22:42 Hatamnama: Hatam bilen Amalak jadygöýüň wakasynyň beýany | |
HATAM BILEN AMALAK JADYGÖÝÜŇ WAKASYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Sam jadygöý galan jadygöýlerini alyp, Amalak jadygöýüň ýanyna gaçyp geldi we ol Hatamyň üstünden oňa arz etdi. Oňa başyndan geçen wakalary başdan aýagyna çenli birme-bir beýan etdi. Amalak jady oňa teselli berip: — Eý Sam! Sen gam iýme! Eger seniň duşmanyň bir Hatam bolsa, biz ony tutup, özümize tabyn ederis — diýdi. Ol kitap açdy. Ol Hatamyň ýollardaky hemme jadylary peýdasyz edendigini we onuň bu gije Gumlak dagynyň eteginde düşländigini bildi. Elkyssa, Amalak uzak-ýakyndaky jadygöýleri jemledi. Olaryň käbiri şir suratly, käbiri aždarha suratly janawerlere öwrülip, her hili haýwanlara münüp, sansyz leşger bolup, Gumlak dagyna tarap ýörüş etdiler. Olar söweş meýdanyna baryp jem bolup durdular we hatarlaryny düzdüler. Şol wagt Amalak bir jady etdi. Hetden aşa köp şirler peýda bolup, Hatamyň leşgerine tarap hüjüme geçdiler. Hatam «Ismagzamy» okap, dem urdy. Şirler özlerini Amalak tarapa urup, köp jadygöýleri heläk etdiler. Amalak ýene bir jady etdi. Älem-jahany ot aldy. Hatam «Ismagzamyň» bereketi bilen bu ody hem ýok etdi. Amalagyň leşgerini basdy. Amalak başga emel etdi. Dünýäni suw aldy. Ismagzamyň bereketinden suw Amalak tarapa akdy. Amalak ony gaýtardy. Elkyssa, Amalagyň etmedik jadydysy galmady. Emma olaryň hemmesi täsirsiz boldy. Hatam Allatagala ýalbaryp, Onuň atlaryny gaýtalamaga zor berdi. Taňrynyň gudratyna jadygöýler garşy durup bilmediler. Guşlar uçup, haýwanlar ylgap gaçdylar. Hatam olaryň yzyndan dem urdy. Guşlaryň ganatlary, haýwanlaryň aýaklary köýüp galdy. Amalaga ybadat edýän jadygöýleriň hemmesi gara köýük boldy, Taňra ybadat edýän jadygöýler diri galdy. Amalak bilen Sam jadygöý gaçdylar. Hatam olaryň arkasyndan hem «Ismagzamy» okap, dem urdy. Olaryň öz göwrelerinden ot peýda bolup, kebelek ýaly bolup köýdüler. Olaryň külleri dowzahda mekan tutdular. Gyzyl dag we Gumlak dagy bu jadygöýleriň şerinden aman boldular. Hatam Sertege: — Hemme jady kitaplaryny jemläp, bu ýere alyp gel — diýip buýurdy. Iki jadygöýüň tagtynda bar bolan kitaplary ýygnap getirdiler we olary ýere gömdüler. Hatam Ismagzamy okap, dem urdy. Ol kitaplaryň hemmesi ýok boldy. Olardan almakçy bolan her bir kişi heläk boldy. Hatam ýene üç günläp Allatagalanyň gözel atlaryny okamaklyga zor berdi. Diri galan jadygöýleriň köňüllerinde saklanan jadylyk ylmy hem ýok boldy. Hatam bu işlerden elini boşatdy. Ol Gyzyl dagynyň we Gumlak dagynyň adamlaryny jemledi we Sertegi olara patyşa belledi. Ol adamlara öwüt-nesihatlar berdi. Sertegi tagta mündürip oturtdy. Hatam bu ýerde üç-dört gün durdy, demini-dynjyny aldy. Soňra ol adamlar bilen hoşlaşyp, myrat-maksadynyň ýoluna düşdi. Ol birnäçe gün ýol ýöränden soňra kesik başlaryň mekanyna ýetdi. Emma ol kölüň hem, daragtyň hem başlaryň hem ýokdugyny gördi. Hatam muňa haýran galdy. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |