19:46 Halk köşgi basdy! | |
HALK KÖŞGI BASDY!
Publisistika
Günorta Aziýada Şri-Lanka diýen bir ýurt bar. Bize meñzeýän ýeri ýok. Hemme ýeri bir adadan ybarat, jemi 1340 km² gury ýeri her güni ýagyşly, tüweleýli, apy-tupanly ýurt... 22 million ilatly ýurda "Hind okeanynyñ merjeni" diýilýär. Öñki ady Seýlondy. Daşary ýurtlara satýan çaýy we az-owlagam turizmden düşýän girdeji bilen gününi dolaýardy... Ilatynyñ 70%-i buddist, 13%-i indus, 10%-i musulman, 7%-I hristian... Ady üýtgedildi. Şri-Lanka boldy. Sanjylary üýtgemedi. Uzak wagt bäri ykdysady sanjylary bilen urunýardy, sabyr käsesi dolup köçelere dökülen gaharly halk demonstrasiýa geçirýärdi, hatda Pasha günlerinde-de otellerde bombaly terrorçylykly aktlar bolýardy. Bu ýurtda öññin gaharly halk köpçüligi paýtagt Kolomboda prezident köşgüne döküldi. Ýurduñ prezidenti maşgalasyna ýakyn, garyndaşparaz, tarapgöý hökümet dolandyryşyny saýlap alypdy. Häzirki premýer-ministrden öñki premýer-ministr prezidentiñ öz doganydy. Halk onuñ öýüne dökülip, ýaşaýan ýerini otlady welin, gorkusyna wezipesinden el çekmeli bolupdy. Ýurduñ prezidenti-de halkyñ köşge döküljek derejede gahar-gazaba atlanandygyny görenden dogany ýaly "işden gitjegini" mälim etdi. Ol ýigrimi ýyllap prezident wezipesinde otyrdy. Şri-Lankada prezidentiñ wezipesinden el çekjekdigini eşiden halk dökülen köşgüniñ howlusyndaky suwly howuza girip, özleriçe ýeñişlerini baýram etdi. * * * Okeanyñ merjeni saýylan ýurt! Nädip bu ýagdaýa düşdi? Ýurt uly ýangyç we azyk iýmiti krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Açlyk, garyplyk ýetjek derejesine ýetipdi. Garyplar her gün palawly, merjimekli, ysmanakly gazanlaryñ başynda uzyn-uzyn nobata durýardy. Halk iýmitini gysyp, köpüsi ite bir sümek bergili durmuşda ýaşaýardy. Azyk iýmitleriniñ bahasynyñ ýyllyk artyşy 80%-den geçipdi. Emma hünärmenler 80%-iñem ýalñyş görkezijidigini, hakyky inflýasiýanyñ 122%-e ýetendigini aýdýarlar. Şri-Lankaly işçi hepdäniñ dowamynda zordan 10 dollar gazanyp bilýär, gazanýan pullary bolsa nyrhlaryñ gymmatlap gidişine eýgerip bilenokdy. Ýetde-gütde güzeran, gizlin açlyk baş galdyrdy. UNİCEF aç-ýalañaç müñlerçe şri-lankaly çaga üçin "gyssagly ýardam talabyny" etdi. * * * Walýuta gutardy. Walýuta rezerwi galmansoñ, azyklyk ýag we nebit hem keýgiñ şahyna çykdy. Benzin, dizel ýangyjy, gazly ballon tapdyrmaýan zerurlyklaryñ sanawyna girdi. Elektrik togunyñ öndürilişi nebite bagly bolandygy üçin nyrhlar üç-dört esse galdy we elektrik togy günläp kesilmäge başlady. Hususy awtoulaglara benzin we dizel ýangyjynyñ satuwy çäklendirilip, iki hepdeden bir gezege getirildi. Premýer-ministr "ykdysadyýetimiz doly çökdi, häzir ýangyç, elektrik togunyñ we azyk önümleriniñ gytçylygyndan has uly howpuñ içine düşdük" diýmäge mejbur boldy. Şri-Lanka bergi batgalygyna batdy, jemi bergisi 51 milliard dollara ýetdi, 2026-njy ýyla çenli üzmeli daşarky bergisiniñ özi 25 milliard dollara ýetdi. Maý aýynda defolta düşdi, ýurduñ daşarky bergilerini bermäge güýç-mejaly galmady. IMF-den, ABŞ-dan, goñşusy Hindistandan, Ýaponiýadan kömek sorady. * * * Maliýe hünärmenleri geldi. Ýagdaýy öwrendiler. Kesgitlemäni şeýle goýdular: "Sudden Stop!" Terjimesi: "Duýdansyz togtaýyş" ("Aniden duruş") Arapçasyny-da tapdym: "Tawaqaf Mufaji". "Tawaqaf Mufaji" derejesine ýeten ýurtlarda halk Şri-Lankada bolşy ýaly gahar-gazaba atlanyp, prezident köşgüni basýar. Dünýäniñ maliýe boýunça iñ gowy okuw jaýy bolan ABŞ-nyñ "Whroten Finance"-de okadýan türk alymy professor Bilge Ýylmaz "Türk ykdysadyýetinjñ gelip ýeten häzirki ýagdaýynda "Duýdansyz togtaýyş howpy" bar" diýdi. (08.07.2022 ý., Žale Özgentürkiñ reportažy, "Cumhuriyet" gazeti). Seret, Şri-Lanka! Gör, halyñy! Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 11.07.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |