13:29 Halasgär / hekaýa | |
HALASGÄR
Hekaýalar
Däliziň ugry bilen haýdaşlap barýardy. Gyssanmaç. Eýýäm eşigem çalşyrylan. Iş wagt-a gutardy. Özem toýa ýetişmeli. “Ýetişmeli” diýýänem, elbetde bu barýança toý sowulmaz. Ýöne, birki gün mundan ozal gürleşip goýan dostlaryndan gijä galsa, ýeke barmaly boljak. Şo pille-de: “ýeser ýerde gaý tutdy” diýilýäni. -Dugtor jan! Gyýw, dugtor oglum-a! Gapdalyndan bir ýerden, nätanyş daýza çykdy. Özem egnine geýen holp-solp halady, üsti-başyny bolşundan bäşbeter sallam-sajak görkezýär. Saçlaram kellesindäki köne gyňajynyň aşagyndan çogup, hüwjerip dur. Asyl bu, oň nireden, haýsy palatadan çykanynam görüp ýetişmedi. Ýöne, her niçigem bolsa, bärde ençeme ýyl işläp ýöreni – “dogtor” diýlip ýüzlenilse, bolmanda aýak çekmek endigine öwrülip giden. Sägindi. -Hä, daýza?! -Ýeteweri, jan jigi! O palatgadaky ýatan benne, hyýgyllap gidip barýar-a... “Owf! Ine-dä saňa! Käriň şü bolmasyn! Tüýs ýöne: “ýol üstünde at heläk, at üstünde göt heläk” diýilýäni, bolup bilse şü bolmaly...Aýda-ýylda bir gezeg-ä wagtynda işden sypyp, toýa gitjek bolýaň...Onna-da ölmäge başga wagt gutaran ýaly, hut şo müddetde demini sanap başlaýan hökman tapylaýmalydyr... “Lukmanlaň otagynda nobatçy bardyr, daýza! Şoňa aýdaýsana!” diýseňem, owal-a bü daýza duranja ýerinde tütär. Üstesine özüňemmir tükenen götýüzi...”. Oň kellesind-ä şu pikirler tüweleýleýär. Özem eýýäm, beýnisinden garaşsyz: “Ýör görkez, daýza! Haýsy palatada?!” diýip hüňürdeýär-de, öňüne düşüp gybyrdyklap barýan daýzaň yzyndan haýdaýar. Girdi. Hakykatdanam sekiniň üstündäki hassa janhowluna assaja titräp ýatyr. Demi zordan gelip-gidýär. Bosagadan ätlän dessine lukmany geň galdyran zat, ýatanyň özüni çagyran daýza bilen bir almany iki bölen dek çalymdaşdygy boldy. “Bäh! Bulaň meňzeşligin-aý! Ýa ekiztaýmyka?” diýen oýlanma, onuň aňynda göz açyp-ýumasy salymda ýalpyldady. Soňam bada-bat, onuň beýnisini hünär aladasy gark etdi. “Hamynyň reňki juw-ak. Ýelmeşek, sowuk der bilen öl-myžžyk bolup derleýä...Ýiti miokardyň infarktynyň alamatlary...”. Ol öz ýanyndan syrkawyň ýagdaýyny çaklady-da, haýdan-haý oň başujundaky telefona ýapyşdy. Nobatçy şepagat uýasyna jaň etdi: -Bäşinji palata! Ýiti miokardyň infarktynyň çaklamasy. 55-60 ýaşly aýal. Defibrillýator, nitrogliserin, tikagrelor, propranalol ukollygy. Çalt.-diýip kesgin-kesgin aýdyşdyrdy. Özem ýarawsyzyň sary gidip, göwşüllän haladyny iki ýana serpdi. Emaý bilen döşüniň üstünden basyp, ýüregini massaž etmäge başlady. Kän wagt geçmänkä-de, birki sany şepagat uýasy bilen nobatçy lukman palata güpürdeşip girdi... ...Birhaýukdan, syrkaw doly özüne gelmese-de, ýürek urşy birneme kadalaşdy. Ol kömekleşmesini bes etdi. Palatadan çykdy. Ok kibi däliziň uzaboýuna bölümiň girelgesiniň ýokarysyndaky elektron sagada göz aýlady. Kän wagtam geçmändir. 20 minut. Ol egniniň gurşugyny ýazmak üçin gerinjirände, köýneginiň derden ýaňa sykybermeli bolandygyny duýdy. Bu durşuňa daşaryg-a çykyp bolmaz. Ulaga barýançaň şemal kakjak. Soňam nä, “me saňa dümewdir-dä”. Uludan dem aldy. Çalşyrgyjam ýok. Ol biraz deri gaýdyşýança oturmak üçin lukmanlaň otagyna ýöneldi. Nobatçy şepagat uýasynyň ornuna ýetende-de, birdenkä ýaňky daýza güpbe ýadyna düşdi. -Neme jan,-diýip ol, nämedir bir zada dümtünip oturan, halatlyja gyza ýüzlendi:-bü ýaňky meni çagyran daýza, nä şo palatada ýatan syrkawyň ekizimi? Ýaman meňzeş eken welin... Nobatçy gyz düşünmedi. Gyzyň gözüni tegeläp seredişinden, öz soragyna düşünilmändigini aňan ol, äheňine gatyrganma çaýyp, täzeden gaýtalady: -Ýaňky daýza diýýän, o ýatan syrkawyň taýymy ýa uýasymy? -Haýsy daýza?-diýip ýaş gyz, hasam gözüni petretdi. Näçe sowukganly boljak bolsa-da, muň az-owlak gahary geldi: -Ýaňky, men gelýäkäm, gapdalymdan zompuldap, o palatadakyň ölüp barýanyny aýdan garry... Geňirgenmekden ýaňa nobatçy gyzyň gaşlary gerildi. -Siziň öňüňizden hiç kim çykmad-a! Siz gelýädiňiz...birdenem durduňyz...soňam öz-özüňiz bir zad-a diýdiňiz-de, derrew yzyňyza öwrülip, ýaňky palata girip gitdiňiz. Yz ýanyndanam jaň etdiňiz... | |
|
√ Syrly dagdan / hekaýa - 24.12.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mähir ummany / hekaýa - 23.12.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |