güýzüm,derdiñ ýeñlär aglasañ. "Meniñ derdim saña näme"-diýme güýz, Niçik bolar señ derdiñi añmasam. Güýzüm, eziz ogluñ Gurbannazaryñ, Şygyrlary gursagymda aýdym meñ. Şonuñ üçin seniñ ähli derdiñi, Dertdeş bolup hemmeden öñ duýdym men. Bu gün güýzüm sarylygyñ yşk bolup, Şahyr şygry ýaly gursagma girdi. Gidende goýnuñdan iñ eziz ogluñ, Diýdiler: "Wah juda, wah juda irdi". Biz arman çeksegem onuñ yzynda, Ol armansyz gujagyñda ýerländir. Durnalaryñ ýene gaýdyp gelse-de, Arman, beýle ogul gaýdyp gelmandir. Agla güýzüm,agla derdiñ ýeñlesin, Asla,ýüz öwürmen perýadyñ üçin. Agla, maña seni gussaña bakman, Söýmegi öwreden zürýadyñ üçin. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |