16:42 Gyzlarym | |
GYZLARYM
Goşgular
![]() Gyzlarym ömrümiñ, bahary-ýazy, Gara gözüm, gurban size didelem. Bu durmuşda dowam edip yzymy, Alyslara, alyp gitjek ýodalam. Gyzlarym, bu ýollar iñçedir örän, Çarkandaklar juda-juda, kän munda. Şirk ýetirmän, abraýyña-adyña, Büdremän gidäýmek, örän kyn munda. Eger gyşyk basaýsañyz ädimi, Atañyzyñ belent başy egiler. Biliñ gyzlam, abraýyñyz dökülse, Başga zat däl, ölüm bilen deñeler. Hat-da ölümdenem beterräk gören, Aryn-namysyny, ene-mamalañ. Siz bolsa şolardan, nusgalyk galan, Döwrümiñ keşdesi, boluñ balalam. Halal süýdi, gandyrypdym gursakdan, Bolsun diýip, halallyga gönezlik. Guwanaýyn, guwandyryñ hemişe, Durmuşyma çaýyñ mydam gözellik. Razy ellerimiñ, şirin dilimiñ, Gyzlam sizde goýup bilsem nusgasyn. Bir dilegim, gyzly bolup gyzaryp, Atmasyn ýüzümiz, utançdan gasyn. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |