16:30 Hakyky “Dýuma” kim? | |
HAKYKY “DÝUMA” KIM?
Edebi makalalar
“D’Artanýan we üç muşketýor” atly meşhur başdan geçirmeler romanyny, megerem, köpümiz okan bolsak gerek. Megerem, şol kitaby okan ýa-da şol kitabyň esasynda düşürilen onlarça çeper filmleriň, multfilmleriň iň bolmanda birine tomaşa eden her bir adamam, şol romanyň, belli fransuz ýazyjysy Aleksandr Dýuma-kakasy tarapyndan ýazylandygyny bilýän bolmaly. Bu hakykatdanam şeýlemikä? Ýa-da dünýä edebiýatynyň taryhyna “Dýuma” ady bilen giren awtor, hakykatdanam Aleksandr Dýuma-kakasy däl-de, başga kişimikä?! Biziň hemmämizem bilýäris – Ýeriň ýüzünde faktlar ýaly hötjet zat ýok. Çünki olary inkär etmek mümkin däl-e ýakyn müşgil iş. Ine, şol faktlaram, bu romany we Aleksandr Dýuma-kakasynyň täk-tenha özüniň awtorlygy ykrar edilýän başga-da ençeme romanlary, onuň iň bolmanda Ogýust Make (13.09.1813 – 08.01.1888) bilen awtordaşlykda ýazandygyny ykrar edýärler. Ogýust Makeň adynyň edebiýatyň altyn hazynasyna girmändigine garamazdan, ol A.Dýuma bilen şu aşakdaky eserleri ýazmaga işjeň gatnaşypdyr (Käbir çeşmelerde bolsa, O.Makeň şol eserleriň hemmesini ýeke özüniň ýazandygy, A.Dýumaň bolsa olary diňe çalak-çulak gulaş-kakyş edip düzeden kişi bolandygy nygtalýar): 1. Le Chevalier d’Harmental – Ogýust Makeň garalamasynda “Bonhomme Buvat” diýlip atlandyrylypdyr; 2. Silwandir (1843) – “Les Mémoires de Madame la Marquise de Fresne” – “Gatýen de Kurtils de Sandrasyň ýatlamalarynyň esasynda”; 3. La Fille du régent (1844); 4. Üç muşketýor (1844); 5. Graf Monte Kristo (1844); 6. Ýigrimi ýyl soň (1845); 7. La Guerre des femmes (1845); 8. Melike Margo (1845); 9. Le Chevalier de Maison-Rouge (1845); 10. La Dame de Monsoreau – Grafinýa de Monsoro (1845); 11. Les Quarante-Cinq (1847); 12. Le Bâtard de Mauléon (1847); 13. Les Mémoires d'un Médecin: Žozef Balzamo (1848); 14. Le Vicomte de Bragelonne – Wikont de Braželon (1848–1850); 15. Melikäň hünjüsi (1850); 16. Gara çigildem (1850); 17. Olimpiýa de Klew (1852); 18. Anž Pitu (1853); 19. Inženýu (1853); 20. Batilda (pýesa, 1839) – Ogýust Makeň ilkibaşky goýan ady “Suar de karnawal” ekeni; 21. Melike Margo (pýesa, 1847). O.Make we A.Dýuma 1838-nji ýylda tanşypdyr. Şol wagtlar O.Make drama eserlerini ýazmak bilen meşgullanýan ekeni we ol düýpgöter diýen ýaly tanalmandyr. Onuň tersine A.Dýuma eýýäm şol wagtlar zehinli ýazyjy hökmünde özüni ykrar etdirmegiň hötdesinden gelipdir. Ondan başga-da A.Dýuma şol döwürler edebiýatçylaryň arasynda islendik şowsuz eserem düzedip, ol neneňsi tukat bolsa-da ondan gyzykly bir täzelik ýasamagy başarýan ussat hökmünde tanalypdyr. Şol ýyl Ogýust Make “Karnawal gijesi” atly pýesa ýazypdyr we ony sahnalaşdyrmak üçin “Renessans” teatrynyň direktory Antenor Žoliň garamagyna hödürläpdir. A.Žoli pýesany halamandyr. Şonda O.Makeň dosty, romançy-ýazyjy Žerar de Nerwal oňa pýesasyny A.Dýumaň görkezmegi we ondan şol sahna eseriniň şowsuz ýerlerini düzetmegi haýyş etmek hakda teklip beripdir. A.Dýuma dostlaryň teklibini kabul edipdir we onuň düzedişlerinden soň pýesaň ady üýtgedilip “Batilda” öwrülipdir hem-de ol teatrda sahnalaşdyrmaga kabul edilipdir. Şeýdibem O.Make bilen A.Dýumaň hyzmatdaşlygy başlanypdyr. “D’Artanýan we üç muşketýor” romanyny tutuşlygyna diýen ýaly Ogýust Make ýazyp, ony ilkibaşda “Ýukaýürek Bowa” diýip atlandyrypdyr. Bu romanda XVIII asyryň ortalarynda Fransiýanyň regenti (patyşaň hossary, onuň adyndan dolandyryjy hökümdar) Filipp II Orleýanlyny wezipesinden agdarmak üçin guralan Çellamareň dildüwşügi hakynda gürrüň berilýän ekeni. A.Dýuma bu romandan bir parça okandan soň, ol boýunça işiň dowam edilmegine razylyk beripdir. Şol bada-da ol Ogýust Make bu romanyň üstünde bilelikde işlemegi teklip edip, romanyň şowsuz böleklerini täzeden ýazmaga hem-de ony redaktirlemäge işjeň gatnaşypdyr. A.Dýumaň teklibine O.Make uly höwes bilen razylyk bildiripdir. Şeýlelikde, bu roman iki ýazyjyň awtordaşlygynda ýazylyp, olaryň haýsynyň romany ýazmak boýunça köp iş edendigi häzirki güne çenli nämälimligine galýar. Haçan-da roman neşir edilmeli bolanda, şol döwür “Lýa Press” gazetinde işlän, meşhur žurnalist Emil Žirarden awtordaşlara, romanyň awtory hökmünde O.Makeni görkezmän diňe A.Dýumanyň ýeke özüni görkezmegi teklip edipdir. Sebäbi E.Žirardeniň pikirine görä, tanymal awtor A.Dýumaň ýeke özüniň adyndan çap edilen roman “Dýuma we Make” diýlip awtorlary görkezilen romandan has gowy hem gymmat bahadan satyljakmyş. Netijede awtorlaryň ikisem E.Žirardeniň teklibini goldaýarlar we O.Make kitabyň awtory hökmünde özüni görkezmändigi üçin 3 müň frank möçberinde öweztölegini alypdyr. Bu pul möçberi bolsa, şol döwürde örän önjeýli serişdeler hasaplanypdyr. Gazanjyna höweslenen O.Make, dessine A.Dýumaň teklibi boýunça ikinji romany ýazmaga girişipdir. Birnäçe ýylyň dowamynda O.Makeň ýazmagy we A.Dýumaň düzetmegi esasynda döredilen “Wikont de Braželon”, “Ýigrimi ýyl soň”, “Melike Margo”, “Grafinýa de Monsoro”, “Graf Monte Kristo” ýaly romanlar gysga wagtyň içinde uly meşhurlyga eýe bolýar. Olaryň hemmesem, ilkibaşky tejribä laýyklykda A.Dýumaň diňe ýeke-täk özüniň awtorlygynda çap edilýär. Ondan başga-da 1845-nji ýylda A.Dýuma O.Make bilen özaralarynda käbir düşünişmezlikler ýüze çykyp başlan dessine O.Makeden “D’Artanýan we üç muşketýor” romanynyň awtorlygyndan ýazmaça ýüz döndermegi haýyş edýär. O.Make hem onuň haýyşyny kanagatlandyrýar. Elbetde, bu wakanyň, köpçülige ýaýraman, undulyp galmagam ahmaldy. Ýöne, bir habarçy – Ežen de Merikur bu wakany eşidýär-de, ol hakda “Romanlaň kärhanasy “Aleksandr Dýuma we Ko”” atly pamflet neşir etdirip, A.Dýumaň adyndan we onuň haýryna “edebiýat negrleriniň” tutuş “goşunynyň” zähmet çekişini şekillendirýär. Birnäçe ýyldan soň O.Make öz eli bilen ýazan awtorlykdan ýüz döndermesini inkär edip ugraýar we özüniň “D’Artanýan hem üç muşketýor” romanynyň özeninde duran Gasýen de Kurtiliň ýatlamalaryny tapandygyny, hut şol Gasýen de Kurtiliňem D’Artanýanyň prototipi bolup hyzmat edendigini nygtamaga başlaýar. Ýöne O.Makeň kazyýete ýüz tutandygyna hem-de gazet-žurnallarda goh turzandygyna garamazdan, oňa A.Dýumaň ady bilen neşir edilen bu we beýleki romanlaryň awtordaşydygyny subut etmek başartmaýar. Ýogsa, soňraky alymlar tarapyndan O.Make bilen A.Dýumaň arasyndaky hatlar öwrenilende, A.Dýumaň ilkibadalar, dürli romanlaryň ol ýa-da beýleki parçalary boýunça ýazmak işine işjeň gatnaşyp, O.Make eseriň haýsy ýerini nähili ýazmalydygy hakda maslahatyny gaýgyrmandygy, onuň ýazan zatlaryny düzedendigi ýüze çykarylypdyr. Emma, wagt geçdigiçe, A.Dýuma “öz kömekçisiniň” özüne dahylsyzam “öz işini” üstünlikli ýerine ýetirýändigini görüpdir we soňabaka O.Makeň işine goşulmasyny düýbünden bes edipdir. Hatda onuň ýazan zatlaryny öz eli bilen göçürmeginem kesip, ol golýazmalary şol durşuna öz adyndan neşirýatlara tabşyrmaga başlapdyr. “Dýumaň” romanlarynyň kitap bazarlarynda islegli harytdygyny görýän neşirçiler bolsa, “awtoryň” hat ýazyşynyň “birneme” üýtgändigine düýbünden üns bermändirler. O.Make A.Dýuma bilen tersleşenden soňra öz aýdýanlaryny subut etjek bolup, köp sanly neşirçilere, habarçylara paş ediji hatlary ýazypdyr. Ol hatda öz sözleriniň subutnamasy hökmünde “D’Artanýan we üç muşketýor” romanynyň soňky sahnalarynyň täze, başgaça görnüşlerinem çap etdiripdir. Emma, bu hereket onuň zyýanyna bolupdyr. Çünki, edebiýat tankytçylary “D’Artanýan we üç muşketýor” romanynyň şol sahnalarynyň “asylky”, ýagny nusgawy görnüşiniň O.Makeň hödürlän görnüşinden has kämil we çeperçilikli ýazylandygyny biragyzdan ykrar edipdirler. O.Make A.Dýumadan 18 ýyl artyk ýaşapdyr. A.Dýuma-kakasy aradan çykandan 1 ýyl soň onuň ogly Aleksandr Dýuma-ogly, O.Make hat ýazyp, hatynda onuň öz kakasynyň döredijiligine nähili dahylynyň bardygyny aç-açan aýtmagy hem-de käbir maliýe soraglaryny aýyl-saýyl edip bermegi haýyş edipdir. O.Make jogap hatynda özüniň A.Dýuma-kakasy bilen awtordaşlykda ýazan kitaplary hakda hiç hili maglumaty gizlemän beýan edipdir we şonuň bilen birlikde-de A.Dýuma-kakasy bilen özüniň arasynda hiç hili pul düşünişmezliginiň ýokdugyny aýratyn nygtapdyr. Görkezilen sene-menelere garamazdan, O.Make A.Dýuma bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň netijesinde baýap, hatda özüne Sent-Mem gala-mülküni hem satyn alypdyr. Ol aradan çykandan soň bolsa mirasdarlaryna uly möçberde baýlygy galypdyr. Mundan başga-da O.Make 12 ýyllap Fransiýanyň Dramatiki awtorlar we kompozitorlar jemgyýetiniň prezidenti, Hormatly Legionyň serkerdesi bolupdyr. 2010-njy ýylda bolsa bu waka boýunça “Başga Dýuma” atly film surata düşürilipdir. Çeşmesi: https://medium.com/eggheado-art/-2ba4ff404a3f. 05.01.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||