11:17 Hatamnama: Hatamyň jynlaryň jemagatyna sataşmagynyñ beýany | |
HATAMYŇ JYNLARYŇ JEMAGATYNA SATAŞMAGYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hatam bu welaýatyň adamlary bilen hoşlaşyp, ýeke özi ýola rowana boldy. Ol birnäçe gün ýol ýöräp, köp ajaýyplyklara tomaşa eýläp gidip barýardy. Bir gün ol bir ýerde aždarha meňzeş ýylanlaryň jedel edip durandyklaryny gördi. Olaryň biri ak, beýlekisi bolsa garady. Olar biri-birine çyrmaşyp uruşýardylar. Olar biri-birini para-para etmäge taýýardylar. Hatam olaryň ýanyna baryp, ortalaryna girip: – Eý, Allatagalanyň bendeleri! Siz näme üçin uruşýarsyňyz? Siz özüňizi ýaradan Taňrydan gorkmaýarsyňyzmy? – diýdi. Bu sözi eşidip, olar bir-birinden aýryldylar. Olaryň biri: – Eý, adamzat! Men garşydaşymy basyp durdum. Sen meniň nesibämi golumdan aldyň – diýdi. Hatam: – Eger saňa onuň eti derkar bolsa, ol meniň ýanymda taýýardyr – diýdi. Ýylan: – Maňa ýüzüň etinden kesip ber – diýdi. Hatam: – Ýagşy – diýip, şol wagt hanjaryny alyp ýüzüne goýdy. Ol ýylan: – Biraz wagt sabyr ediň – diýip, ikisi ýere ýumalandylar. Olar iki sany görmegeý ýigit bolup ýerden turdular. Salam berip, Hatamyň golundan tutdular we ondan ötünç soradylar. Hatam: – Eý, juwan ýigitler! Maňa syryňyzy beýan ediň – diýdi. Olaryň biri: – Biz jynlaryň jemagatyndandyrys. Bu ýigidiň atasy meniň atamy bigünä öldürdi. Men atamyň ganyny bu ýigitden almakçydym – diýdi. Hatam ýigitleriň beýlekisine: – Siz Hudaýdan gorkman, nähak gan döküpsiňiz. Onuň sebäbi nämedir? – diýip sorady. Ol ýigit: – Ol maňa gyzyny bermedi. Şol sebäpden atam ony öldürdi – diýdi. Hatam beýleki ýigide garap: – Seniň ataň näme sebäpden gyzyny bu ýigide bermedi? – diýdi. Ol ýigit: – Munuň hem aýal dogany bar. Eger ol ony maňa berse hiç hili dawa turmaz – diýdi. Beýlekisi: – Meniň atam heniz diri wagtynda, munuň ýaly işi kabul et¬mez – diýdi. Hatam: – Meni ataň ýanyna alyp bar. Men ataňy razy edeýin. Siziň ikiňiz hem myradyňyza ýetersiňiz – diýdi. Bu ýerde bir derede birnäçe görnüş jynlar we olaryň şäheri bardy. Olar adamzadyň gözüne görünmeýärdiler. Bu jemagatyň bir şasy bardy. Oňa «Şa Hüýr jyn» diýerdiler. Elkyssa, Hatamy şazadalaryň her biri öz şäherlerine alyp bardylar. Şa Hüýr jyna Hatamyň habaryny ýetirdiler. Hatam şa olaryň kadasyna görä, salam berdi. Şa bu adamzadyň edeplidigini bildi. Ol ony halap myhman aldy. Myhmançylykdan soňra ol: – Eý, juwan ýigit! Siz nireden gelip, nirä barýarsyňyz? Siz bu ýere nähili gadam goýduňyz? – diýip sorady. Hatam: – Eý, şa! Siz perzendiňiziň diri bolmagyny islemeýärsiňizmi? – diýdi. Şa: – Ol meniň bagrymyň bir bölegidir. Onsoň niçik men onuň diriligini islemerin? – diýdi. Hatam: – Meniň saňa arzym, gyzyňyzy atasy ölen ýigide beriň. Şonda jedel-dawa ortadan aýrylar. Siz hem garyndaş bolarsyňyz – diýdi. Hatamyň bu sözüni şa oňlady. Ol toý serenjamyny jemledi, toý tutdy we hemme raýatyny şat etdi. Bu ýigitleriň ikisiniň hem nikasyny bir günde gyýdylar. Dört sany aşyk-magşuk tapyşyp, maksat-myradyna ýetdiler. Olar Hatamyň işine «Berekella» diýdiler we onuň üçin haýyr-dileg etdiler. Olar Hatamy ugruna goýmazdan, üç-dört gün myhman aldylar. Şa Hüýr jyn oňa köp zat peşgeş berdi. Hatam onuň hemmesini jynlaryň garyp-gasarlaryna sadaka paýlady. Hatam olardan jogap alyp hoşlaşyp, Mazanderana tarap ýola düşdi. Şa Hüýr jyn: – Size köp jady gerek bolýandyr – diýip, onuň eline bir hasa berip, onuň bilen birnäçe menzili bile ýöredi. Ondan soň ony ýola saldy. Soňra ol öz mekanyna dolanyp bardy. Hatam Beýik Taňra bil baglap, ýöräp barýardy. Ol bir derýa baryp ýetdi. Ol derýa käwagt içindäki gämileri bilen ýok bolup gidýärdi, soňra ýene peýda bolýardy. Hatam: «Bismilla» diýip, Şa Hüýr jynyň beren hasasyna mündi. Ol: – Gämi ýaly bol – diýip, niýet etdi. Ol hasa gämi ýaly bol-dy. Hatam ony münüp, derýanyň ol tarapky kenaryna ýetdi. Şol wagt bir läheň balyk peýda bolup Hatama tagzym etdi. Ol adam dili bilen: – Eý, adamzat! Allatagala sizi bu girdaba ýetirdi. Meniň ata-babamdan galan mekany seretan biziň jynsymyzdan zorluk edip aldy. Sen bize seretandan öz ýerimizi alyp ber – diýip arz etdi. Hatam: – Ýagşy – diýip, girdaba garap ýöredi. Läheň öňe düşüp, ýol görkezdi. Ol girdaba ýakyn gelende, Hatam öňe düşdi. Seretan läheňiň bir adamzady hemaýatçy tutunandygyny gördi. Ol dergazap bolup derýanyň ýüzüne çykdy we haýbat atdy. Hatam onuň özüne tarap gelýändigini gördi. Ol janaweriň ýarty göwresine çenli agyz bolup durdy. Onuň dişleri hanjar ýa-da neşter ýalydy. Ol Hatama ýakyn geldi. Hatam Beýik Taňrydan dileg edip: – Eý, rehimdar Taňrym! Sen meni şu mahlugyňdan üstün et, meni biabraý etme! – diýdi. Ol Allatagala ýalbardy. Seretan adam dilinde: – Eý, adamzat! Biziň aramyzda uly tomaşalar ýüze çykar. Sen bu demde läheňe hemaýat ediji bolma! Biz onuň bilen bir jynsdyrys. Biz derýanyň jandarlarydyrys. Sen öz ýoluňa git. Nähak ýerden heläk bolaýma! – diýdi. Hatam: – Isle toprak, isle derýa, isle ot bolsun, maňa tapawudy ýok. Hemmesiniň ýaşaýjysy älemleriň hökümdary bolan Taňrynyň bendeleridir. Sen bu läheň balygyň mekanyny ber. Sen Beýik Taňrydan gork! – diýdi. Seretan: – Indi seniň günäň öz boýnuňdadyr – diýip, topulmakçy boldy. Şol wagt derýa tolkun atdy. Hatam seratanyň gaharynyň gelendigini bildi. Ol: «Ismagzamy « aýdyp, bilinden hanjaryny soguryp, hüjüm etdi. «Ismagzamyň» bereketinden seretanyň uly dişlerinden ençesi döküldi. Seretan uruşmak ukybyndan we ýaragyndan jyda düşdi. Läheň seratanyň kuwwatynyň gaçandygyny gördi we gelip, seretana gyjyt berdi. Hatam läheňe syýasat edip: – Indi sen mekanyňy al. Bu biçäre bilen näme işiň bar?! – diýip, ikisini ýaraşdyrdy. Olar bir-iki sagat mejlis gurdy. Soňra ol Mazanderana tarap ýola düşdi. Läheň öňe düşüp Hatamy Mazanderana çenli ugratdy. Läheň Hatam bilen hoşlaşyp, miras mekanyna tarap dolandy. Hatam derýadan çykyp, Mazanderana tarap gadam goýdy. Ol bir uly daragtyň düýbüne baryp düşledi. Ol bu gijäni bu ýerde geçirdi. Ol ertesi ir bilen turup, dik otyrdy. Görse, her tarapdan perisypat guşlar gelýär. Olar her aýda bu daragtyň astynda jemlenip, mejlis gurardylar. Bu perisypat guşlardan bu ýere örän köp guşlar ýygnanypdyrlar. Olaryň ýaşlary garrylaryndan: – Bu ýere hiç wagt adam aýagy düşmändi. Bu kişi bu ýere nähili ýetipdir? – diýip soradylar. Olaryň akyldarlary: – Biz eziz ata-babalarymyzdan «Bir gün bu daragtyň astyna Hatam ibn Taý atly bir kişi geler. Ol bir perisypat guşy gözläp bu ýere düşer» diýip eşidipdik. Ol köp azaplary çekip gelendir. Biziň oňa ýardam bermegimiz gerek. Ol ýagşy işleriň gözlegindedir – diýip, maslahat etdiler. Olar altyn başly, demir ganatly çagalaryndan oňa bermekligi makul gördüler. Olar altyn başly erkek we urkaçy çagalaryndan alyp gelip, Hatama peşgeş berdiler. Hatam olara ýagşy dilegler edip, hoşlaşyp, bu guşlaryň çagalalaryny goltugyna salyp, ýola düşdi. Ol çölleri, daglary, sähralary gezip, Beýik Taňryny ýat edip, Kämil nowjuwanyň welaýatyna gadam goýdy. Olar Hatamyň gelmegine şat boldular. Ony alyp, şähere tarap rowan boldular. Olar bu gijäni sährada ötürdiler. Ertesi ir bilen turup, Musahhar jadynyň ýanyna bardylar we iki perisypat guşy oňa peşgeş berdiler. Musahhar jady muňa çaksyz begendi. Ol: – Eý, Kämil nowjuwan! Bu işi sen ýerine ýetiren dälsiň – diýip, ýol alamatlaryndan sorady. Oňa Hatam köp zady öwredipdi. Ol alamatlary beýan etdi. Musahhar jady kabul etdi we: – Indi gyzyl ýüzügi tapyp getir! – diýip, oňa sowgat peşgeş etdi we saraýyna ugratdy. Olar saraýa gelip dem-dynç aldylar. Ertesi ir bilen Hatam ýola düşmek üçin taýýarlyk gördi. Gülgüne Melikäniň enekesi hat alyp geldi we ony gizlinlikde Hatama tabşyryp gitdi. Hatam haty açyp okap gördi. Onda: «Eý, azat kişi! Siz bu iş üçin köp azap gördüňiz. Allatagala sizi ýagşylyga ýetirdi. Indiki şert şeýledir: «Dünýäniň pylan tarapyndan Kap dagyna degişli bir gyzyl sährada bir gyzyl ýüzük bardyr. Siz şol ýüzügi tapyp, maňa getirip beriň. Ol ýüzügi gola salyp, sag-salamat dolanyp gelgeý siz» diýip, ýazylypdyr. Bu hatyň mazmunyndan bularyň ikisi hem habardar boldular. Hatam hoşlaşyp, ol gyzyl ýüzügiň gözleginde syýahat etmeklige gitdi. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |