08:31 Gybatkeş şäheri taşlap gideli... | |
GYBATKEŞ ŞÄHERI TAŞLAP GIDELI
Goşgular
![]() Seniñ bilen bir şäherde ýaşaýas, Bir säheriñ howasyndan dem alýan. Eý, sen meniñ şahyrana dünýämde, Iñ mähriban ynsan bilen deñelýän ~ ...Hem undup bolmajak beşer çagasy, Neçüýn, roýuñ görmek kyn düşýär juda. Elbet, bir gün rowa görer wysaly, Bizi dar şäherde ýaşadýan Huda... Ýolda duş geläýjek ähtimalyñ ýok, Mende bolsa ganatam ýok uçmaga. Ýogsa seniñ äpişgäñden pel-pelläp Urnup... barardymam çaýyñ içmäge. Geçer, deñimizde durmaz bu günler, Ýat bolar dünýäniñ gaýgy, gahary. Gepimizi etjeklerden ýüz öwrüp, Gybatkeş şäheri taşlap gideli. HAS TÜRKMEN. Surat: Pablo Pikasso | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |