11:04 Gyrmyzy bägüller -7/ romanyñ dowamy | |
28.
Romanlar
Baçinskiniň özi ýörite edipmi ýa gabat gelipdirmi, atamyň gözlegine gidilmeli gün ýekşenbä düşüpdir. Şonuň üçinem, on-on iki ýyl mundan öň o dünýä giden adamyň ýagty ýalança dolanyp gelşini öz gözleri bilen görmek, bendileriň tas, hemmesine diýen ýaly miýesser edipdir. «Şu günki ýaly ýadymda ― diýip, geçmişde galan şol kyn pursatlary ýatlap oturşyna Gurt aga iki çigninden dem aldy. ― Müň dokuz ýüz kyrk dokuzynjy ýylyň tomsy tamamlanyp, tebigat ýaňy bir güýzäp başlapdy. Howa bulaşygrak. Guşlukdan bäri çisňäp duran howa owunjak gara öwrüldi. Sähelçe, sepeledi-de, derrewem diňdi. Bulutlar paralanyp Gün çykdy. Gök asmanyň ýüzündäki lemmerlenip ýören ala bulutlaryň haýsynyň haýsy tarapa barýanyny biler ýaly bolmady. Bendiler topar-topar bolşup, onda-munda, hersi bir zatlara güýmenişip ýa özara gümür-ýamyr edişip ýörler. Hemmesiniňem gözi «Lezozawod» tarapdaky derwezede. Çünki, konwoýlar Mämmediň gözlegine şol ýerden çykyp gitdiler, şol ýerdenem yzlaryna dolanyp gelmeli. Olar bäş sany. Mämmedi olar ýüp bilen alyp çykýalarmy ýa merduwan bilen, ony biz bilemzok. Merduwanlary ýüpden bolsa-da, başga bir usullary baram bolsa bilemzok. Ýöne, gören gözleriň aýtmaklaryna görä, konwoýlaryň gapdalyna erkin işgärlerdenem-ä iküç sanysy goşulaýan ekeni. Biz Reşidiň şägirtleri bolup şolaryň çykmaly derwezeleriniň agzynda garaşyp durus. Reşit Mämmediň ýaşlygy, onuň bilen bile işleýşi, iňňän owadan hem akylly dor atynyň bolandygy barada gürrüň berýär. Birdenem, zonanyň Günbatar ganatynda top tutup duran bendileriň barysy sime tarap ylgaşdylar, baryp oňa ýalaňaç elleri bilen ýapyşdylar, bagyrlaryny berdiler. Görsek, baýyrlyklaryň üstündäki gök salşyp oturan agaçlaryň arasyndaky, şo-ol, birwagtky biziň gelen, edil ak ýylan ýaly towlanjyrap aşak inýän ýolumyz bilen, edil biz ýaly aýdym aýdyşyp, ellä golaý bendi ýadaw halda lägire ýetip gelýä. Bizem göwünli-göwünsiz eňdik şo tarapa. Ol ýol hiç haçanam boş bolanokdy. Ýa aňryk, ýa bärik hereketsiz wagty azdy. Sebäbi, Sloweskiniň lägirleri köp bolansoň, bendiler dürli sebäplere görä ondan-oňa, mundan-muňa geçirilip durlar. Sürgüne, katorga iberilýänlerem köplenç biziň üstümizden geçip gidýärdiler. Bir ýa iki, käte bäş-üç günlük düşläp geçýän wagtlaram bolaýýardy. Şonda olar özlerem bilmezden Baçinskiniň gazanç çeşmesine öwrülýädiler. Ýagny, ol olara öňden erkin, hakyna tutma işgärler üçin niýetlenilip goýlan turba gömer ýaly çukurjagazlary gazdyrýadylar, ýapjagazlary, çiljagazlary çekdirýädiler, başga-da lägiriň birnäçe ownuk-uşak, görner-görünmez işjagazlaryny etdirýädiler-de, hakyna tutmalara etdirilen hökmünde hak ýazyp, öz jübülerine urýardylar. Egerde düşleseler, onda bu gelýänleriňem biziň naçalniklerimiziň ryzklarynyň artmagyna ýardam edäýmegi ahmal. ...Biz welin olary her gezegem şeýdip, uly gyzyklanma bilen garşylaýadyk, üns bilen synlaýardyk, çünki, her birimiziň olaryň arasyndan tanyş ýüz tapmak, obadaşlarymyza duşmak tamakinçiligimiz bardy. Şol umyt-islegler ýeke bir bizde däl, sallam-sajak bolşup, bu ýere soguşyp gelýänlerde-de bardy. «Saratawdan adam barmy?» «Rýazandan kim bar?» «Piterliň ýokmy?» ― diýen ýaly sözler edil doly gelen ýaly bäş-üç minut, iki tarapdanam başly-barat gaýtalanandan soň, şowhun sowulýar. Bu gezegem şol bir hereketler gaýtalandy. Ine-de, «etapçylar» bir wagtky biziň giren derwezämizden, edil biziň girişimiz ýaly, töwereklerine alakjaşyp, geçip gitdiler. Ondan bäri matasy telim gezek täzelenen, ýöne, manysy şol durşuna duran şygara seredip bir zatlar diýişdirdiler-de, zonanyň törüne tarap, «alagüpürdi» bolşup gitdiler...» Nämä garaşyp durandyklary ýatlaryna ýaňy düşen ýaly, şondan soň barysynyň nazary ýene-de zonanyň Günbatar ganatyna gönügipdir. Görseler, atamyň gözlegine giden konwoýlar «Lezozawodyň» öňünden geçip, tikenekli simiň derwezesine ýetip gelýän ekenler. Konwoýlaryň iň öňdäkisi elinde gundagly çaga meňzeş, ak mata dolangy bir zady göterip gelýär ekeni. Onuň adamdygyna hiç kimde, hiç hili, şek-şübhe galmandyr. Gurt aga şol konwoýyň öňünden ylgap çykypdyr-da, sojap durşuna: «Žiwoý, da?» diýip, sorapdyr. Gurt aganyň özündenem daýaw konwoý her ýerden bir basyp, däbşenekläp barşyna, badynam gowşatman: «Po moýemu da...» diýipdir-de, ýoluny dowam etdiriberipdir. Gurt aga-da onuň gapdaly bilen «golt-golt» edip ylgaberipdir. Oralgy matanyň daşyndan sypaň-sermeň edipdir. «Mämmet, Mämmet» ― diýip, birki ýola yralapdyr. ― Sen meni eşidýäňmi?..» Şol wagt ýetip gelen Reşit aga-da öz türküsinde atamdan bir zatlar sorapdyr. Ýöne, oňa-da hiç hili jogap bolmandyr. Asla, bolup ýatyşyny göreniňde ondan şol wagt hiç hili jogap hantama bolar ýalam däl ekeni. Baraklara golaýlaberenlerinde «Lazaret» tarapdan atylyp, Çumak çykypdyr. O-da gelşi ýaly konwoýa Gurt aganyň soragyny beripdir. Degerli jogap alandan soňam ony derhal «Lazarete» eltmeklerini haýyş edipdir. «Yzym bilen geliberiň» diýip, öňlerine düşüpdir. Haladynyň syýlaryny galgadyp, ýortup barşyna Gurt aga bilen Reşit aganyň ýüzüne-de seretmän: «Sizem ýörüň, men naçalnik bilen gürleşdim...» diýipdir. Şol wagt tümden gelen konwoýlaryň başga biri daşyna köne-küşül mata oralan bir zady Gurt aganyň eline tutdurypdyr. Gyrak-bujaklaryny açyp görse, şo-ol, birwagtky tüme oklan Kurany Kerimleri ekeni. Hemmeleri geň galdyran zat ― şonça ýyl şol ýerde ýatanam bolsa, mukaddes kitap hatda mizemändirem. Konwoýlardan sorag-ideg edip çykaran netijelerine görä, hemmeleriň çak edişleri ýaly, ölüminiň golaýlanyny aňyp, atam hakykatdan-da bukudan çykyp, germewe golaýlapdyr. Soňabaka-ha gözläýenlerinde-de, idäp wagt ýitirmezleri üçin, halys uçudyň düýbüne dykylaýan ekeni. Şonuň üçinem, konwoýlar ony edil düşen ýerlerinden, ýokardan oklanan, zir-zibile dönüp giden üýşmegiň içinden tapypdyrlar. Soňky «iňňildiler» ana, hut şol ýerden çykýan ekeni. Elleri ýiti çyraly konwoýlar üstünden baranlarynda atam Kurany Kerimi bagryna basyp, tükge düşüp ýatyr ekeni. Çyrasyny, ýag beňkesini we beýleki goşjagazlarynam süýräp şol ýere elten ekeni. *** «Lazaretiň» garaňkyrap duran jaýlarynyň iň törkisine eltipdir-de, Çumak atamy göterip gelýän konwoýa uly bolmadyk, ýöne, demir gözenekleri juda berk penjiräniň öňündäki krowada tarap ümläpdir. Konwoý elindäki gundagy emaý bilen görkezilen ýerde goýupdyr. Edil şol wagt eli kagyz-galamly Arntols hem gelip ýetişipdir. Çumak «gunaly» ýatan syrkawy görkezip: «Entek senlik iş ýok» diýeninden soň, ol bir gyra çekilipdir. Gözlerini welin, atamdan aýryp bilmändir. Baçinskiniň buýrugy bilen bolsa gerek, şol wagt birwagtky «jyrtbizzik» gelinleriň ýerine Çumak bilen bir döwürde diýen ýaly alnan, otuz ýaşlaryndaky Tamara atly dolmuş, topuklary tekiz, aýaklary top ýaly, butlary çogup duran, gara saçly, garagözelek sanitar gelnem gapydan giripdir-de, hyzmata taýyndygynyň alamaty hökmünde Çumaga golaý barypdyr-da, duruberipdir. Ony bendileriň hemmesem tanaýan, hemmesem hormatlaýan ekeni. Ol öň adamkärçiligi, ahlak taýdan durnuklylygy bilen özüni sylatmagy başarypdyr. Ol bäş-üç ýyllykda zona adamsynyň yzyndan gelipdir-de, barjak ýerlerinde-de gaty bir garaşyp oturan degerli hossarlary bolmansoň, adamsam: gel, şuny şeýdäýeli-le diýip, ykyrganyp duransoň maslahatlaşypdyrlar-da, ýerli poçtadanmy ýa başga bir edaradanmy, amatly iş tapyp, boşandan soňam şol ýerde, goňşy posýolakda galyberipdirler. Tamara gözi düşen bendi, özüni dertden ýeňlän ýaly duýýarmyşyn. Gurt aganyň ýarym degişme bilen aýtmagyna görä-hä, syl, görenden açylyp gidiberýänem bar ekeni. Şonda dädem: «Ýüzi sargyly bolmadyk bolsa, biziň ýaşulymyzam açylarmydy» diýip, onuň degişmesine görä sorag berdi. «Aý, ýok, Mämmet açylmazdy. Sebäbi onuň bar yşky Allahda. Başga zada onuň söýgüsi joşmaýa. Ine, onuň ýerine men bolan bolsam welin» diýip, çyndanmy, ýalandanmy, bilemok, ýüzüni iki-baka sypajaklatdy. Adamkärçiliginiň gowy bolşy ýaly, Tamaranyň görki-görmegem zyýada ekeni. Şonuň üçinem, Gurt aganyň ýüzüni sypajaklatmasy megerem, ýöne ýere däl bolsa gerek. Kalbynyň töründe bir üýtgeşik duýgy galan bolsa gerek, Gurt aga oba gelesoňam ony ýygy-ýygydan ýatlardy. Lager hakda gürrüň açdygy bir ýerine şonuňam adyny sokaýasy geler durardy. Agyzdyraksyz atyňky ýaly ullakan agzyny hatap deý açyp, uludan demini alardy. Özem dert-azar, şonuň derdini çekýändigini bildirmejek bolýardy. ...Howwa, Çumagam şondan soňky hereketlerini Tamara bilen bilelikde dowam etdiripdir. Ýöne, Gurt aganam, Reşit aganam atamyň ýakyn hossarlary hökmünde jaýdan çykarmandyr. Hatda Arntolsa hem «git» diýmändir. Şonuň üçinem, olaryň üçüsem durmuşda juda seýrek duşýan hadysanyň iň bir gyzykly pursatlarynyň gözlüje şaýatlary bolupdyrlar. Işe başlamazdan burun, Çumak öňi bilen Tamara ulurak legen getirdip, içine-de ýyljak suw guýdurypdyr. Şondan soň ikisi atamyň gözündäki sargylara degmän, daşyna oralan matalary emaý bilen aýryşdyrypdyrlar-da, özüni suwly legene salypdyrlar. Margansowka tapylmansoň suwuň içine bir bölejik kir sabyn atypdyrlar. Şondan soň edil ýaňy bolan çaga ýaly atamy usullyk bilen ýuwup başlapdyrlar. Gurt aganyň sözleri bilen aýtsak, şol wagt atamyň endam-janyna gözüň gyýyp garar ýaly däl ekeni. Edil, entek enesini emibem ýetişmedik, bagana üçin soýumaly içdençykdy guzujygyň soýlan jyrrygy ýaly gyzyl etene ekeni. Gabarasam tazynyň taşlantgysyndan uly däl diýýä. Şol bolşy bilenem ýaradan ýaňa bedeni gyzyl-žizzik bolşup, suwjaryşyp, şybyljyraşyp durmuşyn. O-da nijembir ýyllap endamyna siňen kömür bilen garyşyp gap-garamy, göm-gökmi, eýmenç bir erbet öwüsýämişin welin, şol ýuwlup duran zat altmyşdan geçen ullakan adamdyr, özem diridir, diýseň ynanar ýaly dälmişin. Sakgal-saç, murt diýeniň dagy ösübilenini ösüp, islän tarapyna ýaýrap, çaýyr ýaly ýüzüni-gözüni basyp gidipdir. Oralan matalaram ýaralaryna ýelmeşip ýetişen bolmaly, her oramyny aýranlarynda atam tisginip-tisginip gidýämişin. Çalaragam iňňildeýämişin. Muňa Çumak begenipdir. «Horoşo, horoşo. Ras, çuwstwuýet bol, znaçit žiwoý...» diýipdir. Suwdan çykaranlaryndan soň, atamyň endamyny süpürmändirler-de, arassaja mata oraýypdyrlar. Tämizje düşegiň üstünde ýatyrypdyrlar. Jaýyň içini garaňkyradanlaryndan soňam, gözüniň bir daňysyny aýrypdyrlar. Şondan soň Çumak Gurt aga bilen Reşit aga ýüzlenip: Men şu wagt şunuň gözüniň bir daňysyny aýyrdym. Ýene-de alty gaty galdy. Her gije-gündizdenem birini aýyrmaly. Sekizinji günüň bize näme sowgat etjekdigini entek belli däl. Galanynam soň görübereris. Şol gün men sizem çagyraryn» diýipdir. Şeýdibem, şol günlükçe hoşlaşypdyrlar. Ýolda gidip barýakalar, Gurt aga Tamaranyň işleýşini göz öňüne getirip, ony uly toýlarda ýeňini çyzgap hyzmat edýän, bilekleri çomuç ýaly türkmen gelinlerine meňzedipdir. *** Çumagyň şol diýen güni ýene-de ýekşenbä gabat gelipdir. Söz berşi ýaly ol Gurt aganam Reşit aganam, Arntolsam çagyrypdyr. Tamara olary güler ýüz bilen garşylapdyr. Iş başlanypdyr. Çumak jaýyň içini garaňkyradyp, ölügsije yşygyň ýagtysyna atamyň gözündäki sargylary aýryp başlapdyr. Iň soňky daňyny aýyrjak bolanda hemmesi atamyň üstüne howala bolupdyr. Aýrypdyram welin... ...Barysy birden içlerini çekip, arkan serpilipdirler. Tamara-ha tas, özünden gidip ýykylan ekeni. Reşit aga ýetişibildiginden doga okap başlapdyr. Gurt aga bolsa näme etjegini bilmän, ikibaka elewräp ýörmüşin... Çünki, atamyň gözleriniň her owasyna bir apbasy goýlan ýaly dym-ak ekeni. Gurt aga atamyň üstüne eglipdir-de, adyny tutupdyr. Ol çalaja «iňläpdir». Çalaja-da dodaklaryny gymyldadypdyr. Çumak muňa-da begenipdir. Hatda birgeňsi ýylgyrypdyram. «Slawa bogu, slawa bogu» diýip, aýak üstünden Hudaýa çokunypdyr. Şonda ol Gurt aganyň gözüne hasam owadan görnüpdir. Çumak oňa seredip: «Saňa jogap berdigi şol. Diýmek, aňam ýerinde. Oňa indi diňe kuwwatlanmak, özüni tutmak gerek ― diýipdir. Azajyk oýlanyp durandan soňam: «Galan iş meniň bilen...» diýip, atamyň gözüni ýapmak, sargy etmek bilen bolupdyr. ― Galan iş meniň bilen... Gerek bolsaňyz men özüm size habar ederin...». 29. Çumak şondan soň «Lesozawodyňkylardan» haýyş edip, tagtadan içine atam sygaýar ýaly edip kersen ýasadypdyr. Daşyndan seredeniňde ol çagany suwa düşürilýän kiçijik legene meňzäpdir. Onam owunjak agaç ýonuşgasyndan doldurypdyr-da, garaňkylykda atamy şonuň içine gömüpdir. Dem alary, şeýle hem ýüzüne-gözüne agzyna-burnuna ýonuşga girmezi ýaly faneramy ýa karton bölekleri bilenmi kellesiniň töwereklerini gümmezekledip, üstüni ýene-de ýonuşga bilen ýapypdyr. Özünem şol, başky salan palatasynda goýupdyr-da, her gün daňdanaralar daş çykaryp, gözündäki daňyny aýrypdyr. Howa ýagtylyp-ýagtylmanka-da, täzeden daňyp, ýene-de öňküsi ýaly ýonuşga gömüpdir. Şol aralykda-da, edil içegeleri guraýmaz ýaly bir owurtjyk çorbamy, suwmy, kaşamy garaz kiçijik çemçe bilen tapanja zadyndan agzyna guýupdyr. O-da tamşansa-ha tamşanypdyr, tamşanmasa-da içine gideni gidipdir, gitmedigem galyberipdir. Üstüne dökülipdir. Şonuň üçin Çumak oňa Tamaradan haýyş edip «agyz suwlujagam» ― ýagny, «kirligem» tikdirdipdir. Süýt-gatyk meselesinde-de, Tamara kömek edipdir. Posýolakdaky mally hojalyklardan satyn alypmy ýa şeýlemi getirip beripdir. «Şu hemme süýtlerdenem ýokumlymyşyn» diýip, ol bir gezeg-ä bir käse ýaly geçiň süýdünem getiräýipdir. Lazaretde bolup geçýän täsin hysyrdylary daşyndan gözegçilik edip ýören Baçinskiý, soňabaka ol ýere terjimeçi hem atamyň obadaşy hökmünde Gurt agadan başga hiç kime, hatda Reşit aga-da barmaklyga ygtyýar bermändir. Ýene bir bellemeli gyzykly zat ― atam lagerdäkiler üçin şol wagt üýtgeşik bir muzeý tapyndysyna dönüpdir. Her kimiň ony gözi bilen göresi gelipdir. Şonuň üçinem, dynç güni we agşamlaryna «Lazaretiň öňi ony görjeklerden ýaňa hyryn-dykyn bolýan ekeni. Tamara eýgertmänsoň, olary Çumagyň özi çykyp kowýan ekeni. «Onuň bu wagt görer ýaly ýeri ýok. Bar ýeri saralgy. Üstesine-de, ýonuşga gömülgi. Ine, gutulyp aýak üstüne galaw welin, göre-göre bizaram bolarsyňyz» diýse-de, aňsat-aňsat gidesleri gelmeýän ekeni. Şonuň üçinem, Çumagyň haýyşy boýunça Baçinskiý ol ýere ýörite konwoý goýupdyr. Bendiler welin, şonda-da Lazeretden aýak çekmändirler. Olaryň köpüsi jübülerine salyp ýa gysymlaryna gysyp kelem ýaprajyklaryny, şugundyr ýa kartoşka gabyjaklaryny getirýän ekenler-de konwoýa: «Sen gaýrat et-de şuny Nazarowa ber. Ol o ýerde on iki ýyllap diňe şu zatlary iýip oňupdyr. Küýseýän bolmagy mümkin... Bişen naharlary onuň aşgazanynyň entek-entekler kabul etmezligi mümkin...» diýýän ekenler. Baçinskiniň özi bolsa gije ýa gündiz, hiç kimiň ýok wagty gelip, atamy daşyndan synlap-synlap gidýän ekeni. Ýonuşgaly kersene tarap baş atyp: «Şundamy şol? Şonuň içindemi? Bamy özi? Barlap görýäňmi-i?..» diýip, Çumakdan çintgäp-çintgäp soraýan ekeni. Berk saklamagyny, gaçyraýmazlygyny haýyş edýän ekeni. Girizilen gadagançylyga hemmeden beter Arntols gynanypdyr. «Wah, emgejigim köýdi-ow! Göwün islegim daşa urlan aýna dek çym-pytrak boldy-ow...» diýip, ol edil çaga ýaly jibrinýän ekeni. Gurt aganyň oňa näler: «Sen gardaş beýdip ýörme, sebäbi, ol daýanyp gidenden soňam saňa hiç zat aýtmaz, aýtsa-da gönendirmez, sebäbi onuň ýasawy şeýle, men oňa belet» diýesi gelýän ekeni-de, onuň höwesini puja çykarmazlyk üçin hiç zat diýmändir. Gurt aga welin, dynç günlerä ertirden-agşama, iş günlerem agşamlyk tä ýatar wagtyna çenli atamyň ýanyndan aýrylanok ekeni. Şonda ol damagyny dolduryp, gözlerine ýaş aýlap durşuna kemiş-kemiş edýän ekeni. «Çünki, men gözümiziň öňünde öli dogan çaga ýaly, ak ýüplük deý süýnüp ýatan gowuşgynsyz göwräniň birwagtlarky dor atyny uçganakladyp, şäherden obadaşlaryna bägül daşaýan, onuňam iň gowusyny söýgülisine gowşurýan, otly bilen çapyşýan, hatda sirkde çykyş etmekligem başaran, maýmyn ýaly çalasyn Mämmetdigine ynanyp bilemokdym... ― diýip, özüniň şol wagtky halyny Gurt aganyň özi beýan etdi. ― Biziň daşynda jöwlan urup ýören gundaglyja kişimiz, dogrusyny aýtsak hakyky Mämmet däl-de, şonuň sudurydy. Özi däl-de, temasydy. Şol tema boýunça indi ondan Mämmet çykmalydy... Bizem: «Şundan-a Mämmet çykaýsa gerek» diýen umyt bilen ony edil ýap-ýaňyja dürterip çykan iki gulak gämik dek mäjerleýärdik. Ony ýagty ýalança gaýtadan dolap getirmek üçin jan edýärdik. Şu meselede Çumak bilen Tamaranyň eden yhlaslaryny welin, hiç zat bilen deňeşdirip bolmaz. O-da şol ikisiniň yhlasyna jogap edip, kem-kemden bäri bakýady. Hakykatdan-da ýagty ýalança dolanýady. Dogulýardy. Ol indi hakykatdanam täzeden dogulmalydy, täzeden gözi gara düşmelidi, täzeden ses çykarmalydy, gürläp başlamalydy, ýörjen-ýörjen bolmalydy. Soňam haçandygy belli däl, indi ikinji gezek, ýöne garaçyny bilen, hemişelik ölmelidi. Ol şol döwür ölüm bilen ýaşaýşyň arasynda döwtalaplylyk bilen, ylaýyk bir öwrüm edipdi. Şol wagt ol bu dünýä öňem bir gezek gelip giden, indem munda galdyryp giden haýsydyr bir gymmatbahaly zadyny alyp gitmek üçin ugurdaş ulaglaryň birine münüp, yzyna gaýdyp gelýän ýolagçy merhuma meňzeýärdi. *** Kyrk günden soň atam özüne gelip başlapdyr. Ilk-ä daňdanara ýonuşgadan çykarylyp iýmitlendirilende öňkülerine görä birneme işdämenräk tamşanypdyr. Bokurdagyndan bir çemçe, ýarym çemçe çorbajyk geçiripdir. Sese-ses, üýne-üýn berip ugrapdyr. Gapdalynda durup gürleşiberseler ýatan ýerinde gorsanypdyr. Däri-derman, sargy edýän wagtlary Çumagyň, Tamaranyň elleriniň ýylysyny duýupdyr. «Takyr-tukura» tisginipdir. Edil agzy sary etene guşuň kem-kemden per baglap, gün-günden kemala gelşi ýaly, ilki aýaklarynyň, elleriniň barmaklaryny gymyldadypdyr, soň süňklerini hereketlendiripdir, iň bir esasy zadam, ýonuşga salýançalar halynyň ýetdiginden ol egninden bu egnine agdarylyp başlapdyr. Ýaňyja dil biten çaga ýaly, üzlem-saplam gepläpdir. Ilkinji aýdan sözem: «Allahu-akbar...» bolupdyr. Çumak diňe şondan soň onuň sakgal-murtuny, saçyny ilk-ä gaýçy bilen gyrkypdyr, soňam emaý bilen syrypdyr. Şondan soň atam azajyk özüne meňzäpdir. Köp wagt geçmänkä-de, aram-aram özüne gelip, ýene-de huşundan gitmäni çykarypdyr. Bir gezek daňdanaralar, sargysyny aýyrýan wagty özüne gelipdir-de, elbetde, ýanynda durandygyny sesinden aňandyr-da: «Gu-urt, sen şu ýerdemi...» diýipdir. Gurt aga jogap berip ýetişmänkä-de, özünden gidipdir. Şeýlelik bilen, goja türkmeniň hä diýmän dirileriň hataryna goşuljakdygyna hemmeler ynanypdyrlar. Bu üstünligi ajal bilen jan dalaşyna giren Çumagyň ýeňşi hasap edipdirler. Çumak bolsa: «Ýok, ýok, bu asla meň ýeňşim däl, bu goja türkmeniň öz ýeňşi. Bedeni şolar ýaly kynçylyklardanam baş alyp çykmany başaran bujagaz, ejizje göwräniň şeýle çydamlylygynyň sebäbini ylmy derejedäki ullakan, medisina, barlaglary düşündirip biläýmese, men-ä näme diýjegimi bilemok...» diýipdir. Şol wagt bolýan işlere tolgunmakdan ýaňa bir gyrada owsunjyrap duran Tamara: «Eto ot boga...» diýipdir. Çumak onuň bilen ylalaşypdyr. «Ýa tože tak dumaýu...» Atam olary ýalançy etmändir. Ynamlaryny ödäpdir. Indiki gezek özüne gelende Gurt aga bilen bolşuna görä bäş-üç agyz söz alşypdyr. Özüniň nirededigini, näme üçin gözleriniň saralgydygyny sorapdyr. Gurt aga bolşy ýaly edip, birin-birin aýdyp beripdir. Diňläp bolandan soň atam: «Hudaýa şükür. Allahu akbar...» ― diýipdir. Soňam diňşirgenipdir: ― Näçe wagt geçdi?» «On bir ýyl» diýip, Gurt aga jogap beripdir. «Ýa rebbin-Alla-a...» ...Uzaklaşdyrmanam aýaklaryny, ellerini ýazyp-büzmäni, düşegiň üstünde dik oturmany, ondan soň krowadyndan aýagyny sallap oturmany, Çumagyň kömegi bilen ädimlemäni öwrenipdir. Jemi üç aý diýlende-de, ap-ak bolup duran bäbenekleriniň içinden garaçjyklary görnüp başlapdyr. Uzaklaşdyrmanam agy-garany saýgarypdyr. Muňa Çumak çaga ýaly begenipdir. Duran ýerinde ellerini çarpyp, bökejekläpdir. Bir zatlar diýip şadyýan gygyrypdyr. Çumak welin onuň bilenem oňman, gapdalynda özündenem beter begenip duran Gurt agany, Reşit agany gujaklapdyr, Tamaranyň bolsa hakyt «şapladyp» ýaňagyndan ogşapdyr. Sanlyja günden soňam atamyň gözleriniň agy-garasy doly ýerine gelipdir. Göreçleriň görgürligi dikelipdir. Diňe şondan soň Çumak atamy ýonuşgadan çykarypdyr, gözleriniň sargysyny ymykly aýrypdyr. Edil başdakysy ýaly, Tamara bilen bilelikde ony legene salyp ýuwundyrypdyr. Geýindiripdir. Şondan soň atam özüne meňzäpdir. Sudurdan hakykatdan-da Mämmet çykypdyr. Entek-entekler saňa dynç gerek diýip, Çumak şondan soň atamy ýerinde ýatyrypdyr. Başlan gümürtik işleriniň garaşylyşyndanam has şowly çykandygy mynasybetli Tamara Çumak bilen Gurt agany öz kabinetine çagyryp, hersine elli gram spirt beripdir. Şolar ýaly bir zady ýüregi syzan Reşit aga bolsa ümdüzine çykyp gidipdir. Şo gezek Tamara Gurt aga ýüzlenip: «Siz örän gowy adam, obadaşyňyzy gözden salaňzok» diýipdir. Bu söz Gurt aga şeýle bir hoş ýakypdyr welin, «Şol gelin şol gün maňa şeý diýäýdi-dä» diýip, soň-soňlar, oba gelenden soňam, oturan-turan ýerinde aýdar ýörerdi. «Elli gramdan» soň dolanyp gelipdirler welin, indi atamyň özi begenjinden ýaňa ýatan ýerinden turupdyr-da, gybyrdyklap baryp ilk-ä Çumagy, soňam Gurt agany gujaklapdyr. Taňryýalkasyn aýdypdyr. Olara Allahdan rehnet diläpdir. Şol zatlary ol Allahdan Tamara-da diläpdir, oňa-da minnetdarlyk bildiripdir. Beýlekileri edişi ýaly gujaklamaga welin milt edibilmändir. Batyrynybilmändir. Oňa derek birazajyk kellesi göçen Tamaranyň özi üstüne howala bolupdyr-da: «Bu dünýä hoş geldiň» diýip, ony ilk-ä gujaklapdyr, saklanybilmänem ogşapdyr. Orsça bilmänsoň onuň näme diýýänine-hä düşünmändir, ýöne gujaklandygyny, üstesine ogşandygam üçin atam şeýle bir utanypdyr welin, şol pursadyň özünde yzyna gidäge-de, özüni ýaňadandan tüme taşlaýasy gelipdir. Şondan soň tä, gaýdýança Tamarany görse gaçaklapdyr ýörüpdir. Hatda oba gelenlerinden soňam, käte Gurt aga oýunlyga salyp şol wakany ýatlatsa atam pahyr burç ýaly gyzarardy, uly gyz ýaly uýaljyrap aşak bakardy-da, süýem barmagynyň ujy bilen keçäniň gülüni dyrmalap oturyşyna çalarak burnuny çekerdi-de: «Ýa, senem-ä Gurt; Ennewül eşidäýse nätjek...» diýerdi. *** Çumak ony ahyry Lazaretden çykarmaly bolupdyr. «Gowy öwrenişýänçäň güýçli ýagtylyga seretme, Günüň aşagynda gezme, hat okama, ýazma...» diýipdir. Lazaretde ýatan döwri atamyň endamyndaky agyr, bitmesi kyn ýaralaryň aýrylyp gitmeginde Gaalbaatyryňam hyzmatynyň az bolmandygyny Gurt aga kän aýdardy. 30. Atam barakda-da bir aý gowrak bolup özüni gowy dürsänden soň, Baçinskiý: «Indi Nazarowy nätmeli?» diýen meseläniň üstünde kelle döwüp başlapdyr. Tas, on iki ýyllap ol lagerde bolmady. Ýeriň aşagynda ýatyr. Sanawda welin ady bar. KWÇ-ä hem gatnady. Kitaphanadan kitap alyp «okady». Henizem «okap» ýör. Bu onuň bir günem hiç ýana gitmedigini aňladýar. Egerde şunça ýyl gaçgak boldy, indem ele salyndy, diýjek bolsaň, onda onuň hiç ýerde ady bolmaly däl. Gördüm-bildimem bolmaly däl. Wagtynda hemme ýerlere habar ýetirilen, bütinsoýuz gözleg yglan edilen bolmaly. Diňe şol sebäpdenem ony: «Gaçdy, indem tutuldy» diýip, sudam edip bolanok, goşmaça ýyl kesibem bolanok. Bir zat edip bolýa: ýagny, ony ataga-da: «Birki günlükde gaçdy, tapybam atdyk» diýäýmeli. «Gaçmaga synanyşanda atdyk», diýseňem bolup dur. Ýöne, atam ol ýerde şeýle bir meşhurlyk gazanypdyr welin, onam edip bolanok. Çünki, onuň şahta-da şonça ýyl oturanyny bendilerden başlap tä, öz orunbasarlaryna çenli bilmeýän ýok. Goja türkmen baradaky rowaýatlary Sloweskiniň beýleki lagerlerinde-de bilmeýän ýok. Şonuň üçinem, iň ähtibarly çözgüt: utulanyňy boýnuňa almaly-da, ony sessiz-üýnsüz öýüne goýberäýmeli. Baçinskiý esli wagtlap, şu pikiriň üstüne işläpdir. Dynsa kaýyl bolandyr-da, gutulanyndan soňam atamy ýanyna-da çagyrmandyr, käýejek ýa uruşjak-sögüşjegem bolmandyr, işe çyksyn, namaz okamasyn diýen ýaly görkezmelerem bermändir-de, möhleti dolýança sanawa çyksa bolýa, diýip, özi onuň resminamalaryny taýynlamak bilen boluberipdir. Ýöne «Gorkana goşa görner» diýlişi ýaly, öňem telim ýyl bäri içini geplede-geplede «was-was» bolan adam, atamyň tümde oturan ýyllarynyň üsti açylaryndan gorkup, ýene-de çykalgalar gözläp başlapdyr. Gorkmaz ýalam däl. Çünki, lagerde onuň özünden başga-da ýolbaşçy kän ahyry. Özlerem biri dost bolsa, ikisi duşman. Içleri kitüwli. Maý tapdyklary ýeňsäňden tüpeňlejekler. Şonuň üçinem, bendiler hakda-ha gürrüňem ýok, olara ýa ynanarlar, ýa ynanmazlar, ýöne ine, ýaňkylaryň birinden-biri ýazaýsa welin, ýene ýüz ýyldanam bolsa yzyňdan ýetmän goýmazlar. «Sen şu zatlary döwletden gizläpsiň» diýip, külüňi göge sowrarlar. Şu hili agyr-agyr oýlaryň aşagynda bäş-on gün ýegşerilip gezensoň Baçinskiý öz ýanyndan: «Ähli zady boýnuňa almaly. Bar zady bolşy-bolşy ýaly edip, ýokarlaryk düşündiriş ýazmaly. Sebäbi hökümetiň erbet görýäni özüni aldap, günäsini bukan adam. Ak ýürekden boýnuna alanyň welin, edil geçmese-de, garaz, günäsini ýeňledýär. Menem gowusy şeýdeýin, belanyň amatly tarapyna ýapyşaýyn...» diýipdir. Ýöne, ätiýaç üçin bu işiň gyrasynda özünden başga-da garam-guramyň bolaryny isläpdir. Şonuň üçinem, esasyraklary kabinetine ýygnapdyr-da: «Nazarowyň oturmaly möhleti dolup barýa. Ýöne, ol şonuň tas hemmesini diýen ýaly tümde geçirdi. Biz bolsak sanawlarda onuň adyny ýöretdik. ― Baçinskiý «biz» diýen söze hasam agram salyp aýtdy. ― Onuň zonada ýokdugyny ýokarkylardan bukduk. Ýagdaýy bolşy ýaly edip, wagtynda habar bermedik. Eger-de, şu meselede çoçgara çolaşaýsak, onda, hemmämizem bilelikde günäkär borus... Nätmeli... ― diýipdir. Özüniň iň soňky gelen netijesi bilen tanyşdyrypdyr. ― Oýlana-oýlana men-ä şondan başga ýol tapmadym. Galannam näme... Kimde nähili teklip bolsa aýdybersin... Bile etdik, bile-de... ― Baçinskiý «bile-de çekeliň» diýmek islän bolsa gerek, ýöne käbirleriniň ýüzündäki syrly ýylgyryşlary görüp, ol pälinden el çekipdir ― ... bile-de çözeliň...» Öňi bilen onuň orunbasary turupdyr-da: «Aý, bile-hä edilen däldir, Mark Lwowiç, biz bir ýumuş oglanlarydyrys. Ýöne, gelen netijäňiz dogry. Öň bassyr-ýussur etdik, tapylar, çykar, bar zat ýerli-ýerine barar öýtdük. Indi welin, haýsy tarapyňa ýykylsaňam: «Onda näme...», «onda näme üçin...» diýen ýaly soraglar üstüňe ýagar durar. Ýaňky diýeniňiz edilse welin, köp zady tasa getirmek mümkin. Esasy zadam hiç zat gizlemedik adam borsuňyz. Şonuň üçin, men-ä siziň gelen netijäňizi goldaýan...» Başga-da geplänler bolupdyr. Ýöne, ýamanlyk üçinmi ýa entegem başlyk bolup oturan lagerden gaçdy we özüni gurruk şahta atyp, şol ýerde gizlendi. Biz ony köp gözledik, ele salmak üçin dürli çäreler geçirdik. Emma, ötlem-ötlem hem-de eleme-deşik şahta ony bizden berk gorady. Gizlendi. Ýöne, barybir biz onuň şol ýerdedigini bilýärdik. Çünki, açyk gepleşibilmesek-de, ol öz obadaşy Gurt Esenowyň sesine hemişe ses berýärdi. Şu ýerde: «Eýse ol şonça ýyllap aç-suwsuz nädip oňupdyr», diýen sorag ýüze çykýar. Şahtany öňem suw basan. Ol ýerde häzirem suw bar. iýmit barada aýdylanda bolsa, biz sowet hökümetiniň, onuň ähli ýeňişleriniň guramaçysy we ruhlandyryjysy bolan kommunistik partiýanyň, şeýle hem parasatly serdarymyz bolan Iosif Fissarionowiç Staliniň adam baradaky ynsanperwerçilikli syýasatyndan ugur alyp, üstesine-de Nazarowyň şol ýerden çykyp, hiç ýana gidip bilmejekdigini, şahtanyň bolsa, biziň öz elimizdedigini iru-giç onuň ol ýerden diri çykyp, adyl sowet sudunyň öňünde sömelmeli boljakdygyny göz öňünde tutup, oňa aram-aram, iýer ýaly aşhananyň galan-gaçan zatlaryndan oklap durduk. Açlyk çekmekligi, açlykdan ölmekligi gadagan etdik. Umuman, ol biziň elimizdedi, garamagymyzdady, golastymyzdady. Şonuň üçinem, biz ony şahtadan çykarman berk sakladyk. Şu ýagdaýda on bir ýyl geçdi. Halys tapdan düşüp, gözden, dilden galandan soň, çak edişimiz ýaly hem-de iňňän sabyrlylyk bilen garaşyşymyz ýaly, ol ahyrsoňy bizden aman sorap, ýokary çykarmagymyzy haýyş etdi. Ýalňyşyny boýnuna aldy. Özüne nähili jeza berilse-de kaýyldygyny aýtdy. Ýöne, ol o ýerden çykarylan wagty çalajandy. Egbardy. Şeýle-de bolsa biz ony «Lazeretde» saklap bejertdik. Indem onuň oturmaly möhleti doldy? Nätmeli? Goýbermelimi? Tümüňem özümize degişlidigine görä şol ýyllaram onuň lagerde geçirdigi hasap etmelimi? Ýa gaçgak hökmünde sud edip täzeden ýyl kesmelimi? Elbetde, biziň her bir işi adalatly çözýän, inçeden işlenen kanunçylyklarymyz we Konsttitusiýamyz bar. Ýöne, biz şu agyr meselede kynçylyk çekýäris we çözgüdini tapmaga ýardam bermegiňizi Sizden ullakan haýyş edýäris...» Baçinskiniň goly. Gowuşmaly salgysy: Moskwa. SSSR Içeri işler ministrligi. Ministriň hut öz eline. Hat bukja salnyp, agzy ýelmenenden soň, kimdir biri örän wajyp meseläni orta atypdyr: «Biz Mämmet Nazarowy on bir ýyllap hasapda sakladyk. Ýaňky hatda bolsa, şonça ýyl tümde oturdy, diýdik. Bu mantyga laýyk gelenok. Tümde oturan bolsa ol nädip sanawlara gatnaşyp, KWÇ-ä gatnap bilýämişin, diýen sorag ýüze çykýar. Ýa haty ýatyrmaly, ýa-da lagerdäki resminamalary düzetmeli...» Her kim bir zat diýipdir. Köplerem şonuňkynyň dogrudygyny tassyklapdyrlar. Ahyram: «Haty ýatyrsak günämizi bukdugymyz bolýar, hernäme-de bolsa haty ibermeli-de, resminamalary düzetmeli. Nazarowy şol ýyllaryň hasabatlaryndanam, hasabyndanam, sanawlaryndanam öçürmeli. Şol döwrüň senesi bilen, ýaňky hatda aýdylyşyna dogry geler ýaly Nazarowyň tümde gizlenýändigi, ýöne biziň oňa iňňän berk gözegçilik edýändigimiz barada raport ýazmaly. Birden barlag bolaýanda-da, hemme zat hakykat ýüzünde bolup geçişi ýaly bolmaly. Bizden tapyljak bar günä ― şony biziň şol wagtlar ýokaryk habar edip aýtmadygymyz bolar... Egerde häzirem aýtmasak, birdenem üsti açylaýsa welin, egerde Mark Lwowiçiň başda aýdyşy ýaly, hemmämiz bilelikde jogap bermeli bolsak, günämiz hasam agyr bolar...» diýip, maslahaty çugdamlapdyrlar. Hat haýal etmän, barmaly ýerine ugradylypdyr. *** Ylmy-barlag işlerini geçirer ýaly laboratoriýa, dürli enjamlar, abzallar hakda-ha gürrüňem ýok, ýönekeýje medisina gurallaryňam ýokdugyna garamazdan, diňe öz ukybyna, höwesine, öň alan ylmyna we tebigy üşügine we öz iş tejribesine, şeýle hem bejergi döwründe eden synlaryna, ýönekeýje barlaglaryna, ýöreden gündelik ýazgylaryna esaslanyp, Çumak şol iki aralykda-da atama degişli ylmy iş taslapdyr. Gelejekde peýdaly tablisalar bolup biläýjek birnäçe medisina çyzgylaryny çyzypdyr, suratlar çekipdir. Erkinlige çykandan soň şol zatlaryň özi üçin önjeýli iş bolup biljekdigini, ullakan bir açyş edäýmeginiňem ahmaldygyny aýdypdyr we şol maglumatlaryny boşap gidýänçä öz öýünde saklap bermegini Tamaradan haýyş edipdir. Tamara onuň ol haýyşyny uly höwes bilen ýerine ýetiripdir. Ät galan diňe Arntols bolupdyr. Ol gutulyp gidenden soňam atamdan hiç zat alyp bilmändir. Gözaýdyňa gelendir öýdendir-dä, näme sorasa-da atam göwni bir ýaly: «Aý, şükür. Şükür alhamdilylla. Taňryýalkasyn. Allahu akbar» diýip, ellerini ýüzüne sylyp, oýkanjyrap oturypdyr. Gurt aga ara düşüp kömek etjek bolupdyr, o-da bolmandyr. Asyl ol tüm barada Gurt aganyň özüne-de zat aýtmandyr. Juda eçilen wagty: «Aý, näme, tümdir-dä! Garaňkylyk-da! Töwerek-daşyň gum-gukluk-da» diýýämişin, bolmasa-da olam ýok. Diňe Çumak: «Isleseň meniň maglumatlarym esasynda makala ýazaý» diýeninden soň Arntolsam az-kem köşeşipdir. Ýöne, çeper eser ýazmak baradaky höwesi welin kalbyndan çykmandyr. Asylam-a geplemsek ýa alçak adam däl welin, tümde oturyp çykansoň-a atam hasam dymma, garasöýmezräk bolupdyr. Şol wagt oňa düşünýän bir adam bar ekeni, o-da Reşit aga. Ol: «Şuny gepletjek bolup azara-da galyp oturmaň. Ol o ýerde uly bir baýlygyň üstünden barypdyr-da, onam indi hiç kim bilen paýlaşasy gelenok. Gysganýa. Kimdir biri bilen alyşýan her bir sözi onuň şol baýlygyna talaň salýa, ujundan kemýä...» diýýär ekeni. Elbetde, onuň nähili baýlyk barada gürrüň edendigine bendiler düşünendirler. Gurt aganyň bize aýdyp beren pursady dädemem düşünendir, ýöne, men welin düşünmändim. Men oňa soň-soňlar, atamyň öz agzyndan eşiden üzlem-saplamrak gürrüňlerinden çen tutup düşündim. ― Şyh Mustapa daňyň golaýlandygyny ýa entek oňa çenli wagtyň bardygyny bilmek üçin penjiräniň öňüne bardy. Maňlaýyny aýna diräp daşaryk seretdi. Ýene-de ýerine geçip oturdy. Ýüzüme soragly seredip, syrly ýylgyrdy. ― O baýlygyň nämedigini senem aňansyň-la, Hümmi akga? ― Weý, elbetde, elbetde ― diýip, men howlukmaç jogap berdim. ― Howwa, aradan iki aý gowrak wagt geçip-geçmänkä, iberilen hata jogap gelipdir. Onda-da kimden? Ýoldaş Staliniň hut özünden. Sebäbi, Gurt aganyň: «Biziňk-ä Mustapa beg eşitmiş, gözümiz bilen gören zadymyz ýok» diýip, aýdyşy ýaly baran hata minstrlikdäkilerem jogap tapyp bilmändirler. Her kim garamat öz boýnuna düşer öýdüp gorkupdyr. Ahyram ministriň hut özi ony öz eli bilen Staliniň kitaphanasyna eltip tabşyrypdyr. Öňem-ä gije-gündiz ýatuw ýok ekeni welin, Gurt aganyň lagere ýaýran agzeki gürrüňlerden çen tutup aýtmagyna görä, şondan soň Stalin üç-dört gije dagy bassyr ýatman, hata jogap gözläp geçiripdir. Köp oýlanypdyr. Köp-köp hadysalary degşirip görüpdir. Ahyram serkerdelerini çagyrypdyr-da, olary hatyň mazmuny bilen tanyşdyrypdyr. Özem kabinetiň içinde şybygyny tütedip, iki-baka gezmeläp ýörşüne: «Siz hiý şeýle ýagdaýa gabat gelipmidiňiz?» diýip, sorapdyr. «Ýokda-ýok» bolşupdyrlar. Stalin: «Hany aýdyň, şu mesele barada siziň pikiriňiz nähili?» diýipdir. Staliniň özi bir zat diýmezden ozal, öz pikirini aýtmaga hiç kimiň bogny ysmandyr. Ýagdaýyna düşünen Staliniňem olary uzak gynasy gelmändir. «Şonça ýyl şol ýerde oturyp, ondanam ölmän çykan bolsa, galan ömri özüne nesip etsin, halaly bolsun, diýjek men-ä. Siz näme diýýäňiz...» diýipdir. Stalin şeý diýensoň kim näme diýsin? «Dogry aýdýaňyz, ýoldaş Stalin, tüýs şeýle şol. Bizem şoňa goşulýas» diýşip, oturan ýerlerinde «goňkda-goňk» bolşupdyrlar. O-da ýerine geçäge-de, öňünde ýatan hatyň ýokarky sag burçuna gyzyl syýaly galam bilen: «Sam sebe nakazal, otpustit» diýip, ýazypdyr. Gol çekipdir. Yzyndanam: «Egerde bir bendi ýeriň astyny üstünden ýeg saýyp, şol ýerde şonça ýyl ýatan bolsa, onda şol lageriň ýagdaýy dowzahdanam ýaman bolmaly, naçalnigem dowzahyň naçalniginden ibaly bolmaly däl. Ol terbiýelemekden geçen gaýtam bendilerde sowet hökümetiniň garşysyna ýigrenç döredýän bolmaly» diýip, «myhmanlarynyň» ýüzüne täzeden seredipdir. Onuň eýýäm nähili netijä gelendigini, özlerinden nähili söze garaşýandygyny ýüzünden aňyp oturan generallaryň biri: «Lageriň soňky on ýyllykdaky işlerini jikme-jik barlamaly, naçalnigini jogapkärçilige çekmeli, ýoldaş Stalin...» diýipdir. Stalin makullaýjylyk bilen baş atypdyr. Şonuň bilenem maslahat tamam bolupdyr. Nijem bir ýyl bäri Sloweskiniň iň ýowuz lagerleriniň birinde, sada, goja türkmen bilen naçalnik Baçinskiniň arasynda dowam edip gelýän başa-baş söweşiň soňy ine, şeýdip, Kremliň içinde, ýoldaş Staliniň hut öz goly bilen, bir garyp bendiniň peýdasyna tamamlanypdyr. *** Gurt aganyň aýdyşy ýaly o zatlar hakykatdan-da bolupmy ýa lagerdäki bendileriň öz göwün-isleglerine görä, döreden rowaýatlarymy, ol belli däl, ýöne, Baçinskiniň ýazan hatyna gelen jogabyň yzysüre, lagere Moskwadan barlag toparynyň gelendigi, olaryň ur-tut Baçinskini işinden aýryp, gözegçilik astyna alandyklary, daşyny konwoýlap, aýratyn bir kamerada saklandyklary, işiniň bolsa suda geçirilendigi gyssagly suratda derňew, sorag-ideg işleriniň başlanandygy-ha çyn. Wagty dolan hem bolsa, «derňew tamamlanýança» diýip, esasy şaýat hem ejir çeken hökmünde atamam saklapdyrlar. Ýöne, Arntols bilen bolşy ýaly, atamdan olaryňam çolpularyna ilen zat bolmandyr. Baçinskiý bilen ýüzbe-ýüz oturdyp: «Şu adam saňa azar berdimi?» diýenlerinde-de: «Aý, hakyň kandadygyny Hak biler, Allahu akbar...» diýipdir. Oňa hiç kim düşünmänsoň ýene-de Gurt agany kömege çagyrmaly bolupdyrlar. Ol terjime edipdir. Muňa derňewçilerden beter, Baçinskiniň özi geň galypdyr. Çünki, bütin derňewiň dowamynda-da onuň esasy garşydaşlary atam däl-de, näçe ýyllap bile işleşen, arak içişen, çörek iýişen adamlary bolupdyr. Şolaryň iň höweseklerem goja türkmeni gynamaklygy özi buýrubam, şol iş üçin ýene-de özüni konwoýlykdan çykarandygy üçin Baçinskiden kine edip ýören Saşok bolup çykypdyr. Şu meselede berk dursam ýene-de konwoýlygyma, belki ondanam gowy işe geçirerler diýen tama bilen, ol şaýatlaryň hataryna goşulypdyr we Baçinskiniň atama eden sütemleriniň hemmesini, gözli şaýat hökmünde ýeke-ýeke aýdypdyr. «Şahta-da Nazarowy Baçinskiniň özi taşlatdy. Ol gaçmadam, gaçmaga synanyşygam edenok, ony konwoýlar iki golundan tutup zyňdylar. Hemmesiniňem aňyrsynda Nazarowy mugyra getirmek islegi ýatyr...» diýipdir. Maddy-maliýe meselesinde hem birnäçe kemçilikler ýüze çykarylypdyr. Ahyram geçirilen barlaglaryň esasynda sud edilmegi üçin, Baçinskini Moskwa alyp gidipdirler. «...Oňa näçe ýyl kesilendigini, nirä iberilendiginä bilip bilmedik. Ýöne, suduň jaýyndan çykyp barýarka: «Etdim-etdim, öz-özüme kast etdim. Egerde, hiç ýere hat ýazman, «gaçdy» edip goýberen bolsam, belki, bu güne düşmezdim. Ýöne, her niçik hem bolsa hakykatyň hatyrasyna aýdaýyn, goja türkmen ýagşy adam ekeni. Onuň arkasynda duran Güýç meniň arkamda duran güýçden kän güýçli ekeni. Men güýjüme daýanyp özümden kän güýçli güýç bilen synanyşan ekenim. Wo istine Allah akbar... diýenmişin» gürrüň welin, tä men gaýdýançam lagerde dilden düşenokdy ― diýip, Gurt aga şol gezek dädem ikimize goşmaça maglumat hökmünde aýtdy. Soňundan ýene-de lageriň içki ýagdaýlaryna dolanyp geldi. ― Ýöne, Baçinskiniň bir wagtlar Saşogy «samoohrankadan» aýrany bilen hiç zadyň düzelmeýşi ýaly, nökerleri bilen bilelikde Baçinskiniň ýygnalany, olaryň ýerine täze-täze adamlaryň belleneni bilenem lageriň tertip-düzgüninde üýtgän zad-a bolmady. Tertip-düzgünem öňküsinden beterleşmese gowulaşmady. Täze bellenen ýolbaşçylaram bir bada göz üçin gowy-gowy zatlary söz berenem bolsalar, barybir öňküleriň ýazylmadyk, ýöne däp bolup gelýän kada-kanunlaryny ýöretdiler. Öňküleriň goýberen ýalňyşlaryny gaýtalamazlyk üçin däl-de, bendileriň «dişlerinde et galdyrmazlyk» üçin, beýnilerinde: «Berkine tutsaň bularyň özlerinem şeýdip boljak ekeni» diýen düşünjäniň döremezligi üçin, aşaklyk bilen olara öňkülerindenem has ýowuz daradylar. Saşogy bolsa alty aýdan soň: gaçmaga synanyşdy diýen meşhur bahana bilen atdylar. Olar diňe Mämmede hiç zat diýip bilmediler. Derňew gutarandan soň ony derhal ugratmak bilen boldular. Çünki, oňa çykarylan netijäniň aşagynda Staliniň hut öz goly bardy. Mahlasy, hemme ýerde, hatda erkinlikde-de bolşy ýaly, tutuş ulgam, syýasat üýtgemese ýalňyş ýol bilen barýan uly döwletiň içindäki haýsydyr bir edaranyň ýolbaşçylaryny çalşanyň bilen hiç zady üýtgedip bolmaýandygyna, bendiler ýene-de bir gezek göz ýetirdiler...» 31. Atamyň azapdan dynyp, boşap gaýdandygy, sag-aman öýüne gowuşjakdygy üçin, bendiler hem-ä begenipdirler, hemem şeýle geň ykbally adamyň aralaryndan sogrulyp gidýändigi üçin gynanypdyrlar. Baçinskiniň hatyna jogap geleli bäri: «Goja türkmen gitse lageriň gyzygy gaçar, içimiz gysar...» diýşip ýörenleriňki dogry bolup çykypdyr. Atam gaýdan gününiň agşamsy bütin lager özüni sus alyp barypdyr. Baraklaryň birindenem, hatda «blatnoýlaryňkydanam» goh-galmagal çykmandyr. Hemmeler hemişekilerinden ir ýatypdyrlar, kyn turupdyrlar, sanawlara-da, işe-de ýaltalyk bilen çykypdyrlar, haýal-ýagal işläpdirler, hatda owkatlarynam göwünli-göwünsiz iýipdirler. Şondan soňky ýekşenbe üýşmeleňlerinde-de näme hakda gürrüň etjeklerini bilmän, biri-birlerinden ýüzlerini sowşup, ýeňselerini tüňňerdişip ýörüpdirler. KWÇ-niň dagy telim günläp gapysyndanam barmandyrlar. Şu zatlary bize gürrüň berip oturan Gurt aganyň özem, Reşit aga-da, onuň şägirtlerem, hatda Çumakdyr ― Arntols dagam şol halda bolupdyrlar. Gurt aganyň kemsinipler, belki-de, bilniksiz gabanjaňlyk bilen aýtmagyna görä, Tamara-ha: «Görgüli goja, gör, nähili ejir çekdi. Şol horluklardan soň indi ol erkinlikde-de uzak ýaşap bilmese gerek...» diýip, aglapdyram. Çumak bolsa: «Ýok, şol horluklardan ölmän çykan adam entegem köp ýaşar» diýipdir. Howwa, atam babatda lagerdäkileriň hersi bir duýgyny başdan geçiripdir. Ýöne, susluk uzaga çekmändir. Hatda ähli duýgulary könelişdirýän, azym-azym şäherleri, beýik-beýik binalary ýumurýan, daglary eredip, derýalary guradýan, wagt atly hökmürowan närse hem goja türkmen baradaky ýagşy ýatlamalary bendileriň aňlaryndan aýryp bilmändir. Ol gürrüňler soň rowaýata öwrülip, dilden-dile, agyzdan-agza geçip, lageriň durmuşynda ýaşamagyny dowam etdiripdir. Her kimiň şoňa meňzäsi, Hudaýa golaý durasy, soňky gelenler öňki oturanlardan eşidipdirler, gidenler baran ýerlerinde gürrüň edipdirler, netijede onuň taryhy Sloweskiniň ähli lagerleriniň, bütin GULAG-nyň çäginden çykyp, tutuş soýuza ýaýrapdyr. «Ony entegem ýatlaryndan çykarmandyklaryna, mundan bu ýana-da çykarmajakdyklaryna, hatda bir sebäp bilen şol lager ýapylaýanda-da, döwletiň, belki-de, dünýäniň dürli künjeklerinde, bir döwür, bir ýerlerde, hudaýhon, jany berk bir türkmen gojasynyň bolandygy baradaky rowaýatyň dowam etjek ýörjekdigine, men edil, ertir Günüň dogjakdygyna ynanyşym ýaly ynanýan ― diýip, Gurt aga şol gezegem aýtdy, asyl soň-soňlaram, biz ýigit çykanymyzdan soňam gabat gelen ýerinde gaýtalady ýördi. Howwa, şol gezek Gurt aga sözüni tamamlan şekilde «öwhüldäp» uludan demini aldy-da, häliden bäri durşy bilen gulaga öwrülip oturan dädemiň ýüzüne çiňerildi. «Howwa, Mustapa beg. Şolar ýaly boldy bu zatlar. Gözüň bilen görmeseň yananar ýalam däl. «Adam başy daşdan gaty» diýleni çyn ekeni. Ýetmese özüňi ajalyň eline eltip berip bolanok ekeni. Mämmediňkem şeýle boldy. Görmedigi görde galdy. «Ahyret azaby diýilýänem şondan aýylganç dälmikä diýýän...» diýdi. ― Içini mazaly egsen adam hökmünde arkan düşüp, ýeňsesini goşa ýassyga berdi. Tüsseden ýaňa garalyp giden, üç sany egri-bugry ýogyn agajyň üstüne atylan ýylgyn kepbelerden ybarat petige seredip ýatyşyna çiginlerini tisgindirip ýene bir gezek uludan sowuk demini aldy-da, başdaky haýyşyny gaýtalady. ― Ýöne, wagty gelip, özünden-özi dil ýaraýmasa, ýaňky zatlar barada ýanynda agzaýmaň. Soraýmaň. Halamaz. Menden eşidendiňiz-ä, asylam aýtmaň. Gaty görer...» Režissýor ýerinden turdy. Gerinjiredi. Otagyň içinde iki ýana gezmeläp ýörşüne elleri bilen maşk etdi. ― Dädem ikimiz Gurt aga bilen hoşlaşyp, öýe ugranymyzda ýaňy bir daň saz beriberen ekeni. Sabanyň serginine digdenekleşip barşymyza öýe golaýlaberenimizde ― elbetde, oglanlyk edip agzyndan sypdyraýmasyn, diýendir-dä ― dädem sag eliniň aýasyny şyrdaklyja kelläme goýdy-de: «Ýaňky eşiden zatlaryňy ataňa aýdaýmagyn, bomy» diýdi. Onam az görýän ýaly garaçyny bilenmi ýa meni birazajyk gorkuzmak üçinmi soňundanam bäş-üç agyz sugşurdy. ― Beýle gizlin saklaýan bolsa bir emmasy bardyr. Hökümetiň gadagançylygy bilen bagly bolmagam ahmal...» Ol wagtlar elbetde, uly-kiçi hemmäniň kalbynda düýn-öňňinjik başlaryndan gara ýel ýaly geçip giden tutha-tutluk ýyllarynyň salan gorkusy entek-entekler bardy. Gögele çagadygyma garamazdan, şol duýgy mende-de bardy. Şonuň üçinem, dilime buýrup bilmän, atamy ýene-de bir belanyň üstünden eltäýmäýin, diýen pikire uýdum-da: «Bor däde» diýdim. Şyh Mustapa ýerinden turdy-da, ellerini her ýan gerip, aýaklaryny abşardyp, uzynly gijäni şöwür çekip geçiren adama mahsus ýadawlyk bilen, göwresiniň ähli agzalaryny herekete getirip, hatda ýüz-gözüne çenli üýşürip-çaşyryp, uzyndan-uzyn, süýjüden-süýji pallady. Şonda onuň üstüni ösgün murt basan agzy çaýyrlygyň içinde möjege gurlan gapana meňzedi. Şondan soň ol ýene-de ýerine geçip oturdy. Arzan bahaly myhmanhananyň çüýleri gowşan, abatlandyrylyşa mätäç agaç krowadynyň «jygyldysyna» gulak asyp, oýkanjyrap oturyşyna ýüzüme seredip «ýyrş» etdi. O ýüzüne seret: Men elbetde ýadapdym. Onuň özem ýadapdy. Ikimizem uky bürüp alyp barýady. Ýöne, Şyh Mustapanyň gep salgyna görä, gürrüňçilik entek doly tamamlanmandy. Şonuň üçin menem gaty bir inçe bolmadyk göwrämi kak towlan ýaly oňurgamyň daşyna oram-oram etdim-de, agzymy onuňkudanam giň açyp, uly lezzet bilen palladym. Agzymy-burnumy ýerli-ýerinde goýup ýetişmänkämem: ― Aýdyber, aýdyber. Munça bolanyna görä yzynam eşideli. Gürrüniň guýrugynda pyçak döwmäli ― diýip, tutuş göwräm bilen «hababaýlap» oturyşyma aýtdym. | |
|
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy - 31.05.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -12: romanyñ dowamy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |