Mälim bolşy ýaly, Nedir şa öleninden soň onuň goşunynda serkerde bolup gulluk eden, abdallaryň taýpasyndan Ahmet han (1722-1773) Owganystanda özbaşdak döwlet döredip, “şa” unwany (tituly) bilen tagta geçýär. Ahmet han Owganystanyň şasy bolandan soňra özüne “Dürri-dürran – Dürleriň düri (Dürrany)” diýen derejäni alýar hem-de abdallaryň taýpasynyň adyny hem şol görnüşde üýtgedýär. Şondan soňra Ahmet şa 1750-1755-nji ýyllarda Horasana birnäçe gezek ýöriş edýär we Etrek-Gürgen türkmenlerine 1754-nji ýylda iki gezek hat ýazyp, olara özi bilen birleşmegi teklip edipdir. Şonda-da Etrek-Gürgen türkmenleri Ahmet şanyň ýörişlerine işjeň gatnaşypdyrlar. Gökleňleriň serdary Hanaly han ilki ýaşlyk döwründe Nedir şanyň goşunynda serkerdelik edipdir. Onuň ady Ahmet şa Dürranyň 1754-nji ýylyň 6-njy awgustynda çykaran permanynda ady agzalýan 28 sany türkmen serkerdesiniň içinde ýazylypdyr. Hanaly handan başga-da Ahmet şa Dürranyň şol permanynda Döwletaly han, Muhamedaly uşak han, Begenjaly han ýaly görnükli hanlarynyň ady agzalýar. Hanaly han XVIII asyrda Keýmir kör, Nedir şa, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik türkmen şahslarynyň döwürdeşi bolupdyr.
■ Edebiýat:
1. "Türkmenistanyň taryhy", Akademik Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy redaksiýasy bilen. III tom. – Aşgabat: "Ylym", 2017. 141, 620 sah.
@Kitapcy, Öwezdurdy aganyň şol romanynyň elektron görnüşi bar bolsa, Hanaly han hakynda has ýiti şekillendirilen parçasyny şu maglumatyň gapdalyna goşsaň, örän ýerine düşerdi.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]