01:06 Gyrmyzy bägüller -2/ romanyñ dowamy | |
3.
Romanlar
...Müň dokuz ýüz üçünji ýylda garry atam Nazar şyh erbet syrkawlapdyr-da: «Ýene oglumyň öýli-işikli bolanyny görübilmän, agtyk söýübilmän gidäýmäýin» diýip, gorkupdyr-da, ur-tut atamy öýlendiripdir. Elbetde, atamyň belli bir käriň başyny tutubilmän, ondan-oňa urup ýörşem, eýläk gitjek, beýläk gitjek diýen ýaly bimesren gürrüňlerem ony az alada goýmandyr. Aýagy duşaklansa hiç ýaňa gidibilmez, bir hünäre gol berer, öbdüpdir. Hut şeýle-de bolupdyr. Öýlenenden soň atam öýdeçi bolupdyr. Edil biri ýüregine salan ýaly, dini yslama ýapyşypdyr. Özem gaty çyny bilen ýapyşypdyr. Yslam onuň kalbyna söýgi bilen giripdir, ataş bolup ýapyşypdyr. Enem pahyryň aýtmagyna görä, atamyň dini-dianata bolan yhlasy, onuň özüne bolan yhlasyndanam öňe geçipdir. Ol Hudaýyň ady bilen ýatyp, Hudaýyň ady bilenem turupdyr. Her işde Barhudaýa sygnypdyr. Her çent kalbyna şeýtan aralaşyp aljyratjak bolanda ýa birine göwünlik berende: «Allahu-akbar!..» ýa-da: «Alla keremdir» diýipdir. Ony barlyk dünýäsindäki «birlik» hökmünde kabul edipdir. Iman getiripdir. Zikr edipdir. Her işde şükrana bolupdyr. Yslamyň ýoluna nur çaýýan dini kitaplary öz gözi bilen okap görmek üçin, nirede bolsalaram ýaltanman sowatly adamlaryň ýanyna gatnapdyr. Arap hatyny, çagataý türküçesini örwenipdir. Sözlerine düşünmeseň gulagyň ýanyndan gury owaz bolup geçýändigine gözi ýetenden soň, arap dilinem öwrenipdir. Şol ýerlerde gyt kitaplar bar diýseler, Aşgabada, Mara, Sarahsa, Kerkä, Köneürgenje, hatda Buharadyr Hywa çenli ýol söküp gidipdir. Köp kitaplary baran ýerinde aýlap, ýyllap ýatyp göçüren gezeklerem bolupdyr. Üç ýyllap Buharada okapdyr. Onuň zyýadalygy ýeke bir dini däl, yşgy, taryhy, ylmy kitaplary hem okaýanlygynda, okan zatlaryny uly il bilen paýlaşýanlygynda, halk köpçüligine öz dilinde düşündirip bilýändiginde ekeni. Ol: «Adam gowusy alym, amal etmese zalym» diýmäni gowy görýän ekeni. Kurany kerimiň türkmençä terjime edilmeginiň tarapynda durýan ekeni. «Terjime etmeli däl, etseň güýji gaçýa» diýýän käbir kemsowat mollalara Hoja Ahmet Ýasawynyň mundan müň ýyl ozalky aýdyp giden şu goşgusyny mysal getirýän ekeni. Hoşlamaýdur alymlar, Bizniň aýtgan tüýkini, Aryflardan sorasaň, Açar köňül-mülküni, Aýat-töwür manysy, Türki bolsa mowafeg, Manysyga düşgenler, Ýerge goýar burkuny. Şeýdibem özüniňkiniň dogrudygyny subut edýän ekeni. Özüni ilden ýokary tutmaýan, minnet etmeýän ekeni. Özüni Hudaýyň guly, uly iliň hyzmatkäri, bilenjesini halka ýetirmegi bolsa özüniň musurmançylyk borjy hasap edýän ekeni. Şonuň üçinem, onuň pygamberler, enbiýalar, ýagşyzadalar, Görogly, Rüstem Zal, teke begi Zaman kibi gahrymanlar baradaky rowaýatlaryny, hadysdan aýdýan hekaýatlaryny, şerigatyň kada-kanunlaryny, musurmançylygyň ýörelgelerinden edýän gürrüňlerini sebitiň ähli adamlary ýeke bir toýda-tomaşada, ýas märekelerinde, Hudaýýoluna aýdylýan sadakalarda däl, eýsem käte ýörite üýşübem, çagyrybam, alys ýerlerden gelibem diňleýär ekenler. Umuman, ol şeýle gysga wagtyň içinde arypulla hem köp bilýän kary kişi bolup ýetişipdir. Il-gün onuň daşyndan: «Nazar şyhyň ogly-ha oýan, bu ýan uruna-uruna ahyry öz ýoluny tapdy-ow» diýýän ekeni. Atamyň welin bir kemi bar ekeni, o-da sesi gowy däl ekeni, labzy ýok ekeni. Aýat-töwir okanda owazly okap bilmeýän ekeni. Geplände-de ýuwaş, garjaşyk gürleýän ekeni. Şeýle-de çaga ýaly utanjaň ekeni. Ýöne, aýdýan zatlaryny welin, tüýs ýüreginden syzdyryp aýdýan ekeni. Birnäçe zat bilmeýän hallaryna takwasyraşyp, «şüý-ä köp bilýär-ow» diýdirmek üçin soralsa-soralmasa akyl beren bolşup, kimi haramy, kimi dowzahy, kimsäni käfir, ýene birini hudaýsyz hasaplap, öňýetene dilini degrip, görene ýigrenji bolup ýörmeýän ekeni. Diňe soralan zada, onda-da bildiginden jogap berýän ekeni. Bilmese-de: «Şoň-a şumat jogap berip biljekgä, öýe baryp kitaplaryma seredip göreýin, tapsam indikide aýdaýaryn» diýýän ekeni. Hut şol häsiýetleri üçinem halk ony gowy görýär ekeni. Howwa-da, ýürekden çykan zat ýürege baraýmalam-da! Içiniň maňzy-mazmuny bolmasa, gaty gygyranyň bilen il-ä däl, öz öýüňdäkilere-de gep düşündirip, terbiýe berip bolmaýar. Öz aralaryndan şeýle adamyň çykandygy üçin oňa obadaşlaram-a guwanýan ekenler welin, oglunyň şondan burunky baş goşan pişeleriniň çapyksuwarlykdan öňňesini unamadyk Nazar şyhyň begenjini söz bilen beýan eder ýaly bolmandyr. Özem şol ýol bilen gelýän adam bolansoň: «Hudaýa şükür, oglumam Hakyň ýoluna düşdi, köpçülige ýaramly adam bolup ýetişdi, ylym aldy, ind-ä ölsemem armanym ýok» diýipdir. Ýöne, ölmändir. Şondan soňam tä Orsyýetde buržuaz rewolýusiýasy ýeňip, Nikolaý patyşa tagtyndan taýdyrylýança ýaşapdyr. Iki sany ogul agtyga ― müň dokuz ýüz altynjy ýylda-ha Omar kakama, onunjy ýylda-da Osman kakama ýüzi düşüpdir. Olary dyzyna, boýnuna mündürip kän oýnadypdyr. Kakamy görübilmändir. Ol has giç, ýagny ýigrimi ikinji ýylda doglupdyr. Aralykda atamyň birnäçe çagasy bolup, hemmesem syçrapdyr. Kakam bolanda enem otuz sekiz ýaşynda, Omar kakam bilen Osman kakam bolsa eýýäm ýüňi ýeten ýigitler ekenler. «Şonda Omar bilen Osmanjandan utanybam, tas janym çykypdy» diýip, enem bize gürrüň bererdi. 4. Howwa, garry atam fewral rewolýusiýasyndan soňky, Oktýabr rewolýusiýasyna çenli bolan gysga aralykda öňküsindenem beter, üstesine-de Akjemal enem bilen bilelikde agyr syrkawlapdyr-da, ýatan ýerleri ýagty bolsun, ikisem yzly-yzyna ýurtlaryny täzeläpdirler. Hä diýmänem häkimiýeti bolşewikler eýeläpdirler. Patyşa Russiýasynyň çägine girýän ähli ýerlerde söweş hökümetini berkarar edipdirler. Bilşiň ýaly olar turuwbaşdan halkyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän imanyna gadagançylyk girizipdirler, Hudaýy ret edipdirler. Üstesine halka salgyt salypdyrlar, et, ýumurtga ýag ýaly oba hojalyk önümlerine «kontrakt» baglaşmaklyga, dürli görnüşdäki döwlet zaýomlaryny satyn almaklyga borçly edipdirler. Şol zatlary tabşyryp bilmedik, eli ýuka adamlar söwet hökümetiniň duşmany hasaplanypdyrlar we uzak möhletleýin türme tussaglyklaryna höküm edilipdirler. Ýöne bir yslamy däl, ähli dinlerem ret edýändiklerine, Hudaýa sygynýanlary halamaýandyklaryna gelen günlerinden başlap göz ýetirenem bolsa, henizem öňküleri ýaly şäherden gül daşap obadaşlaryna paýlap, iň gowusynam edil öňküsi ýaly, indi ogullaryndan agtyk söýüp oturan eneme berip, iliň ýagşysyna, ýamanyna ýarap, öz güzeranyny özi tigirläp ýören atam, türkmeniň: «Hudaýdan soň patyşa» diýen gadymy ýörelgesine eýerip, Sowet hökümetiniň garşysyna gitmändir, hiç kimi onuň garşysyna ündemändir. Kolhoz gurluşygy döwri ilden öňürti Nazar şyhdan galanja mallarynyň hemmesini orta goýupdyr. Salgytlaryny wagtly-wagtynda töläpdir, «kontraktlaryny» aýtdyrman tabşyrypdyr. Uly möçberde zaýomlar satyn alypdyr. Garaz, «şu adamyň sowet hökümetinden ýaňa içi ýylanok» diýere bahana goýmandyr. Wagt geçer, hemme zat düzelişer öýdüpdir. Hökümetiň welin, «hor-hory» ýatmandyr. Gaýtam barha güýjäpdir. Iňlis interwentleri, aklar, menşewikler we başga-da birnäçe ýene-ýeneler bilen bellisini edip, doly aýaga galandan, hususan-da, kolhoz gurluşygyny bir ýüzli edeninden soň, ol ganly penjesini indi öz halkynyň bokurdagyna tarap uzadyp başlapdyr. Şol çaka çenli hernäçe çeýelik görkezip gelenem bolsa, atam pahyr ine, şol apy-tupandan welin geçip bilmändir. Gürrüň müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlugy barada barýa. 5. Maşgalamyzyň başyndan agyr apat bolup inen şol waka biziňkileriň gum içinden ýaňy bir etrap merkezine göçüp gelen döwürleri bolup geçipdir. Atam ol wagt eýýäm oglanlyk döwri sowlup, jahyllygam duşundan geçip giden, elli iki ýaşlaryndaky ýaşuly adam ekeni. Şähere göçüp gelmegine bolsa, çagalarymyz oduň ýanýan, durmuşyň gaýnaýan ýerinde bolsunlar, täzeçe bilim alsynlar, alym, suratkeş, bagşy, sazanda bolup ýetişsinler diýen düşünje sebäp bolupdyr. Şol niýetini amala aşyrmak üçin, uzagyň ujundan onuň ogullary bilen bilelikde Aşgabada göçüp gidäýmek, baran ýerlerinde gowy-gowy güller ekäýmek, bagban bolaýmak niýetem ýok däl ekeni. Emma, enem pahyryň wagtal-wagtal, jibrinipler gürrüň bermegine görä, şäher olara düşmändir. Egerde gum içinde şol oturyşlaryna oturan bolsalar, onda, onça belaýygerdanlaryň başlaryndan inmezligem mümkin ekeni. «Etrapman geçsin-de, şu etrapmanlar geçen. Şuňa gelen günümizden başlap, başymyzdan gowga sowulmady. Aşgabada giden bolsak dagy tohumymyzyň düýbüne düw ekiläýjek ekeni. Geçiň öň aýagy ýaly alakjan, barysam şü Mämmetden...» diýip, enem häli-şindi nalar ýörerdi. Onuň beý diýmeginiň sebäbi, atamyň gül ekmek baradaky arzuw-a amala aşypdyr welin, göçüp gelenlerinden soň iki ýyla ýeter-ýetmez, näme sebäpdendigem takyk däl, gümürtik ýagdaýda Omar kakam bilen Osman kakamyň ikisinem birden tutup alyp gidipdirler. Şol wagt müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylyň tomsy bolup, Omar kakam-a otuz bir, Osman kakamam ýigrimi ýedi ýaşynda ekeni. Omar kakamdan ýedi ýaşly, Hojanazar atly ogul, iki ýaşlam Maral atly gyz galýa. Osman kakamdan ýaňy bir dört ýaşyny dolduryp bäşine giden bir ogul galýar. Özleriniňem şol gidişleri gidişleri bolýa. Gaýdyp, habar-hatyr bolmaýa. Ady Şeýda. Olar barada-da soň gürrüň bererin. ...Howwa, şeýle bolupdyr, ýöne, enemiň ýaňky: «Bize etrap düşmedi» diýmesini welin men özüm-ä dogry hasap edemok. Sebäbi, soň-soňlar, zatlara akylymyz ýetenden soň pikir edip otursak, o döwür ne şäherde, ne obada öýünden kimdir biri alnyp gidilmedik hojalyk galmandyr-a... «Ýiti gözli Ýežowyň» ýerlerdäki «laçynlary» hatda gum içindäki guýulary çenli baryp ýetýän ekenler-ä. Ýöne, näme üçindir biziňkilere has ýowuz darandyklary welin çyn. Soňky wakalaram göz öňüne tutsaň enemiň nalasy ýerliksizem däl. ...Men-ä o wagtlar dünýäde-de ýok welin, kakamam ýaňy bir on alty ýaşyny dolduran, öýlenmedik ýigdekçe ekeni. Entek idili jaýam salyp ýetişmändirler. Gyr-gyssag, wagtlaýynça diýip, Omar kakama bir Osman kakama-da bir, ýene birinem atam bilen eneme niýetläp, üç sany, ýerküme şekillije hemmesinem bir hatar edip, jaýjagaz salypdyrlar. Şol üçüsiniň çat maňlaýynda-da, gum içinden getirilen, ýöne, mazaly lagşan garaja öýlerini dikipdirler. Ol Nazar şyhdan galan ýadygärlik hökmünde hemmeler üçin deň ― ortalyk bolupdyr. Onuň içinde üýşüp çaý içer ekenler, ondan-mundan gürrüňler, gelejek barada süýji arzuwlar edişer ekenler. Jaýlaryň ählisiniň daş-töweregine atam öz eli bilen halaýan bägüllerini ekipdir. Akaba suw bolmansoň, bägülleri ep-esli aralykdaky guýudan setilli daşap suwarypdyrlar. Şäher ýerini hernäçe gowy görse-de, agtyklarynyň bagtly gelejekleri baradaky iň gowy arzuw-isleglerini şonuň bilen baglasa-da, barybir atamyň bir aýagy gum içindäki obalarymyzda bolupdyr. Aýat-töwir bilýän adamlaryň gysylýan döwri bolansoň, işan-mollalaram görnetin agalypdyr-da, atam ýeke bir öz obamyz bilen enemleriň obasyna däl, çakylyk gelse aýak ulagy hökmünde ulanýan garry alaşajygyny münüp, has uzakdaky, gumuň jümmüşindäki obalara-da gidiberer ekeni. Bir gün, iki gün ýatymlyk galaýýan gezeklerem bolaýýan ekeni. Dogry, hökümet işgärleri oňa-da: «Öli ugradýaň, jynaza okaýaň, öwlüýä barýaň» diýip, azar berýär ekenler. Ýöne, atam musurman bendesiniň gara ýere jynazasyz duwlanmagyny göz öňüne-de getiribilmeýän ekeni. Çakylyk gelse: «Soňunam görübereris, Allahu-akbar» diýäge-de ýola düşüberýän ekeni. ...Şolar ýaly saparlarynyň birinde atam gumdan gaýdyp gelse, enem pahyr işigimizdäki gara öýüň içinde hünübirýan aglap otyr ekeni. «Wiý, Ennewül, näme boldy? Näbela gopdy? Ýa garyndaşlardan gaýdyş edeni dagy bamy?» diýip sorapdyr welin enem: «Wah, gaýdyşdanam beter boldy, Mämmet, balalarymyň agysyny aglap bolmankam ine, düýn gelip, gara geýimliler gelip, arkamyň gara daglarynam goparyp äkitdiler, doganjyklarymdanam dyndardylar. Şanazaram, Begnazaram, ikisinem alyp gitdiler. Men indi neneň edeýin, Mämmet? Munça derdi men nädip çekeýin...» diýip, öňküsindenem beter aglapdyr. Az wagtyň içinde yzly-yzyna urlan agyr zarbalardan ýaňa bili bükülere gelen atam birki ýola yraň atypdyr-da, içini tutup aşak çöküpdir. Başga-da bir aýdara söz agzyna gelmänsoň, inçejik, jynssyz ses bilen: «Nämüçin maňa derhal habar etmediňiz...» diýip, gygyrypdyr. Jany ýanyp oturan enemiňem jogaby nagt bolupdyr. «Habar edenimizde seň näme edibiljek zadyň ba? Öňkülere näme alaç edibildiň? Öňlerine salyp özüňem äkidiberseler nätjek? Goşa-goşadan ýygnap, ojagyňy öçürmeseler, eýesiz goýup atam ýurdunda ýel ösdürmeseler, ýumurtga togalabermeli etmeseler, birini-ikisini ýygnanlary bilen kanagat edenoklar-a olar...» Oňa çenlem Şanazar daýymyň aýaly Şemşat daýzam, iki ýaşly gyzy Mähegem elinde, aglap gapydan giripdir. Omar kakamyň maşgalasy Gülnäz gelnejem bilen Osman kakamyň gelni Dürli gelnejemem hersi enemiň bir egninden ýapyşyp aglap başlapdyrlar. Begnazar daýymyň enemden başga aglara naçary ýok ekeni. Aýaly ilk-ä uzak wagtlap dogmandyr, soňam bir kesele ýolugypdyr-da, ýogalypdyr. Ikinji gezek öýlenmäge bolsa ýetişmändir. Şonuň üçinem, enem olara deregem aglamaly bolupdyr. Şol başagaýlykda dädemem bar ekeni-de, gögeleräki bolansoňmy ýa oň, agalary tutulandaky yzlaşykda ýüregi çaykylypmy, näme etjegini bilmän, bir girip, bir çykyp, elewräp ýörmüşin. Şeýda bilen Hojanazaram itenekde-çomanak onuň yzynda diýýä. Atama bolsa naçarlaryny köşeşdirmek iş bolupdyr. Ahyram ömür etmeýänini edip olaryň üstüne gygyrypdyr. «Goýuň sesiňizi! Beýder ýaly olar näme ölüpdirlermi? Ýa patalaryny alyberiň, diýen boldumy size? Wagtlaryny geçirerler-de gelerler-dä näme! Uly il şu ýagdaýda şumat. Düýnki baran ýerindäki üýşmeleňde aýtdylar, hut Atabaýüfüň özem şu zatlaryň ugrundamyşyn. Şu mesele boýunça ýörite Meskewä-de gitjekmişin. Şol adamlar dagam şeýdip ýören bolsalar bu zatlar beýdip, bu gidişine gidip durmaz-a!.. Ine, meň özümiňem ertir Aşgabada gidip, ulular bilen gepleşip görmek niýetimde ýok däl. Galanam näme, nesibedir-dä, Allahu-akbar...» diýipdir. Şondan soň aýallar kem-kemden köşeşipdirler. Seslerini goýupdyrlar. Içigip-içigip, tisgine-tisgine uludan sowuk demlerini alypdyrlar-da, ýerlerinden turup, hersi öz işli-işleri bilen boluberipdirler. Öýde ýeke özi galandan soň, işigi içinden temmeläp, tä içini egisýänçä atamyň özem aglapdyr. Doga okap, gidenlerine Biribardan kuwwat diläpdir. Garaňkynyň gatlyşmagy bilen, atamyň gelenini eşidip, gumdaky garyndaşlarymyzam, şäherdäkilerimizem öýümize ýygnanyşypdyrlar. Salamlaşykdan soň, henizem öňki gujur-gaýratyny ýitirmedik, iki obanyňam ekabyry hasap edilýän Atanepes kakam atama: «Hiç kimedem-ä aňsat däl welin, Mämmet, edil häzir-ä hökümediň jyny, şyhlara düşene meňzeýä. Olar indi senem uzak goýmasalar gerek. Agzymdan al alsyn welin, bu gün-erte seňňem yzyňdan gelerler. Ýöne, aýdyşlaryna görä, gaçan gutulýamyşyn. Senem gaç. Iň bolmanda Eke molla ýaly Eýrana geç. Yzyňa biz özümiz serederis. Dünýelerem beýdip durmaz, düzelişer, şondan soň senem gaýdyp gelersiň...» diýipdir. Emma atam olar bilen ylalaşmandyr. Çünki, ýeke bir Omar kakam bilen Osman kakamyň däl, eýsem hem-ä garyndaş ugrumyz bolansoň, hemem Temmim daýymyň yzynda tutulan ogullaryndan başga direnip duran hossary galmansoň, Şanazar daýymyňkylara eýelik etmekligem öz borjy hasaplapdyr. Şonuň üçinem köp oýlanybam oturmandyr-da, şeý diýipdir: «Kyn günde kömegiňizi gaýgyrmandygyňyz, ýerlikli maslahatlar berendigiňiz üçin taňryýalkasyn, arkadaşlar. Ýöne, olar o ýerde eýdip, bendilikde ýatyrkalar, bularam beýdip bu ýerde aýralygyň zaryny çekişip ýörkäler, menem gaýry bir ýurda gaçyp gidip, o ýerde petekämi gaýşardyp ýörsem ýa özümi daga-düze urup, daşdan-daşa bukulyp ýörsem bolmaz. Ol namartlyk bolar. Onsoňam ýazgytdan gaçyp gutulyp bolýan däldir. Ol seni nirede bolsaňam tapar, yzyňdan ýeter. Şonuň üçinem, gara başa näme gelse görübermeli bor. Alla keremdir. Näme etmelidigini Onuň özi gowy bilýändir». Ony ündäp oturmaklygyň peýdasynyň ýokdugyna gözi ýeten myhmanlar: «Bor-da onda Mämmet, belki Hudaý gowusyny edäýedi-dä» diýşip, assa-ýuwaş turmak bilen bolupdyrlar. *** Hernäçe giňlige salsa-da, atam Atanepes kakamyň aýdanlaryny aňyndan aýryp bilmändir. Gara geýimlileriň şu gijäniň özünde yzyndan geläýmekleriniň ahmaldygyna kem-kemden özem ynanyp ugrapdyr. Aýallaryň öňünde: «Ertir özümem Aşgabada gitjek» diýip beren wadasam ýadyna düşüpdir-de, öz-özi: «Aý, bolýa-la, öňi-soňy gitjek bolsam gelseler gelibersinler-le şolar» diýip, pyşyrdapdyr. Ýüzüni ak-tam edip, häliden bäri gapdalynda aşak bakyp, sessiz-üýnsüz aglap oturan enemiň ýüzüne seredip: «ýaňkylaň diýenleri dogram bolsa, ýalňyşam bolsa, Ennewül, birdenkä geläýseler dagy gyssagara aljyramazyň ýaly sen meniň şaýymy şumatdan tutup goý. Düwünçejigimi düw» diýipdir. Enem etegine ot düşen ýaly «zöwwe» ýerinden galypdyr-da, ellerini öwsüp, uly-ili bilen gygyryberipdir. «Waý, senem äkitseler men ýeke özüm birgiden naçar bilen çagany nädip saklaryn, nädip eklärin? Mustapa janam-a ýaş entek. Juda bolmasa git bir ýana ýaňkylaň aýdyşlary ýaly o ýan, bu ýan... ― Birdenem kiçijigem bolsa berdaşly gollaryny kelemenledip, ýumruklary bilen goç buýnuzly köneje keçäni küdüňläp başlapdyr. ― Waý, men indi nätsemmäk? Nä alaç etsemkäm? ― Garageýimliler gelip eýýäm atamy alyp barýan ýaly, daş çykyp, içeri girip, ärini bukara ýer gözläpdir. Gelip ýene-de atamyň üstüne howala bolupdyr. ― Juda bolmasa git, guma git, Atanepeslerde gizlen...» Atam onuň aýdýan sözlerinem, bolup ýörşünem halamandyr. Gaty görüpdir. «Göwräm kiçijigem bolsa men namart däldirin, Ennewül. Seni bu ýagdaýda taşlap gidip gazanjak ömrümiň manysy näme? Soň men nä ýüzüme dolanyp oba geleýin? Nädip iliň-günüň, seň ýüzüňe seredeýin? Başyma telpek geýip nä ýüzüme oba arasynda gezeýin? Onsoňam entek gaýa-gopuz ýog-a! Men ýöne düşünişmäne gitjek, diýýän-ä. Ekitmeselerem özüm gitjek diýdim-ä. ― Atam kellesiniň gyzgynyna aýtmadyk zatlarynam, edibilmejek zatlarynam aýdyp ugrapdyr. ― Atabaüf bilen gepleşmelem bolsa, oň bilen Meskewä gitmelem bolsa, baryp Ysdalynyň ýanyna girmelem bolsa gitjek, diýdim-ä... Ýa-ha öz ogullarymam, seň doganlaryňam alyp gelerin, ýa-da... ― Atam näme diýjegini bilmän ýaýdanypdyr. ― Ýa-da... Iň bolmanda belli bir zat bilib-ä gerin-dä... Ýöne, aglamaňy goý...» Şondan soň enem aglamasyny goýupdyr-da, sessiz-üýnsüz atamyň ýol şaýyny tutmaga başlapdyr. Çalşyrgyç egin-eşiklerinden, namazlygyndan başga, «ýoldaşlyk» diýip, bir jübüt nanam salypdyr. Soňam ýaýdana-ýaýdana, gapdalynda otura-tura ahyram ýüregini bire baglapdyr-da: «Haçan, nädip, nireden düşenin-ä bilemok, ýöne, Ysdalynyň ýanyna barsaň, ölemen çilimkeşmişin, bir ýerlerden düşüp galan Eýranyň garşy ak temmäkisinden bardy az-owlak. Şonam salaýaýynmy, diýjek boldum-da...» Bir zat soralanda sesini çykarmasa, azajygam torsarylsa atamyň şol soragy halamadygy hasap edilýän ekeni. Şol gezegem şeýle bolupdyr. *** Oba bolsun, şäher bolsun, tapawudy ýok, Aleksandr Solženisyn, Warlam Žalamow, Anatoliý Rybakow ýaly şol döwür barada köp ýazan rus awtorlarynyň şaýatlyk etmeklerine görä, hatda Moskwa ýaly uly şäherlerde-de tutha-tutluk gije ýarymdan soň, hususan-da daňdanaralar, hemmeleriň süýji uka giden wagtlary amala aşyrylýan ekeni. Goňşusynyň tutulyp äkidilenini goňşusy duýmaýan ekeni. Diňe ertesi: «Pylanynam ýygnapdyrlar», «Öten agşam pylanynam tutup äkidipdirler» diýen ýaly gürrüňler ýaýraýan ekeni. Her kim özüni tutup alyp gidýänçäler, beýlekiniň ykbalyna baş galdyrmaýan ekeni. Atamyň düwünçegini taýyn edeninden soň, enem daş çykyp, bir gujak bägül ýygyp getiripdir-de, dulda duran gadymy, nagyşlanan, üsti ýükli sandygyň bir gyrasynda goýupdyr. Garageýimlileriň şol gije hökman geljekdiklerine indi olaryň ikisem ynanyp başlapdyrlar. Gündiz aglap-aglap ýaşlary gutaransoň, şeýle-de olar ýaly zady göwünlerine-de getirmänsoňlar, gelinleri gara bermändirler. Irgözinden ýatypdyrlar. Ýaňy bir on alty ýaşyna giden dädemem şol wagt gündizki bolup geçen işlerden ýaňa kellesi agrap, gara öýüň içinde ýüzün düşüp ýatan ekeni. Enem ony turuzjak bolupdyr, ýöne, atam rugsat bermändir. «Degme, meni tutup äkidenlerini görmesin, gyýylmasyn, ýüreginde dag galmasyn» diýipdir. Agtyklarynam, gelnejelerimem oýartmandyr. Şemşat daýzamlaram golaý ekeni. Ýöne atam enemi olara-da ibermändir. «Olaryň derdi onsuzam ýetik». «Aýralyk pursady, ikijigimiz bile bolaly» diýipdir. Muňa enem bozulypdyr. Şondan soň, atam töre geçipdir-de, gelseler göni turup gidiberer ýaly düwünçegini bagryna basyp oturyberipdir. Enemem onuň çat maňlaýynda çöküpdir. Içleri gysmaz ýaly ýaşlyklaryny ýatlaşypdyrlar. Gulaklary welin daşardamyşyn. Sähelçe «şygyrdy» eşidilse-de, enem-ä: «Hiý-wiý...» diýip, oturan ýerinden diwaryň düýbi bilen gapa tarap süýşenekleýämişin. Ol süýşse atamam: «Ýa Allah...» diýip, öňe omzaýamyşyn. Turmaga hyýallanýamyşyn. Şeýdip, süýşe-süýşe gijäniň birmahallaryna çenli ikisem bosaga golaýlap, söýeden ýapyşyp oturan bolupdyrlar. Geljekleri-gelmejeklerem näbelli, çagyrylmadyk myhmanlara garaşmakdan ýaňa olar şeýle bir ýadapdyrlar welin, obanyň o çetinde it üýrse ýa eşek aňňyrsa-da goltuklaryndan gop berlen ýaly ýerlerinden galyp, sowa-deňleşiberipdirler, «bor onda-da ― bor onda» bolşup razylaşyberipdirler. Wagt daňdana golaýlaberende: «Geljek bolsalar geläýmel-ä, garaşmak ýaly ýaman zat ýok» diýip, atam pyşyrdapdyr. «Başga-da barmaly ýerleri köpdür-dä ― diýip, enemem göwünlik berýän şekilde onuň özündenem ýuwaş gürläpdir. ― Belki gelmäýediler-dä... Gapymyzy tapman yzlaryna gidäýediler-dä... ― Birdenem enemiň ýüzi ýagtylan ýaly bolupdyr. ― Asla olaryň seni äkitmek oýlarynada-da ýok bolaýmasyn, Mämmet? Biz ýöne, gury basga galyp oturan bolaýmaly? Atam jogap bermändir. Gaýtam yzly-yzyna gapydan «jyklap» başlapdyr. Hatda, daş çykyp, o ýan, bu ýan garanjaklan, garaňkylyga tarap ýapyrylyp-ýapyrylyp sereden, gulagyny goýup ýer diňlän gezeklerem bolupdyr. Soňabaka ol bu «oýna» şeýle bir gyzyşypdyr welin, «myhmanlary» öňürti özi görüp, eneme buşlasy, «begendiresi» gelipdir. «Gel-aý, hoşlaşaýaýyn-la, şuň bilenem, jahyl çykdy, gorkup-ürküp durasy ýok-la» diýip, turuzmak üçin birki ýola dagy dädemiň ýatan jaýyna tarapam hyýal edipdir-de, ýene-de dözmän yzyna çekilipdir. Oňa çenlem daň saz beripdir. Zulmat gyzarypdyr. Atam içeri giripdir-de, uzakly gije goltuklap çykan düwünçegini bir gyra oklapdyr. «Ennewül, seň diýeniň çyn bolaýdy öýdýän, gelmedi bular-a...» ― diýipdir. ― Elmydama-da şuňňalydy-da, sen bir zat diýseň şo bolýady-da... Ind-ä Mustapanam turzup, bileje çaý içäýsegem bolman durmaz... Hä? Şeýdelimi? Onda sen çaýyň ugruna çyk, oňa çenli menem bir eglip-galaýyn...». Şeýdip, ol säherki mynajatyna başlapdyram welin, gapyň agzynda ilk-ä aýak sesleri, soňam «hümürdi» eşidilipdir. Gapy kakylypdyr. Üç bolup içiljek çaýyň aladasy bilen gümra bolup ýören enem baryp işigi açsa eginleri gara gaýyş kurtkaly, edil şol matadan tikilen gaty uzyn gara papakly, billeri kemerli, ýanbaşlary sapançaly, biri türkmen, ikisi başga milletden bolan üç adam ýüzlerini duw-ak edişip durmyşynlar. Ýolbelet hökmünde öňlerine düşüp gelen bolsa gerek, aňyrrakda ispolkomyň işgärlerindenem biri gelenine utanýan ýaly, ýüzüni sypajakladyp, köwejekläp ýör ekeni. Sapançalylaryň arasyndaky türkmen ― ýöne o-da arassa gepläp bilenok ekeni ― atamy sorapdyr. Enem onuň garaşa-garaşa ýap-ýaňyja namaza durandygyny, azajyk garaşmaklaryny sorapdyr. Olar enemiň «garaşa-garaşa» diýen sözüne geň galyp, biri-birleriniň ýüzlerine seredişipdirler. Çünki, olar baran ýerleriniň ählisinden dady-perýada, ahy-nala, «näme üçinlere...» garaşýan ekenler. Bular bolsa... Edil myhman garşylan ýaly... Olar: «Bor, bor» diýşipdirler-de, çilim çekişip, daş işikde garaşyp başlapdyrlar. Enem: «Okap boldy, giräýiň» diýeninden soňam salam berip içeri giripdirler. Ýüzüne seredibilmän duruşlaryna atama özleri bilen gitmeli boljakdygyny aýdypdyrlar. Atam şol bir sadalygyny edip: «Bor, iniler, bor, asyl men özümem şu gün ir bilen ulyňyzyň ýanyna gideýin diýip otyrdym, geleniňiz gowy bolaýdy, Allahu-akbar...» diýipdir. Düwünçegine ýapyşanyndanam soň özüniň bize aýdyp berşine görä, enem özi-de bilmezden, uly-ili bilen ses edip, atamyň üstüne zyňypdyr. Sapançaly türkmen olary aýrylyşdyrjak bolsa, beýleki ikisi oňa iki ýerden orsçalap: «Degme, goý, hoşlaşsynlar» diýipdirler. Enem diňe atamyň: «Goý, Ennewül, aglama, Mustapany oýararsyň» diýen sözi gulagyna gelenden soň, atamyň gujagyndan çykyp, bir gyra çekilipdir. Birdenem bir zat ýadyna düşen ýaly eplengi düşeklere tarap topulypdyr-da, üstündäki bägüllerden ep-eslisini alyp, atamyň eline tutdurypdyr. Bokurdagy dolmakdan ýaňa atam zordan gepläpdir. «Güllerimiz solaýmasyn, Ennewül, wagtly-wagtynda suwaryp dur...» Enemiň: «Arkaýyn bolaý Mämmet, ýekeje düýbünem guratman...» diýesi gelipdir, ýöne, şoňa-da gurbaty çatmandyr. Atamy alyp çykyşlary ýalam diwardan ýapyşypdyr-da, syrylyp aşak çöküpdir. Bosagany gujaklabam özünden gidipdir. Şol gije atamyň alnyp gidilendigini hatda, iň ýakyn goňşularymyzam, hatda Gülnäz gelnejem bilen Dürli gelnejem dagam duýmandyrlar. Bolan wakany olara enemiň «iňňildisini» eşidip, ukudan oýanan dädem baryp aýdypdyr. Atam bilen hoşlaşyp bilmändigi üçin ol uzak wagtlap gynanyp, turuzmandygy üçin enemden kine edip gezipdir. Onuň hatda gaýdyp gelenden soňam: «Turuzman gidipsiň» diýip, atama iňirdeýäni ýadyma düşýä. Şol gije atam bilen bilelikde mekdebiň taryh mugallymy Gurt Eseniňem ýygnalandygy baradaky habar ertesi oba ýaýrapdyr. 6. Atamyň äkidilenine iki ýyl diýlende uly gelinleri bilen bilelikde orlup-çapylyp, enem dädemi öýlendirýä. Bir gowy zat, şol döwrüň adamlary guda bolanlarynda ullakan zat talap edibem durmaýan ekenler. «Gapymyzdan aglap gelmese bolýa, daşyny çolaň-da alyp gidiberiň» diýen ýaly ylalaşykly sözler bilen ugradyp goýberiberýän ekenler. Sebäbi, hemmäniňem ýagdaýy birmeňzeş bolan. «Seni gör-de, meni gör». Tüýs: «Gyrdeňlikden Hudaý saklasyn» diýenleri ekeni. Ejemem öň tanalyp ýörlen, terbiýeli ýeriň çagasy bolansoň, gelşi ýaly gelen ýeri bilen boluberipdir. Beýleki gelinleriňem gaýyn eneleriniň agzyna bakýanlaryny görüp, o-da şolaň ýörelgelerine eýeriberipdir. Öýüň ody bilen girip, küli bilen çykypdyr. Öýüň ýüküni dädem bilen deňine çekişipdir. Eltilerine-de ýetdik kömegini gaýgyrmandyr. Olaram özlerini saýry tutmandyrlar. Öýleri aýry bolsa-da, iýenleri aýry bolmandyr. Olar bütin etraba: «Pylanynyň gelinleri ýaly gelniň bolaýsa» diýdirmäni başarypdyrlar. ...Müň dokuz ýüz kyrk birinji ýylyň ýazynda agam Sünnet dogulýa. Şol ýylyň tomsunda-da uruş turýa-da, dädem fronta gidýä. Ilkň-ä: «Sen halk duşmanynyň çagasy, agalaryňam, daýylaryňam türmede otyrlar» diýip, ony almajagam bolupdyrlar. Ýöne, dädem gaty berk durupdyr. «Basylanyň çagasyny duşman saýyp ýörjek bolsaňyz ýene iki günden urşa iberere adamam tapmarsyňyz. Juda bolmasa-da, gaçyp giderin welin, giderin, Watan goragyndan gaýra durmaryn. Daýylarym üçinem, agalarym üçinem urşaryn» diýipdir. Soňabaka hakykatdanam kakamyň diýeni bolupdyr. Çünki, ýüňi ýeten goç ýigitleriň haýsynyň dokumentlerini galdyrsalar aňyrsy «Halk durmany» bolup dur diýýä. Şondan soň döwlet möçberinde ol ýörelgeden el çekmeli bolupdyrlar. Hatda Staliniň özem uruşdan öňki basan generallaryny, marşallaryny yzyna çagyryp, frontuň iň bir jogapkärli ýerlerine iberipdir. Şeýdip, dädem urşa gidýä. Öýüň günamasy, çagalaryň aladasy diňe aýallaryň başyna galýa. Kyrk üçünji ýylyň başlarynda dädem aýagyndan ýaradar bolup her goltugy bir pişekli gaýdyp gelýä. Şol ýylyň aýagynda-da men bolýan. Elbetde, ýagdaýy gowulaşandyr-da, şondan soň ol pişekleriniň birini taşlapdyr. Meniň akylym aga-gara ýetip ugran döwürleri bolsa onuň eýýäm bir tarapy tutawaçly, aşaky ujuna-da tegelejik gara rezin geýdirilgi ýeke nil taýajygy bardy. Şonsy bilen «liňk-liňk» edip ýöreni henizem gözümiň öňünde dur. Ýedi ýaşymy dolduryp, mekdebe gatnap ugran döwürlerim dädem ojagaz taýagynam zyňdy. Çalarak ýempeýä diýäýmeseň, maýyplygy bildirmedi. Şol wagtlar meni iňkise goýan zat ― birinjiden-ä dädem Sünnet ikimizdenem ogrynça, kimdir birini gözläp, nirädir bir ýerlere hat ýazýardy. Ýöne, kimi gözleýä, nirä ýazýa, ony bilemok... Ikinjidenem, öýdäkileriň ýüzleri hemişe sus, aladaly görünýärdi, özlerem bizden bir zatlary gizleýärdiler. Biz munam aňýardyk, ýöne, sorap bilmeýärdik. Egerde bir gezek, tötänden diýen ýaly ejem bilen dädemiň özara gürrüňlerini eşitmedik bolsadym, onda o zatlaryň aňyrsynda nämeleriň ýatandygyny men entek-entekler biljek däl ekenim. ...Şol gün olaryň ikisem hemişekileri ýaly, işe gitmek üçin ir turupdyrlar-da, aýak uçda çaý içişip otyr ekenler. Men tötänden oýandym. Ilki bilenem gulagyma dädemiň: «Näumyt bolmagyň, Arzygül. Belki, bir ýerlerden çykaýadylar-da. Iň bolman-da: «Pylan ýerde mazarlary bar» diýib-ä jogap bererler. Bermeseler ýene ýazaryn. Gerek bolsa Staliniň hut özüne-de ýazaryn welin, tapman-a goýman. Ejeme-de aýt, şeý diý-de. Mustapa her zat eder welin, agalaryndanam, daýylaryndanam, dädesindenem derek tapar, diý. Ýarty halyna gaýgy edip, janyny gynap ýörmesin...» diýen sözleri ildi. «Bor, bor, şeý diýerin, asyl şeý diýýänem-dä men. Atsyz-sorsuz ýitdi, öldi diýlibem geläýýän bar-a. Honha, Medet Mürze dagy nätdi, patasy alnyp durka özi üstüne geläýd-ä. Düşekde oturanlaryň tas ýürekleri ýarylan eken-ä...» diýip, ejemem onuň bilen deň gopdy. Gulagyma degen şol geň maglumat barada men telim günläp hiç kimiň, hatda iň ýakyn dostum bolan agam Sünnetiň ýanynda-da dilimi ýaryp bilmedim. Ýöne, ynjalybam bilmedim. «Bularyň gözleýänleri kimler? Olar nirä gidipdirler? Bu iki ortada Staliniň näme dahyly bar?..» Ine, şu oýlar meni günüme goýmaýardy. Ahyram bir gün agşamaralar, gara öýde ýeke özi ik egrip, oýa batyp otyrka ýanyna bardym-da, enemden soradym. Ilk-ä ýüzüme seredip, sesini çykarman esli wagt oturdy, soň dodagyny dişläp başyny ýaýkady, gözlerine ýaş aýlady. Aglabermekden zordan saklandy. Ahyram sesini sandyradyp: «Senem bi gowgaly dünýäň aladalarynyň bir çetinden girip ugradyňmy oglum» diýdi. Edip oturan işini bir gyra goýup, «hyk-çok» ýerinden turdy. Elimden tutup daş çykdy-da, hatara oturan üç jaýyň ýertakyryna girdi. Ol ýerde ejem bilen Sünnet ikisi çaý başynda dädemiň öňem telim gezek aýdyp beren, uruş baradaky «döwli» gürrüňlerini diňläp oturan ekeni. Enem barşy ýaly meni ejemiň çat maňlaýynda oturtdy-da: «Şüýem-ä bir zatlar aňana meňzeýä, Arzygül. Onsuzam bu gün bilmese-de ertir biler, aýdaýyň şuňa-da» diýdi. «Şuňa-da» diýmeginiň sebäbi, maňa görä birneme tokarrak bolansoň, aýdylmaly zat şondan sähelçe wagt öň Sünnete aýdylypdyr-da, «Ýöne, iniňe aýdaýmagyn» diýlip berk sargalypdyr. Şonda ejem ýaşa dolan gözlerini balkyldadyp eneme seredipdi-de, «Gowusy özüňiz aýdaýsaňyzlaň, enesi...» diýipdi. Yzyndanam: ýalňyş gürleýän-ä däldirin-dä, hernä diýen manyda kemşerilip, dädeme garapdy. Dädem aşak bakyp oturyşyna: «Şeýdäýsene, eje» diýenindenem enem meni edil eltendäkisi ýaly elimden tutup, öňki oturan ýerine alyp gidipdi. Ana, hut şol ýerde, şol gijäniň özünde hem ol maňa öň aýdylmasyz edilen, indem maşgalanyň gelen iň soňky çözgüdiniň esasynda aýdylmaly edilen gizlin syry ýekän-ýekän aýdyp berdi. Ol syr şol döwür atamyňam, onuň iki oglunyňam, enemiň iki doganynyňam baryp-ha otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlugynda tutulyp, şol çaka çenlem özleri-hä däl, hatda hat-habarlarynyňam gelmändigi, şol gigidişleriniň-gidiş bolandygy bilen bagly ekeni. Ol syry bizden gizlemekleriniň sebäbi bolsa, çaga kalbymyzy daglamazlyk, ýüreklerimizde hökümete ýigrenç döretmezlik, şeýle-de: Hossarlarymyzyň hemmesi halk duşmany ekeni-ow» diýen düşünjä uýup deň-duşlarymyzyň ýanynda müzzermezligimiz, boýnumyz buruk, egnimiz gysyk gezmezligimiz üçin ekeni. «Oňa çenlem ýa söýerlerimiziň özleri gaýdyp gelerler, ýa-da nämäň-nämedigine, kimiň-kimdigine bujagaşlarymyzyň öz akyllary ýeter» diýen ekenler. Elbetde, akylym goýalyşandan soň, aňry gitse iki-üç ýyldan o zatlary men hakykatdan-da, barybir bilerdim, ýöne, şol döwür dädemiň kimdir birini däl-de, özüniň iň ýakyn adamlaryny iki agasyny, iki daýysyny, dädesini, jemi bäş adamy gözläp, ýokary, harby edaralara hat ýazýandygyny welin men şol pursat bilip galdym. Şondan bir gün öňem men öz hossarlarymyň başyndan şolar ýaly aýylganç wakalaryň geçendigindenem, nirelerdedir bir ýerlerde diri gezip ýören agalarymyň, daýylarymyň, atamyň bar bolaýmagynyň ahmaldygyndanam habarsyzdym. Atamyň ýaşlygy baradaky ýaňky saňa aýdyp beren gürrüňlerimem enem maňa şonda aýdyp beripdi. Şol gürrüňleri ol soňam köp gaýtalady. Ogullary, doganlary barada-da köp zatlary aýtdy. Asyl, maý tapdygy şolardan söz açaýasy, biziň gözlerimiziň öňünde şolaryň keşplerini gowy tarapdan janlandyraýasy, olaryň «halk duşmanlary» däldiklerini, arassa, päk adamlar bolandyklaryny, hemmesiniňem nähakja tutulyp gidendiklerini bize subut edesi, ynandyrasy geldi durdy. 7. ― Be-e... Gaty geň zatlar gürrüň berýäň... ― diýip, men gelşiksizrägem bolsa Şyh Mustapanyň sözüni böldüm. ― Ýeri, onsoň dädeň ýazan hatlaryndan näme habar? Hiý, birine-ýarymyna dagam jogap gelmedimi? ― Geldi-i... ― diýip, ol süýkdiribräge-de, ýöne, pert jogap berdi. ― Hemmesine-de geldi. Özem edil, Sünnet ikimize «maşgalanyň syrynyň» aýan edilen wagtynyň yz ýanragy geldi. Ýöne, atamdan başgasyna gelen jogaplarda derek ýok. Bulaşyk. ― Ataň barada takyk bir zat aýdylypmy? ― Howwa. Oňa gelen jogapda: «Mämmet Nazarow, 1885-nji ýylda doglan, 1937-nji ýylyň 28-nji awgustynda «Yslamy wagyz edendigi üçin» günä bildirilip, on üç ýyl azatlykdan mahrum edilen. Hossarlary bilen hat alyşmaga hukugy ýok. Häzir Uralda, Sloweňkiniň lagerleriniň birinde jezasyny çekip ýör...» ― Şyh Mustapa tüýküligine düwündi-de, esli wagtlap gark urup üsgürdi. Uzyn-uzyn ardynjyrady. Ýöne, barybir bokurdagyny arassalap bilmedi. Gürrüňini berýän döwrüniň bozuk radiosy ýaly «jygyr-jygyr» edip sözüni dowam etdirdi. ― ...Maddasam, Sloweňkiniň haýsy lagerindedigem ýazylandy welin, şu wagt hiç hakydama gelenok-da... ― A beýlekiler barada näme diýipdirler? Henizem boguljyrap oturan režissýoryň sesi entegem garjaşyk çykdy. ― Üh-he... Ýaňky aýdyşym ýaly olaryňky bulaşyk. ― Ol ýakmaz zat iýen ýaly ýüzüni bürjeşdirdi. ― Ýazmaklaryna görä enemiň doganlary-ha öz aýdyşy ýaly daýhançylyk edip ýören hallaryna hamala Eýran bilen aragatnaşyk saklap, sowet hökümetine garşy pitne turuzmakçy bolandyklary üçin içalyçylykda aýyplanyp, hersine on bäş ýyl iş kesilipdir we Arhangelskä ugradylypdyr. Hatyň soňunda bolsa olaryň ulusy Şanazar daýymyň-a şol ýere baranlaryndan soň köp wagt geçmänkä, erbet sowuklap, şondan aýňalybilmänem ýogalandygy, aýdylýar. Sebäbem, hatda-ha beýle zat ýok welin, dädem dagynyň soň-soňlar, daş gulakdan eşidip çaklamaklaryna görä, gyşyň içinde aşagy betonlanan «izolýatora» salyp, içine-de suw goýberipdirler. Özem şol ýagdaý juda köp gaýtalanan bolmaly. Näme üçin beýle jeza duçar boldy, ony bilýän ýok. Aýtmaklaryna görä, ol gitmänkä-de deň-duşlary bilen urşup-gygyryşyp ýören ýigidem-ä däl ekeni. Enemem hern-ä şol haty okadanynda: «Wah, ýaz ýagşy ýaly mylaýym, gara ýer ýaly ýuwaş, garynjany basmany dözmeýän doganjygym...» diýip aglardy. Kiçisi Begnazar daýyma gelen hatda bolsa tokaý çapyp ýörkä öz seresapsyzlygy zerarly üstüne agaç ýykylyp ýogalandygy aýdylýar. ― Beýle bolsa olaryň «öldi» habarlary siziň sorag ýollaryňyza garaşyp durman, wagtynda iberiläýmeli ýaly... Her niçik hem bolsa şol ýyllar bendileriň hat-petekleri-hä takyk ýöredilen ýaly. Hatda «sizoda» otyrkalar adyna ýazylan hatlaram Staliniň hut öz eline baryp gowuşýan eken-ä. ― Bilmedim-dä. Belki şeýledirem. Ýöne, biziňkiler-ä şeýle boldy. Nämüçin beýle boldy? Nädip beýle boldy? Hudaý bilsin. Ýakasyndan tutup sorara bolsa adam ýok. Zamanasyndan görüp oturybermeseň başga alaç ýok. Ýöne, olaňkam ýene ýagşy. Iru-giç habarlary geldi. Ýöne ine, Omar kakam bilen Osman kakamdan welin, nehizem belli habar ýok. Şol gidişleri-gidişleri. ― Beh! Ýagşydan-ýamandan bir zat diýäýjekler ýaly welin... ― Wah, gepem şonda-da. Gelen jogabyň gümürtikliginde-dä... Ynanar ýaly däldiginde-dä... ― Näme diýipdirler? ― Olara gelen jogaplarda ikisiniňem üýşmeleňlerde Amerikany öwmek, «Sowet hökümeti hiç haçanam Amerikanyň yzyndan ýetibilmez, ol iňňän güýçli döwlet» diýmek bilen sowet adamlarynyň kalplarynda göwnüçökgünlik döredýändikleri, adamzadyň röwşen gelejegi bolan kommunizme bolan ynamlaryny syndyrmaga synanyşyk edýändikleri üçin tutulyp, Omar kakama dokuz, Osman kakama ýedi ýyl berlendigi, «etap» bilen Aşgabatdan Orsyýede ugradylandygy ýazylypdyr. Şondan aňyrsy düşnüksiz. Ýagny, olaryň hiç haýsam Orsyýede baryp ýetmändir. Ýolda bir betbagtçylyga uçrapdyrlarmy ýa gaçypdyrlarmy, o hakda-da agzalanok. Dogry, iki hatyňam soňunda: «Egerde, goşmaça maglumat elgerilip, mesele aýdyňlaşdyrylsa, hossarlarynyň habardar ediljekdigi» aýdylýar. Emma hiç hili habar şondan soň bize gelip gowuşmady. Şonuň üçinem, hernäçe agyr düşse-de, gelen jogaplaryň esasynda, hossarlarymyz iki daýymyzyňam patasyny almaly boldular... ― Režissýor iki çigninden agyz uraýarly göründi. ― Çagada bolsam şonda men bir zady berk bildim: «Ölenini gözüň bilen görmedik, eliň bilen jaýlamadyk adamyň patasyny almak ýaly elhenç zat ýok ekeni, Hümmi akga. Onda-da ikisiniňkini birden almak Sünnet ikimiz-ä olaryň nähili adamlardygyny bilemzokdyk ahyry. Şanazar daýymyň aýaly Şemşat daýzamyň uly-ili bilen ses edip, gara öýüň gapysyndan girip barýany henizem göz öňümde dur. Indi on iki ― on üç ýaşlaryndaky göze görnenje gyzy Mähegem yzynda. Şemşat daýzam-a öýe gidişi ýaly bürenjegini çöwre geýdi-de, duldaky çuwalyň öňüne çökdi. Tärimden ýapyşyp ýas aýdymyna başlady. Mähek bolsa ejesiniň arkasyna ýapyşdy. Omar kakamyň aýaly Gülnäz gelnejem bilen Osman kakamyň aýaly Dürli gelnejemem bürenjeklerini çöwürmeselerem çümre bürenişip Şemşat daýzamyň hersi bir gapdalynda çökdiler. Mähegi gezek-gezegine gujaklaryna alyp aglaşdylar. Begnazar daýymyň agysyny aglara maşgalasam, çagasam ýok bolansoň enem pahyr iki-üç adamlyk dagy aglamaly boldy. Onuň: «Waý, namyrat giden doganjygym-aý, bu dünýeden binyşan öten doganjygym-aý...» diýen ýaly agy aýdymlaryny eşidip, Sünnet ikimiziňem daş işikde söýenişip aglaşýanymyz ýadymda. Kimdir biriniň ― öz-ä aýal adam ― gelip: «Goýuň, jigiler, goýuň, aglamaň, aglasaňyz «pata köşek» borsuňyz diýip, bizi köşeşdirjek bolýanynam bilýän. Dädem bolsa indi mazaly garran, ýöne ähli bela-beterlerden sag-aman sypan Atanepes kakam we ýene-de garyndaşlarymyzdan iküç sanysy bilen dik durup ses etdi-de, soň mal soýmak, biş-düş etmek ýaly ýas hysyrdylary bilen boluberdi. «Baryň, siz märeke sowulýança Gurt agalara baraýyň» diýip bizi köçeden geçirip goýberenem göz öňümden aýrylanok... 8. Maşgalamyzyň syry bize-de aýan edilip, daýylarymyzyňam sakytlary sowlandan soň hossarlarymyzyň atam baradaky gürrüňleri edil, duran içi süzmeli meşigiň bujagy çözülene döndi. Çünki, şol wagt müň dokuz ýüz kyrk dokuzynjy ýyl dolup, wagt diýlen nägehan ellinji ýylyň gerşinden agyz urup ugrapdy. Hasaba görä atam haçan gara berse beräýmelidi. Şonuň üçinem, hemmeleri bilniksiz şatlyk gurşap aldy. Düýn öňňinki ýas, gaýgy-gam, başdan geçirilen kynçylyklar doly unudylmasa-da, garaz, her kim ýatdan çykarmana dyrjaşdy. Köpden bäri sus oturan hojalyk agyr hassaçylykdan soň aýňalana, höwürtgede ýeke özi galan garry bürgüdiň ganatlary ýazylana döndi. Uly-kiçi hemmäniň ruhy göterildi. Çünki, bir döwürde gidensoňlar, bir döwürde hem geläýjek ýaly biz Omar kakamdyr ― Osman kakama hem garaşyp başladyk. Medet Mürzeli wakany tutaryk edinip, hatda patasy alnan Şanazar daýymyň maşgalasy Şemşat daýzamam biliner-bilinmezrägem bolsa, ärine garaşyp başlady. Mähek görgülijigiň dagy girende-çykanda «ýyrş-ýyrş» edip erni ýerine gelmedi. Umuman, şol wagt biziňkileriň hemmesiniňem kalplarynda telim ýyl bäri orun alan näumytlyk uçgunlary bilen, täzeden dörän umyt uçgunjyklary özara darkaş gurýardy. Olaryň haýsynyň ýeňjekdigini, haýsynyň ýeňiljekdigini bolsa bilýän ýok. Ony, garaşylýan alynky günler, aýlar, belki-de, ýyllar görkezmelidi. Biziňkiler diňe gowulyga garaşýardylar. Erbetliklerden, şowsuzlyklardan ýaňa olar juda ýadapdylar. Şol ýadaw adamlaryň arasynda, juda ýaşdygymyza garamazdan, indi Sünnet ikimizem bardyk. Biz olara täze goşulypdyk. Umyt uçgunjyklarymyzyň köräp tutaşmagy, ullakan alawa öwrülmegi gidenlerimiziň gaýdyp gelmekleri biziň barymyzy şol ýadawlykdan halas etmelidi. Umyt uçgunjyklary biziňkileriň kalbynda garaşýan adamlarymyzy mynasyp garşy almaklyga bolan höwesi döretdi. Şeýdibem, taýýarlyk işleri başlandy. Oňa dädem başlyklaýyn, uly-kiçi, hemmeler gatnaşýardylar. Ýeke bir gelnejeleri ― Şemşat daýzam däl, hatda enemem ýetdik kömegini berýädi. Sünnet ikimizem gyrada garap durmaýardyk. ...Jaýlarymyzyň jaýryk atan ýa suwagy gaçan ýerleri bejerilýärdi, howlynyň içindäki haşal otlar çapylýardy, syryp-süpürilýärdi, süplükler ýakylýardy, esasanam, gyşyň içem bolsa gülläp oturan bägüllerimiziň daş-töweregi arassalanýardy, ösüntgileri çyrpylýardy, düýbi agdarylýardy, hatda gara öýümiziň eşiklerine çenli gurbumyzyň çatdygyna görä täzelenýärdi. «Bu ataňa, bu Omar jana, bu Osman jana, bularam belki Hudaý, nesibeleri çekip gelseler arkadaglaryma, ine, bulary bolsa üýşmeleň güni Mustapa jan pukara görünmez ýaly gelen-gideniň aşagyna ýazaryn, gapdallaryna oklaryn...» diýip, enem pahyr käbirini täze, käbirini bolsa öň bir zatlara ulanylan, ýöne, täzesar görünýän matalardan tikip täze ömür beren körpençejiklerini, ýassyjaklaryny azyndan günde bir gezek sypaň-sermeň edip, elinden geçirýärdi. Gülnäz gelnejem bilen Dürli gelnejemem uly umyt bilen hysyrdanyp ýörüşlerini görüp begense, syr bildirmän, işe goşulyp, hysyrdanyp ýören Şemşat daýzamdyr ― gyzy Mähek ikisiniň her niçik hem bolsa sustlarynyň pesdigini görüp gynanýardy. Birdenem: «Tussamandan geläýseler dagy» diýip, daş çykýady-da, işikdäki gülleriň iň gowularyndan ýygýardy, getiribem daşy ýaşyl syrçaly, kiçiräk küýzejiklere salyşdyrardy. Içine suw guýýardy. Hemmesini iç işikde hatarlap goýubam töre tarap çekilýärdi-de, hamala Ýewropanyň iň uly sergi zallarynyň birinde goýlan üýtgeşik bir sungat eserine seredýän ýaly, çalaja arkan gaýşyp, ümzügini öňe atyp, gözlerini süzgekledip, boýnuny kä saga, kä sola gyşardyp, siňe-siňe serederdi. «Görseler-ä begenerler özler-ä...» diýip pyşyrdardy. Şondan soň telim günläp, tä, bägüller solup, baldaklary guraýança öýümiziň içi-daşy bägüliň ýakymly ysyndan ýaňa ýaz günlerini ýada salar durardy. ― Şyh Mustapa iki diwanyň arasyndaky tumboçkanyň üstünde duran «Tefala» tarap tiňkesini dikdi...» ― Ýene bir gezek çaýjagaz demlenäýmeseg-ä gürrüňimiz entek-entek gutarmaz...» ― diýibem, turup gitdi-de, ony suwdan dolduryp geldi. Hanasynda oturdyp toga çatdy. Köp muşakgatlary gören köneje «Tefalyň» içindäki tagamy azajyk ajymtyk kakýan suwuň inine gyzgynlyk ýaýrap, maşynyň bir «sweçi» işlemeýän motory ýaly «pakyr-pukur, park-purk» etdirip başlanyndanam ýerine geçdi-de, gürrüňiň yzyna başlady. ― Şol wagt biz ýaly gidenine garaşýanlardan ýene birem atam bilen bir günde tutulyp äkidilen, Gurt aganyň maşgalasydy. Başda ondanam habar-hatyr bolmandyr. Ýöne, dädemiň öz ýitiklerini gözläp, ýazyşy ýaly onuňam mekdepde okuw müdiri bolup işleýän, dädem bilen deň-duşrak, ortanjy ogly Amangeldem ýazyp-ýazyp dädesiniň Sloweskide, atam bilen bir ýerdedigini anyklady. Şonuň üçin olaram Gurt aganyň bu gün erte gara bererine garaşýardylar we aýak-aldyklaryna her taraplaýyn taýýarlyk görýärdiler. Häli-şindi gelip, biziňkiler bilen pikir alyşýardylar. Maslahatlaşýardylar. Ýöne, indi iki tarapyňam gep-gürrüňlerinde öňki ýaly zeýrenç-nalyş däl-de, begenç alamatlary, şatlykly duýgular agdyklyk edýärdi. | |
|
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Aýyrdygyňça wezipe bahasy gymmatlaýar - 23.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |