21:54 Hatamnama: Hatam Taýyň bäşinji şert üçin sapara gitmeginiň beýany | |
HATAM TAÝYŇ BÄŞINJI SERT ÜÇIN SAPARA GITMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Elkyssa, Hatam Melikäniň haty bilen tanşyp, Şazada Münir bilen hoşlaşyp, çöl-beýewana tarap ýola düşdi. Ol Allatagala bil baglap, onuň rehmetinden we jomartlygyndan umyt edip, bilini mäkäm baglap ýöräp barýardy. Ol özüne sataşan her bir adamdan bu owaz barada soraýardy. Emma ony hiç kim bilmeýärdi. Ol bir tarapa bakyp ýöräp barýardy. Onuň gözüne bir çöl göründi. Bu ýerde sansyz köp adamlar Hatama tarap ýöräp gaýtdy. Hatam olaryň ýanyna ýakyn geldi. Olaryň hemmesi Hatamyň öňüne tarap ylgadylar. Gelip, onuň el-aýagyny ogşadylar we togap eýläp, ony bir kürsüniň üstünde oturtdylar. Onuň öňüne desterhan ýazdylar, üstüne dürli-dümen tagamlary goýdular. Olar: —Eý eziz myhman! Sen tagama gol ursan, ondan soň biz agzymyzy açaly. Biz agzymyzy bekledik— diýdiler . Hatam bu ýagdaýa haýran galdy. Ol iýip-içip garnyny doýurdy, teşneligini gandyrdy. Adamlar hem tagamlardan iýip doýdular. Şol wagtda olar bir tabydy alyp gelip, bir adamy göre goýdular. Hatam bu adamlardan: —Bu nähili adatdyr?— diýip sorady. Olar: —Bu adat biziň şähermiziň düzgünidir. Biz bir kişi ölse, tä bir ýolagçy gelýänçä çöle gelip oturýarys. Ýolagçy duşsa biz agzymyzy açýarys we ölini topraga tabşyrýarys. Eger kyrk günläp ýolagçy sataşmasa hem, kyrk günläp oraza tutýarys. Eger uzak wagtlap ýolagçy gelmese, bu ýagdaý öliniň betbagtlygynyň nyşanasy bolýar. Siz bu ölä ýedi gün bolanda bize sataşdyňyz— diýip, şatlanyp jogap berdiler. Olar Hatamy ugruna goýmazdan, şähere alyp geldiler. Ony bir ýagşy jaýa eltdi we owadan gyzlardan oňa hyzmat etmek üçin goýdular. Olar Hatama näz kereşme bilen bakýardylar. Ol üç güne çenli olara gyýa göz bilen bakmady. Ol gyzlar ata-enelerine Hatamyň ýagşy tarypyny etdiler. Halaýyk Hatamdan başyndan geçen wakalary beýan etmekligini haýyş etdiler. Hatam olara Husnyýe Banuwyň Kuhy-nida baradaky sowalyna çenli gürrüň berdi. Adamlaryň içinden bir goja adam turup: — Biz mollalardan we jahankeşdelerden: « Kuhy-nida gündogar tarapdardyr. Ol örän daşdyr. Onuň ýollarynda bela-beterler köpdür. Oňa her kim ýetip bilmez. Kuhy-nidanyň eteginde bir uly we abadan şäher bardyr. Onuň adamlary güler ýüzlüdir. Olar hiç haçan kesellemeýärler we ölmeýärler» diýip eşidipdik — diýdi. Hatam: — Eý, ýagşy adamlar! Jomart Hudaýtagala meni bu ýere ýetiripdir. Eger Ol islese, meni ol şähere hem ýetirer. Siz maňa jogap beriň — diýip, olardan rugsat sorady. Olar Hatama jogap berdiler. Ol adamlar bilen hoşlaşyp ýola düşdi. Ol ýolda köp geň-taň wakalary görüp, birnäçe mütdetden soň, uly we abadan bir welaýata gelip girdi. Ol töweregini synlap görüp, bu ýerde görüstanlygyň ýokdugyna göz ýetirdi. Hatam: “Megerem, Kuhy-nida şäheri şu şäher bolsa gerek” diýip, güman etdi. Ol şäheriň adamlary ondan: — Eý, juwan ýigit! Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? — diýip soradylar. Hatam: — Men Kuhy-nida şäherine barýaryn — diýdi. Olar: — Onuň ýoly örän uzakdyr. Oňa ýetmek gümany bolmaz. Onuň ýolunda bela-beterler köpdür — diýdi. Hatam olara: — Nesip bolsa, Beýik Taňrynyň özi meni ol ýere ýetirer — diýdi. Olardan biri Hatamy öýüne getirip, myhman aldy, onuň öňüne desterhan ýazyp, iýim-içim goýdy. Öý eýesi ýene bir tagam alyp gelip: — Eý, eziz myhman! Seniň bu ýere basan gadamyň bereketinden bir lezzetli et gola geldi. Gel, ony bile iýeli! — diýdi. Hatam: — Seniň munça taryplaýan bu tagamyň nämäniň etidir?— diýip sorady. Ol: — Bu adamyň etidir. Ol örän süýjidir— diýdi. Hatam: — Siz adam etini iýip, Hudaýtagaladan gorkmaýarsyňyzmy?— diýdi. Ol: — Biz adamhor däldiris. Ýöne bir kişi kesel bolsa, ony goýun ýaly soýup, etini bölüp, bişirip iýmek bu şäheriň adamlarynyň adatydyr. Bu sebäpden biziň şäherimizde görüstan ýokdur— diýdi. Hatam: — Siziň adatyňyza Beýik Taňrynyň näleti bolsun!— diýip, bu şäherden çykyp, sährä ýoluna düşdi. Hatam çöldür-sähralary köp gezdi we teşne boldy. Ol bir depä çykyp, çar-töweregini synlady uzakdan guşlar göründi. Ol: “Elbetde, ol ýerde suw bardyr” diýip güman edip, şol ýere bardy we bir howuz gördi. Ol ondan suw içip, ýoluny dowam etdi. Hatam birnäçe gün ýol ýöränden soňra, başy açyk, aýagy ýalaňaç, saç-sakallary ösgün adamlary bolan bir ýere baryp ýetdi. Ol adamlaryň odun ýygnap ýörendiklerini görüp, olardan: — Siz oduny näme üçin ýygnaýarsyňyz?— diýip sorady. Olar: — Biz hindi halkydyrys. Bu gün biziň birimiz öldi. Biz onuň jesedini oda ýakyp, köýdürýäris. Ol hatyny bilen bilelikde ýanýar?— diýdiler. Hatam: — Diri adamy nädip oda köýdürýärsyňyz?— diýip sorady. Olar: — Ölen adam bilen hatyn aşyk-magşukdyr. Olar ölenlerinde hem bile bir ýerde ölýärler— diýdiler. Hatam öz-özüne: “Elbetde, bu şähere girip bolmaz” diýip, sähra tarap ýola düşdi. Hatam birnäçe gün ýol ýöräp, ýene bir şähere ýetdi. Ol bir ýere baryp, bir hindiden bir käse suw diledi. Ol hindi öýünden bir käse şerbet we bir käse süýt alyp çykdy we iki käsäni hem Hatama berdi. Hatam olary içip teşneligini gandyrdy. Hindi: —Eý, myhman! Siz bize myhman boluň!— diýip, ony myhmanhanasyna getirdi. Aradan bir sagat ötenden soňra, bir tabakda süýtlaş alyp geldi. Hatam ony iýip, garnyny doýurdy we dynjyny aldy. Ol hindi: —Eý, juwan ýigit! Üç-dört gün bizde myhman bol— diýip, oňa köp mähribanlyk etdi. Hatam hindiden: —Siz ýagşy adam ekeniňiz. Emma dirini öli bilen bilelikde goşup, oda köýdürýärsiňiz. Bu nähili adatdyr?— diýip sorady. Hindi: — Är-hatyn ikisi bir kişidir. Olaryň biri ölüp biri diri galsa, diri galan kişi äre hem çykyp, aýal hem alyp bilýär. Bu sebäpden olaryň ikisini hem bilelikde oda köýdürip goýberýärler — diýdi. Ertesi uly mertebeli hindiniň biri öldi. Hatam bu adata syn etmek üçin ol ýere bardy. Ölen kişiniň dört sany aýaly täze geýimleri geýip, hiç kime bakman ýöräp barýardy. Olar dogan-garyndaşlary bilen hem gepleşmeýärdiler. Hatam ol hatynlara: — Eý gül ýüzli aýallar! Siziň özüňizi diri wagtyňyzda oda girip köýdürmegiňiz nähili işdir? — diýip, sowal berdi. Olar: — Biz saňa nämähremdiris . Utanç haýa etmän sen biz bilen sözleşjek bolýarsyň. Ärimiz ölendigi sebäpli biz ölüleriň hasabyndadyrys. Biziň ärimiziň jesedi bilen bile bir ýere barmagymyz ýagşydyr — diýip, jogap berdiler we olar ärleriniň jesedi bilen bilelikde oda girdiler. Olaryň ikisi äriniň iki goluny,beýleki ikisi bolsa äriniň iki aýagyny tutdy. Hatam Mahperiniň ýüzügini agzyna salyp, Hüýr jyn şanyň ýüzügini barmagyna dakynyp, ol oduň içine girip oturdy. Jemagat ony saklajak bolup, köp synanyşdy, emma ol bu raýyndan gaýtmady. Ahyry olar odunyň dört tarapyndan otladylar. Ot tutaşdy, onuň içindäki öli-dirileriň göwreleri köýüp kül boldy we külleri howa tozap gitdi. Hatam ol külüň içinden salamat çykyp, myhman bolan ýerine geldi. Öý eýesi: — Eý, juwan ýigit! Sen niçik diri galyp bildiň? — diýip sorady Hatam: — Meni Taňrym diri saklady — diýip, jogap berdi. Hatam ol hindi bilen hoşlaşyp, sähra tarap ýola rowana boldy. Ol ençe wagtlap ýol ýöräp bir welaýata baryp ýetdi. Ol bu ýerde gowgalary belende galýan bir topar adamlara sataşdy. Olar tabyda diri adamy daňyp, görüstana tarap barýardylar. Ol diri adam dat-perýat edýärdi. Hatam olaryň birinden: — Siziň edýän bu işiňiz nähili işdir? — diýip sorady. Ol kişi: — Bu biziň şähermiziň adatydyr. Biz eger hatyny ölse äri bilen, äri ölse hatyny bilen goşup, göre salýarys. Bu ýigidiň “dat-bidat” diýip, gowga etmegi bikärdir we oňa peýda bermez — diýdi. Hatam ol adama: — Sen köp goh-galmagal etme! Men gije gelip, seni görden alaryn — diýip, teselli berdi. Adamlar öli aýal bilen diri adamy bir görde gömüp gitdiler. Gije düşdi. Hatam garawullardan ötmegi başarmady we göre baryp bilmedi. Aradan üç gije ötdi. Dördünji gije garawullar ol göri saklamagy bes etdiler. Hatam göri açyp, ol adamy çykardy we ondan ötünç sorady. Ol onuň eline bir bölek pul berip, ýarym gije bolanda ony başga welaýata iberdi, özi çöle tarap ýola düşdi. Hatam ýolda özüne duşýan geň-täsin zatlara tomaşa edip, ýol ýöräp barýardy. Ýolda oňa söwdagärler sataşdylar. Hatam olar bilen bir gije söhbetdeş boldy we olardan Kuhy-nidanyň ýoluny sorady. Olardan bir adam: — Sen bäş-alty gün ýol ýöräniňden soňra, iki sany ýola baryp ýetersiň. Sen olaryň çep tarapyndakysyndan ýöreme. Çünki, onda bela-beterler köpdür. Şonuň üçin sen sag tarapdaky ýola düş! — diýip, oňa ýoly salgy berdi. Hatam ýol ýöräp, onuň salgy beren iki ýoluna baryp ýetdi. Ol bu ýere ýetýänçä gözleri ýadady we çep tarapdaky ýola düşüp gitdi. Ol birnäçe günläp ýöredi we bir tarapy dürli agaçlar, her hili otlar ösüp oturan tokaýlyk, beýleki tarapy bolsa soňsuz çöl bolan bir ýere baryp ýetdi. Ol Taňrynyň her hili gudratyny synlap tokaý bilen çölüň ortasyndan ýöräp, birnäçe wagtlap ýoluny dowam etdi. Bir gün ol tokaýdan sansyz köp dürli janawerleriň tizlik bilen çykyp gelýändiklerini gördi. Olar isle pil, isle şir, isle keýik, isle uçýan guşlar, isle ýöreýän haýwanlar bolsun, tapawudy ýok, bir-birine bakmaýarlar. Hatama hem seretmeýärdiler. Hatam: — Bu janawerleriň yzyndan gelýän bir bela bar bolsa gerek?! — diýip, bir belent daragtyň üstüne çykdy we çar tarapyny gözledi. Ol haýbatly, gözleri ot ýaly ýanyp duran, gulaklary ýiti hanjar ýaly, gerdenindäki uzyn tüýleri tiken ýaly bir janaweriň ýöräp gelýändigini gördi. Ol daragtyň ýanyna gelip haýbat atdy, dyrnaklary bilen ýer dyrmalady we agaja dyrmaşyp, Hatama topuldy. Hatam onuň özüne topuljakdygyny çaklapdy. Ol Allatagalany ýatlap, hanjaryny çykaryp, oňa saldy we onuň dyrnaklaryny kesip goýberdi. Ol janawer ýere düşdi, soňra ýene Hatama hüjüm etdi. Hatam oňa täzeden hanjar urdy. Onun garnyndan tä kükregine çenli ýarylyp, içki goşlary dökülip, ýere ýykyldy. Onun içinden çykan zäherden tokaýa ot düşdi we oduň gyzgyny Hatamyň duran şahasyna ýetdi. Ol ýokary dyrmaşdy. Aradan iki sagat ötdi. Ot peseldi. Hatam ol janawerin garnynyň ýyrtylyp ölendigini we oduň ondan çykandygyny gördi. Ol daragtdan ýere düşüp, şükür seždesini etdi, Beýik Taňra alkyş baryny okady: — Eý, Taňrym! Sen maňa abraý berdiň — diýdi. Ol onuň gulagyny we üç-dört dişini syndyryp alyp, ýola düşdi. Bir-iki günden soňra ol bir abadan şähere gelip girdi. Onuň bazarlary mallardan, harytlardan doludy. Emma onda adam neslinden hiç kim ýokdy. Hatam haýran bolup, çar tarapyny synlady. Ol belent derwezesi mäkäm berkedilen bir galany gördi. Hatam onuň derwezesiniň ýanyna bardy. Ýokardyn bir-iki adam: — Eý, kişi! Ölmejek bolsaň, tizräk bir gapdala çekil! — diýip gygyrdy. Hatam: — Onuň sebäbi nämedir? — diýip sorady. Derwezebanlar: — Näçe wagtdan bäri bu welaýatyň üstüne bir bela düşdi. Oňa “Gara gulak” diýerler. Käbir kişiler oňa: “Otly käse” hem diýýärler. Ol janawer şol käsäni pyrlap başlaýar. Ol käsäniň degen ýeri ýanyp, köýýär. Ol bu welaýatda köp adamlary heläk etdi, galanlary bolsa çar tarapa gaçyp gitdiler. Patyşamyzyň oňa güýji ýetmedi. Ol her gün gelýär we gözüne görnen her bir zady ýok edýär. Indi onuň geljek wagty ýakyn geldi. Içiňde janyň bar bolsa, çaltrak ondan gaç — diýdiler. Hatam: — Ol janawer maňa pylan tokaýda sataşdy. Beýik Taňrynyň hemaýaty bilen men ony heläkledim — diýip, onuň gulagy bilen dişlerini görkezdi. Garawullar Hatamy patyşanyň ýanyna alyp geldiler we oňa ýagdaýy habar berdiler. Ol Hatamy gadyrly garşylady we ondan: — Eý, juwan ýigit! Sen ol janaweri nähili öldürdiň? — diýip sorady. Hatam gören we eden işlerini beýan eýledi we ol janaweriň gulagyny hem dişlerini oňa peşgeş berdi. Patyşa bilen wezir-wekiller Hatamyň daşyndan üç mertebe aýlanyp, alkyş baryny aýtdylar. Elkyssa, olar Hatamy üç-dört gün saklap myhman aldylar. Bu habary eşidişip, uzak-ýakyndan adamlar gelip, her kim öz öýüne baryp düşlediler. Olar Hatama ýagşy dilegler etdiler. Bir gün Hatam olardan Kuhy-nidanyň ýoluny sorap, jogap aldy. Patyşa Hatamyň eden işleri barada habardar edip, Kuhy-nidanyň patyşasyna bir haty depdere ýazdy we ol depderi onuň eline berdi. Ol bir serdary Hatamyň ýanyna goşuny bilen goşup: — Myhmany Kuhy-nidanyň serhedine ýetirip geliň — diýip buýurdy. Ol serdar nökerleri bilen Hatama hemra bolup, birnäçe günläp ýol ýöräp, Kuhy-nidanyň serhedine ýetdi. Ondan son ol Hatam bilen hoşlaşyp yzyna dolandy. Hatam ýene ençeme wagt ýöräp, abadan we hoş howaly bir şähere ýetdi. Derwezebanlar ony ugruna goýmazdan patyşalarynyň ýanyna alyp geldiler. Patyşa ony hormatlap myhman aldy. Ol: — Eý, juwan ýigit! Sen haýsy ýerden gelip, nirä barýarsyň? Bu ýere hezreti Isgenderden başga bir kişi gelen däldir — diýdi. Hatam oňa başyndan aýagyna çenli gören wakalaryny birmе-bir aýdyp berdi. Patyşa şat bolup, bir päkize jaýy Hatam üçin taýýarladyp, myhmandarlyk etdi. Hatam gündizlerine bu şäheri gezip, gijelerine myhmanhanada dynç aldy. Kuhy-nidanyň bir etegi bu şäheriň çetinde ýerleşýärdi. Hatam adamlardan Kuhy-nidany sorady. Olar: — Eger sen bu ýerde bolsaň, ony özüň hem bilersiň — diýip, jogap berdiler. _______________________________ Kuhy -nida — owaz çykyp duran dag. Nämährem — ýat adam. Hezreti Isgender — (Aleksandr Makedonskiý—biziň eramyzdan öň 356-323)—Gündogarda Isgender Zülkarneýn ady bilen meşhur bolup, Makedoniýa patyşasy Filip ikinjiniň ogludyr. Isgender gadym dünýäniň meşhur basybalyjylaryndan biri bolup, biziň eramyzdan 336 ýyl ozal patyşalyk edipdir. Ol köp ýerleri: Eýrany, Hindistany, Arabystany we başga-da birnäçe ýurtlary basyp alýar. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň halk döredijiliginde we edebiýatynda hem Isgendere degişli köp sanly folklar eserlerine we rowaýatlara duş gelmek bolýar. Ol 33 ýaşynda ýogalýar. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |