22:46 Hatamnama: Hatam Taýyň altynjy şert üçin sapara gitmeginiň beýany | |
HATAM TAÝYŇ ALTYNJY SERT ÜÇIN SAPARA GITMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Elkyssa, Hatam Husnyýe Banuwyň hatynyň hökümi bilen tanşyp, şazada Müniri Hudaýa tabşyryp, onuň bilen hoşlaşyp, çöle tarap ýola düşdi. Ol ençe gün ýol ýöredi. Ol kalbynda Beýik Taňrydan amanlyk dileýärdi. Bir gün Hatam adamlaryň gara lybas geýip, üýşüp ahy-nala edýän ýerine ýetdi. Hatam olaryň ýanyna baryp birinden hal-ahwallaryny sorady. Ol: — Biziň bir şazada ýigidimiz bardy. Ol diwana bolup özüni guýa taşlady. Onuň ölüdiginden ýa-da diridiginden biziň habarymyz ýok. Ine, birnäçe günden bäri şunuň ýaly ahy-nala edýäris — diýdi. Hatam bu sözi eşidip gynandy. Ol öz-özüne: “Bu sözi eşitmesem ýagşy bolardy. Indi, onuň habaryny eşitdiň. Onuň bu syryny bilip ötmegim gerek” diýdi. Hatam patyşanyň ýanyna baryp: — Men şol guýa girip, şazadanyň habaryny alyp çykaýyn — diýip, haýyş etdi. Patyşa oňa rugsat berdi. Hatam guýynyň ýanyna bardy. Adamlar Hatamyň biline ýüp baglap, guýa saldylar. Onuň aýagy ýere ýetdi we bilinden ýüpi çözdi. Hatam bu ýerde suwlar akyp duran, her dürli reňkdäki güller açylan uly bossanyň bardygyny gördi. Altyndan salnan eýwanly köşgüň içine atlas, ýüpek düşekler salnypdyr. Köşgüň her jaýynda perizatlar hyzmat edip dur. Hemme zatdan ýokarda altyn çaýylan iki sany tagt goýlupdyr. Olaryň birinde bir görmegeý ýigit, beýlekisinde bolsa galam gaşly bir perizat otyr. Meýlis söhbet giňden tutulypdyr. Hatam öňe tarap ýöredi. Ol periniň gözi Hatama düşdi. Ol Hatamy görkezip: — Bir görmegeý ýigit intizar bolup, garaşyp dur. Ony bu ýere alyp geliň — diýip buýurdy. Hatamy onuň ýanyna alyp geldiler. Perizat öz ýanyndan bir tagt goýdurdy, Hatama oňa geçip oturmagy teklip etdi. Hatam oňa geçip oturdy. Dessine onuň öňüne desterhan ýazdylar. Hatam iýip-içip, garnyny doýurdy, teşneligini gandyrdy. Ondan soň bolsa, desterhan ýygnaldy. Melike: — Eý, juwan ýigit! Seniň bu ýere gadam goýmagyň sebäbi nämedir? Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? Sen maňa özüňi tanat — diýdi. Hatam: — Men Ýemenden bolaryn. Meniň adyma Hatam ibn Taý şa Ýemeni diýerler. Men Hudaýtagalanyň razylygyny isläp, mätäç bendeler üçin janymy pida etdim — diýip, başyndan geçiren wakalarynyň hemmesini birme-bir beýan edip berdi. Ol Hüsniýe Banuwyň Badygird atly hammam baradaky sowalynyň jogabyny bilmek üçin ýola çykandygyna çenli aýtdy. Hatam: — Men ýolda şu şazadanyň ata-enesiniň ahy-pygan çekýändigini gördüm, olara ýüregim gyýlyp bu ýere düşüp we siziň hyzmatyňyza ýetişdim — diýdi. Soňra Hatam şazada bakyp: — Siz bu ýerde rahatlykda otyrsyňyz ol biçäreler bolsa günlerini matamda geçirýärler. Seniň ata-eneň ýanyna barmaklygyň lazym — diýdi. Şazada: — Mende ygtyýar ýokdur — diýdi. Melike: — Gitse hem, galsa hem ygtyýar onuň özündedir. Çünki, onuň özi bu ýere öz aýagy bilen geldi. Ol haýsy wagt gitmek islese, şol wagt gidibersin — diýdi. Şazada: — Meniň Melikäm bu sözleri bilip aýdýar. Eger ol meniň köňlüm üçin her hepdede bir gezek baryp, özüniň jemaly bilen gözümi röwşen etmekligi wada berse, onda men bu ýerden giderin — diýdi. Melike: — Biziň kowmumyzda beýle wada bermeklik bolmaýar — diýdi. Hatam: — Alkada dagynda Elken peri Temim atly ýigide mähribanlyk edip, onuň nikasyna girdi. Bir söz bilen aýdanyňda olar bir-birini görmeseler oňmaýarlar. Olar bir-birinden asla aýrylyşmaýar — diýdi. Melike: — Bu sözi men hem eşidipdim. Ýöne bu ýigit ol ýerde maňa biwepalyk görkezer — diýdi. Şazada: — Bu niçik söz boldy. Men tagtyň, täjiň, atamyň, enemiň dogan garyndaşlarymyň mährinden ötüp, Melikäniň jemalyna duşmaklyga umydygär bolup geldim — diýdi. Ol ýene-de şuňa meňzeş başga köp sözleri ara saldy. Melike: — Men eden işini ýüregi bilen eden kişini özüme dost bilýärin — diýdi. Şazada: — Melikäm näme iş buýrmaklygy islese, şony hem buýursyn. Men onuň tarapyndan her hili iş bolsa hem ony etmeklige taýýardyryn — diýdi. Melike: — Eger onuň sözi çyn bolsa, onda ol gaýnap duran ýagyň içine girsin — diýdi. Şazada: — Baş üstüne! — diýip, bu işe taýýardygyny aýtdy. Hatam: — Eý, şazada! Sen bu işden gorkma! Mende bir ýüzük bar. Sen şony agzyňa salyp, gaýnap duran ýagyň içine gir. Sen ondan salamat çykarsyň — diýip, teselli berdi. Melike buýrup, ýag gaýnatdyrdy. Şazada ýüzügi agzyna salyp, bileklerini çermedi. Ol eteklerini biline gaýtaryp, “Alla” diýip, özüni gaýnap duran ýagyň içine taşlamakçy bolan pursatynda Melike näz-kereşme bilen onuň golundan tutup saklady. Ol: — Sen aşyklygyňy subut etdiň — diýdi. Olar täzeden meýlise gaýdyp geldiler. Şa periniň emri bilen perileriň adatyna görä toý-tomaşa tutuldy. Şazada we şa perä ýagşy dilegler aýdylyp, nika gyýyldy. Aşyk-magşuklar tapyşdy. Hatam juwanlara ýagşy dilegler etdi. Aradan bäş on gün ötdi. Hatam Şaperä: — Indi şazada jogap bolsa, ol ata-enesini görse? — diýdi. Melike: — Ýagşy — diýip oňa rugsat berdi. Ol perilere buýryp bir tagt getirtdi. Ol şazadanyň ata-enesine laýyk sowgatlary ýüpek lybaslary peşgeş berdi. Şazadany we Hatamy sowgatlar bilen tagtyň üstüne göterip mündürdiler we olary guýynyň agzyna çykaryp goýdular. Şazadanyň matamy toýa aýlandy. Şazada Hatamy ugruna goýman şähere alyp geldi. Şazada toý-tomaşa tutdy. Şa peri hepdede bir-iki gije gelýärdi. Hatam bularyň işinden göwni razy boldy. Ol şa bilen şazadadan gitmeklige rugsat diledi. Şa peri hem şol gije häzir boldy. Hatam hemmäniň özünden razy bolmaklaryny diledi. Ol şa ýüzlenip: — Siz Badygird hammamynyň haýsy tarapdadygyny bilýärsiňizmi? — diýip sorady. Şa: — Men onuň günbatar bilen günortanyň arasynda ýerleşýändigini” diýip eşidipdim. Ol hammam hakynda şundan artyk hiç zat bilmeýärin — diýdi. Hatam olar bilen hoşlaşyp, ýola rowana boldy. Hatam hiç bir ýerde saklanmazdan ýol ýöredi. Ol ýolda duşýan geň zatlara tomaşa edip gidip barşyna, bir oba baryp ýetdi. Ol bu ýerde bir pir adamyň öýüne myhman boldy. Ol pir oňa gadyr bilen myhmandarlyk etdi. Ol pir: — Eý, juwan ýigit, ýol bolsun! Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? Sen haýsy ýurtdan bolarsyň? Ýol ýöremekden seniň maksadyň näme? — diýip sorady. Hatam oňa başyndan geçiren wakalaryny başdan aýagyna çenli gürrün berdi. Ol pir: — Eý, oglum! Seniň janyňa rehimiň gelsin! Sen başga haýyr işlere meşgul bol — diýip, Hatamy raýyndan gaýtarmakçy boldy. Hatam: — Henize çenli men giden ýolumdan yzyma gaýdan gezegim ýok. Indi hem Hudaýtagalanyň razylygy üçin tutan ýolumdan ýüz öwürmerin — diýdi. Pir: — Berekella, eý, oglum! Saňa we seniň ata-eneňe rehmet bolsun! Sen başga bir kişiniň işi üçin, öz rahatlygyňy goýup, muşakgatly ýola giripsiň. Sen meni az-kem diňle! Men saňa eşiden zadymy aýdyp bereýin. Badygird hammamy bu ýerden iki aýlyk ýoldur. Katgan diýen bir şäheriň eteginde daglyk bir ýeriň içinde gaty yssy bolan bir dere bardyr. Ol dere Keýumers atly patyşanyň hökümi bilen ol ýerde akyldarlar köp tilsim etdiler we ol tilsimleriň adyna “Badygird hammamy” diýip at berdiler. Ol zamandan tä şu wagta çenli hiç kim oňa girip çykyp bilmeýär. Ol giren adamdan habar hem bolmaýar. Katganyň şasy oňa garawul goýupdyr. Olar oňa girmäge hiç kimi goýbermeýärler — diýdi. Pir Hatamy Katganyň ýoluna saldy diýdi. Ol ýene: — Iki sany ýoluň aýrylýan ýeri geler. Sen sag tarapdaky ýoly bilen git. Onuň bela-beteri azrakdyr. Soň ýene iki sany ýol geler. Onuň çep tarapdakysy bilen ýöre. onuň kynçylygy azrakdyr. Sen meniň aýdan sözlerimi ýerine ýetir. Bolmasa soň puşman edersiň, ýöne bu puşmandan peýda tapmarsyň — diýip, hoşlaşyp öz öýüne gaýtdy. Hatam: “Allahu ekber ” diýip, Beýik Taňra bil baglap, ýola rowana boldy. Ol birnäçe gün ýol ýöräp bir şähere gelip ýetdi. Ol adamlar şäheriň, daşyna seýil etmek üçin çykypdyrlar, çadyrlar dikipdirler, dürli-dümen naharlar taýýarlapdyrlar. Ýöne hemme adamlaryň ýüzünde şadyýanlyk alamatynyň ýokdugy duýulýardy. Hatam olaryň birinden: — Toýa meňzeş bu tomaşa nämedir? — diýip sorady. Ol adam: — Bu welaýatyň başyna näçe wagt mundan öň bir bela inipdi. Aždarha sypatynda bir jandar her aýda bir gezek gelip, ýere bir togalanyp, bir görmegeý ýigide aýlanyp, ýerinden turup, biziň gyzlarymyzdan birini isläp, toý tutup, ony alyp gidýärdi. Eger biz oňa gyz bermesek, dünýäni astyn-üstün ederdi. Bu gün onuň geljek günüdir. Bu toý şonuň üçindir. Biz ol gyz alyp gidenden soň, matam tutýarys — diýdi. Hatam az-kem oýlanyp: “Elbetde, beýle iş jynlaryň işidir” diýip, netije çykardy. Ol adamlara ýüzlenip: — Siz patyşaňyza aýdyň. Eger Allatagalanyň hemaýaty bolsa, men bu belany ýok ederin — diýdi. Adamlar onuň bu habaryny patyşalaryna ýetirdiler. Patyşa Hatamy ýanyna alyp gelmekligi buýurdy. Adamlar ony patyşanyň huzuryna alyp geldiler. Patyşa oňa hormat-hezzet edip, ony öz gapdalynda oturtdy. Patyşa Hatamdan ol beladan gutulmaklygyň alajyny sorady we ol: — Siz bu aždarhany ýok etseňiz, onda bize uly ýagşylyk etdigiňiz bolar — diýdi. Hatam: — Eger ol ýylan indi gelip sizden gyz sorasa, onda siz oňa: “Öň biziň pirimiz ýokdy. Ol bu gün biziň aramyza geldi. Ol bize: “Her kim bir kişä gyz berse, menden birugsat bermesin. Eger kim menden rugsatsyz gyz berse, men onuň jezasyny bererin” diýýär diýiň. Eger ýylan ýigit sizden: “Hany ol piriňiz?” diýse, onda oňa meni görkeziň. Ondan soň men öz etjek işimi bilýärin — diýdi. Hemmeler, patyşa hem onuň bu teklibini kabul etdiler. Birnäçe wagtdan soň aždarhanyň gelýänliginiň alamatlary peýda boldy. Hatam onuň minara ýaly uzyndygyny, burnundan otdur tüsse çykyp durandygyny gördi. Ol her hili owaz edip, çar tarapa bakyp, gygyryp ýakyn geldi. Ol demini sanap, bir salym durdy we adamlara dem urdy. Adamlar bihuş boldular. Aždarha bir-iki gezek ýere togalanyp, görmegeý ýigit suratyna aýlandy we adamlaryň ýanyna geldi. Adamlar oňa hezzet-hormat etdiler. Ol öňki adatyna görä, gyz diledi. Olar: — Biziň bir pirimiz bardy. Ol gaýyp bolupdy. Bu gün ol aramyza gelipdir. Ol bize: “Kim bir kişä gyz berse, menden birugsat bermesin, bolmasa men ol adamyň jezasyny bererin diýýär”— diýdiler. Aždarha ýigit: — Ol piriňiz hany? — diýdi. Olar oňa Hatamy görkezdiler. Aždarha: — Munça hetden aşar ýaly sen kimsiň? Onuň sebäbi nämedir? — diýip sorady. Hatam: — Meniň atam-babam bu şäheriň hojasydy . Bu ýerde olardan birugsat hiç bir iş edilmezdi. Men ençe wagtdan bäri başga şäherlerde boldum. Indi bolsa men öz şäherime gaýdyp geldim. Bular öňki adat-düzgünini bozupdyrlar — diýdi. Aždarha ýigit: — Bularyň bozulan adat-düzgüni nähilidir? — diýip sorady. Hatam: — Meniň uly babamdan galan bir ýüzük bar. Ony bir jam şerbetde çaýkap, ol şerbeti öýlenjek ýigide içirýäris. Onsoň onuň ömri şirin bolýar — diýdi. Aždarha ýigit: — Ol şerbeti taýýar ediň — diýdi. Hatam şerbet getirdi we Mahperiniň ýüzügini sellesinden çykaryp, şerbete çaýkady. Ol şeýle niýet etdi: — Şu jynyň bilýän ylmy ýadyndan çyksyn! — diýdi. Aždarha ýigit şerbeti bir gezekde demine dartdy. Onuň hemme bilýän emeli ýadyndan çykdy. Hatam: — Ýene bir düzgünimiz galdy — diýdi. Aždarha ýigit: — Ol nähili düzgünidir? — diýdi. Hatam: — Ýigidi bir humuň içine girizip, oňa ýene şerbet berýäris. Ondan soň biz oňa gyzy berýäris — diýdi. Aždarha ýigit: — Tiz boluň! — diýdi. Hatamyň buýrugy bilen bir hum getirdiler. Aždarha ýigit humuň içine girdi. Hatam jamdaky şerbete «Ismagzamy» okap, dem salyp: — Ine, şu şerbeti içiň — diýdi. Aždarha ol şerbeti içdi. Ismagzamyň» bereketinden humuň agzy berk ýapyldy. Hatam: — Eý, giýew! Indi, humdan çykyň we gyzlardan isläniňiziň birini saýlap alyň — diýdi. Ol jyn Humdan şunça çykjak boldy, bolmady. Hatam halaýyga: — Bu ýere köp odun getiriň. Bu hum çig eken. Biz muny bişireliň — diýdi. Adamlar bu ýere örän köp odun daşadylar. Ol oduny Humuň dört tarapyna basdylar, soňra oduna ot berdiler. Odun şeýle bir uly ot bolup tutaşdy, jyn perýat edip gygyrdy, emma onuň oňa peýdasy bolmady. Küýze hem, onuň içindäki jyn hem ýanyp kül boldy. Hatam adamlara: — Indi her kim öz işi bilen bolsun? Siz ol jyndan gutuldyňyz. Ol bela ýok boldy — diýdi. Adamlar muňa begendiler. Her kim Hatama güýjüniň ýeteninden sylag-serpaý berdi. Hatam bolsa: — Maňa baýlyk derkar däl. Ony gowusy mätäçlere bereliň — diýip, bu sadakany garyp-gasarlara paýlady. Soňra ol bu adamlar bilen hoşlaşyp, öz ýoluna rowana boldy. Ol birnäçe daglardan aşyp, bir sähra baryp ýetdi. Bu sährada ýylan-içýan köpdi. Ol Allatagalany ýat edip, muşakgat çekip bu sähradan ötdi. Ol müň aýak we kyrk aýak mahluklaryň mekany bolan bir tokaýa geldi. Her bir müň aýakly mahlugyň ululygy aždarha ýaly we her bir kyrk aýagyň ululygy şir ýalydy. Olar haýbatly arlap, Hatamy ara aldylar. Hatam Beýik Taňrydan ejizlikden çykarmaklygyny diledi. Onuň gulagyna: — Mahperiniň ýüzügini ýere taşla! — diýen owaz eşidildi. Ol şol wagt ýüzügi ýere taşlady. Allatagalanyň gudratyna ol mahluklaryň biri ak, biri ýaşyl, biri gara, biri gyzyl reňkli boldy. Müň aýakly we kyrk aýakly mahluklar diwana bolup, bir-biri bilen jeň etdiler. Olaryň Hatam bilen işleri bolmady. Ahyry olar uruşyp, ölüp gutardylar. Tokaý boşap galdy. Hatam Mahperiniň ýüzügini ýerden galdyrdy we Allatagala alkyş taryp baryny aýdyp, ýoluny dowam etdi. Birnäçe günden soň, ol ýene bir tokaýa baryp ýetdi. Bu tokaý içýanlaryň mekanydy. Ol içýanlar adam boýuna galyp, Hatama haýbat atdylar. Olaryň her biriniň ululygy goýun, geçi ýalydy. Hatam ýene Mahperiniň ýüzügini ýere taşlady. Içýanlar hem aždarhalar ýaly birnäçe reňkli boldular. Içýanlar bir-birleri bilen uruşmaga başladylar. Bir sagat geçip-geçmänka, olaryň hiç biri diri galmady. Tokaýa ot düşüp, olar ýanyp, kül boldular. Hatam ýerden Mahperiniň ýüzügini göterdi. Ol başyny ýere goýup, Allatagala şükür seždesini etdi, Oňa alykyş-taryp aýtdy. Soňra ol ýene ýoluny dowam etdirdi. Ol ýolda özüne duşýan geň-taň wakalary synlap barýardy. Hatam şol ýöräp barşyna bir welaýata ýetdi. Bu welaýatyň patyşasy bir bela-beter bar bolan ýola: “Bu ýoldan hiç bir kişi ýöremesin” diýip, garawullar goýupdyr. Olar bir adamyň ýeke özüniň pyýada ýöräp gelýändigini gördüler. Hatam didebanlaryň ýanyna geldi. Olar Hatamdan: — Siz bu ýola niçik geldiňiz? — diýdiler. Hatam: — Men bu ýere Beýik Taňrynyň hemaýat bermegi bilen geldim. Kyrk aýakly, müň aýakly aždarhalar we içýanlar heläk boldy. Olaryň tokaýlary ýanyp küle öwrüldi — diýdi. Garawullar Hatamy patyşanyň ýanyna alyp geldiler. Ol patyşa başyndan geçiren wakalaryny gürrüň berdi. Patyşa Hatamy hezzet-hormat bilen ýagşy jaýda goýup, ol tokaýlara onuň habarynyň anygyna ýetmek üçin adam iberdi. Ol Hatamyň aýdan sözleriniň dogrudygyny bildi. Patyşa bu ýoluň howpunyň aradan aýrylandygyny jar çekdirdi. Şu wagtdan soň kerwenler bu ýoldan iki ýana gatnap başladylar. Patyşa Hatamdan: — Eý, juwan ýigit! Siz haýsy tarapdan gelýärsiňiz? Siziň beýle pyýada ýöremekligiňizden maksadyňyz näme? — diýip sorady. Hatam: — Men Ýemen welaýatyndan bolaryn. Meniň adym Hatam ibn Taý şa Ýemen diýerler. Häzir men Husnabat şäherinden gelýärin — diýip, bu sapardan maksadynyň Badygird hammamynyň ýerleşýän ýerini kesgitlemekdigini aýtdy. Patyşa oňa ýagşy dilegler etdi we ol: — Eý, Hatam! Siz bu hyýalyň peýdasyndan geçiň. Siziň öz janyňyza haýpyňyz gelsin. Ol hammama giren adamlardan hiç bir habar-hatyr bolmaýar. Olaryň öli-diridigini hiç kim bilmeýär — diýip, köp ýalbardy. Emma Hatam raýyndan gaýtmady. Patyşa onuň tutan işinden gaýtmajakdygyny anyk bilip, onuň ýanyna birnäçe adam goşup: — Muny Badygird hammamynyň serhedine ýetirip geliň —diýip buýurdy. Elkyssa, Hatam patyşa bilen hoşlaşyp ýola düşdi. Adamlar oňa ýolda birnäçe gün hemra boldular. Olar: — Biziň patyşamyzyň serhedi şu ýere çenlidir. Mundan beýledäki ýerler Katgan şasy Harys şanyň mülküne degişlidir — diýip, Hatamdan jogap alyp, öz mekanlaryna gaýtdylar. Hatam: “Alla” diýip, Katgana tarap ýola düşdi. Ol muşakgat çekip, ýadawlyk görüp Katgan şäherine baryp girdi. Ol bu ýerde bir hüjräni myhman jaý alyp, özüne dem-dynç berdi. Ertesi Katgan şäherine gezelenje çykdy. Ol öz ýany bilen iki merwerit bölegini aldy. Hatam şäheriň belent-pes ýerlerine tomaşa etdi. Ahyry ol patyşanyň ýanyna bardy we merweridi oňa peşgeş berdi. Harys patyşa munuň ýaly gymmatbaha merweridi heniz görmändi. Ol öz ýanyndan kürsi goýduryp, onda Hatamy oturtdy. Patyşa ony gadyr bilen myhman aldy. Iýmek-içmeklikden we bir-birine ýagşy dileg etmeklikden soň ol: — Eý, juwan ýigit! Siz nireden gelip, nirä barýarsyňyz? Siziň munuň ýaly galandar bolup ýöremegiňizden näme maksadyňyz bar? — diýip sorady. Hatam: — Men biçäre Ýemenden bolaryn. Meniň adyma Hatam ibn Taý şa Ýemeni diýerler. Men Allatagalanyň razylygy üçin mätäç bendelere ýardam bermeklik üçin janyny pida etdim — diýdi. Ol şazada Munir Horezminiň, Hüsniýe Banuwyň sowallarynyň kyssasyny gürrüň berdi. Ol ýene özüniň bäş sowalyň jogabyny tapyp, altynjy soragyňa jogabyny gözläp, Badygird hammamynyň syryny açmak üçin bu ýere gadam goýandygyny aýtdy. Harys şa: — Eý, Hatam! Siziň janyňyza haýpyňyz gelsin! Siz bu söwdanyň peýdasyndan ötüň. Çünki, ol hammama girenlerden häzire çenli yzyna çykan adam ýok. Olaryň ölüdiginiň ýa-da diridiginiň mälimi ýok. Dünýäde başga haýyr işler hem köpdür. Ýöne siz bu işiňizden ýüz döndüriň — diýip, köp ýalbardy. Hatam: — Eý, patyşa! Siz maňa rugsat beriň?! Meni bu ýere salamat ýetiren Beýik Taňrydan: “Ol hammamdan hem sag aman çykarar” diýen umydym bar. Onuň gudraty güýçlüdir — diýdi. Harys patyşa Hatamyň ruhunyň belentdigini bildi. Ol nalaç bir hat ýazyp Hatama berdi. Ol: — Badygird hammamynyň garawulynyň adyna Saman Awar diýýärler. Ol hiç bir adamy hammama girmeklige goýmaýar — diýdi. Patyşa bäş-on sany adam goşup, Hatamy Saman Awaryň ýanyna iberdi. Elkyssa, birnäçe günden soň Hatam Saman Awaryň ýanyna baryp, Harys patyşanyň hatyny gowşurdy. Saman Awar Harys patyşanyň ýazan hatyny okady. Onda: “Bu baran kişä Hatam diýýärler. Eger ugruny tapsaň, sen ony mylaýym sözler bilen yzyna gaýtar, bolmasa ony Hudaýtagala tabşyr” diýlip ýazylypdyr. Saman Awar Hatama köp nesihat berdi. Hatam onuň sözlerini kabul etmedi. Elkyssa, Saman Awar Hatamy Badygird hammamynyň derwezesiniň agzyna eltdi. Hatam onuň dag ýaly belentdigini, arkasynda bir gümmeziň bardygyny gördi. Bu ymaratyň hemme ýerine altyn çaýylyp bezelipdir. Saman Awar Hatama hammamyň gulpuny açyp berdi we ol Hatama onuň içine girmekligi teklip etdi. Hatam: “Alla!” diýip, onuň içine gadam goýdy. Saman Awar onuň bilen hoşlaşyp, bäş-on gadam ýöräp durdy. Hatam yzyna baksa, ol derwezeden hem, gümmezden hem hiç hili nam-nyşan ýokdugyny we bir sähranyň içidigini gördi. Ol özüniň uly tokaýyň içine girendigini bildi. Uzakdan bir adam göründi. Hatam ol adamyň ýanyna baryp, demini dürsäp: — Sen kimsiň? Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň? — diýip sorady. Ol adam: — Men hammamçydyryn — diýip, ýöräp başlady. Ýene ol derweze bilen gümmez peýda boldy. Hammamçy işigi açyp, Hatamy hammamyň içine alyp girdi. Onuň derwezesi mäkäm berkidilip galdy. Saman Awar bir howzuň ýanyna bardy. Ol Hatama: — Bu suwa girip gusul al — diýdi. Hatamyň ol suwa gireni hem şol welin, bir haýbatly ses çykdy. Ol huşuny ýitirdi. Ol özüne gelip baksa, ne howuz, ne gümmez, ne adam, ne derweze bar. Ol bir çölüň içine düşüpdir. Ol tilsimler ýok bolupdyr. Ol her tarapa ýöräp gördi. Ahyry daşdan ýasalan uly gümmez gördi. Hatam baryp, onuň içine girdi. Ol töweregini synlady. Şol wagt birden uly suw peýda boldy. Ol suw kem-kemden köpelip gümmezi basdy. Hatam gulaçlap ýüzdi. Gümmeziň başynda halka meňzeş bir zat göründi. Ol ony mäkäm tutdy. Ýene haýbatly ses çykdy. Hatam bihuş boldy. Ol özüne gelip baksa, özüniň sähranyň içindedigini gördi. Gümmezden hem, suwdan hem nam-nyşan ýok. Hatam bu ahwalata haýran galdy. Onuň haýranlygy dembe-dem artýardy. Ol sährada dürli miweler ýetişen, her dürli tagamlar bolan bossany gezdi. Hatam bu zatlardan näçe iýse hem doýup bilmedi. Birden bir tarapynda beýik bir gala göründi. Hatam bu galanyň içine girip, ony synlady. Onuň diwarynyň belent küňresinden bir kapasany asyp goýupdyrlar. Onuň içinde bir toty guş: — Eý, Hatam! Hoş geldiňiz! Gadamyňyz düşümli bolsun! — diýip, mylaýymlyk bilen gepledi. Hatam haýran bolup, aňkarylyp galdy. Ol ýerde polat kürsi goýlupdyr. Onuň üstünde bolsa bir ýaý bilen üç sany oky bar. Ýene bir tagtada üç setir hat ýazylyp, onda: «Kimiň gadamy bu ýere düşse, bu keman bilen bu kapasadaky totyny ursa, tilsimlerden aman bolar, eger ol üç gezek atyp, bir sapar hem urup bilmese, onda onuň özi daş bolar we tä kyýamat gününe çenli dursa gerekdir» diýilýär. Ýene bir hatda şeýle ýazylypdyr: “Bu Keýumersiň tilsimidir. Ol bir gün awa çykdy. Onuň goluna bir almaz düşdi. Ol bu almazyň şuglasynyň aýyň ýagtysy ýaly ýaldyrawukdygyny gördi. Ol ony alyp göterdi. Onuň agramy üç ýüz mysgal geldi. Ol haýran galyp ýene bir almaz aldy we danalary jemläp: — Biz almazy näme ederis? — diýip, maslahat sorady. Olar: — Munuň ýaly agramy bar bolan nurana almazy hiç bir kişi görmedi. Biz hem beýle almaz baradaky gürrüňi hiç bir kişiniň dilinden eşitmedik — diýdiler. Keýumers: — Biz muny kişiniň goluna düşmez ýaly bir jaýda saklasak ýagşy bolar — diýip, oňa tilsim etdi. Onuň üstüne bir jaý bina edip, oňa “Badygird hammamy” diýip at berdi. Eger kimiň atan oky tota degse, şol almaz bölegi onuň goluna düşer». Hatam kürsiniň töweregine baksa, çensiz köp adamlar daşa öwrülip galypdyr. Hatam haýran galdy. Ol üç ok atmazdan gutulmagyň mümkinçiliginiň ýokdugyny bildi. Hatam Allatagala bil baglap, ýaýy eline aldy. Ol bir oky ýaýa salyp, Hudaýtagalany ýat edip, totynyň kükregini nyşana alyp atdy. Toty kapasanyň bir tarapyna bökdi. Ok oňa degmedi. Hatam dyzlaryna çenli daşa öwrülendigini gördi. Ol Hudaýtagala ýalbaryp ýene bir ok atdy. Bu ok hem tota degmän geçdi. Onuň biline çenli daşa aýlandy. Hatam özüni dürsäp, «Ismagzamy» diline alyp, “Allahu ekber” diýip, üçünji okuny taýýarlady. Ol ýaýy totynyň kükreginden nyşana alyp, Allatagalany kömege çagyryp atdy. Ok totynyň kükreginden parran geçdi. Kapasa bilen toty ýere düşdi. Bir bethaýbat owaz peýda boldy we ýyldyrym çakdy. Hatam huşuny ýitirip ýykyldy. Ol birnäçe wagtdan soň, huşuna geldi we seredip görse ne bossan bar, ne gala bar, ne kapasa bar, ne hem toty bar. Olardan hiç nam-nyşan galmandyr. Almaz bölegi ýerde öwşün atyp ýatyrdy. Toprak bolan adamlaryň käbirleri öz aslyna gelipdir, käbirleri toprak bolup galypdyr. Hatam almazyň bölegini alyp, adamlar bilen Saman Awaryň ýanyna geldi. Saman Awar şat bolup, Hatam bilen adamlara myhmandarlyk etdi. Ol bir hat ýazyp, ony Harys patyşa iberdi. Bu hatda ol patyşa Badygird hammamynyň tilsiminiň ýok bolandygyny habar berdi. Harys patyşa bu habara begenip, Saman Awara hat ýollady. Ol hat oňa gelip gowuşdy. Ol hatda: “Sen Hatam bilen adamlary meniň huzuryma iber” diýip ýazylypdyr. Saman Awar olary Harys patyşanyň ýanyna alyp geldi. Patyşa olary gadyr bilen myhman aldy we olara sowgat-peşgeş etdi. Adamlaryň her biri öz ýoluna gitdi. Hatam almazyň bölegini patyşa sowgat bermekçi boldy. Patyşa ony almady. Soňra ol patyşa bilen hoşlaşyp Husnabadyň ýoluna düşdi. Ol ýoldaky aşnalarynda düşläp gidiberdi. Hatam belentlikleri, peslikleri aşyp, Husnabada ýetdi. Ol köşge girip, Münir şazadanyň hüjresinde düşledi. Olar mylakat bilen hal-ahwal soraşdylar we bu gijäni bile ötürdiler. Melike Hatamyň gelendigi baradaky habary eşitdi we ertesi ir bilen enekäni iberdi. Ir bilen eneke geldi. Ol bu ýerde Hatamy görüp, Melikäniň tabşyrygy bilen onuň habaryny we Melikäniň myhmany bolmaklygy teklip edip gitdi. Hatam bilen şazada myhmanhana geldiler. Enekäniň baş bolmagy bilen olara üç gün myhmandarlyk etdiler. Hatam Badygird hammamynyň syry ýazylan depderi we almazy sowgat hökmünde Melikä berdi. Hatam we şazada pul we peşgeş alyp, öz hüjrelerine gaýdyp geldiler we dem-dynçlaryny aldylar. Bu gije ötdi. Ertir ir bilen eneke hat bilen pul alyp gelip, Hatama berdi. Ol Hatama ýagşy dilegler edip, Melikäniň hyzmatyna gaýdyp geldi. Hatam haty okady. Onda: «Eý, şa! Sen alty sowalyň şertlerini berjaý etdiň. Indi ýedinji sowala nobat ýetdi. Biziň hazynamyzda bir merwerid bar. Onuň agramyna deňlenip, kümüşden bir merwerid ýasaldy. Sen şoňa meňzeş hem daş, hem kümüş bolan merweridi tapyp gel. BEÝT: Bu göwher dek birini peýda kyl, Ýedi yklym gezip, muheýýa kyl .» diýip ýazylypdyr. Hatam oýlanyp, öz-özüne: “Men ýene bir syýahat etmeli boljak” diýdi. ___________________________________ Keýumers — Eýranyň şalarynyň pişdadylar neberesiniň ady rowaýatalara giren birnji patyşasy. Ol döwler bilen uruşýar. Şonda onuň ogly Siýamek ölýär. Keýumers 30 ýyl patyşalyk edýär. Allahu ekber — Alla örän ulydyr. Hoja — eýe manysynda. Mysgal — agyrlyk ölçegi, takmynan 5 gram. Muheýýa kyl — taýýar et. Lanyş — rowaýatda gabat gelýän ördek sypatly guş. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |