19:28 Gyş aýdymy | |
GYŞ AÝDYMY
Goşgular
Wah, bolsady ýüz müñ frankym-pulum, Alardym men gujak-gujak ter çemen. Şäherime seçip al-elwan gülüm, Gyşyñ gamgyn garyn erederdim men. Meniñ ýüz frankym bolsady eger, Guty-guty reñki alardym satyn. Ýaşyl ýazy çekip gül- çeçeklerden, Bezärdim şäheriñ ähli haýadyn. Eger on frankym bolsady meniñ, Tylla gün deý limon satyn alardym Depesinde goýup buz ýaly pejiñ, Hiç bolman, kalbymy ýyldyp bilerdim. Emma zar men pula , gara şaýlyga, Men ýylgyryp penjiräni açýaryn. Mugtuna gir, meniñ gamgyn kalbyma, Gyş jaýyma dolup, şugla saç, ýazym! Moris KAREM. Terjime eden: N.REJEPOW. | |
|
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Sary ýaprak / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |