17:07 Hatamnama: Zerrinpoş melike bilen Hatamyň nikalaşmagynyň we aýrylyşmagynyň beýany | |
ZERRINPOŞ MELIKE BILEN HATAMYŇ NIKALAŞMAGYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Elkyssa, Hatam içinde ýeke kümüş derwezeli köşk bar bolan bir galany gördi. Ol onuň derwezebanlarynyň şol perisypat kesik baş gyzlardygyny bildi. Hatam olardan Zerrinpoş Melikäni sorady. Olar: – Melike häzir döwletiň eýesidir. Indi biziň hemmämiz tilsimlerden gutulyp, aman bolduk — diýdiler. Olar Melikä: — Hatam geldi — diýip habar berdiler. Melike wagty hoş bolup: — Ony bu ýere alyp geliň — diýip buýurdy. Hatamy Zerrinpoş Melikäniň ýanyna eltdiler. Melike öz gapdalynda bir kürsüni goýdurup, onda Hatamy oturtdy. Ol Hatamy iýdirdi, içirdi. Soňra onuň hormatyna meýlis gurnadylar. Melike ondan atasynyň ýagdaýyny sorady. Hatam: — Ataň Amalak jady bilen Sakara myhmançylyga gitdi — diýdi. Melike atasynyň ölümine gynandy. Hatam Melikä teselli berdi, Melikäni matamdan çykardy. Hatam: — Indi yza ötdi , toý nobaty ýetdi—diýdi. Olar uly toý tutdular, görenler oňa höwes etdiler. Beýt: Kyldylar turpaýy mejlis ara Etdiler bada neşabyn bala Ortada raks urup bazygär Niçe gülruh, ajap hemme dilber. Iki-iki bolup, hemme surur edip, Iki oýnap, iki wurud aýtyp. Nazy-nygmat zyýada heddiden, Diýse bolgaý bu kasry huld birin. Hatam şeýle bolup niçe hoş dil, Dilberige berip ýene ýüz dil. Diýdi: “Eý janym örtgen mehwaş, Sen üçin men bolup melamatkeş. Galmady mende tab, mehjur men, Ýadyň eýläp hemişe renjur men. Imdi derdim alajny kylgyl” Ne diýdim: “magnysyn okup bilgil. Kyl terahhum maňa mynasypdyr, Hassa köňlümni eýlegil mesrur. Hüsnüň olsun hemişe paýynda Sen peşýe husn, özgeler bende” Elkyssa, bu meýlis gyzyşdy. Periler elinde bulgurlary tutup, päk şerap paýladylar. Zerrinpoş melike: —Eý myhman ýigit! Sen bize başyňdan geçen wakalary beýan et. Seniň beýle sergezdan bolmagyňdan maksadyň näme?— diýip sorady. Hatam Melikäniň elindäki piýalany alyp içdi we tagzym bilen oturyp, öz hekaýasyny birme-bir aýdyp berdi. Ol Husnyýe Banuwyň ýedi sowalynyň jogabyny tapmaklyk üçin şunça sergezdançylyk edendigini gürrüň berdi. Soňra ol: —Maňa Hatam ibn Taý şa Ýemeni diýerler. Men Hudaýtagalanyň ýolunda mätäç bendeler üçin janymy pida etdim— diýip, sözüni şu ýere çenli ýetirdi. Ol ýagşy dilegler etdi. Hemmeler oňa: “Berekella” diýdiler. Bu gijäni Hatam olar bilen meýlisde geçirdi. Erte bilen Melikäniň üç-dört sany ýörite ygtyýary bolan hyzmatkärleri bilen oňa arzy-halyny aýtmaga bardy. Ol iki sany lagl-göwheri peşgeş berip, ol hyzmatkärleri Melikä söz aýtdyrmak üçin iberdi. Olar Melikäniň ýanyna baryp: —Bu ýigit Keýan şalaryndan gelip çykýar. Ol Ýemen şasy eken. Ol sahy, görk-görmekde hem taýy ýok ýigit eken. Eger sen Hatamy kabul etseň, ol saňa söz aýdýar— diýdiler. Melike razylyk berdi. Ol hyzmatkärler Hatama söýünji aýtdylar. Hatam bu habara şat bolup, ýene sowgat-peşgeş paýlady. Elkyssa, olar bu gün öz adatlaryna görä, toý taýýarlygyny gördüler. Gül ýüzli periler toý lybasyny geýipdirler. Ol gije Melikäni Hatama nikaladylar we aşygy magşuga tabşyrdylar. Iki muştak tapyşdy. Olar birnäçe gün aýşy-eşretde boldular. Bir gün Hatam Melikä: —Eý, janym, dilimiň şatlygy! Indi senden jogap bolsa, men Hudaýtagalanyň ýoluna gadam goýup, ol aşyklaryň hem işini hem tamam etsem! Olar maňa intizar bolup, garaşyp durmasynlar!— diýip arz etdi. Melike: —Onuň ýaly bolsa meni Ýemeniň şasynyň köşgüne iberiň. Dünýä hadysasyz bolmaz. Onsoň siz öz işiňize meşgul bolsaňyz— diýdi. Melikäniň sözi Hatamyň göwnüne jaý boldy. Ol bir hat ýazyp, bir-iki däne lagl-göwheri hem eline berip, birnäçe adamlar bilen Melikäni Taý şanyň ýanyna iberdi. Hatam olary ençe menzil ýola çenli ugratdy. Soňra ol onuň bilen hoşlaşyp öz ýoluna gadam goýdy. Elkyssa, Zerrinpoş Melike beýikli-pesli çöl-sähralary gezip, Ýemen ýurduna baryp ýetdi we onuň habaryny Taý şa ýetirdi. Ol Melikäni hezzet-hormat bilen kabul etdi we ony ýörite onuň üçin taýyn edilen ýere ýerleşdirdi. Meluke Hatamyň hatyny we sowgat-peşgeşini Taý şa gowşurdy. Taý şa bu zatlara şat boldy. • HATAMYŇ ZERRINPOŞ MELIKE BILEN AÝRYLYŞANDAN SOŇ BAŞYNDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY Hatam bu aýrylyşykdan soňra Beýik Taňra bil baglap daglary, düzleri we çölleri gezip bir ýerde saklanman maksadyny gözläp köp gezdi. Ahyry ol Taňrynyň kazasy bilen Garym gadym diýen ýere baryp düşledi we bu köp adamly, owadan ýurtda adamlardan idegini sorap ýördi. Bir topar adamlaryň içinden biri: —Şu ýakynda bir welaýat bar. Onda ýagşy adamlar köp. Olaryň arasynda Kühen sal atly bir adam bolmaly. Sen bu soragyňy şol adamdan sora. Megerem, ol bu sowaly bilýän bolsa gerek— diýdi. Hatam ondan ol welaýatyň ýolunyň salgysyny aldy, soňra ýola düşdi. Ol bu welaýatyň belent derwezeli bir şäherine bardy we onuň içine girdi. Bu şäheriň köçeleri gymmatbaha daşlar bilen bezelip goýlupdyr. Onuň owadanlygyny nazarda tutup oňa “şäherleriň gözeli” diýip at berse boljak. Onuň diwarlary göni salnypdyr. Bazarlary mata-marlakdan we dürli harytlardan doly. Saraýlary her hili mal-baýlykdan dykylyp doldurylypdyr. Hatam Hudaýtagala alkyş taryp aýdyp, köçeleri synlap, ol Kühen salyň öýüni sorap tapdy. Hatam onuň howlysynyň uly derwezesiniň gymmatbaha daşlar bilen nagyşlanyp salynandygy gördi. Derwezäniň öňünde kürsilerde bolsa hyzmatkärler otyrlar. Ol derwezäniň ýokarsynda şu beýt ýazylyp goýlupdyr: Rastlygyny kim kylsa yzhar Oňa ýardyr hemişe Birubar. Hatam Hudaýtagala şükür edip, şat bolup: —Eý, keremli Taňry! Sen men bendä rehimdarlyk edip uzak ýolumy ýakyn etdiň!— diýip, Taňra alkyş baryny aýtdy. Derwezäni saklaýan iki sany hyzmatkär ýetip gelip Hatamyň gol-aýaklaryny öpdüler we ony ugruna, goýmazdan myhmanhana alyp gitdiler. Şol wagt onuň öňüne desterhan ýazyp, üstüne dürli-dümen tagamlary getirip goýdular. Hatam garnyny doýurdy, teşneligini gandyrdy. Myhmanhananyň bir tarapynda saraýa meňzeş bezelen bir jaý atlar üçin salnypdyr. Onuň beýleki tarapynda eýwanly köşge meňzeş jaýa dürli bezegli halylar düşelipdir. Hyzmatkär ýaşlar bolsa öz işlerine başagaý bolup ýörerdiler. Hatam bu zatlary görüp haýran galdy. Şol wagt başga desterhan ýazylyp, onuň üstüne başgaça tagam çekildi. Bir adam gelip, Hatama: —Hoş gelipsiň!— diýip, ýokary geçip oturdy. Hatam onuň sakgalynyň ýarysynyň ak, ýarysynyň bolsa garadygyny gördi. Ol ilki: —Bu kişi Kühen salyň agtygy bolsa gerek— diýip güman etdi. Soňra onuň Kühen salyň özüdigini bildi. Hatam oňa hormat bilen ýagşy dilegler etdi. Ol Hatama bakyp: —Eý, oglum! Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? Seniň bu ýere sergezdançylyk edip gelmegiňden maksadyň nämedir? Seniň özüň haýsy ýurtdan bolarsyň?— diýdi. Hatam oňa başyndan geçiren wakalaryny başyndan-aýagyna çenli birin-birin beýan etdi. Soňra ol: —Hüsniýe Banuwyň sowallarynyň birini siziň derwezäňiziň ýokarsynda ýazylgy durandygyny gördüm. Meniň sergezdançylyk etmegimiň sebäbi şol sowalyň jogabyny gözlemekdir. Meniň özüm Ýemen ýurdundandyryn. Meniň atamyň adyna Taý Ýemeni öz adyma Hatam diýerler. Indi men biçäräni şol beýtiň syryndan habardar etseňiz, maňa uly ýagşylyk etdigiňiz bolar— diýip haýyş etdi. ____________________________________ Sakar — dowzahyň ýedi bölüminiň biriniň ady. Yza ötdi — ýas tutulýan günler geçdi diýen manyda. Turpaýy — geň, täsin; haýran galdyryjy. Raks — tans etmek. Gulam — erkek hyzmatkär. Çapa taýýarlan: Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |