15:33 Hatamnama: Hatam Taýyň dördünji şert üçin sapara gitmeginiň beýany | |
HATAM TAÝYŇ DÖRDÜNJI ŞERT ÜÇIN SAPARA GITMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Elkyssa, Hatam Husnyýe Melike Banuwyň hatynyň şertlerini berjaý etmeklik üçin ýol taýýarlygyny gördi. Ol Münir şazada bilen hoşlaşyp, ýola düşdi. Ol käte çölleri, kate sähralary, käte düzleri, käte daglary gezdi we özüne sataşan adamlardan gözleýän zady barada sorady. Emma hiç kim onuň soragynyň jogabyny aýdyp bilmedi. Aradan birnäçe wagt ötdi. Onuň ýoly bir çölüň üstünden düşdi. Bu çölüň ortasynda kenarynda her dürli agaçlar ösüp duran bir köl bardy. Onuň bir tarapynda bolsa örän uly bir daragt ösüpdir. Ýöne onuň her bir şahasynda kesilen bir baş asylyp goýlupdyr. Olaryň hemmesi peri ýüzli başlardy. Başlaryň ganlary ýere damyp durup, kölüň suwuny gyzyl reňke öwürýärdi. Başlaryň hemmesinden ýokarda asylyp duran başa Hatamyň gözi düşdi. Ol munuň ýaly başy heniz görmändi. Ol baş beýleki başlardan iki esse belent ýerde zynjyr bilen bag-lanyp asylypdyr. Hatam ony görüp, ähli myrat-maksadyny unutdy. Onuň kalbynda gowga gopdy we aňyny aldyrdy. Hem¬me başlar Hatamy görüp, gaty gülüşdiler. Hatam bihuş bolup, ýykylyp galdy. Ol birnäçe wagtdan soň özüne gelse, agşamara bolupdyr. Hemme başlar daragtyň şahalaryndan düşüp, köle girip, gözden gaýyp boldular. Kölüň bir ýanynda çadyrlar peýda boldy. Ol ýerde çyralar ýandy we meýlis esbaplary taýýar bolup durdy. Kölden perizatlar çykdylar. Olar oýnaşyp-gülüşip, her biri öz ýerine baryp oturdylar. Hatam bu perizatlaryň şol kesik başlardygyny bildi. Olaryň arasynda bir peri näz-kereşme edip, hemmeden ýokarda tagtyň üstünde otyrdy. Perilerden biri tagamdyr miweleri alyp gelip, Hatamyň öňünde getirip goýdy. Ol: – Eý, myhman! Siz şu tagamlardan iýip-içiň oturyň – diýdi. Hatam: – Bu tagtyň eýesiniň ady nämedir? Bu ýeriň ady nämedir? – diýip sorady. Ol peri: – Eger siz gije bu ýerde düşlesiňiz, onda soraýan zatlaryňyzy bilersiňiz – diýip gitdi. Elkyssa, birnäçe gün ötdi. Olar gijesi meýlis gurdular, gündizi daragtyň şahalaryndan asylyp durdular. Hatam tukat bolup, bu ýerde durjagyny ýa-da gitjegini bilmedi. Ahyry ol: – Men bu syrdan bihabar bolup gitmäýin – diýip, agşamara ol başlar bilen özüni köle taşlady. Ol gözüni açyp baksa, ýaşaýyşdan nam-nyşan bolmadyk bir çöle gözi düşdi. Hatam aç-suwsuz hala düşdi. Ol näçe wagt ýörese hem hiç bir ýere ýetmedi. Ahyry ol teşnelikden ýaňa ýykylyp galdy. Şol wagt Hydyr ata meňzeş Garyz atly bir kişi peýda boldy. Ol Hatama az-kem suw berip: – Eý, oglum! Sen bu işiň haýryndan geç. Öz işiňe meşgul bol. Bolmasa sen tä ajalyň gelýänçä bu daragtyň düýbünde galarsyň. Bu çölüň adyna Çarusan diýerler. Sen goluňy maňa be¬rip, gözüňi ýum – diýdi. Hatam oňa goluny berdi we gözüni ýumdy. Ol kişi: – Indi gözüňi aç – diýdi. Hatam gözüni açyp seretse, özüni ol kölüň we daragtyň ýanynda gördi. Ol öz-özüne: – Men ol başy daragtyň üstünden düşürmesem bolmaz – diýip daragta dyrmaşdy. Ol daragtdan bir bethaýbat owaz çykyp, ol baş Hatamy aždarha dek kükregine çenli demine dartdy. Ol baş ony täzeden özüne çekdi. Hatam muňa çydap bilmän, ysgyndan gaçdy. Hatama maslahat beren kişi peýda bolup, hasasy bilen daragty dürtdi. Daragt Hatamy birnäçe ädim ýere zyňyp taşlady. Garyz gözden gaýyp boldy. Agşam düşdi. Kesik başlar özlerini suwa taşladylar, Hatam hem özüni suwa taşlady. Ol kesik başlar ýaly gijäni meýlis etmek bilen, gündizini daragta asylmak bilen geçirdi. Aradan birnäçe gün ötdi. Ýene Garyz gelip ýetip, hasasy bilen daragty dürtdi. Hatam daragtdan ýere düşüp, öz aslyna geldi. Hatam Garyzyň aýagyna ýykylyp ýyglady. Garyz Hatama «Ismagzamy» ýat tutdurdy we oňa doganyň şertleriniň edeplerini öwretdi. Ol: – Sen «Ismi-agzamy» asla unutma! Ony agzyňdan düşürme. Ol seni bela-beterlerden gorap, öz penasynda saklar. Eger sen ony unutsaň, soňra puşman edersiň – diýdi. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |