01:09 Hatamnama: Hatamyň Sam jadygöý bilen iş salyşmagynyň beýany | |
HATAMYŇ SAM JADYGÖÝ BILEN IŞ SALYŞMAGYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Garyz Hatama: — Bu Melikäniň ady Zerrinpoşdyr. Ol Sam jadygöýüň gyzydyr. Sen baryp, Sam jadygöýi ýok etmeseň, maksadyňa ýetmersiň. Şu ýol bilen gitseň, öňüňde Gyzyl dag atly bir dag bardyr. Ol Sam jadygöýüň mekanydyr. Sen bu Ismagzam dogasyny hiç ýadyňdan çykarma — diýip, gözden gaýyp boldy. Hatam Beýik Taňra we «Ismagzamyň» bereketine bil baglap, ýol ýöredi. Ol bir belent daga baryp ýetdi we dagyň etegine gadam goýdy. Onuň aýaklary tä dyzyna çenli daşa gömüldi. Bu Sam jadygöýiň jadysydyr. Hatam «Ismagzamy» okap başlady. Daşlar onuň aýaklaryny goýberdiler. Hatam Gyzyl daga çykyp, bir çeşmäniň başyny özüne mesgen tutundy. Ol gusul alyp päklendi we «Ismagzamy» okamaga durdy. Bu doganyň bereketinden Sam jadygöýüň dagda eden jadylary oňa kär etmedi. Hatam «Ismagzamy» yhlas bilen gaýtalady. Bu doganyň Sam jadygöýe täsiri ýetip başlady. Ol: — Bu nähili ajap güýç! — diýip kitap açyp gördi. Ol ondan: — Hatam ibn Taý gelipdir. Ol hemme jadylary bozupdyr. Onuň bu ýere gelmegine Zerrinpoş gyzy Melike sebäp bolupdyr. Ol Melikä aşyk bolupdyr. Eger ondan oňürtmeseň, ol älem-jahany agdar-düňder eder — diýip okady. Ol bir jady amalyny edip, bir gysym topraga dem urup, töwerege seçdi. Hatam bir topar, perizat bilen Zerrinpoş Melikäniň seýkin basyp gelýändigni gördi. Zerrinpoş Melike Hatamyň ýanyna gelip, salam berdi. Hatam bihuş boldy we «Ismagzamy» okap bilmedi. Ol Hatamyň el-aýagyny baglap, Sam jadygöýüň ýanyna getirdi. Hatam huşuna gelende özüniň Sam jadygöýüň öňüňde durandygyny gördi. Sam jadygöý: — Eý, Hatam! Sen Mahperiniň ýüzügini maňa ber. Men seni şu jadynyň bendinden azat edeýin — diýdi. Hatam: — Ol ýüzük meniň janymyň içindedir. Ony hiç kim alyp bilmez. Ony almaklyga özümiň hem hetdim bolmaz — diýdi. Sam jadygöý: — Muny oda taşlaň — diýip buýurdy. Jadygöýler ony oda taşladylar. Hatam Mahperiniň ýüzügini agzyna saldy we oduň içinde Hudaýtagalany ýat edip oturdy. Sam jadygöý kitap açyp Hatamyň köýmändigini bildi. Ol Hatamy täzeden öz ýanyna getirtdi we onuň bendini açdy. Hatam çeşmä gelip, gusul alyp, päklenmäge durdy. Oňa ýene bir jady gurnadylar. Bir topar periler bilen Zerrinpoş Melike peýdi boldy. Ol özüni bezäp, näz-kereşme edip, Hatamyň ýanyna geldi. Ol: — Atam seni jady bendiden açdy. Men seni ýene göreýin diýip geldim — diýdi. Hatam Zerrinpoş Melikäniň elinden tutmakçy boldy. Ol: — Eý dostum! Sen maňa çyndan aşyk bolan bolsaň, onda maňa Mahperiniň ýüzügini bir gezek görkez. Men onuň nähili zatdygyny bir göreýin — diýdi. Hatam oňa ýüzügi görkezmäge maýyl boldy. Onuň gulagyna: — Sen aldanyp galarsyň. Ýüzügi hiç kime görkezme — diýen bethaýbat owaz geldi. Hatam bihuş boldy we bir sagatdan soň özüne geldi. Görse hiç bir jandardan nam-nyşan ýok. Ol gusul alyp, Allatagalyň atlaryny gaýtalamaga başşlady. Sam jadygöý jady etmekçi boldy. Emma onuň jadysy ýöremedi. Ol jady amalyny etmeklik üçin şeýtany çagyrdy. Şeýtan onuň hyzmatyna häzir boldy. Sam jadygöý: — Sen meni Hatam diýen beladan gutar! — diýip, arz etdi. Şeýtan: — Oňa meniň güýjüm ýetmeýär. Onuň agzynda «Ismagzam» bar, şeýle hem onda Mahperiniň ýüzügi bar. Men al salmak bilen ony şeýtan etmäge synanşaýyn — diýdi. Sam kitap açyp gördi: Hatam yhtylam bolupdyr . Ol şol wagt jady okap, bir dem urdy. Tozanly ýel peýda boldy. Ol ýel Hatamy orap alyp, tozana bulady. Hatam özüni jadygöýüň öňünde gördi. Sam: — Hatamy öldürip hem bolmaz, diri hem goýup bolmaz. Ol meniň goluma düşmeýär — diýdi. Ol jady edip, bir dag peýda etdi. Hatamyň göwresini daşlara basdyryp goýdy. Diňe onuň kellesi daşlardan ýokarda durdy. Ol aç-suwsuz bolup galdy. Ol Allatagalany ýat edip ýatdy. Sam ony jady bilen saňsar etmekçi boldy. Emma onuň jadysy Hatama kär etmedi. Hatam: — Kim meni bu jadydan halas etse, men oňa Gyzyl dagyň patyşalygyny bererin — diýdi. Garawul perilerden Sertek atly biri jadynyň syryny bilýärdi. Ol: — Bu işi men ederin — diýip, bir yşarat etdi. Elkyssa, gije düşdi. Hemmeler uklady. Sertek jady assyrynlyk bilen gelip, Samyň eden jadysynyň garşysyny emel etdi we Hatamy alyp, çeşmä getirdi. Hatam tizden-tiz gusul alyp, nejasatdan päklendi. Soňra ol garnyny doýurdy we teşneligini gandyrdy. Sertek jady hiç bir zatdan habarsyz bolan kişi bolup jaýyna baryp ýatdy. Jadygöýler säher bilen turup Hatamyň gaýyp bolandygyny gördüler. Olar Samyň ýanyna: — Dat bidat! — diýip bardylar. Sam kitap açyp, bu işi Sertek jady patyşalyk tamasy bilen edendigini bildi. Ol Sertege bakyp: — Eý, haramzada! Sen uly jenaýat etdiň. Indi men seniň jezaňy bermesem bolmaz — diýip gazaplandy. Sertek jady gaçyp, Hatamyň ýanyna geldi we onuň aýagyna ýykylyp musulman boldy. Ol öň Samyň jadysynyň güýji bilen musulman däldi. Sam jadygöý Sertege tarap bakyp, bir dem urdy. Sertegiň göwresi ot aldy. Sertek: — Dat-bidat — diýip kömek sorady. Hatam Allatagalanyň atlaryny okap, dem saldy. Samyň jadysy çözüldi. Sam hem jadygöýleri ýygnap, bir uly goşun taýýarlady. Ol Gyzyl dagdan çykyp goşuny nyzama duruzdy. Ol her dürli jady etmeklige häzir bolup durdy. Hatam we Sertek jady: — Indi Sam her hili jadylary ulanar. Biz ägä bolup durmaly — diýdiler. Sam Hatama tarap bakyp bir jady etdi. Gara tupan peýda boldy, gök gürledi, ýyldyrym çakdy, asmandan doly ýagdy. Sertek: — Bu onuň jadysynyň eseridir — diýdi. Hatam Allatagalanyň atlaryny gaýtalap dem urdy. Ol şeýdip, Samyň leşgerini basdy we onuň jadysyny gaýtardy. Howa adaty halyna aýlandy. Sam ýene jady etdi. Hemme ýeri ot aldy. Sertek jadyny Hatama habar berdi. Ol: «Bu hem onuň eden jadysydyr» diýdi. Hatam ýene jadyny gaýtardy. Sam ýene başga bir görnüşli jady gurnady. Gözýetimde sansyz işler göründi. Sertek muny hem Hatama habar berdi. Hatam «Ismagzamy» okady. Şirler gaýyp boldular. Birden Gyzyl dagyň bir bölegi asmana göterildi. Sertek ýagdaýy Hatama duýdurdy. Hatam ýene «Ismagzamy» okap, Samyň jadysyny gaýtardy. Elkyssa, Samyň etmedik jadysy, ulanmadyk usuly galmady. Emma onuň jadysy Hatama hiç hili täsir edip bilmedi. Ahyry ol jady edip howa göterildi we gaçyp gözden gaýyp boldy. Hatam Sertekden: — Ol nirä gitdi? — diýip sorady. Sertek: — Ol Gumalak dagyndaky Amalak jadynyň ýanyna gitdi. Eý, Hatam! Sen häzir bolup dur. Indi olar iki bolup gelerler — diýdi. Hatam: — Men bu iki haramzadanyň ikisini hem ýok etmesem bolmaz — diýip, Sertek bilen ýola düşdi. Olar sansyz daragtlarda hetsiz-hasapsyz köp guşlar oturan bir bagy-bossana baryp ýetdiler. Sertek jady: — Şu görünýän daragtyň, guşlaryň, wagşy haýwanlaryň hemmesi adamlardyr. Bu iş Amalak jadygöýiň jadysynyň netijesidir. Amalak jadygöý adamlary özüne tabyn etmekçi boldy. Ol özüne boýun bolmadyk adamlaryň hemmesiniň keşbini özgertdi. Amalak jadygöý olaryň birnäçesini daşa, birnäçesini guşa, birnäçesini daragta, birnäçesini haýwana öwrüp taşlady. Seniň gözüňe görünýän şu daşlaryň, daragtlaryň hemmesi Amalagyň jadysynyň zory bilen suratyny üýtgeden adamlarydyr. Eger bir alajyny tapyp bulary aslyna getirilse, uly sogap iş bolardy — diýdi. Hatam bir gije-gündiz Beýik Taňra ýalbaryp, «Ismi-agzamy» okap oturdy, dem urdy. Allatagalanyň gudraty bilen ol zatlaryň hemmesi adamlara aýlandy. Amalagyň jadysy täsirsiz boldy. Adamlar Hatama alkyş baryny aýtdylar. Olar uly leşger boldular we Gumalak dagyna tarap ýörüş etdiler. Ýolda bir suw derýa ýaly bolup göründi. Adamlar ol suwuň ýakasynda düşlediler. Hatam Sertekden: — Bu suw näme? — diýip sorady. Sertek: — Bu hem Amalagyň edýän jadysydyr — diýdi. Hatam Allatagalanyň atlaryny gaýta-gaýta okamaklyga zor berdi. Bu jady hem peýdasyz, suw bolsa päk boldy. Olar bu suwdan ötüp, Gumlak dagynyň etegine baryp düşlediler. Amalak bu ýerde hem jady etdi. Hatam «Ismi-agzamy» okap, onuň bu jadysyny hem açdy. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |