14:37 Hatamnama: Hatam Taýyň ýedinji şert üçin sapara gitmeginiň beýany | |
HATAM TAÝYŇ ÝEDINJI ŞERT ÜÇIN SAPARA GITMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Elkyssa, Hatam Melikäniň ýedinji sowalyndan habardar bolup, şazada bilen hoşlaşyp, çöl-beýewanlara tarap ýola düşdi. Ol birnäçe günläp ýol ýöredi. Hatam haýsy tarapa ýörejegini bilmeýärdi. Hiç kimiň bu syrdan habary ýokdy. Ol birnäçe günden soň bir uly daragtyň aşagynda düşläp, bu ýerde boldy. Onuň gözüne hiç uky gelmedi. Ol: “Eý, Alla!” diýip, Hudaýtagalany ýat edip, säher wagtyna çenli köp oýlandy. Ol naz-nygmat eçiliji Taňryny çagyryp, pygamberleri özüne şepagatçy tutunyp ýyglady. Birden iki sany guş uçup gelip, daragtyň şahasyna gondy. Olar Allatagalanyň ýeketäkliginiň waspyny edip saýraşdylar. Olaryň biri beýlekisinden: — Bu başyny dyzyna goýup, pikir derýasyna gark bolup oturan adam kim? Onuň dünýä bilen höwesi ýok — diýip sorady. Ol biri: — Men ata-babalarymdan: “Pylan aýyň pylan güni bu daragtyň astyna Hatam atly bir ýigit gelip myhman bolar. Ol Lanyş atly guşuň ýumurtgasynyň soragynda bolar” diýip eşidipdim. Ol biziň jemagatymyzdan nireden tapylar? Bu adam şol ýigit bolsa gerek?! — diýdi. Beýlekisi: — Indi oňa Lanyş guşunyň hekaýasyny aýdyp bermek gerek. Ol guş biz biçäräniň aslydyr. Ol Kahraman diýen bir ýerde, deňiziň içinde ýerleşýän bir adada ýaşaýandyr. Lanyş guşlary her üç ýylda bir gezek ýumurtga guzlaýar. Onuň ýumurtgasy merweritdendi. Bir sebäp bilen onuň merwerit ýumurtga guzlamak häsiýeti ondan aýryldy. Onuň ýumurtgalarynyň biri perileriň şasy Kahraman patyşanyň goluna düşdi, ýene bir ýumurtgasy Şemgan patyşa ýetdi. Şemgan patyşa danalaryň hökümi bilen pylan sährada bir çeşmäniň başynda ýedi hazyna edip, bu ýumurtgany şol hazynalaryň birinde goýdy. Ol hazynalaryň ygtyýary onuň gyzynyň elindedir. Onuň golundan geçmän, hazynalardan başga adamlar hiç zat alyp bilmeýärler. Ol ony almakçy bolana ýylan-içýan ýaly zyýan berýär. Bu ýigit şol hazynany tapmak üçin ýola çykypdyr. Indi ol periniň gürrüňini etsek, Kahraman şa dünýäden ötdi. Ol hazyna onuň aýalynyň elinde galdy. Melike Kahraman şadan göwreli bolupdy. Äri ölensoň, oňa töhmet atyp, ony çöle taşladyr. Birnäçe günden soňra oňa bir kerwen ýolugyp, kerwenbaşy Melikäni öz welaýatyna getirdi. Melike bir ogul dogdy. Ol oglan ösüp, ýigit çykdy. Taňrynyň kazasy bilen ol welaýata patyşa boldy. Ol merwerit oňa ýetdi. Elkyssa, onuň bäşinji arkasynda ol merwerit Surh Kulaha, onuň ogly Mahýara miras galdy. Ol Berzeh adasyndadyr. Ol hemme döwlere patyşadyr. Ol örän ylymdardyr. Ol taryh kitaplaryny köp okady, başga ylymlary hem ürç edip öwrendi. Onuň Gülçähre atly bir gyzy bardy. Perileriň adamlaryň arasynda onuň owadanlygynyň owazasy ýaýrady. Kim oňa gudaçylyga söz aýdyp gelse, ol Lanyş guşunyň ýumurtgasynyň aslyny bilmekligi şert ederdi. Hiç kim onuň bu sowalynyň jogabyny aýdyp bilmän, alaçsyz bolup yzyna gaýdardy. Kim bu sowalyň jogabyny tapsa, Gülçähre bilen hazynany oňa berjekdi. Emma Lanyş guşunyň zamanyndan tä bu wagta çenli bu syr gizlindi. Biz bu guşlaryň arasynda dilewarlarydyrys. Emma bu sözi sözlemeklige buýruk heniz berilmändi. Ýöne Hatam hudaýhon adamdyr. Biz bu merweridiň syryny oňa sogap üçin aýdyp berdik. Eger Hatam bu sözi unutmasa, onda ol Gülçährä bil baglap, ol merweridi alar — diýdi. Beýleki guş: — Hatam Kahraman derýasyna nähili ýeter? Ol adalarda döwler we jynlar köpdür — diýdi. Beýleki guş: — Biz bir silkinsek, perlerimizden birnäçesi ýere döküler. Eger olary Hatam alsa we gerek bolan wagtynda peri ýakyp, onuň külüni bedenine sürtse, ol döw suratynda bolar. Onsoň döwler oňa kast etmezler. Onuň dili hem döwleriň dili ýaly bolar. Eger oňa aslyna öwrülmek gerek bolsa ak peri ýaksa, onuň külüni bedenine sürtse, ol aslyna geler, hem oňa hiç bir ýyrtyjy haýwan, wagşy guş ýakyn gelip bilmez. Eger ol Kahraman derýasyndan ötse, ondan aňyrsy Berzeh adasyna degişlidir. Onsoň onuň maksat-mydaryna ýol açylar — diýip, ol iki guş ganatlaryny kakdylar. Olardan birnäçe per ýere döküldi. Şol wagt daň atdy. Ol guşlar öz günleri üçin uçup gitdiler. Hatam olaryň perlerini çöpläp alyp, ýola düşdi. Ol guşlar gitjek wagtlarynda oňa: — Gündogar bilen günortanyň ortasyndan ýol tutup ýöreseň, seniň barjak ýeriň ýakyn bolar — diýdiler. Hatam çölleri we sähralary gezip barýardy. Onuň gulagyna: — Hudaýymyň bendesiniň biri meniň dadyma ýetişsedi! — diýen ahy-nala gatyşykly bir owaz eşidildi. Hatam: — Men hem, ol hem Hudaýyň bir bendesidiris. Men baryp, onuň halyndan habar soraýyn — diýip, ol owaz eden kişiniň ýanyna bardy. Görse, bir tilki başyna toprak saçyp ahy-pygan tartar. Hatam oňa: — Eý, Taňrynyň bendesi! Beýle agyly hala düşer ýaly saňa näme boldy? — diýip sorady. Tilki: — Meniň iki çagam bilen ärimi awçy tutup, ýesir edip alyp gitdi. Men olaryň aýralygyndan ýüregim gysyp ýyglaýaryn — diýip, ýene başyna toprak saçdy. Hatam: — Sen ol awçyny tanaýarsyňmy? Ol nirede? — diýip sorady. Tilki: — Bu ýakynda bir gyşlak bardyr. Ol awçy şol ýerdendir. Onuň ady pylanydyr — diýdi. Hatam tilkä: — Sen ony maňa uzakdan görkez, özüň bolsa gizlenip dur. Men onuň ýanyna baryp, bu işiň bir alajyny taparyn — diýdi. Tilki Hatamyň öňüne düşüp, ol gyşlagy uzakdan görkezdi. Hatam gyşlaga bardy, ol awçynyň öýüni sorap tapdy we işigini kakdy. Awçy öýünden çykyp, Hatamy görüp: — Siziň menlik işiňiz barmy? — diýip sorady. Hatam: — Howa meniň size işim düşdi. Meniň bir keselim bar. Tebipler maňa tilkiniň ganyny içmekligi maslahat berdiler. Eger size bir tilki düşen bolsa, ony maňa satyň — diýdi. Awçy Hatamy myhmanhanasyna alyp girip, iki kiçi tilki bilen bir uly tilkini getirdi. Hatam: — Sadaka bolsun — diýip, awçynyň öňüne pul goýdy. Awçy şat bolup ol puly aldy we tilkileri Hatama berdi. Hatam tilkileri alyp, ene tilkä eltip gowşurdy we: — Baryň, indi siz öz mekanyňyza gidiň — diýdi. Ene tilki ene-de ýyglap başlady. Hatam: — Seniň başyňa ýene näme iş düşdi? — diýip sorady. Ene tilki: — Meniň ärim dünýäden ötüp barýar. Onsoň men ýyglaman kim ýyglasyn? Bu kesele alaç bar bolsa, onuň emini etseň? — diýdi. Hatam: — Onuň nähili alajy bardyr? — diýdi. Tilki: — Onuň alajy kyndyr. Onuň mende dermany ýokdur — diýdi. Hatam: — Ol niçik emdir? — diýip sorady. Tilki: — Eger sen bir ýere baryp, bir adamy getirseň, ony öldürseň we onuň ganyny agzyna damdyrsaň diri galar — diýdi. Hatam: — Seniň adama näme duşmanlygyň bar? Haýwan üçin adam hemme mahlukdan belentdir. Men adamy nähili öldüreýin? Eger adam derkar bolsa, isle obadan bolsun, isle her ýerden bolsun, taparyn — diýdi. Tilki: — Haýsy ýerden hem bolsa bolar — diýdi. Hatam hanjaryny çykaryp, çep goluna urdy. Gan zogdurylyp akdy. Ol: — Eý, tilki! Isleseň, ine, meniň ganymy al — diýdi. Tilki ärini onuň ýanyna alyp geldi. Hatam oňa: — Agzyňy tut — diýdi. Ene tilkiniň äri gany doýup içdi we ol ysgynyna geldi. Hatam elini daňdy we ýerinden turup: — Indi menden razy bol — diýdi. Bu tilkileriň hemmesi Hatamyň aýagyna ýykyldylar we onuň bilen hoşlaşdylar. Hatam ýola düşdi. Ol gündiz ýöräp, gije dynç alyp ýöredi we bir çöle baryp ýetdi. Howanyň yssysyndan ýaňa Hatamy teşnelik basmarlady. Şol wagt uzakdan onuň gözüne çeşme göründi. Hatam oňa ýakyn baryp görse, çeşme ýok. Ol ýerde bir ýylan halka ýaly bolup ýatyr eken. Ol Hatamyň gözüne çeşme bolup görünipdir. Ol ýoluny dowam etmäge hyýallandy. Ol ýylan dile gelip: — Eý, ýemenli ýigit! Sen näme üçin eglenmän gidip barýarsyň? — diýdi. Hatam: — Men teşne boldum we suw gözläp gelýärdim. Bu ýerden suw tapmadygym sebäpli gidip barýardym — diýdi. Ýylan: — Eý, gadyrdan, bu ýerde hemme zat bardyr. Sen maňa ýoldaş bol — diýip, ýöräp başlady. Hatam ýylanyň yzyndan ýöredi. Ýylan ony bir bagy-bossanlyga alyp getirdi. Hatam ony görüp şat boldy. Hatam öz-özüne: — Bu bagda hiç kim ýok. Kim ony päkize etdikä? — diýdi. Hatam bagyň içine girende beýle bagy perileriň mülkünde görendigi ýadyna düşdi. Bu ýerde miweli agaçlar, reňbe-reň güller bar, ýaplardan suwlar akyp dur. Hatam suw içip, teşneligini gandyrdy. Ýylan: — Sen bu ýerde garaşyp dur. Men ýene gelerin — diýdi. Hatam öňünde çuň howzuň salnyp goýulandygyny, onuň gyrasynda kürsüleriň bardygyny gördi. Ol kürsüleriň birine geçip oturdy. Ol birden perileriň ellerinde sandyjaklary göterip gelýändigini gördi. Olar onuň ýanyna gelip saklandylar. Hatam: — Siz kimsiňiz? — diýip sorady. Olar: — Biz sizi özüne ýoldaş edip, bu ýere getiren kişiniň hyzmatkärleridiris. Bu göwherleri ol saňa peşgeş iberdi — diýdiler. Hatam sandyjagy açyp ondaky göwherleriň gymmatbahalydygyny gördi. Ol: — Maňa göwher derkarar däl. Men olary aljak däl — diýdi. Olar Hatama başga sandyjagy berdiler. Hatam ony açyp görüp, onda başga görnüş göwherleriň bardygyny gördi. Ol: — Eý, gülýüzli periler! Bu zatlar menin üçin hiç zatdyr, belki olar bir däne arpa degmeýär. Men ýekedirin. Onsoň men munça göwheri näme edeýin? — diýdi. Periler başga bir sandyjagy göterip geldiler we ony Hatama berdiler. Hatam ony açyp görse, onda tagam bar eken. Ol muňa begendi. Şol wagt bir topar periler bilen bir mylaýym ýüzli uly peri çykdy. Hatam: — Bu mylakatly peri kimkä? — diýip, haýran galdy. Ol ýerinden turup oňa tagzym bilen salam berdi. Ol peri salam alyp, Hatamyň elinden tutup, kürsüde oturdyp: — Sen meni tanamadyňmy? — diýdi. Hatam: — Men seni bir ýerde gören ýaly bolup durun— diýdi. Ol peri: — Men seni özüme ýoldaş edip, şu ýere getiren kişidirin — diýip, jogap berdi. Hatam: Seniň meni bu ýere getirmegiňe sebäp nämedir? —diýip sorady. Ol: — Bu syry tagam iýlip bolandan soňra aýdaýyn — diýdi. Desterhan ýazyldy, dürli-dümen iýim-içimleri orta goýuldy. Hatam beýle bezelen desterhany Nuşleb periniň myhmançylygynda görendigini ýadyna saldy we ol öz-özüne: “Megerem, bular bir kowum perizatlar bolsa gerek” diýdi. Nahar iýlip bolundy. Eller ýuwuldy. Bir topar periler hoşboý ysly atyrlary getirdiler we olary Hatamyň öňüne goýdular. Hatam muňa haýran galdy. Uly peri: — Eý, juwan ýigit! Men perizadyň neslinden bolan Şems şadyryn. Hezreti Süleýman alahyssalam zamanynda bir gün men bagda otyrdym. Men özüme: “Ertir men özümiň ähli taýpam bilen ynsanyň ýurduna baryp, hemme ynsany öldüreýin. Men olaryň mülküni alaýyn, çünki ynsana ajaýyp ýer berilipdir” diýdim we ähli taýpama: “Ertir men bir ýere gitmekligi isleýärin. Siziň hemmäňiz bu ýörişe taýýar boluň” diýip buýurdym. Gije düşdi we men ukladym. Men ukudan oýanyp görsem, hemme kişi öz suratynda bolup durupdur. Emma perizatlaryň ganaty ýok. Men bolsa ýylan suratyna öwrülipdirin. Men gündiziň bütin dowamynda ýere togalandym, emma peýda bolmady. Men gaýypdan: “Her kişi söz berip, ähdinden dänse, şunuň ýaly ýagdaý başyna düşer” diýen owaz eşitdim. Bir gije men: «Ýemenli ýigidiň ömründen otuz ýyl ötdi. Indi ol bu ýere geler. Sen onuň hyzmatyny et. Eger ol saňa ýagşy dileg etse, onda sen asyl suratyňa gelersiň” diýen owaz eşitdim. Häzir meniň ýylan suratyna geçenime segsen ýyl boldy. Otuz ýyldan bäri bolsa bu sährada men seniň ýoluňa garaýaryn. Bu gün men saňa ýolukdym. Men seniň şol ýemenli ýigitdigiňi bildim. Şonuň üçin men seniň hyzmatyňy etdim. Indi sen meniň we galanlaryň hakynda ýagşy dileg etseň!? — diýdi. Ol peri: — Hezreti Süleýman alaýhyssalamyň ýanynda meniň babam gol gowşuryp: “Eger biziň kowmumyz adamzada azar berse, olaryň mülküne kast etse, biziň asyl suratymyz gitsin” diýip, äht baglaşypdyr. Meniň kelläme adamzada azar bermek hyýaly düşdi. Men bu pikrimden seniň ýanyňda toba edýärin. Sen meniň hakyma ýagşy dileg et — diýdi. Hatam täze lybaslary geýdi we başyny seždä goýup dileg etdi. Onuň bu dilegi kabul boldy. Ol dileg edýän her bir pursatynda Taňrynyň adyny ýygy-ýygydan gaýtalaýardy. Hatamyň bu dileginden soň, hemme perizatlara ganat çykdy. Periler Hatamdan: — Seniň bu ýere gelmegiň sebäbi nämedir? Sen bize köp ýagşylyk etdiň. Biz hem saňa ýagşylyk edeli. Sen bize näme maksadyň bardygyny dogrulyk bilen aýt — diýdiler. Hatam: — Men Berzah adasyna barýaryn Men ol ýerden kümüşden ýasalan merweridiň meňzeşini gözlejek — diýip, başyndan geçiren wakalaryny aýdyp berdi. Şa peri: — Sen dogry aýtdyň. Ol merweridiň taýy Berzah adasyndadyr — diýdi.Ol ýene: Berzah patyşa: «Kim bu merweridiň peýdasyny aýdyp berse, men oňa gyzymy berjek» diýip aýdypdyr. Emma sen ol ýere nähili ýetersiň? Ol ýer örän uzakdyr. Ynsanyň kowumyndan henize çenli oňa baryp ýeten kişi ýokdur. Ýöne sen şol ýere gitmekligi isleseň, men seniň ýanyňa kişi goşup ibereýin — diýdi. Şa peri özüne tabyn bolan perilere ýüzlenip: — Eý, ezizler! Bu juwan ýigit sebäpli siz bagtly bolduňyz. Ol bu wagt kynçylyga sataşdy. Siz oňa kömek edip, ony ýola salsaňyz?! — diýdi. Olar: — Ol nähili kyn işdir? Siz buýuruň. Biz nähili kyn iş hem bolsa, ony berjaý ederis — diýdiler. Şems şa olara hemme hakykaty aýdyp berdi. Olar: — Berzah adasyna barmak kyndyr. Döwler bizi ol ýere eltmeýärler. Eger patyşanyň özi ol ýere baryp, döwler bilen jeň etse, biz ol ýere bararys — diýdiler. Şems şa: — Eger siz özüňize edilen ýagşylyga jogap bermeseňiz, ol rowa bolarmy? Siz özüňize asudalygy isleýärsiňiz. Emma ýagşylyk eden kişä asudalyk islemeýärsňizmi? — diýdi. Olardan ýedi kişi yhlas kemerini billerine baglap: — Eger bize patyşa kömek berse, biz bu ýigidi ol ýere ýetireris — diýdiler. Patyşa olaryň bu sözüni kabul etdi. Olar Hatamy bir kürsüde oturdyp, kürsüni asmana göterip, şol tarapa uçdular. Periler üç gije-gündiz uçdular. Bu ýoluň arasynda döwleriň bir mekany bardy. Periler ýollaryny ýitirdiler. Olar Hatamyň kürsüsini bir daragtyň üstüne getirip goýdular. Hatam: — Üç gije-gündiz boldy, biz hiç zat iýmedik, şeýle hem biz ýadadyk — diýdiler. Perileriň ikisi Hatamyň ýanynda galdylar, galanlary bolsa tagam gözlemek üçin ondan aýrylyşdylar. Şol wagt bir topar döwler bu ýere aw etmäge çykypdyrlar. Olar iki perini we kürsüde oturan bir adamy gördüler. Birnäçe ýüz döw kürsüniň töweregine üýşüp: — Bu ýerde adamzat peýda bolupdyr — diýip, uly gowga turuzdylar. Periler döwleri görüp, gorkdular we olar Hatamy goýup gaçmakçy boldular. Emma olar alaçsyz bolup, döwler bilen uruşdylar we döwleriň birnäçesini öldürdiler. Ahyry olar ýeňildiler. Döwler Hatamy kürsüsi bilen göterip, öz mekanlaryna getirdiler. Olar perilerden: — Siz bu adamy nireden göterip geldiňiz we siz ony nirä alyp barýarsyňyz? — diýip soradylar. Periler: — Bu ýigit ýemenlidir. Siz oňa azar bermäň, bolmasa hemmäňiz heläk bolarsyňyz — diýdiler. Döwler: — Şems şa ençe zamandan bäri gaýyp bolupdy. Indi ol nireden peýda boldy? — diýdiler. Periler döwlere hemme wakalary başyndan ahyryna çenli gürrüň berdiler. Döwler başlaryny aşak salyp: — Periler bilen bu adamy pylan ýerde gabap goýuň. Biz awdan gaýdyp baranymyzda ol adamy iýeris — diýdiler. Olar periler bilen Hatamy bir guýa taşladylar. Tagam gözläp giden periler daragtyň düýbüne geldiler. Olar bu ýerde bir näçe öli döwüň ýatandygyny gördüler we periler bilen Hatamdan nam-nyşan tapmadylar. Olar haýran galyp, bir-birlerine: — Periler nirdekä? Bu döwleri kim öldürdikä? Döwler bu ýere gelip, olary alyp giden bolmaly. Şems şa habar ýetirmek gerek — diýdiler. Taňrynyň kazasy bilen bir döw bu ýerde galypdy. Periler ondan: — Sen kim we sen nireden? — diýip soradylar. Döw: — Men Makarnasyň döwlerinden bolaryn. Men bu ýerde ýaradar bolup galdym — diýip, olara döwler bilen perileriň arasynda bolup geçen jeň barada aýdyp berdi. Periler bu sözi eşidip, ol döwi göterip: — Biz muny Şems şa görkezeris — diýip, üç gije-gündiz säginmän uçup, Şems şanyň ýanyna baryp ýetdiler we kabulhanada garaşyp durdular. Olaryň habary Şems şanyň gulagyna ýetdi. Ol perilerden: — Siz haýsy ýerdensiňiz? Siziň göwnüňize kim degdi. Görýän weli, siz adamzada hemra bolana meňzeýärsiňiz. Siz meniň ýanyma geliň — diýdi. Olary patyşanyň ýanyna getirdiler. Patyşa: — Men sizi adamzada hemra edip iberdim. Siz kimden şikaýat edýärsiňiz. Ol ýemenli ýigidi nirede goýduňyz? — diýip sorady. Periler başlaryny ýere goýup: — Biz ol ýigit bilen üç gije-gündiz ýol ýöredik. Ol ýigit ajykdy. Onsoň biz ony kürsüsi bilen daragtyň düýbüne düşürip, iki sany perini oňa sakçy goýup tagamyň gözlegine gitdik. Biz yzymyza dolanyp gelenimizde olary goýan ýerimizden tapmadyk. Döwleriň birnäçesi daragtyň düýbünde ölüp galypdyr. Ol döwlerden biri ýaradar bolup, diri galypdyr. Biz ol döwden sorap, şol ýeriň Makarnas döwe degişlidigini bildik. Ol adamy tutup alyp gidipdir. Bir ýaradar döwi tutup, özümiz bilen bu ýere alyp geldik — diýdiler. Patyşa: — Ol döwi meniň ýanyma getiriň! — diýip buýurdy. Ol döwi patyşanyň huzuryna alyp geldiler. Patyşa ondan: — Makarnas heniz dirimi? Ol näme üçin bizi unudypdyr? — diýip sorady. Döw: — Köp wagtdan bäri sizden habar bolmady. Ol adamlardan we perilerden eşiden habarlaryna ynanmady. Şol gün ol aw-şikara çykypdy. Hatam bilen periler oňa duşdular. Ol olary tutup alyp gitdi — diýdi. Patyşa leşger taýýarlamaklygy buýurdy. Otuz müň peri taýýar boldy. Bu leşgerler ýola düşdi we üç gije-gündizden soň, döwleriň mekanyna baryp ýetdiler. Döwlerden näme işe meşgul bolýandyklarynyň habaryny almaklyk üçin içaly iberdiler. Ol içaly Makarnas döwüň aw-şikara çykandygynyň habaryny getirdi. Şems şa hemme leşgerine onuň üstüne ýöriş etmekligi buýurdy. Periler awa meşgul bolup ýören döwleriň üstlerine topuldylar. Döwler olaryň garşysyna durup bilmediler we gaçdylar. Periler Makarnasy tutdular we Şems şanyň huzuryna getirdiler. Şems şa: — Eý, melgun! Sen Şems şany unutdyňmy? Sen meniň diridigimi bilmediňmi? Ol adamyň nirededigini tiz aýt! — diýdi. Makarnas: — Men ol adamy şu wagt iýdim. Çünki, döw adam tapsa, ony diri goýmaýar — diýdi. Patyşa: — Eý, melgun! Süleýman alaýhyssalam nirededir? — diýdi. Makarnas: — Onuň dünýäden ötenine birnäçe wagt boldy — diýdi. Patyşa: — Odun ýygnaň — diýip buýurdy. Makarnasy we onuň leşgerini odunyň üstünde oturtdylar. Ol: — Eger adamy iýen bolsaň, onda seniň jezaň şu otda köýmek bolar. Men senin taýpaňy hem oda ýakyp ýok ederin — diýdi. Makarnas öz-özüne: — Men bularyň eline düşdüm. Eger men dogrusyny aýtmasam, bular meni öldürerler. Maňa özümi halas etmek gerek — diýdi we ol: — Eger ol adamy size görkezsem, siz meni oda köýdürmän, diri galdyrarsyňyzmy? — diýdi. Patyşa: — Eý, Makarnas! Sen meniň bilen bir jynsdandyrys . Meniň ol adamy hormatlaýyşym güýçlüdir. Eger sen ol adamy maňa salamat berseň, onda ikimiziň aramyzdan duşmançylyk aýrylar. Onsoň men seni goýbererin — diýdi. Makarnas: — Eger sen Süleýman alaýhyssalamyň ady bilen äht etseň, men saňa adamy bereýin — diýdi. Şems şa: — Men bu şerti kabul edýärin — diýdi. Makarnas: — Ol adam hem periler hem guýynyň içindedirler — diýdi. Periler ol guýa tarap ýüwgürdiler we olary guýydan çykaryp, Şems şanyň ýanyna alyp geldiler. Şems şa Hatamy tagtyň üstüne oturtdy we: — Eý, Hatam! Men saňa ýoluňda azar berjek döwleriň köpdügini aýdypdym. Emma sen maňa gulak salmadyň — diýdi. Şol wagt desterhan getirip ýazdylar we üstüni dürli-dümen tagamlardan getirip doldurdylar. Olar bile oturyp naharlandylar. Ondan soň Şems şa perilere: — Bu döwleri diri galdyrmak dünýäde ýaramaz işleriň peýda bolmagyna sebäp bolar. Şonuň üçin bu oduna ot beriň. Goý, bu döwler köýsün — diýdi. Oduny otladylar. Makarnas: — Sen Süleýman alaýhyssalamyň ady bilen eden ähdiňi bozýarsyňmy? — diýdi. Şems şa: — Eý, nadan! Sen onuň ýanynda durup, adamlara azar bermejekdigiňi äht edipdiň. Sen ol ähdiňi bozup, ähdiýalanlyk etdiň — diýdi. Ot tutaşdy. Döwleriň hemmesi ýanyp kül boldular. Şems şa Hatama: — Seniň ýene bize näme haýyşyň bar? — diýdi. Hatam: Men saňa: Maňa Berzah adasyna barmaklyk we ol merweridi ele salmak gerek diýip aýdypdym — diýdi. Şems şa perilere garap: — Sizden haýsyňyz bu hyzmaty bitirmäge taýýar? — diýip sorady. Hemmeden ýaşy uly bolan dört sany peri: — Bu hyzmata bizi iber! — diýdiler. Şems şa olara bu hyzmaty etmekligi buýurdy. Periler Hatamy tagta oturdyp, asmana uçdular. Olar on gije-gündiz ýol ýörediler we bir dagyň depesine baryp düşdüler. Olar bu ýerde Tuman adasynyň şazadasynyň Berzah adasynyň häkiminiň gyzyna aşyk bolandygyny bildiler. Ol şazada bu dagy mesgen tutunypdy. Şazada ol gyzyň yşgyna düşüp, ahy-nala tartýardy. Onuň nalasy Hatamyň gulagyna eşidildi. Ol: — Eý, ezizler! Bu owaz näme? Bir kişi nala edýär. Oňa näme bolupdyr? Ony bilip, takyklamak gerek — diýip, ornundan turup, şazadanyň ýakynyna bardy. Hatam: — Eý, ýigit! Sen kimsiň we näme üçin sen bu ýerde ýyglaýarsyň? — diýip sorady. Perizat nazaryny göterip, görse öňünde bir adamzat dur. Ol: — Eý, adamzat! Sen bu ýere näme üçin geldiň? Sen näme kär edýärsiň? Bu ýere seni kim getirdi? — diýip sorady. Hatam: — Men Lanyş guşuň merwerit ýumurtgasyny gözläp bu ýere geldim. Men: “Berzah şasynyň merweridiň syryny soraýandygyny, ýöne hiç kim onuň syryny bilmeýändigini eşitdim. Men ol merweridiň syrynyň jogabyny bermek isleýärin — diýdi. Perizat: — Biz perizatdyrys. Biz sowalyň jogabyny bermekden ejiz geldik. Onsoň, sen onuň jogabyny nähili berersiň? — diýdi. Hatam: — Sen bize bu daga çykyp ahy-nala etmegiň sebäbini aýt — diýdi. Perizat: — Men Tuman adasynyň patyşasynyň ogludyryn. Meniň atamyň ady Mahruýdyr. Men bir gün mejlisde oturyp, Mahýaryň gyzynyň tarypyny eşitdim. Meniň kalbyma onuň yşgynyň heseri düşdi. Men Berzah adasyna bardym we habarymy aýtdym. Meni hormatlap myhman aldylar. Meýlis gurdular we ol merweridi alyp geldiler. Ony menin öňümde goýdular. Men onuň ýaly merweridi hiç haçan görmändim. Menden: “Sen şu merweridiň haýsy derýadandygyny aýt. Munuň peýdasy nähili? Munuň beýleki biri nirede?” diýip soradylar. Men bu sowalyň jogabyny aýdyp bilmedim. Meniň ata-babalarym hem bilmedi. Onsoň meni mejlisden çykardylar. Şol wagt onuň gyzy köşgüň depesine çykdy. Meniň nazarym onuň ýüzüne düşdi. Men özümden gitdim. Yşkyň oky menin ýüregime sünjüldi. Ýöne hiç bir alajy ýokdy. Men öz mülküme dolanyp gelmedim. Men bu dagy mesgen tutundym. Men gije-gündiz magşugymy küýsäp ýyglaýaryn. Meniň ne janym çykýar, ne hem magşugym goluma gelýär. Meniň nalam bu sebäpdendir — diýdi. Hatam: — Sen özüňi dürse! Men ol merweridi ele alaryn we Mahýaryň gyzyny saňa alyp bererin — diýdi. Perizat gülüp: — Sen näme aýdýarsyň? Meger sen meniň üstümden güljek bolýan gödekleriň birisiň?! — diýdi. Hatam: — Eý perizat! Men ol merweridiň peýdasyny bilýärin. Ol merwerit sadapdan däl. Ol Lanyş guşunyň ýumurtgasydyr. Bu ada öň adamlaryň mekanydy. Sen gelip, maňa ýoldaş bol! — diýdi. Perizat onuň bu sözlerine ynandy we baryp Hatamyň aýagyna ýykyldy. Dört peri bularyň ikisini hem kürsüde oturdyp, howa uçdy. Ýoluň ugrunda Mankal döwüň mekany bardy. Perizatlaryň ysy onuň damagyna degip döwlere: — Perizat bir adamy kürsüde göterip gidip barýardylar. Olary tutup, meniň ýanyma getiriň! — diýip buýurdy. Döwler perileri tutup, kürsüleri bilen alyp geldiler. Mankal: — Eý, perizatlar! Dogryňyzy aýdyň. Siz bu adamy nirä alyp barýarsyňyz? Siz haýsy ýerden geldiňiz? — diýip sorady. Olar: — Biz Şems şanyň ýurdundandyrys — diýdiler. Mankal: — Köp wagtdan bäri Şems şa gaýypdyr we onuň ýurdy ýylandan doludyr — diýdi. Olar: — Biz ýylan suratyna öwrülipdik. Bu adamyň dilegi bilen aslymyza aýlandyk — diýdiler. Mankal: — Siz nirä barýarsyňyz? — diýdi. Olar: — Biz Berzah adasyna barýarys — diýdiler. Mankal: — Bu perizat kim? — diýdi. Olar: — Ol Mahrawar şazada — diýdiler. Mahrawar: — Eý, döw! Sen meni unutdyň. Men Mahruýyň ogly Mahrawardyryn. Mahruý Tuman adasynyň patyşasydyr — diýdi. Mankal: — Eý, şazada! Seniň adam bilen näme işiň bar? Sen muny maňa ber. Men saňa azar bermerin. Çünki, sen hezreti Süleýmanyň perizatlarynyň neslindensiň — diýdi. Mankal döw Hatamy kürsiden aldy. Mahrawer: — Eý, Mankal! Süleýman alaýhyssalamyň sözi seniň ýadyňa düşmeýärmi? Ol bize adamzada azar bermekligi gadagan edipdi diýdi. Mankal: — Indi hezreti Süleýman barmy?! Men ähdimi berjaý eder ýaly! Men bu adamy diri goýmaryn. Ençe zamandan bäri bir adam meniň goluma düşdi. Men ony iýerin — diýdi. Mahrawar döwüň bu hyýalyndan ýüz döndermejekdigini bildi. Ol ony aldawa salmak isledi. Şonuň üçinem ol: — Eý, Mankal! Bir adamy iýeniň bilen saňa näme boljak?! Men saňa onuň öwezine iki adam getirip bereýin. Eger sen menin sözüme ynansaň, bu adama mende galdyr. Meniň bu adam bilen bitirjek bir işim bar — diýdi. Mankal: — Eý, şazada! Sen bu adamy meniň ýanymda goýup git. Onsoň başga adamlary getirip, ony halas edip alyp gidäý — diýdi. Mahrawar çykalga ýokdugyny bildi. Ol: — Men bäş günden gaýdyp gelerin. Ýöne sen muny ýagşy ýerde sakla, oňa azar berme. Ol meniň dostumdyr. Eger sen muňa azar berseň, onda meniň saňa gaty gaharym geler — diýdi. Mankal: — Men ony senin göwnüňe ýaran jaýda goýaryn — diýdi. Mahrawar: — Sen ony bagy-bossanyňda sakla — diýdi. Mankal ony bagda saklamaklygy döwlere buýurdy. Ol bagyň çar töweregine döwlerden garawul goýdy. Mahrawar şazada ol dört perizat bilen bu ýerden çykdylar. Olar oturyp: — Eger biz: “Mülkümize baryp leşger alyp geleli” diýsek, onda ol uzakdadyr. Biz döwler uklandan soň, Hatamy alyp gaçyp, howa göterilip, tä daň atýança uçalyň. Şonda biz bu döwlerden uzakda bolarys — diýip, maslahat etdiler. Döwler bagyň töweregini garawullap otyrdylar. Olar bagyň işigini mäkäm bagladylar we ýarym gijä çenli wagtlaryny oýalykda geçirdiler. Gijäniň ýarymyndan soň olaryň hemmesi ukladylar. Şondan soň Mahrawar bilen periler baga girip, Hatamy alyp gaçdylar. Olar ta daň atýança uçdular we döwlerden uzaklaşdylar. Mankal döw ertesi ir bilen: — Baryň, ol adamy meniň ýanyma alyp geliň — diýip buýurdy. Garawul döwler gelip, adamyň ol ýerde ýokdugyny gördüler. Mankal bu habary eşidip dergazap boldy. Elkyssa, periler köp muşakgat çekip ýol ýörediler we olar Kahraman derýasynyň kenaryna baryp ýetdiler. Mankalyň hyzmatkärleri ol ýere baran eken. Ol perizatlaryň adamy alyp, derýanyň kenaryna düşendiklerini gördi. Mahrawer gylyjyny gynyndan alyp, döwe saldy. Döwüň goly üzülip, ýere düşdi. Döwüň bir goly kesik bolup galdy. Ol: — Eý, perizat! Sen bir adam üçin meniň bir golumy kesdiň. Men hemme döwlere: “Adamy perizatlar alyp gitdiler” diýip habar ýetirerin — diýdi. Mahrawar: — Sen baryp Mankala adamy meniň alyp gaçandygymy aýt. Ýöne ol habardar bolsun. Eger ol adamyň dawasyny etse, onda men onuň ýurduny ýykan-ýumran ederin we sizi toprak bilen barabar ederin — diýdi. Döw howa uçup gitdi. Perizatlar bir sähra baryp ýetdiler. Olar bu ýeriň döwlerden doludygyny gördüler. Perizatlar: — Eý, ýigit! Biz seni bu ýere çenli ýetirdik. Biziň mundan aňry gitmäge hetdimiz bolmaz. Indi sen bize rugsat ber — diýdiler. Hatam kürsüni göterip gelýän dört sany perä rugsat berdi. Mahrawar: — Eý, ýigit! Men saňa hemra bolaryn. Göwnüňe gelen zady maňa buýurmaklyga seniň ygtyýaryň bardyr — diýdi. Hatam: — Men özüm sebäpli saňa zyýan ýetmekligini rowa görmeýärin. Ýöne men bu sähradan nähili ötmelidigini bilmeýärin — diýdi. Mahrawar: — Eý, eziz! Bu ýeri döwleriň araçägidir. Ondan salamat ötmeklige meniň tabym ýokdur. Döwler perizatlary tutsalar, erkeklerini öldürýärler, urkaçylaryny aýal edinýärler. Bir gezek biz bu döwleriň üstüne leşger dartyp geldik. Döwler şonda bizden ýeňlip: “Mundan beýläk biz perizatlara azar bermeris. Emma biz adamy görsek diri goýmarys» diýip, ýaraşyga gelipdirler. Hatam: — Men döw suratynda bolsam, bu sähradan salamat öterinmi? — diýdi. Perizat: —Hawa, ötersiň. Ýöne sen döw suratyna niçik girersiň? — diýdi. Hatam guşlardan alan perileriň gyzyl reňklisinden birini alyp köýdürdi, onuň külüni suw salyp bedenine sürtdi. Ol gara döwüň suratyna aýlandy. Mahrawar Hatamy ol şekilde görüp haýran galdy. Ol: — Eý, dogan! Bu perler haýsy guşuň ganatyndandyr? Sen olary nireden tapdyň? — diýdi. Hatam: — Eý, eziz! Men Şahabat şäherinden çykyp gaýtdym. Men ol merweridi nireden tapyp biljekdigim barada pikir etdim. Onsoň men bir daragtyň düýbüne baryp, başymy dyzyma goýup, gamgyn halda oturdym. Iki sany guş gelip, daragtyň şahasyna gondular. Olaryň urkaçysy: “Bu daragtyň aşagynda gamgyn halda oturan adam kim?” diýip sorady. Erkegi maňa tarap garap meniň hekaýatymy oňa başdan aýak aýdyp berdi. Olar maňa ýoluň salgysyny aýtdy we şu perlerini berdiler — diýip, başyndan geçen wakalaryny we iki guşuň eden gürrüňlerini beýan etdi. Hatam: — Eger şunuň ýaly bir zat bolmadyk bolsa, onda bu ýerlere nähili gelerdim — diýip, gürrüňini soňlady. Mahrawar onuň bu sözlerini eşidip rahatlandy. Ol öz-özüne: “Meniň işimi bu ýigit bitirer” diýdi. Emma Hatam Merweridiň peýdasy hakyndaky guşlardan eşiden sözüni aýtmady. Çünki, ol: “Mahrawar ony häzir eşitse, onda ol meni taşlap, ol ýere menden öň barar, öz işini bitirer we men bolsa mahrum bolup galaryn. Indi bize ýoly dowam etmek gerek” diýip, ýerinden turdy we ýola düşdi. Mahrawar asmandan ýöredi. Hatam sähra tarap gadam goýdy. Şirler, gaplaňlar we başga her dürli haýwanlar Hatamy döw sypatynda görüp gaçdylar. Döwler bolsa ony öz döwlerindenlir diýip pikir etdiler. Gündiz Hatam ýerden we Mahrawar asmandan ýol ýörediler. Gije gelse, olar birleşip, bir ýerde bolýardylar. Olar birnäçe gün şu tertipde ýol ýörediler. Bir gün ol ikisi bir ýerde uklap ýatyrdylar. Olary gözläp döwler geldiler. Emma bir döw bilen perizady görüp, bulary tanaman bu ýerden gitmekçi boldular. Bir döw: — Biz bu ikisini tutup, patyşamyzyň ýanyna alyp baralyň — diýip, teklip etdi. Beýleki döwler bolsa: — Eý, ezizler! Bu biçärelere azar berer ýaly olardan size näme zyýan geldi. Bularyň birisi döw, beýlekisi perizat. Olaryň ikisi hem biziň kowumymyzdandyr. Megerm, bu ikisi bir iş üçin çykypdyrlar we gije düşensoň, olar uklap galandyrlar — diýdiler. Bu wagt perizat oýandy we bularyň gürrüňlerini eşitdi. Döwleriň biri: — Baryp ol periden onuň haýsy perilerdendigini soralyň — diýdi. Başga bir döw: — Siziň olar bilen näme işiňiz bar? — diýdi. Ýene bir döw: — Ol peri Berzah ýurdundan bolaýmasyn? — diýdi. Başga bir döw: — Nireden bolanda siziň onuň bilen näme işiňiz bar — diýdi. Ol bir döw: — Patyşa bir gün: “Men köp wagtdan bäri Berzah patyşadan habar eşitmedim” diýdi. Sen beýle sözi aýtmaga patyşadan gorkmaýarmyň? Eger bir kişi: “Biri perizat, beýlekisi bolsa döw bolan iki kişi sährada uklap ýatan eken” diýip patyşa habar ýetirse, sen oňa näme jogap berersiň? Şonda biziň halymyz niçik bolar? — diýdi. Birden Hatam hem oýandy. Ol döwleri gördi we döwleriň dilleri bilen: — Eý, ezizler! Men uzak ýerden geldim we ýadap ukladym. Siz näme üçin maňa azar berýärsiňiz? — diýdi. Döwler: — Sen haýsy ýurtdan bolarsyň? — diýdiler. Hatam: — Siz Şems şanyň peýda bolup, Makarnas döwi oda köýdürendigini eşitmänmidiňiz? Ol adamzat üçin leşger bilen gelip, ol döwler bilen jeň etdi. Ol adam Berzah adasyna barýar eken. Şems şanyň perizatlary ony, bu sähra ýetirdiler. Olaryň özleri adamdan rugsat alyp yzlaryna gaýtdylar. Men biçäre özümden gorkup bu ýere gaçyp geldim. Siziň meniň bilen näme işiňiz bar? — diýdi. Döwler: — Bu perizat nireden? — diýdiler. Hatam: — Ol Tumanyň ýurdundan. Biz Şems şa peýda bolup, Makarnasy öldürdi diýip, habar ýetirmäge barýarys — diýdi. Döwler: — Onda siz bu ýerde dem-dynjyňyzy alyp duruň. Biz ol adamzady gözläli — diýdiler we olary goýup, Hatamyň gözlegine gitdiler. Hatam Mahrawara: — Tur, biz bu sähradan tizräk gideli — diýdi. Gije geçip daň atdy. Olar gündiz hiç ýerde säginmän ýol ýörediler. Gije ukladylar. Üç günden soň olar bir uly derýa baryp ýetdiler. Perizat: — Bu Kahraman derýasydyr — diýdi. Hatam Kahraman derýasynyň görüp haýran galdy. Onuň suwunyň sesi belent asmana ýetýär, tolkuny sähra baryp urýar. Onuň içinde läheň balyklar ýüzüp ýör. Şir onuň kenarynda lezzet bilen togalanýar. Bulardan başga dürli görnüşli jandarlaryň käbiri derýanyň içinde ýüzýär, käbiri bolsa derýanyň kenarynda gezýär. Guşlar dürli owaz bilen saýraýar. Hatam: — Eý, eziz! Biz bu derýadan nähili geçeris? — diýdi. Mahrawer: — Bu derýa örän ulydyr. Mundan ötmek mümkinçiligi ýokdur. Ýedi günde hem derýanyň ol kenaryna geçip bolmaýar — diýdi. Hatam: — Şeýle hem bolsa, bize Berzah adasyna barmak gerek — diýdi. Mahrawer: — Eger sen bu ýerde birnäçe gün dursaň, men ondan geçmekligiň alajyny taparyn — diýdi. Hatam: — Ýagşy, men bu ýerde duraýyn — diýdi. Mahrawer: — Eý, dogan! Bu ýerden on parsah uzaklykda Ýazdan ýurdy diýen ýer bar. Onuň patyşasy Şamhan perizatdyr. Onuň ýurdunda ganatly atlar bar. Bu derýadan diňe şol atlary münüp geçip bolýar. Men şol ýere gidip, iki sany at getireýin. Bolmasa biziň işimiz ugruna bolmaz — diýdi. Mahrawar Hatamdan rugsat alyp, howa uçup, bir gije-gündizde ol ýere baryp ýetdi we perizatlara sataşdy. Olar ony Şamhanyň ýanyna alyp bardylar. Şamhan ondan: — Seniň bu ýere gelmegiň sebäbi nämedir? — diýip sorady. Ol: — Eý, gadyrdan! Bize iki sany at gerek boldy. Sen bize kömek etseň ýagşy bolardy — diýdi. Şamhan: — Sen nireden gelýärsiň? — diýdi. Ol: — Tuman ýurdundan — diýdi. Şamhan: — Men seni bir ýerde gören ýaly. Sen Tumanyň şazadasy bolsaň gerek?! — diýdi. Mahrawar: — Sen dogry aýtdyň. Men şol kişidirin. Emma men bir kynçylyga sataşdym. Eger sen maňa häzir iki at berip, hemaýat etseň, bu hyzmatyňy ömrüm ötýänçä unutmaryn — diýdi. Şamhan ornundan turup, onuň bilen gujaklaşyp görüşdi, hemme perizatlar onuň aýagyna ýykyldy. Şamhan oňa iki sany ganatly at berdi. Ol : — Sen bu ýerde galyp, bir salym dem-dynjyňy al! — diýdi. Mahrawar bu sözi kabul etmedi. Ol: — Men bu ýerde galsam biziň işimiz harap bolýar — diýdi. Mahrawar iki sany aty alyp, Hatamyň ýanyna geldi. Ol: — Eý, Hatam! Tiz turup, ata mün! — diýdi. Olaryň hersi bir ata mündi. Hatam: — Eý, perizat! Bu atlar howada uçýarmy? — diýdi. Mahrawar: — Eý, dogan! Atyň jylawyny mäkäm tut! — diýdi. Hatam atyň jylawyny mäkäm tutdy. Atlar ganatlaryny açyp howa uçdular. Olar asmanda guşa meňzeş bolup uçup barýardylar. Birnäçe gije-gündiz ýol ýörelenden soňra, ýoluň ýarysy geçildi. Hatamy açlyk we suwsuzlyk basmarlady. Ol: — Eý, perizat! Men aç-suwsuz boldum — diýdi. Perizat bir miwe berdi. Hatam onuň ýaly miwäni asla iýip görmändi. Ony iýenden soň, onuň açlygy we teşneligi aýryldy. Olar ençe günden soň, derýanyň kenaryna geldiler. Ol ikisi atdan düşüp, ýere aýaklaryny goýdular. Hatam: — Biziň bu gelen adamyz Berzahmydyr? — diýip sorady. Mahrawar: — Bu kenar Kahraman derýasynyň ikinji kenarydyr diýip oýlama! Bu ýer Berzah adasynyň bir bölegidir. Berzah adasyna goşulyşýan köp adalar bar — diýdi. Hatam ýene: — Ol ýer bu ýerden ýene näçe günlük ýoldur? — diýip sorady. Perizat: — Ýene on günlük ýoldur — diýdi. Hatam: — Beýle bolsa bize ýöremek gerek — diýdi. Perizat: — Kabul etseň, men bir söz aýdaýyn — diýdi. Hatam: — Aýt — diýdi. Perizat: — Men mülküne baryp, öz leşgerimi alyp geleýin. Biz Mahýar adasyna leşger bilen gireli — diýdi. Hatam: — Eý gadyrdan! Biz Mahýar bilen jeň etmäge gelmedik — diýdi. Perizat: — Men hem şonuň üçin aýdýaryn. Biziň ýeke özümiz bolsak, habarymyzy Mahýara kim ýetirsin?! Nyzamly goşun bolsa, onuň habary derrew baryp ýeter — diýdi. Hatam: — Men saňa bu adada näçe gün garaşmaly bolaryn? — diýdi. Perizat: — Bu adada adama azar berer ýaly bozuk kişilir ýok. Periler kowumy bozuk kişileri bu ýere getirmeýär we onuň ýalyny bu adada goýmaýarlar — diýdi. Hatam: — Men bu ýerde oturyp, näme iýerin? — diýdi. Perizat: — Eger aw-şikar etmeklige keýpiň tutsa, onda bu ýerde aw köpdür. Eger miwe iýmekligi isleseň, bu görünýän daragtyň hemmesi miweli agaçlardyr — diýdi. Perizat ýerinden turup, ata mündi we ol Hatamyň gözünden gaýyp boldy. Hatam ok-ýaýyny alyp, awa ugrady. Ol bir gäwmiş gördi we ony awlady. Ol odun ýygnady, çakmak çakyp ot ýakdy we eti duzlap kebap edip iýdi. Ol adanyň içini syn edip aýlandy, dürli miwelerden iýdi. Ol dürli reňkli ajaýyp gülleriň arasynda gezelenç etdi. Atyny otluk ýerde örkledi. Elkyssa, Mahrawar şazada Tuman adasyna bäş günde baryp ýetdi. Adanyň perizatlary ony görüp, onuň ata-enesine habar ýetirdiler. Şazada ata-enesiniň ýanyna gelip, olaryň ýaňaklaryndan öpdi. Ata-enesi onuň gelmegine şat boldular. Olar onuň ýoluna intizar bolup köp garaşypdyrlar. Olar onuň hal-ýagdaýyny sorap: — Indi bize aýt, sen öz maksadyňa ýetdiňmi? Mahýar Berzahynyň gyzyny goluňa aldyňmy ýa-da almadyň? — diýdiler. Mahrawar şazada başyny aşak salyp: — Eý, meniň gadyrdan atam, enem! Men siziň sözüňize gulak asman perişan hala düşdüm we saralyp soldum. Ýöne ýemenli Hatam ibn Taý atly adam duşup, maňa ýol görkezdi. Ol Şahabatdan Lanyş guşunyň merwerit ýumurtgasy üçin gelen eken. Ol maňa pylan sährada sataşdy. Men öz düşen ýagdaýymy aýdyp berdim. Ol maňa: “Mahýar Berzahynyň gyzyny saňa alyp bereýin” diýip äht baglaşdy — diýdi. Ata-enesi gülüp: — Eý, akmak! Heniz hem senden nadanlyk we gödeklik aýrylmandyr. Perizatlar onuň hötdesinden gelip bilmediler, onsoň adamzat bu işi nähili başarar?! Çünki, biziň syrlarymyzdan adamzadyň habar bolmaz. Ol hötdesinden gelip bilmejek işine baş urup, seni umydygär edipdir — diýdiler. Mahrawar: — Eý, meniň ata-enem! Ol adam bu işiň syryny bilýän eken. Oňa iki sany guş bu syryň beýanyny başdan aýagyna çenli oňa aýdyp beripdir. Şonuň üçin hem ol bu ýere ýola çykypdyr — diýdi. Ata-enesi: — Beýle bolsa, seniň bu ýere gelmekligiň näme sebäp boldy? — diýdiler. Mahrawar: — Men leşger üçin geldim. Men öz leşgerimi ol ýere eltsem we dabara bilen Berzahyň şäherine girsem — diýdi. Atasy oňa öz leşgerinden iki müň perizady hemra etdi we: — Bar, ýoluň ak bolsun! — diýip, ogluny ýola ugratdy. Mahrawar şazada leşgeri bilen iki günde Hatamyň ýanyna ýetip geldi we derýanyň kenarynda düşledi. Ol Hatamy görmedi. Ol haýran galdy we öz-özüne: — Megerem, adamzat wadasyny bozup, ýeke özi giden bolsa gerek?! — diýdi. Ol şu pikir bilen başagaýdy. Birden onuň gözi oda düşdi. Görse, Hatam bir daragtyň düýbünde otyr. Hatam bolsa: «Bu gün Mahrawaryň wada beren güni» diýip, intizar bolup garaşyp otyrdy. Mahrawar: — Eý, Hatam! Ýeriňden tur! — diýdi. Hatam başyny göterdi we leşgeri gördi. Ol: — Eý, Mahrawar! Bu leşger kimiňkidir? — diýip sorady. Perizat: — Elbetde, biziňkidir — diýip jogap berdi. Mahrawar bu adada Hatamyň hormatyna meýlis gurnady. Olar hem, leşger hem iýip-içdiler. Sazandalar saz çaldylar, aýdymçylar aýdym aýtdylar we tansçylar tans etdiler. Hemmeler şat boldular. Olar bu gije bu ýerde galdylar. Olar ertesi ir bilen Mahýaryň şäherine tarap ýola düşdüler we Berzah adasyna ýakyn bardylar. Berzah adasynyň hökümdaryna: — Mahrawar perizadyň goşuny patyşalygyň çäklerine ýetdi. Olaryň bu ýere gelmeginiň maksady mälim däl — diýip, habar ýetirdiler. Patyşa dergazap bolup, serdaryny leşger bilen ol tarapa iberdi. Ol: — Ýoly saklaň — diýip buýurdy. Serdar sansyz goşuny bilen ýolda oturdy. Mahrawara: — Berzah uly goşun iberip, ýoly baglap goýupdyr — diýip, habar berdiler. Mahrawar öz ilçisini patyşanyň üstüne iberdi we ol: — Biziň patyşa bilen uruş etmek maksadymyz ýok. Biz patyşanyň goýan şertini bitirmek üçin geldik — diýip matlabyny aýan etdi. Patyşa: — Onuň ýaly, gaýratyňyz bolsa göreli — diýdi Elkyssa, Hatam perizadyň leşgeri bilen Berzah şäherine gelip girdi. Mahýar patyşa: — Siziň bu şähere gelmegiňiziň sebäbi nämedir? — diýip sorady. Mahrawar: — Men özüm öň bir gezek bu iş bilen gelipdim. Emma şol sapar şerti berjaý edip bilmän gidipdim. Ine, şu ýigit maňa ýardam bermeklige razy boldy. Men ony özüm bilen patyşanyň goýan şertini bitirmek üçin alyp geldim — diýdi. Mahýar Berzahy birnäçe günläp bu ikisini leşger bilen myhman aldy. Bir gün patyşa bularyň hormatyna meýlis gurnady. Mahrawar şazadany we Hatamy gadyr bilen kürside oturtdylar. Iýip-içmekden soňra, Mahýar Berzahy Hatamdan: — Seniň bu ýurda gelmekligiň sebäbi nämedir? — diýip sorady. Hatam: — Meniň maksadym şu habary size aýan etmekden ybaratdyr: Bir gyz bar. Ol Berzah söwdagäriň gyzydyr we merwerit ýumurtganyň jübüti onuň elindedir. Ol menden şol merwerit ýumurtganyň ikinji jübtüni tapmaklygy talap etdi — diýip, başyndan geçiren wakalaryny gürrüň berdi. Mahýar patyşa: — Onuň ikinji jübüti bu ýeriň niresindendigini bilýärsiňmi? — diýdi. Hatam: — Men ol Mahýar patyşanyň elinde diýip eşitdim — diýdi. Mahýar patyşa: — Ortada biziň şertimiz bar. Eger sen ol şerti bitirseň, onda men merweridi saňa bererin, gyzymy hem seniň ygtyýaryňa tabşyraryn — diýdi. Hatam: — Maňa merwerit gerek, gyzy başga birine beriň — diýdi. Hatam merweridiň hakykatyny başdan aýak beýan etdi. Mahýar patyşa onuň gürrüňini üns berip diňledi. Merweridiň hakykaty patyşa aýan boldy. Patyşa içeri girip merweridi alyp çykdy we gyzyny gelin bolmaklyga taýýarlady. Hatam merweridi görüp çaksyz şatlandy. Mahýar şa merweridi we gyzyny hyzmatkärleri bilen Hatamyň ygtyýaryna geçirdi. Hatam: — Eý, patyşa! Bu gyz Mahrawar şazada halaldyr. Men gyzy oňa berýärin. Şazada onuň yşgynda ýanyp-köýdi. Siz öz adatyňyz boýunsa, gyzy oňa dabara bilen nikalap beriň. Men bu merweridi HüsnBanuwa bagyş edýärin — diýdi. Mahýar patyşa uly toý tutdy, gyzyny nikalap, Mahrawar şazada berdi. Aşyk-magşuk myrat-maksatlaryna ýetdiler. Mahýar bulary bir aýlap goýbermän saklady, soňra olara rugsat berdi. Olar derýanyň kenaryna geldiler. Hatam: — Eý, Mahrawar! Indi sen öz mülküňe bar, men bolsa öz şäherime gideýin — diýdi. Mahrawar: — Ýol uzakdyr. Men seni leşger bilen Şems şanyň ýurduna ýetireýin — diýdi. Ol leşgerine: — Sapar şaýyny tutuň — diýip buýurdy. Ol birnäçe serdary Hatamyň erkine berdi. Serdarlar leşgerlerini sapara taýýarladylar. Olar atlaryna atlandylar we ýola düşdüler. Birnäçe günden soň, olar Kahraman derýasyndan ötdüler we sähra ýakyn baryp düşdüler. Döwlere: — Perizatlaryň leşgeri gelipdir — diýip, habar boldy. Hemme döwler jem bolup, ýoluň başyna geldiler. Mahrawar: — Eý, ezizler! Biz we siz bir kowumdandyrys. Biz siz bilen uruş islemeýäris, siziň bolsa bize duşmançylygyňyz ýok. Men Şems şany gutlmak üçin barýaryn — diýdi. Mahrawar şazada döwleriň serdaryny talap edip, onuň bilen duşuşdy. Ol Hatamy bir ýerde gizläp saklady we onuň bilen ylalaşyga geldi. Şeýlelikde, ol Hatamy döwlerden salamat geçirdi. Onuň leşgeri Şems şanyň araçägine baryp ýetdi. Hatamyň we Mahrawaryň leşger bilen öz ýurduna gelendigini Şems şa habar ýetirdiler. Şems şa perizatlaryny jemläp, bularyň öňünden çykmak üçin atlanyp, ýola çykdy. Ol baryp Hatam bilen gujaklaşyp görüşdi. Soňra ol Mahrawar şazada bilen duşuşdy. Şems şa: — Eý, dogan! Siziň maňa ýagşylygyňyz örän uludyr. Siz bu ýemenli ýigidi maňa sag-salamat ýetirdiňiz. Men bu adamzat üçin gije-ündiz pikirdedim — diýdi. Şems şa Hatamy we Mahrawar şazadany leşgeri bilen öz bagyna getirip myhmandarlyk etdi. Ol gije-gündiz şatlyk meýlisini gurdy. Soňra ol Mahrawar şazada rugsat berdi. Mahrawar şazada hemmeler bilen hoşlaşyp öz ýurduna tarap ýola düşdi. Şems şa Hatamy kürsä oturtdy we perizatlara: — Muny öz mülküne ýetiriň — diýip buýurdy. Hatam: — Meniň öz mülkümde işim ýok. Meni Horasana, Şahabat şäherine ýetiriň — diýdi. Perizatlar kürsüniň gaşyna geldiler. Şems şa bilen Hatam ikisi hoşlaşdy. Perizatlar kürsüni göterip, asmana uçdular. Olar gije-gündiz ýol ýöreýärdiler. Olar diňe ýagşy ýerler gabat-gelende düşleýärdiler we dynçlaryny alýardylar. Soňra ýene howa göterilýärdiler. Olar şu usul bilen uçup, bir aýdan soň Şahabat şäherine ýetdiler. Hatam olara rugsat berdi we olar bilen hoşlaşdy. Perizatlar öz mekanyna tarap ýola düşdüler. Hatam şähere tarapa ýöräp, oňa ýakyn geldi. Adamlar ony görüp, Husnye Banuwyň derwezesine girdiler. Hatam Husnye Banuwyň ýanyna bardy. Ol merweridi çykaryp, Husnye Banuwyň öňüne goýdy we başyndan geçiren wakalaryny oňa gürrüň berdi. Husnye Banu şat boldy we Hatama: “Berekella” diýdi. Hatam: — Eý, Husnye Banu indi sen öz wadaňy berjaý et! — diýdi. Husnye Banu: — Indi men seniň ygtyýaryňda boldum. Sen meni kime isleseň şoňa ber. Eger öz hyzmatyňda goýmagy isleseň, ony et — diýdi. Hatam: — Eý, Husnye Banu! Men seniň aýdan zatlaryňy berjaý etdim. Indi bolsa sen meniň sözümi berjaý et! Men özüm üçin muşakgatdyr külpetleri tartmadym. Men hemme kynçylyklary Münir şa üçin başymdan geçirdim. Şonuň üçin seniň ony kabul etmegiň gerek. Çünki ol köp wagtdan bäri seniň yşkyňda ýanyp-köýdi — diýdi. Husnye Banu: — Eý, Hatam! Sen meniň atamyň ornundasyň. Seniň gyzyňa näme perman berseň, hem hakyň bardyr. Emma Münir şa meniň şäherimde we meniň ýanymda bolsun! — diýdi. Münir şa Husnye Banuwyň bu sözüni kabul etdi. Münir şa şanyň geýimlerini geýdirdiler. Ol Husnye Banuny getirdip öz ýanyndan oturtdy. Husnye Banu perdäniň aňyrsyndan Münir şany görüp, kalby oňa tarap maýyl boldy. Onuň kalbynda yşk heseri oýnady. Ol ýerinden turup, hüjrä bardy. Hatam hem ýerindenn turup, kerwensaraýa geldi. Ol toýuň şaýyny tutdy. HüsnBanu bilen Münir şa ikisine nika gyýdylar. Münir Şazada Husnye Banuwyň jemalyny görüp, özünden gitdi. Onuň ýüzüne gülap suwuny sepip özüne getirdiler. Aşyk-magşuk bir-birleriniň didarlaryna sataşdylar. Olar Hatama ýagşy dileg etdiler. Hatam on iki ýyl, ýedi aý dokuz günüň dowamynda ýedi syry açdy. Münir şa maksadyna ýetdi. Birnäçe günden soň, ol jaýyndan çykyp Hatamyň aýagyna ýykyldy. Hatam Münir şany gujaklap mübärekledi. Soňra Hatam öz ýurduna gitmeklik üçin Münir şadan rugsat aldy we Ýemen ýurduna tarap ýola düşdi. Elkyssa, Hatam Ýemeniň araçägine ýakyn geldi. Onuň gelýändigi baradaky habary Taý şa eşitdi. Ol oglunyň öňünden çykyp garşy almak üçin birnäçe günlük ýola çykypgaraşyp durdy. Ataly-ogul duşuşdy. Olar gujaklaşyp görüşdiler we hal-ýagdaý soraşdylar. Taý şa birnäçe günläp toý tomaşa berdi. Zerrinpoş perini Hatama nikalap berdiler. Aşyk-magşuk bir-biriniň didaryna gowuşdylar. Bu toýa Münir şa bilen Husnye Banu hem geldiler. Olar toý dabarasynda birnäçe günläp boldular. Soňra olar Hatamdan rugsat alyp, hoşlaşyp, öz ýurtlaryna dolandylar. Husnye Banu bilen Münir şa ömürlerini bir ýyl Ürgençde, bir ýyl Husnabatda ötürdiler. Mundan soňra Hatama syýahata gitmeklik gerek bolmady. Ol ömri ötýänçä Ýemende hökümdarlyk sürdi we mätäç bendelere haýyr-yhsan etdi. Onuň ahyret saparyna özi bilen alyp giden azygy diňe sogap boldy. Bu dünýäde bolsa ondan ýagşy at galdy. Soňy. ________________________________ Lanyş — rowaýatda gabat gelýän ördek sypatly guş. Rowaýatlarda aýdylşyna görä, Beýik Taňry perileri hem, döwleri hem, jynlary hem otdan ýaradypdyr. Rowaýatlara görä, perileriň, jynlaryň, döwleriň erki Süleýman pygamberiň elinde bolupdyr. Sadap — deňziň düýbünden alynýan balykgulak. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |