15:57 Hatamnama: Hatamyň Kap dagyna baryp, ýüzügi getirmeginiň beýany | |
HATAMYŇ KAP DAGYNA BARYP, ÝÜZÜGI GETIRMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hatam syýahat edip barýardy. Ol ýolda Beýik Taňrynyň gudrat bilen ýaradan köp zatlaryna tomaşa etdi. Ol bir çöle baryp ýetdi we «Gije bu ýerde bolaýyn» diýip, oýlanyp barýardy. Birden şir sypatly bir janawer peýda boldy. Ol Hatama garaman ýöräp gitdi. Bir ýerde köp gara mal bardy. Ol birnäçe maly we adamy heläk etdi, soňra sährä tarap ugrady. Hatam onuň yzyndan gelýärdi. Ol gelip, bir gezek aýylganç ses bilen arlady. Şol wagt ol bir gyz suratyna aýlandy. Ol bir çeşmäniň gyrasyna baryp, özüne timar berip oturdy. Hatam ondan uzakda saklandy. Şol wagt iki sany atly ýigit peýda boldy. Ol ikisi çeşmäniň başyna owadan bir gyzyň gelendigini gördüler. Olar ol gyzyň ýanyna gelip: – Sen bu çölde näme işläp ýörsüň? – diýdiler. Ol gyz: – Men pylan söwdagäriň gözüniň nury bolan gyzydyryn. Atam söwda saparyna çykanda, meni özüne hemra edip alypdy. Pylan ýerde garakçylar kerweni taladylar. Men olardan gaçyp bu tarapa düşdüm. Men ençe wagtdan bäri bu ýerde bolýaryn – diýdi. Ýigitler: – Sen biziň birimizi özüne är saýlap al. Biz seni şähere alyp baraly – diýdiler. Bu iki ýigit aga-inidi. Ol gyz olaryň ulusyny saýlap aldy. Ol ýigit şol wagt ony atynyň yzyna mündürdi. Olar bir parsah ýaly ýol ýöränlerinde gyz: – Bir jam suw bolaýsa, men teşne boldum – diýdi. Agasy inisine: – Siz bu ýerde duruň. Men gidip, suw alyp geleýin – diýip, ýola rowana boldy. Gyz onuň inisine: – Men sizi isläp gelýärdim. Indi ikimiz bu wagt döwran süreli – diýip, näz kereşme etdi. Ol ýigit: – Siz maňa gelneje bolduňyz. Men gelnejem bilen haram iş edip bilmerin – diýip, gyzyň sözüni kabul etmedi. Ol gyz saçlaryny goýberip, köýnegini ýyrtmaga durdy. Şol wagt ol ýigidiň agasy geldi. Ol aýalyny bu halda görüp, sebäbini sorady. Aýaly: – Siz gideniňizden soň, iniňiz meni zorlajak boldy. Men ony kabul etmedim. Onsoň ol meni şu ýagdaýa saldy – diýdi. Agasy: – Eý, haramzada! Senden şeýle iş çykdymy? – diýip, gylyjyny soguryp inisini urdy, inisi agasyny urdy. Olaryň ikisi hem şol wagt öldüler. Ol gyz bir towlanyp, şahly öküze öwrüldi we çöle tarap ugrady. Hatam onuň yzyndan ýöredi. Ol çöle baryp, kimiň ýanyndan geçse, ol heläk bolardy. Elkyssa, köp adamlar heläk boldular. Ol çölüň içinde ýöremegini dowam etdi. Ol birden towlanyp, iki kerpiç altyna öwrülip, ýoluň gyrasyna düşdi. Hatam haýran bolup, ondan uzakda saklanyp durdy. Şol wagt üç sany atly peýda boldy. Olaryň üçüsiniň hem gözi birden altyna düşdi. Olar oturyp: – Eger bu altyn üç bölek bolan bolsa, onda biziň her birimiz onuň bir bölegini alardyk. Emma biz üç kişidiris. Biz ilki naharlanaly. Ondan soň munuň bir alajy tapylar – diýip, maslahat etdiler. Olar özlerinden birine pul harjyny berip, nahar getirmek üçin golaý obalaryň birine iberdiler. Elkyssa, nahar getiren kişi ýolda: «Men nahara awy salaýyn. Olar ony iýip ölerler. Altyn bolsa maňa galar» diýip, bu niýet bilen ýola düşdi. Onuň iki ýoldaşy bu ýerde galdy. Ol ikisi: – Ol nahar alyp gelende, biz iki bolup ony öldüreli. Onsoň altyn bize galar. Biz ony iki ülüş edip paýlaşaly – diýip, maslahat etdiler. Ol kişi nahar alyp ýetip geldi. Ol ikisi: – Sen näme üçin gijä galyp geldiň? – diýip, ony gylyç bilen para-para edip çapdylar we ony topraga tabşyrdylar. Ondan soň olar: – Biz indi nahar iýeli. Altyny soňra paýlaşaly – diýip, naharlanmaga durdular. Olaryň her biri bir-iki lukma tagam iýdiler. Olara zäher täsir edip, towlanyp başladylar we şol wagt jan berdiler. Ol iki kerpiç altyn bir bolup, bir pyrlanyp, bir garry adama öwrüldi. Ol eline hasa tutup ýola düşdi. Hatam onuň öňünden çykyp salam berdi. Baba onuň salamyna jogap gaýtardy. Hatam: – Eý, baba! Men näçe günden bäri saňa hemradyryn. Men sizde ajaýyp syrlary gördüm. Siz maňa bu syrlary düşündirseňiz – diýip, babany ugruna goýmady. Baba: – Bu işler on sekiz müň älemi ýaradan Beýik Taňrynyň erk-ygtyýary bilen bolandyr. Sen öz işiň bilen bol, meni bolsa saklama! Çünki seniň gören işleriň ýaly etmeli işlerim entek köpdür – diýdi. Hatam ýene haýyş edip: – Şeýle hem bolsa, siz ol syrlary maňa aýan ediň – diýdi. Baba alaçsyz bolup: – Eý, Hatam! Eger her jandaryň ömri ahyr bolsa, onuň ölü¬mine bir sebäp bardyr. Ony aýan etmek bolmaýar. Seniň gören wakalaryň sebäbi mendirin. Ondan artykmaç söz aýtmagyň derkarry ýokdur – diýdi. Hatam ýene: – Men biçäräniň ahyr çagym nähili bolar? – diýdi. Baba: – Seniň entek görjek günleriň bardyr. Ýöne sen Hudaýtgalanyň razylygy üçin iş etmekden asla ýüz öwürme. Sen ahyr demiňde bir basgançakdan ýykylarsyň. Seniň ölümiňe ol sebäp bolar – diýip, Hatamyň gözünden gaýyp boldy. Hatam başyny ýere goýup, şükür seždesini etdi. Ol ýerinden turup Gyzyl çöle tarap rowan boldy. Ol daglary, çölleri we sähralary tomaşa edip ýöräp barýardy. Ol gara toprakly bir ýere baryp ýetdi. Bu ýerde gijäniň garaňkysy düşende, zyýan ýetirmek üçin kast edýän gara reňkli janawerler peýda boldy. Hatam Şa Hüýr jynyň hasasyny ýere sokup, agzyna Mahperiniň ýüzügini alyp oturdy. Zyýan berýän zatlar her nähili bolsa hem, oňa zyýan ýetirip bilmediler. Ol birnäçe gün ýol ýöränden soň ak, toprakly ýere baryp ýetdi. Bu ýerdäki zyýan ýetirýän janawerler hem ak reňkdedi. Hatam bulara hem öňküsi ýaly amallary edip, bu ýerden hem birnäçe günüň içinde ötdi. Ol ýaşyl reňkli topraga gadam goýdy. Ol bu ýeriň zyýan beriji janawerlerinden Mahperiniň ýüzüginiň we şa Hüýr jynyň hasasynyň bereketinden sag-salamat ötdi. Ol göýä jahany ot alan ýaly gyzyl reňkli topraga baryp ýetdi. Ol ýere haýsy bir guş uçup barsa, ol kebap bolýar¬dy. Bu ýer gyzyl reňkli ýylanyň mekanydy. Bu gyzyl reňkli ýylanyň ýüzüginiň häsiýetinden bu ýerde şunuň ýaly yssy bolup durardy. Hatam Mahperiniň ýüzügini agzyna salyp, şa Hüýr jynyň hasasyny ýere sanjyp, onuň aşagynda Hudaýtagalany ýat edip oturdy. Gyzyl reňkli ýylan adamyň ysyny alyp, uzakdan dag ýaly bolup peýda boldy. Onuň burny serwi agajy dek, agzy gowak ýaly, başy togalak gümmez kimin bolup, deminden ot çykýardy. Ol ahyrynda ýok bolup gitdi. Hatam hasany ýerden soguryp aldy we gyzyl reňkli ýylanyň başyna urdy. Ol ýylan bu urga çydap bilmän, huşuny ýitirip, şol wagt ýere ýykyldy. Hatam Mahperiniň özüniň erkinde bolan ýüzügini agzyna saldy. Biraz wagtdan soňra huşuna geldi. Hatam: – Eý, Hudaýtagalanyň bendesi! Indi sen Beýik Taňrynyň razylygy üçin öz ýoluňa git! – diýdi. Gyzyl reňkli ýylan bir tarapa assyrynlyk bilen gitdi. Ýüzügiň yssysy hem peseldi we älem jahan öz kadasyna geldi. Hatam ýüzügi alyp, ýene ýola düşdi. Rowaýatçylar şeýle rowaýat edipdirler: Her otuz ýylda Allatagalanyň gudraty bilen gyzyl reňkli ýylanyň garnynda bir ýüzük peýda bolýar. Otuz ýyl dolanda ol ýylan ýüzügi garnyndan daşary çykaryp taşlaýar. Soňra ýene otuz ýylyň dowamynda başga ýüzük peýda bolýarmyş. Elkyssa, Hatam ýene dünýäni gezip, ol reňkli ýerlerden ötüp, köp menzilleri geçdi. Ol ahyry Kämil nowjuwanyň duran saraýyna baryp ýetdi. Bu ikisi hal ahwal soraşdylar. Olar gijäni ötürip, ertirlik naharyndan soňra, iki bolup, Musahhar jadynyň ýanyna bardylar, oňa ýagşy dilegler etdiler we gyzyl reňkli ýylanyň ýüzügini oňa peşgeş berdiler. Musahhar jady ýüzügi höwes bilen alyp: «Indi gaýnap duran ýaga gir» diýip, bir uly gazanda ýagy gyzdyryp taýýarlady. Kämil nowjuwan ony görüp titredi, gaty gorkdy. Hatam oňa teselli berdi we jadyly ýüzügi alyp, yhlas bilen Kämil nowjuwana ýüzlenip: – Indi gaýnap duran gazana girip çyk – diýip, ýanynda durdy. Kämil nowjuwan özüni dürsäp, bilini guşap, elini çyzgap taýýar bolup durdy. Ol Hatamdan we adamlardan pata alyp, özüni gazana taşlamakçy bolan mahaly şa Kämil nowjuwanyň goluny tutdy. Ol: – Indi sen şertleri tamam etdiň, maňa perzent, Melikä ýol-daş bolduň – diýdi. Şa toýuň serenjamyny tutmaklyga girişdi. Ol özüniň adat-düzgüni boýunça Melikäni oňa nikalap berdi, Kämil nowjuwany Melikäniň otagyna saldy. Aşyk-magşuk ikisi biri-birinden mähir aldylar. Adamlar ol ikisine süýji arzuwlar we ýagşy dilegler etdiler. Hatam bu ýerde üç-dört gün durdy, adamlardan razy bolmaklaryny sorap, hoşlaşyp, Alka dagyna tarap ýola düşdi. Ol birnäçe gün Beýik Taňrynyň gudratly işine tomaşa edip ýol ýöredi. Ol käte çölleri gezdi, käte derýalardan ötdi we bir belent dagyň üstüne çykdy. Ol dagyň çürbaşy bulutlaryň ýokarsyndady. Onuň üstüne çykmaklygyň mümkinçiligi ýokdy. Hatam onuň üstüne çykmaklyga höwes etdi we oturyp oýlandy. Şol wagt bir topar periler geldiler we dagyň bir ýerine girip, gözden gaýyp boldular. Hatam muşakgat baryny çekip ol ýere ýetdi. Ol bu ýerde çuň deräniň bardygyny gördi. Onuň içi gowagyň içi ýaly garaňkydy. Periler oňa girip gözden gaýyp bolupdyrlar. Hatam: «Alla» diýip, gözüni ýumup, oňa gadam goýdy. Ol hyýalynda: «Men bir-iki müň ädim ädendirin» diýip, oýlap gözüni açdy. Onuň öňünde aňyrsy görünmeýän, her dürli agaçlaryň şahalarynda dürli guşlar oturan bir päkize bagy-bossanlyk we eýwanly köşk peýda boldy. Onuň içine halylar düşelipdir. Bagy-bossanlygyň ortasynda gyralary ýaşmadan ýasalan bir howuz bar. Onuň suwy zümerret ýaly öwşün atyp dur. Desterhanyň üstünde dürli miweler, näz-nygmatlar we başga meýlis esbaplary taýýar edilip goýlupdyr. Hatam Hudaýtagala alkyş-taryp aýdyp, ol tagamlardan iýip-içip, açlygyny we teşneligini gandyrdy. Şol wagt bir topar perizat peýda boldy. Hatam ýerinden turup, olara salam berdi. Olar salama jogap gaýtardylar. Hal-ahwal soraşylandan soňra, periler oňa: – Siz tizräk garnyňyzy doýurup, özüňizi ajal duzagyndan halas ediň. Çünki, bu bagy-bossanlyk perileriň şasynyň gözü-niň nury bolan gyzy Elken Melikäniň ýörite bagydyr. Biz bolsa bagbanlardyrys. Seniň günäň biziň boýnumyza galmasyn. Şonuň üçin biz sizi habardar edýäris. Eger sizi bu ýerde görseler, heläk ederler. Onuň gelmeli wagty ýakyn geldi – diýdiler. Hatam: – Körleriň dilegi iki gözleri bolar. Meniň şol şazada perä arzym bar. Şonuň üçin men bu ýere geldim – diýip, ýerinden turdy. Şol wagt şazada periniň gelýändiginiň alamatlary peýda boldy. Bagbanlar Hatama: – Siz bir burçda özüňizi az salym dürsäň. Biz arzyňyzy aýdyp, sizi oňa görkezeris – diýdiler. Hatam bir burçda töweregini synlap oturdy. Ol topar-topar guşlaryň uçup gelip, ýerde düýrlenip, perizatlara öwrülendigini gördi. Olar özlerini dürsänlerinden soň, iýip-içmäge we meýlis gurnamaga giripdirler. Hatamyň gözi tagtyň üstünde oturan göwne ýakymly, boýy-kamaty gelşikli, ajaýyp görkli bir jadygöý perä düşdi. Hatam ony bir gezek görmek bilen akylyny ýitirip, huşundan jyda düşdi. Ol heniz munuň ýaly gözeli asla görmändi. Bihuşlukda onuň gulagyna: «Eý, Hatam! Hudaýyň ýolundan uzaklaşma! Eger şunuň ýaly işler senden çyksa, ýagşy işleri kim etsin? Sen beýle işden hiç hili peýda tapmarsyň!» diýen owaz geldi. Hatam bu owazyň haýbatyndan özüne geldi, şükür seždesini etdi we ägä bolup durdy. Bagbanlar: – Eý, Melike! Bir-iki gün mundan öň bir adam bu ýere geldi. Melikäniň buýrugy oňa nähili bolar? – diýip arz etdiler. Elken Melike: – Ol meniň jemalyma aşyk bolup gelen bolsa gerek?! Ony bu ýere alyp getiriň – diýip buýurdy. Hatamy Elken Melike periniň ýanyna süýräp getirdiler. Melike onuň görmegeý ýigitdigini gördi we oňa aşyk boldy. Hatam oňa perileriň şalarynyň adaty bilen salam berdi we oňa ýagşy-dilegler etdi. Melike ýörite desterhan ýazyp, Hatamy naharlady. Soňra ol Hatama bakyp: – Eý, juwan ýigit! Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? Seniň beýle paý-pyýada gezip ýörmekligiňden maksadyň näme? Sen adamzadyň içinden kimiň öwlady bolarsyň? – diýip mähriban¬lyk bilen sowal berdi. Hatam hormat bilen ýerinden turup: – Eý, Melike! Men Ýemen ýurdundandyryn. Meniň adyma: «Hatam ibn Taý şa Ýemeni» diýerler. Men Beýik Taňrynyň ýolunda mätäç bendeler üçin janymy pida eýledim – diýdi. Melike: – Men: «Adamlaryň arasynda Hatam atly mätäç bendeler üçin janyny pida eden ýigit barmyş» diýen gürrüňi eşidipdim. Ony maňa ýetiren Taňra ýüz-müňlerçe alkyş-taryp bolsun! – diýip, öz tagtynyň öňünden bir kürsi goýduryp, Hatamy onda oturtdy we oňa hezzet-hormat etdi. Hatam: – Eý, Melike! Meniň başymda entek etmeli köp haýyr işlerim bardyr – diýdi we oňa başyndan geçiren wakalaryny birme-bir beýan etdi. Ol Melikä Husnyýe Banuwyň ýedi sowaly, bu sowallar üçin ýola çykanyny, ýolda Temim söwdagäre sataşanyny, ol söwdagär üçin bu ýere gelenini aýtdy. Hatam Melikä: – Kişi iberip, ol biçäre aşyk Temimi bu ýere getirseňiz. Ol hem şu meýlisde oturyp, şatlansa ýagşy bolardy – diýip haýyş etdi. Elken peri: – Goý, bu iş siziň ygtyýaryňyza görä bolsun! – diýdi. Ol perilerden birnäçesine: – Pylan ýerde bir daragt bardyr. Onuň astynda Temim atly bir ýigit oturandyr. Ony bu ýere alyp geliň – diýip buýurdy. Ol periler Temimiň ýanyna baryp, ýüzüne gülap suwuny sepdiler weli, ol huşuny ýitirdi. Olar ony göterip, bu ýere alyp geldiler. Ol özüne gelende, Elken peri bilen Hatamyň öňünde oturandygyny gördi. Ol hormat bilen ýeri öpüp, salam berip ýerinden turdy. Temime hem Hatamyň gapdalyndan orun ber-diler. Ol Hatam bilen Temime ýörite bir otagy taýýarlatdy. Olar birnäçe gijäni meýlis, gündizlerini uky bilen geçirdiler. Bir gije Hatam Elken Melike perä: – Indi meniň sözümi kabul etseňiz, Temim bilen siziň araňyza nika gyýylaýsa nähili bolar? – diýip sorady. Melike: – Temim biziň jemalymyza mynasypdyr – diýip, onuň bu sözüni kabul etdi. Bu gije şu sözler bilen geçdi. Gündiz ötüp, ýene gije geçdi. Hatam Mahperiniň ýüzügini bir jam suwa üç gezek çaýkap, suwa şerbet goşup, onuň ýarysyny Temime, beýleki ýarysyny bolsa Elken perä içirdi. Gije ýarym boldy. Melikäniň Temime mähribanlygy güýçlendi. Hatam: – Eý, Melike! Siz Temim biçäräni tapyşykdan mahrum et-mäň. Goý, toýçulyk bolsun! – diýip arz etdi. Elken peri: – Eý, Hatam! Meniň ýanymda seniň hormatyň uludyr. Şonuň üçin men sözüňi ýykyp bilmerin – diýip jogap gaýtardy. Melike Temime mylaýymlyk bilen bakyp, enekesine: – Siz baryp, atam Şaperä, enem Mahperä ýagdaýy mälim ediň. Eger olar razy bolsalar, Hatam ibn Taýyň sözüni kabul edip, toý tutuň – diýip buýurdy. Eneke baryp Şaperä wakany beýan etdi. Şaperi: – Eger Hatam ibn Taýyň erk-isleg şeýle bolsa, bize ol uly bagtlylykdyr – diýdi we toý serenjamyny tutmaklygyň kül-külüne düşdi. Ol säher bilen turup, döwletiň wezir-wekilleri bilen Melikäniň ýanyna geldi. Olar Hatam we Temim bilen gadyrly görüşdiler. Ol Hatama: – Siziň gadamyňyza biziň gözümiziň göreji gurban bolsun! Men Melikäni siziň hormatyňyz üçin Temime peşgeş eýledim – diýdi. Elken periniň enesi bir topar periler bilen bu ýere gelip düşledi. Ol Hatam bilen Temimi görüp, bu işi oňlady. Şeýlelikde, Melike periniň ata-enesiniň razylygy alyndy. Perileriň adaty bilen birnäçe gün toý-tomaşa tutuldy. Melike bilen Temime nika gyýyldy. Aşyk-magşuk myrat-maksatlaryna ýetdi. Hatam ol ikisine süýji arzuwlar we ýagşy dilegler etdi. Olar Hatamdan hoşal boldular. Toýdan soň üç-dört gün ötdi. Hatam olaryň hemmesini jemläp, rugsat sorap: – Indi men Gyzyl daga tarap gadam uraýyn. Bir-birine teşne bolan aşyk-magşuklar bardyr. Men olaryň işlerine hem ýardam bereýin – diýdi. Şaperi hoşwagt bolup, perilere: – Hatamy tagt üstünde oturdyp, Gyzyl daga ýetirip geliň – diýip buýurdy. Periler ony, Gyzyl daga eltip, yzyna gaýdyp geldiler. Temim bilen Elken peri: – Gyzyl dag bu ýerden örän uzakdadyr – diýip, ikisi bir tagtyň üstüne münüp, Hatamy bir-iki menzile çenli ugratdylar, soňra onuň bilen hoşlaşyp yzyna dolandylar. Elkyssa, Hatam Gyzyl çölüň içinden ýöräp barýardy. Onuň gulagyna ahy-nala bilen bir beýti gaýtalap aýdýan bir owaz geldi. Hatam: – Meniň ýolum ýakyn boldy – diýip, Beýik Taňra alkyş-taryp aýdyp, onuň ýanyna bardy we ol bu beýti anyklady. Ol beýt şeýledi: Her kişi pygly-bedni eýledi paş, Kyldy ol özige ýaman ýoldaş. Hatam uly daragtyň şahasyndan asylan kapasanyň içinde bir adam ýyglap, bu beýti gaýtalap oturandygyny gördi we oňa ýakyn baryp salam berdi. Ol salama jogap gaýtardy. Hatam: – Eý, eziz adam! Seniň munça ahy-nala düşmegiňe näme sebäp boldy? Bu demir kapasanyň manysy nämedir? Maňa bu zatlary beýan edip ber – diýdi. Ol adam ýene pygan çekip: – Eý, juwan ýigit! Sen meni bir salym diňle! Men öz ahwalymy saňa aýdyp bereýin – diýip, söze başlady: – Bu ýere ýakyn bolan bir şäher bar. Men biçäre ol şäherdendirin. Meniň adyma Hemrabaý diýýärler. Meniň atamyň ady Ahmar baýdy we uly baýlaryň biridi. Ol hemişe söwdagärlik ederdi. Men bolsa hiç bir zadyň aladasynda bolman biperwaýlyk edip gezer ýörerdim. Atam maňa: – Bu bolşuň bilen meniň baýlygym saňa asla nesip etmez – diýerdi. Men onuň sözlerine hiç gulak gabartmazdym. Bir gün bolsa ol Beýik Taňrynyň takdyry bilen ahyret saparyna gitmekligiň ýüküni tutdy we bu ötegçi dünýäni taşlap, bakylyk ýurdunyň saraýyna tarap ýola düşdi. Onuň toplan köp dünýä maly maňa miras galdy. Men bir salym aýşy-eşretde döwran sürdüm we mes bolup ýaşadym. Atamyň jemlän malyny gaýgy-gamsyz sowdum we ýeliň ugruna sowran ýaly edip, onuň soňuna çykdym. Onsoň meniň bar işim gedaýlyk etmek we dilegçilige meşgullanmak boldy. Men gündelik owkatymy zordan tapýardym. Bir gün men bazara bardym we ol ýerde bir mollanyň kitap açyp: – Men kimiň öýünde hazyna gömlen bolsa, onyň bäşden bir bölegini almak şerti bilen tapyp bererin – diýen sözüni eşitdim. Men: – Atam öýde hazyna gömüp goýan bolaýmasyn?! – diýen hyýaly göwnüme getirdim we ol mollanyň ýanyna baryp, onuň bu şerti bilen razylaşýandygymy aýtdym. Şeýlelikde, men mollany yzyma tirkäp, öýüme alyp geldim. Ol öýüň içini döküp-dörüp, çaksyz köp hazynany tapdy. Men bu tapynda örän şatlandym. Molla maňa: – Eý, Hemrabaý! Indi sen wadaňy berjaý edip, bu hazyna-nyň bäşden birini maňa ber! – diýdi. Mende husytlyk duýgusy oýandy, onuň kanuny bölegini bermeklige gözüm gyýmady. Men oňa bu hazynanyň diňe ondan bir bölegini berdim we ony öýümden zorluk bilen çykaryp kowdum. Molla meniň bu etmişimden närazy bolup gitdi. Men bu hazynany hem az pursatda sowup ýokladym. Ýene meniň işim öňki ýaly gedaýlyk etmek boldy. Bir gün men ol molla ýene sataşdym. Ol maňa mylaýymlyk bilen: – Eý, Hemrabaý! Men saňa bir ylym öwredeýin, onsoň sen nirede hazyna gömlen bolsa, şony taparsyň we sen puly gaýgysyz sowup gezersiň – diýdi. Mollanyň bu sözi meniň göwnüme hoş geldi we men oňa: – Tizräk öwrediň! – diýip ýalbardym. Molla: – Men ony saňa sähra ýerde öwredeýin. Çünki, adamlaryň arasynda öwretsem, ol tilsimiň güýji bolmaýar – diýdi. Men mollanyň bu sözüne güp ynandym we onuň şerti bilen razylaşdym. Molla meni bu daragtyň aşagyna alyp geldi. Ol: – Men ilki seniň gözüňe sürme tartaýyn. Goý, seniň gözüň ýiti bolsun! – diýdi. Ol meniň gözlerime bir zat çaldy welin, gözlerimden suw gidip, kör boldum. Men: – Eý, molla! Seniň maňa eden bu işiň nähili tilsimdir? – diýdim. Ol: – Sen şu kapasanyň içine gir we şu beýti ahy-nala bilen okap ýygla. Bir gün bu ýere Hatam ibn Taý geler. Ol pylan ýerde ösýän otuň ýapragyndan alyp gelip, ony senin gözleriňe ýapgy edip daňar welin, senin gözleriň göreji ýene öňküsi ýaly bolar. Ýalançynyň çekjek jezasy, ine, şeýledir – diýip, meni kapasa salyp, bu daragtdan asdy we meni taşlap gitdi. Şol wagtdan bäri meniň ýagdaýym şu görüşiň ýalydyr – diýip, sözüni tamamlady. Hatamyň onuň gözgyny halyna ýüregi gyýylyp rehimi gel-di. Ol: – Eý, Hemrabaý! Sen hiç gam iýme! Bu ýagdaýyň bir alajy tapylar. Men Beýik Taňrynyň razylygy üçin şol otuň ýapragyndan alyp geleýin – diýip, Hemrabaýdan pata alyp ýola düşdi. Ol çölme-çöl, obama-oba aýlanyp, ol oty sorady. Elkyssa, Hatam bir oba bardy. Obanyň adamlary ony gadyr bilen myhman aldylar. Olar ondan: – Eý, eziz adam! Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? – diýip soradylar. Hatam olara Hemrabaýyň başyndan geçiren wakasyny aýdyp berdi. Ol: – Men şol oty tapyp, onuň ýapraklaryndan alyp, ol biçäräniň gözlerine ýapgy ýapsam, onuň gözleri Hudaýtagalanyň emri bilen açylsa! – diýdi. Bular: – Eý, juwan ýigit ol ot Nurly çölde ösýär. Ýöne sen bu işiň haýyryndan geç. Ondan başga hem haýyrly işler köpdür. Sen şolaryň ugrunda bol. Çünki, ol çölde dürli zyýan beriji jandarlar köp. Seniň öz janyňa haýpyň gelsin! Ol ýerdäki içýandyr aždarhalar saňa ol otuň ýapragyndan almaga ýol bermezler – diýdiler. Hatam olaryň bu sözüni kabul etmedi we Nurly çöle tarap ýola düşdi. Ol oňa ýetip, ýagdaýyň adamlaryň aýdyşyndan hem beterdigini gördi. Bu ýerde köp zyýanly jandarlar bardy. Ol Mahperiniň ýüzügini agzyna saldy, Hüýr jyn şanyň hasasyny goluna aldy we öňe tarap ýöredi. Ol jandarlar Hatama haýbat atdylar. Olar hernäçe zäher dökseler hem Hatama hiç hili täsir ýetirip bilmediler. Hudaýtagala olaryň zyýanyndan Hatamy salamat saklady. Hatam ol otuň ýapragyndan ýygyp alyp, goltugyna salyp, Gyzyl çölüň ýoluna düşdi. Ol az ýöräp, köp ýöräp, ol daragtyň düýbüne baryp ýetdi. Kapasadan Hemrabaýy çykardy. Ol alyp gelen ýapraklaryny ýapgy edip, onuň gözüne daňdy. Aradan bir-iki sagat geçdi. Hemrabaý gözüni açdy we älem-jahany öňküsi ýaly gördi. Ol Hatamyň gollaryny, aýaklaryny öpdi we oňa ýagşy dilegler etdi. Hatam oňa köp pullary we göwherleri berip: – Eý, dogan! Sen indi öz watanyňa git. Seniň başyňdan geçiren wakalaryň saňa pent-nesihat bolsun. Mundan beýläk sen hiç haçan ýalan sözleme! – diýip, maslahat berdi. Hemrabaý Hatam bilen hoşlaşyp, öz şäherine tarap ýola rowana boldy. Hatam bolsa, Husnabat şäherine ugrady. Ol gije-gündiz ýol ýöräp, köp muşakgatlar çekip, Husnabat şäherine ýetdi. Ol şazada Müniriň hüjresine baryp girdi. Olar hal-ahwal soraşdylar. Bu gije ötdi, daň atdy we gündiz geldi. Hatamyň gelendigi baradaky habary eşidip, Hüsniýe Melike enekesini Hatamyň yzyndyn iberdi. Eneke Hatamy myhmanhana alyp geldi. Hal-ýagdaý soraşylandan soňra, Hatam depderini enekä berdi. Eneke ony Melikä peşgeş etdi. Melike bilen enekesi depderiň mazmuny bilen tanyşdylar. Olar Hatamyň bitiren işlerine: – Berekella – diýdiler. Melike Banu pul, birnäçe göwher we bir hat bilen enekesini Hatamyň ýanyna ýollady. Eneke bu zatlary getirip Hatama berdi. Hatam bir gije-gündiz dem-dynç aldy, soňra ol Melikäniň hatyny okady: «Ilki Mähriban Taňrynyň, soňra Onuň pygamberiniň ady bilen! Siziň jogabyňyz dog¬ry boldy. Indi biziň sizden haýyşymyz şudyr: Bir adamyň howlusynyň derwezesine şu beýt ýazypdyrlar: Rastlygy kim kylar yzhar, Oňa ýar hemişe Birubar. Ol adam nähili dogrulyk edipdir. Ol adam nähili iş etmek bilen rahatlyk tapypdyr. Bu sözüň manysynyň dogry jogabyny tapyp habar ber. Wessalam, nama tamam.» ___________________________________ Ýaşma – tebigy nagyşlary bolan gymmatbaha daş. Zümerret – gymmat bahaly daşyň bir görnüşi (izumrud) Öwlady – çagalary. Bu ýerde «perzendi» manysynda. Pygly-bedni – bet işi, bozuk işi. Kylar yzhar – mälim eder. Birubar – Taňry. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |