12:43 Hatamnama: Kühen Salyň Hatama aýdan sözleriniň beýany | |
KÜHEN SALYŇ HATAMA AÝDAN SÖZLERINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Kühen sal Hatamyň haýyşyny kabul etdi. Ol: —Men ilkibaşda ýaman işleri ederdim. Ogurlyk etmek, humar oýnamak ýaly bozuk zatlara meşgul bolardym. Bir gün humar oýnap utuldym we garyp düşüp galdym. Men şonda öz-özüme: “Men indi patyşanyň hazynasyny uraýyn. Soňra men bu pälimden toba edeýin” diýip aýtdym. Bir gije men özümi taýýarlap, wagtyny tapyp, şanyň köşgüne baryp, halkadyr ýüpleri ulanyp, hazyna jaýynyň üstüne çykdym. Görsem hemme garawullar uklapdyr. Men hazyna jaýynyň içine girip, göterip bilen pullarymy bir däne göwheri alyp, baran ýolum bilen yzyma daşary çykdym. Meniň ýolum bir jaýyň üstünden eltdi. Onda alty-ýedi sany ogry jemlenip, ogurlan zatlaryny paýlaşyp duran ekenler. Men tötänden olaryň üstlerinden bardym. Men: — Harmanyňyza bereket — diýip, alyp gelen zatlarymy orta goýdum. Ogrular: — Bu zatlar näme? Sen olary nireden aldyň? — diýip soradylar. Men olara eden işlerimi aýdyp berdim. Ogrular: — Bu kişi ökde adam eken — diýip, meni bölüşige goşdular. Olar göwheri görüp, öz dilleri bilen: — Bu ýigidi ýoklasak, hemme zat özümize galar — diýip, maňa kast etmekçi boldular. Şol wagt bir gara eşikli adam bir tarapdan peýda bolup: — Eý, melgunlar! — diýip, owaz etdi welin, ýer titräp gitdi. Ogrular gorkup, zatlaryny taşlap, gaçyp gitdiler. Ol haýbatly adam ýetip gelip maňa: — Sen maňa dogrulyk bilen jogap ber. Ýalan sözleseň, tygdan ötersiň — diýip, gyljyny depäme göterdi. Men oňa eden işlerimiň dogrusyny aýtdym. Ol: — Sen dogry aýtdyň. Seniň dogruçyllygyň muzdyna bu mallary saňa berdim. Olar saňa halaldyr. Ýöne men saňa şeýle şert goýýaryn: Sen ýaman işleriňden toba etmeli we bu zatlary Taňrynyň ýoluna harçlamaly bolarsyň. Şonda seniň ömrüň uzyn bolar we sen asla garrylyk nyşanasyny görmersiň. Eger ýene ýaman işlere ýüz ursaň, wadaňa ters iş etseň, onda şu gylyjyň başyňdan injekdigini biläý— diýip, gözden gaýyp boldy. Men bu zatlaryň hemmesini öýüme alyp geldim. Men olara şu ymaratlary saldym, birnäçe gulam we kenizek tutundym, olary Hudaýyň razylygy üçin hyzmatlara buýurdym, açlara tagam, ýalaňaçlara geýim berdim. Meniň bu işimiň owazasy şähere ýaýrap, patyşanyň ýanyna baryp: “Pylany ýaman kişidir. Ondan geň işler çykýar. Biziň gümanymyz, ol biriniň malyny ogurlan bolmaly. Bolmasa onda munça baýlyk ýokdy” diýdiler. Elkyssa, patyşa adam iberip, meni öz ýanyna getirtdi. Ol menden bu işiň syryny sorady. Ol: —Sen köp harajatlar edýärmişiň. Sen munça dünýäni nireden aldyň?— diýdi. Men patyşanyň hazynasyndan ogurlap alandygymy, ogurlara sataşandygymy, gara eşikli adamyň maňa abaý-syýasat edip, toba getrendigimi, ol zatlary ýagşylyga sarp etmekligi nesihat berendigini soňra onuň gaýyp bolandygyny, ondan öňki eden ýaman işlerime çenli birme-bir dogrulyk bilen beýan etdim. Men patyşanyň hazynasyndan alan göwherimi patyşanyň özüne peşgeş berdim. Patyşa ony goluna alyp tanady. Ol bir salym oýlanyp, döwletiň wezir-wekillerine ýüzlenip: — Munuň ýaly dogruçyl adam hiç ýerde bolmaz. Ol ölüm başyna gelse hem dogrusyny aýdýar. Ol: “Men ölerin” diýip gorkmaýar. Ol bu göwher bilen ýene dürli zatlary peşgeş berdi — diýdi. Patyşa maňa bakyp: — Eý juwan ýigit! Sen ol tobaňy syndyrma, haýyr-yhsan işlerini etmegiňi taşlama. Eger seniň zatlaryň gutarsa maňa habar ber. Men saňa ýene şonça baýlyk bererin — diýdi. Kühen sal ýene: — Häzir meniň ömrüme sekiz ýüz ýyl bolupdyr. Ýene näçe ömrüm galan bolsa, men sahylyk ederin — diýip, hekaýasyny tamamlady. Ol Hatamy ugurna goýmazdan bäş-alty gün myhman aldy. Soňra ol: — Eý, dogan! Ine, meniň derwezäme bu beýti ýazmagymyň sebäbiniň hekaýasy şeýledir — diýdi. Elkyssa, Hatam Kühen sal bilen hoşlaşyp Husnabat ýoluna tarap rowana boldy. Ol gije-gündiz çöl-beýewanlary gezip gelýärdi. Ol bir çeşmäniň başyna baryp, demini-dynjyny aldy. Onuň köňlüne Zerrinpoş Melikäniň muhabbeti düşüp öz-özüne: “Men Ýemene baraýyn. Atam-enemi göreýin. Onsoň Zerrinpoş Melike bilen görüşip, Husnabada gitsem ýagşy bolar” diýdi. Şol wagt bu ýerde bir erkek Boýtimar iner we inen düýe ikisi adam ýaly sözleşdiler. Hatam olaryň gürrüňine gulak saldy. Inen düýe: — Eý, meniň ärim! Sen meni bu ýerde taşlap nirä barýarsyň — diýdi. Ner: — Men Hudaýyň razylygy üçin haýyr işleri etmeklige barýaryn. Eger ölmesem, men ýene gaýdyp gelerin— diýdi. Inen düýe: — Ol adam kimdir? Ol näme üçin pikir derýasyna gark bolup galypdyr?— diýip sorady. Ner: — Ol kişi Hatamdyr. Şu wagt onuň köňli bozulyp, haýyr ýoluny taşlap, hatyny ýadyna düşüpdir. Ol patyşanyň zekatçysynyň melikesiniň hekaýasyny eşitmändir— diýdi. Inen düýe: — Ol hekaýat nähili? —diýip sorady. BOÝTIMARYŇ SÖZLERINIŇ BEÝANY Ner hekaýata başlady: —Öten zamanda bir uly şäherde bir patyşa bar eken. Onuň at-owazasy, döwleti uludy. Ol ýurdunyň hemme hazynasyny zekatçysyna tabşyrypdyr. Onuň hazynasyndan edilen harajatlar onuň ygtyýaryndady. Taňrynyň kazasy bilen bir gün bir söwdagär gelip, ol zekatçy bilen aşna boldy. Bir gün ol söwdagär zekatça bir owadan gyzyň tarypyny edip berdi. Zekatçy oňa gaýybana aşyk boldy. Ol söwdagäre iki tyllany terezä goýup ölçäp berdi. Söwdagär oňa gyzy getirip berdi. Ol gyzyň görk-görmegi söwdagäriň taryplaýşyndan hem iki esse zyýadady. Ol gyzy gabanmaklykdan ýaňa nirede saklajagyny bilmedi. Şäheriň bir parsah daşynda gyrymsy agaçlaryň jeňňelligi bardy. Zekatçy ol gyzy bu ýerden saklamak üçin bir ymarat salmaklygy ýüregine düwdi we bu ýere ussalary, ýene köp kömekçi adamlary ýygnap getirdi. Olara jeňňelligiň ortasynda bir ymarat salmaklygy buýurdy. Zekatçy bu gurluşyga dünýäniň malyny sarp etdi we gulluk wezipesini öz bähbidine ulandy. Adamlar ol ýerden köşk ýaly edip bir ymarat saldylar, köşgüň daşyna beýik diwar aýladylar, uly derweze ýasadylar we onuň töweregine suw goýberip, köl ýaly etdiler. Köşge gämi bilen baraýmasaň, oňa ötüp girmekligiň başga alajy ýokdy. Zekatçy köşge barýan ýeke-täk ýol goýdurdy. Bu ýoly onuň özünden başga bilýän adam ýokdy. Çarbagyň ortasynda daşdan bir howuz dikeltdiler. Uly bir sandyk ýasap, oňa tylladan zynjyr berkitdiler, onuň beýleki ujuny bolsa daşa bagladylar. Elkyssa, zekatçy melikesini üç ýüz kenizek bilen bu çarbagyň içine getirdi. Ol kenizekleriň ikiýüzi sazanda, ikiýüzi aýdymçy we ikiýüzi tansçydy. Melikäniň özi bolsa çaň çalýardy. Ol howzuň dört tarapynda dört sany seki goýdurdy. Onuň üstüne dört reňkli çadyr dikdi. Sekileriň üstüne dürli reňkdäki düşekçeleri ýazdyrdy we meýlis esbaplaryny taýýarlatdy. Zekatçy her gije bular bilen meýlis-şagalaň gurnady. Ol säher bolanda melikäni sandygyň içine, sandygy howzuň içine taşlap, derwezäni gulplap goýýardy. Şeýlelikde, ol gijesini aýşy-eşretde, gündizni bolsa gulluk wezipesinde geçirýärdi. PATYŞANYŇ ZEKATÇYNYŇ ÇARBAGYNA BARMAGYNYŇ BEÝANY Bir gün patyşa aw-şikar etmek üçin sähra çykdy. Taňrynyň kazasy bilen ol awa gyzygyp, zekatçynyň çarbagynyň töweregindäki jeňňele düşdi. Ol elguşyny awa saldy. Guş howada bir gezek aýlanyp, zekatçynyň çarbagyna tarap uçdy. Patyşa onuň yzyna düşdi. Patyşa azaşyp, esgerlerinden aýrylyp galdy. Onuň guşy baryp, zekatçynyň köşgüniň bir küňresine gondy. Patyşa bir uly kölüň ortasynda galanyň bardygyny gördi. Ol guşuny çagyrdy. Emma guş onuň çakylygyna gelmedi. Patyşa guşuny taşlap gitmekligi özüne namys bildi. Ol nalaç bolup köle girdi we bir emel edip, galanyň derwezesiniň öňüne geldi. Ol derwezäniň gulpuny gylyjyň ujy bilen açyp, galanyň içine girdi. Ol munuň ýaly ajaýyp ýeri henize çenli görmändi. Daşdan salynan howzuň dört tarapyna dört sany çadyr dikilipdir. Meýlis etmeklik üçin hem zatlar taýýar edilip goýlupdyr. Emma bu ýerde hiç janly-jandar ýok. Patyşa hem ajygypdyr, hem suwsapdyr. Onuň ýanynda awlan iki sany towugy bardy. Ol çakmak dyşyny çakyp, uly ot ýakdy we towuklary kebap edip bişirdi. Ol horjunyňdan tabak alyp, oňa salyp kebaby iýmekçi boldy. Baksa eli gara bolupdyr. Ol howzuň gyrasyna gelip goluny, ýuwmakçy boldy. Onuň gözüne bir tylla zynjyr göründi. Ol ony tutup çekdi. Onuň bir tarapy howzuň gyrasyndaky daşa baglanyp goýlypdyr. Onsoň ol onuň beýleki ujuny tartdy. Oňa bir agyr zat daňlypdyr. Patyşa zynjyrdan çekip ugrady. Bir sandyk peýda boldy. Zynjyr oňa berkidilen eken. Ol sandygy daşyň üstüne alyp goýup, haýranda bolup: “Bu sandygyň bir belasy bar bolsa gerek?! Meniň onuň bilen näme işim bar” diýip, kebabyň ýanyna bardy. Ol: “Eşiden adamlar aýp görerler” diýip ýene sandygyň ýanyna geldi. Ol biygtyýar bolup, sandygy açdy. Görse, sandygyň ýarysyna gymmatbaha düşekler salnyp goýlupdyr. Olara aý ýaly gül ýüzli bir gözel gyz başyny goýup, uklap ýatyr. Ol gyz sandygyň şakyrdysyna oýandy we şa sypatly bir kişini gördi. Ol sandykdan çykyp, tagzym we näz-kereşme etmeklik bilen şany çadyryň içine alyp gelip, kürsüde oturtdy. Ol gyz oňa: —Hoş gelipsiňiz!— diýip, mylaýymlyk bilen bakdy. Şa ornundan turup, kebaby alyp gelmekçi boldy. Ol gyz: —Siz oturyň, kebabyň özi geler— diýip, bir tarapa bakyp, bir gezek elini çarpdy. Bir penjire açyldy. Iki sany peri ýüzli kenizek peýda boldy. Olaryň biri golunda desterhan, beýlekisi bolsa dürli dümen tagamlar alyp geldiler. Ol ýene bir tarapa bakyp, elini çarpdy. Ýene iki sany perisypat kenizek ellerinde çüýşeli şerap, saz gurallaryny alyp geldiler. Ol ýene başga tarapa bakyp, elini çarpdy. Ýene bir sany şadyýan peri sypat kenizek tans oýnap geldi. Olar ýagşy dilegler edip oturdylar. Tä gün ýarym bolýança meýlis we şagalaň boldy, iýlip içildi. Içilen meýlerden hemmeleriň ýüzleri oýnap güldi. Bu meýlisde periler bir-birleri bilen bäsleşdiler. Patyşa ol perileriň birden seýkin basyp, gaýyp bolandyklaryny gördi. Ol gyz ornundan turup, çadyryň perdelerini düşürdi. Ol: “Indi az salym dynç almaklygyň wagty boldy” diýip, patyşanyň boýnuna gol salyp, näz-kereşme etdi. Elkyssa, ikindi wagty boldy. Patyşa bilen ol gyz bu wagta çenli bile gülüp oýnaşdylar. Patyşa: — Eý, Melikäm! Indi siz maňa jogap berseňiz. Men bir patyşa adam. Men leşgerlerime jogap berip, täzeden siziň hyzmatlaryňyzy görmek üçin gelsem—diýdi. Melike: — Eý, patyşa! Ikimiziň aramyzdaky bu iş ýaşryn bolsun! — diýdi. Patyşanyň elinde gymmat baha ýüzügi bardy. Ol ony Melikä berdi. Melike: —Eý, patyşa! Sandykda meniň başymyň astynda bir gutujyk bardyr. Şony maňa alyp beriň — diýdi. Patyşa ony alyp berdi. Gülruh sandygy açyp, ýüzügi onuň içine taşlady. Patyşa baksa, sandygyň içi bu ýüzüge meňzeş ýüzükden doludy. Patyşanyň beren ýüzügi olaryň arasyna goşulyp öwüşgin atdy. Patyşa muňa haýran galdy. Gülruh: —Meniň ärim örän gabanjaň kişidir. Ol meni ahmal görýär. Meniň başyma her gün şunuň ýaly söwdalar düşýär. Men siziň ýaly patyşalardan nyşana alyp galýaryn. Köp patyşalar maňa ýüzük peşgeş berip, gelmäge wada berip gitdiler. Heniz olar gelenoklar. Meniň size bir arzym bar. Siz meni sandyga salyp, sandygy öňküsi ýaly howuza taşlaň. Derwezäniň gulpuny hem baglap soňra ýoluňyza gidiň. Ärim bu işleri bilmesin, goh-galmagal bolmasyn diýip, wesýet etdi. Patyşa Gülruhyň diýşi ýaly edip, öz ýoluna düşdi. Ol kölden ötdi, esgerlerini tapdy we öz köşgüne baryp dynç aldy. Boý timar: —Aýal diýýäniň işi şunuň ýaly bolar. Men ençeme ýyl saňa hyzmat etdim. Indi men Hudaýtagalanyň razylygy üçin ylgaýyn. Men Hatam ýaly bolmaýyn— diýip, ýoluna rowan boldy. Hatam Boý timardan şunuň ýaly öwüt-nesihatlary eşitdi we özüne gelip, şükür seždesini etdi. Ol beýle ýagdaýlardan habardar boldy we şol wagt ýerinden turup, Husnabat tarapa ýola düşdi. Ol pes-belentlerden ötüp, Husnabat şäherine ýetdi we baryp şazada Münir bilen görüşdi. Bu ikisi ol gije bu ýerde boldular. Ertesi ir bilen Melike Hatamyň habaryny eşitdi we enekesini onuň ýanyna iberdi. Eneke saraýa gelip, Hatamy görüp, şat boldy. Ol Melikäniň tabşyrygy bilen ondan köp zatlar sorady we Melikäniň adyndan bu ikisini gadyrlylyk bilen myhmançylyga çagyryp gitdi. Olar Melikäniň myhmanhanasyna bardylar. Eneke bilini guşap, üç güne çenli olara myhmandarlyk etdi. Soňra Hatam bilen şazada bir gijäni saraýda geçiripdir. Daň atdy. Eneke pul, gymmat baha daşlar bilen Melikeden bir hat alyp geldi. ol Melikäniň tarapyndan habar getirip, öz jaýyna gitdi. Hatam haty alyp açdy we onuň mazmunyny okady: “Eý maksat-myratlaryň soltany! Siz dördünji sowalyň jogabyny depdere dogry ýazypsyň. Biz size ýagşy dilegler etdik. Indi bäşinji sowalyň jogabyny tapmaklyk üçin ýola gadam goýsaňyz, sowal şudur: Bar ilmiň kim jahanda Kuhy-nida, Näge bu ism oňa bolar peýda. Ol dag nähili dagdyr? Onda owaz edýän kimdir? Onuň owaz etmeginiň sebäbi nämedir? Ol Kuhy-nida haýsy tarapdadyr? Bu syrlaryň habaryny bize dogrulyk bilen ýetiriň. Wessalam, nama tamam! ______________________________ Gulam — erkek hyzmatkär. Kenizek — aýal hyzmatkär. Parsah — takmynan 6 km. Çaň — kirişli saz guraly. Arfa. Küňre — galanyň burçundaky diň. Gülruh —gül ýüzli. Bu ýerde ol söz ol gyzyň ady hökmünde berilýär. Kuhy -nida — owaz çykyp duran dag. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |