15:30 Gyrmyzy | |
GYRMYZY
Goşgular
Bir jüp bilbil geldi, gondy çemene, Başy ýaşyl, aýaklary gyrmyzy. Bal akyp dur dillerinden, lebinden, Alma kimin ýaňaklary gyrmyzy. Meniň ýarym hem soltandyr, hem handyr, Datly janym ol gözele gurbandyr, Hünji degil, sadap degil, merjendir, Ak golunda golbaglary gyrmyzy. Bakjamyza üç gül ekdim, bitäýse Jak-jaklap dalynda bilbil ötäýse, Meniň wadam senden owal ýetäýse, Mazaryma jüp daş dikiň gyrmyzy. Üç ýyl boldy şu daglary aşaly, Bäş ýyl boldy, gyz, söwdaňa düşeli, Galk, gideli, biziň otag düşelgi, Düşekleri başdan-aýak gyrmyzy. Garajaoglan diýer, gelgin ýanyma, Saňa gelen kaza degsin janyma, Meni öldür, bas elleriň ganyma, Goý diýsinler barmaklary gyrmyzy. Garajaoglan. | |
|
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Eý, Isa demli toty, eý, şirin sesli bilbil... / Goşgular - 04.08.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Senden özge, eý, senem, bu jümle duşmandyr maňa... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |