22:48 Hatamnama: Kuhy-Nidanyň syrlarynyň beýany | |
KUHY-NIDANYŇ SYRLARYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hatam bu ýerde bir aý töweregi durdy. Ol Kuhy-nida barada hiç zat bilip-bilmedi. Bir gün adamlardan biri başga biriniň adyny tutup: — Eý, pylanyň ogly pylany? Kuhy-nidadan haýbatdan doly owaz eşidildi. Eý, dogan! Men häzir bolup, seniň hyzmatyňa geldim — diýip, Kuhy-nida tarap sarsar ýeli ýaly bolup ylgap gitdi. Galan adamlar gaýgy-gama düşüp, dileg edip, Taňra ýalbarmaga başladylar. Hatam: — Kuhy-nidanyň syry şudur — diýip, gitmekçi boldy. Şol wagt ýene bir owaz eşidildi. Hatam: «Men Kuhy-nidanyň syryny has ýagşy bilmesem bolmaz» diýen pikirde durdy. Ýene bir adam: — Eý, pylanyň ogly pylany! — diýip, başga bir adamy çygyrdy. Ol kişi hiç kime bakman gidip barýardy. Hatam onuň yzyndan ylgady. Adamlar ony saklajak boldular. Emma saklap bilmediler. Hatam Kuhy-nidanyň üstüne çykyp barýardy. Ol adam hem şol tarapa ylgaýardy. Birden şäherler gözden gaýyp boldy. Olar örän hoş howaly, al-ýaşyl ösüp duran bagy-bossanly, güller açylyp, hoş yslar ýaýrap duran bir ýere bardylar. Ol gülleriň içinde zülpleri boýy bilen deň, ýüpek parça güler ýüzli bir näzenin dilber bir kişä salam berip: — Eý, wepadar ýar! Men size intizar bolup durun — diýip, ikisi gujaklaşyp görüşdiler. Hatam olara ýetýänçä, ol ikisi ýere ýykylyp ýok boldular. Hatam baryp ol ýerde, bu ikisiniň yzynyň hem galmandygyny gördi. Hatam haýran galyp, ahy-pygan tartdy. Ol: — Kuhy-nidanyň syry, munuň ýaly eken — diýip, başyny seždä goýup, Allatagala alkyş taryp aýtdy. Ol seždeden başyny göterip, Hudaýtagalany ýat edip, şähere tarap gadam goýdy. Ol birnäçe günläp, ýol ýöredi. Uzakdan bir derýa göründi. Hatam derýanyň ýanyna baryp seretse, onuň beýleki kenary görünmeýärdi. Bu ýerde gämi hem ýok, hiç bir jandar hem ýok. Ol ýene başyny seždä goýup, Allatagala ýalbaryp: — Eý, Taňrym! Asmanlary ýerleri, hemme barlyklary, mahluklary ýaradan seniň özüňsiň! Men bolsa seniň ejiz bendäň Hatamdyryn. Maňa şu tolkun atyp duran derýadan geçmeklige özüň hemaýat et! — diýip, başyny göterdi. Derýanyň kenarynda bir gaýyk peýda boldy. Hatam: — Ýa, Alla! — diýip, oňa mündi. Ol ençe günläp, ol kenara tarap ýüzdi. Allatagala onuň her günki iýim-içim rysgalyny ýetirdi. Ahyry onuň beýleki kenary göründi. Hatam kenara düşüp, demini dürsäp, öz ýoluna rowan boldy. Ol beýikli-pesli ýerleri synlap barýardy. Onuň öňünde bir uly dag peýda boldy. Bu dagyň daragtlary gyzyl reňklidi. Hatam birnäçe günläp, ol dagy tomaşa edip ýöredi. Ol ýene bir uly derýa baryp ýetdi. Ondan ötmekligiň mümkinçiligi ýokdy. Ol ençe wagtlap derýanyň kenaryny ýakalap gitdi. Ol derýadan öter ýaly geçelge tapmady. Ol nala edip, eýik Taňra ýalbardy. Ol ýerden başyny göterip baksa, derýanyň ýüzünde guşa meňzeş bir surat aýlanyp dur. Hatam onuň üstüne mündi. Ol surat sarsar ýeli bilen iteklenýän ýaly gije-gündizi ýöredi. Onuň her günki tagam rysgaly ol ýerde peýda bolýardy. Hatam bu derýadan hem salamat geçdi. Ol Allatagala şükür etdi. Hatam ýene ýola rowan boldy. ol süýt ýaly akyp gelýän Kümüş derýa ýetdi. Ol: “Suwdur” diýip, güman eýläp bir goly bilen suwdan aljak boldy welin, goly kümüş dek boldy. Hatam bu derýanyň kümüşdendigini bildi. Ol Allatagala ýalbaryp, başyny seždä goýdy. Başyny göterip baksa, ýene başga bir janaweriň suratyna meňzeş zadyň durandygyny gördi. Ol oňa münüp, birnäçe günden soň kümüş derýadan hem ötdi. Ol Allatagala alkyş aýtdy we ýene ýoluny dowam etdi. Ol bir tarapy dag, beýleki tarapy derýa bolan ýere baryp ýetdi. Ol derýa bilen dagyň arasyndan ýöredi. Ol bu dagyň hemme daşlary lagl, altyn ýakut, kümüşdendi. Hatamyň bu daşlara höwesi gidip, olaryň her görnüşinden aldy. Ol öňe ýörese, olardan has gowy daşlar göründi. Ol öňki alan daşlaryny taşlap, bulardan aldy. Ol öňe ýörese, olardan ýagşy daşlary gördi. Ol öňki daşlary taşlap, bu daşlardan göterdi. Gepiň keltesi, onuň birnäçe günläp, işi şuňa meňzeş boldy. Bir gün ol uly çeşmä ýetdi. ol Hudaýtagala alkyş-taryp aýdyp, ol suwdan bir owuç içdi. Onuň gollary öňki durkuna geldi. Emma dyrnaklary kümüş ýaly bolup galdy. Bu wagt ol dynç almaklygy we uklamaklygy ýüregine düwdi. Birden çeşme tolkun atdy. Hatam muňa haýran galyp seretdi. Çeşmeden iki sany başy adamyňky ýaly, aýagy piliňki ýaly, dyrnaklary şiriňki ýaly, garagaş, garagöz, şirin söz zat peýda boldy. Hatam gylyjyny çykaryp olara haýbat atdy. Olar: — Eý, Taňrynyň bendesi! Biz hem seniň ýaly Taňrynyň bendesidiris. Sen bizden gorkma. Biz saňa nesihat bereris — diýdiler. Hatam gylyjyny gynyna saldy we olary diňledi. Olar: — Eý, juwan ýigit! Sen ol alan daşlaryňy taşla. Eger olary taşlamasaň, seniň işleriň tamam bolman galar — diýdiler. Hatam: — Men kimiň daşlaryny alypdyryn? — diýdi. Olar: — Seniň pylan ýerden alan zatlaryň näme? — diýdiler. Hatam: — Men olary Taňrymyň ýerinden aldym. Hemme zatlar Taňrynyň ýaradan zatlarydyr — diýdi. Ol ikisi: — Seniň bu sözüň hakdyr. Emma olar adamdan başga mahluklaryň nesibesidir — diýdiler. Hatam: — Eýsem adam perzentlerinden hormatly mahluk hem barmydyr? — diýdi. Olar: — Beýik Taňrynyň ýanyndan adamzatdan hormatly mahluk ýokdur. Hudaýtagala oňa akyl nygmatyny eçilmek bilen hormatlady — diýdiler. Hatam: — Ol daşlar adamlara mynasyp dälmidir? — diýdi. Olar: — Daşlar ýeriň ýüzünde aýan hem gizlin ýagdaýda bolýarlar. Aýan daşlar perilere, jynlara, döwlere niýetlenilendir. Ynsana bolsa gizlin daşlar degişlidir. Çünki, ol akyly bilen onuň ýaly daşlary tapýar. Şonuň üçin oňa gizlin daşlar laýykdyr — diýdiler. Hatam: — Men ol daşlaryň hemmesini almadym. Men olardan gardaşlaryma görkezmek üçin aldym. Meniň olardan peýda görmek maksadym ýok — diýdi. Olar: Şeýle hem bolsa, sen olary taşlap git — diýdiler. Hatam näalaç olaryň hemmesini taşlady. Olar Hatama: — Bizden nyşana bolsun — diýip, birnäçe däne lagl böleklerini berdiler. Hatam: — Ýol nirede? — diýip, olaryň özüne ýoluň salgysyny bermeklerini haýyş etdi. Olar: — Seniň ýoluňda ýene biri altyndan bolan, beýlekisi otdan bolan iki sany derýa bardyr. Bu derýalardan ötseň, onda sen maksat-myradyňa ýetersiň — diýip, çeşmä girip gözden gaýyp boldular. Elkyssa, Hatam bu çeşmäniň boýunda ýagşy dem-dynjyny aldy, soňra ýola düşdi. Ol birnäçe gün ýol ýöräp, bir derýa baryp ýetdi. Hatam ol wagt teşnedi. Ol derýanyň kenarynda öwüşgini gözüňi gamaşdyryp duran merwerit bardygyny gördi. Munuň ýaly ajaýyp daş patyşalarda hem ýokdur we ony hiç bir kişi gören däldir. Hatamyň oňa göwni gitdi. Bu wagt onuň ýadyna ol iki kişiniň nesihaty düşdi. Ol derýadan elini çekip, onuň kenarynda oturdy. Onuň suwy baldan şirin we süýtden akdy. Hatam derýanyň suwundan içdi, ondan ötdi we ýola rowana boldy. Ol köl bolup ýatan ýene bir suwa ýetdi we ondan hem geçip ýoluny dowam etdi. Ol topragy we suwy altyn bolup duran bir ýere bardy. Bu ýerde göýä hemme zat tylladan ýasalan ýalydy. Hatam Beýik Taňrynyň gudratyny synlap barýardy. Oňa altyndan bir dag göründi. Ol bu daga köp muşakgat çekip ýetdi we onuň bulut bilen barabar bolup duran belent dagdygyny gördi. Elkyssa, ol kän jan çekip, Altyn dagyň üstüne çykyp töweregine tomaşa etdi. Soňra ol ýene ýola düşdi we suwlar akyp duran, serwi, arça, derek ýaly agaçlar ösüp duran bir uly meýdana baryp ýetdi. Ol onuň bir tarapynda dury suwly howzy, dikilen çadyrlary, beýleki tarapyndana bolsa eýwanly beýik köşgi gördi. Altyndan we kümüşden goýlan kerpiçler bu köşge özboluşly bir bezeg berýärdi. Atlas düşekçeler we gymmatbahaly halylar düşelen köşgüň içinde desterhan ýazylyp, onuň üstüne dürli-dümen tagamlar goýlupdyr. Hatam ol tagamlardan iýip, garnyny doýurdy we suw içip teşneligini gandyrdy. Ony uky basmarlady we bir salym uklady. Ol ukudan oýanan wagty bir topar periler peýda boldy. Hatam perileriň kadasy bilen olara salam berdi, periler salama jogap gaýtardylar. Olar: — Eý, juwan ýigit! Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? Seniň bu ýere gelmekden näme maksadyň bar? — diýip soradylar. Hatam: — Men häzir Kuhy-nidadan gelýärin. Meniň adyma Hatam ibn Taý şa Ýemeni diýýärler — diýip, başyndan geçiren wakalaryny beýan etdi. Periler onuň başarjaňlygyna “Berekella” diýdiler. Hatam perilerden: — Bu dagyň ady näme? Bu köşgüň eýesi kimdir? — diýip sorady. Periler: — Bu dagyň ady Altyn dagdyr. Bu ýerden tä Kap dagyna çenli Süleýman alaýhyssalamyň Şahbal ibn Şahruha peşgeş beren ýeridir. Şahbal ibn Şahruhyň gözüniň nury bolan bir gyzy bardy. Onuň adyna Esma peri diýerdiler. Noşleb peri Esmanyň terbiýeçileriniň biridir. Esma Altyn dagy Noşleb perä peşgeş etdi. Bu dag tä Kap dagynyň çäklerine çenli onuň mülküdir. Bu çarbag bolsa Noş leb periniň ýörite mekanydyr. Ol häzir gelse gerek — diýdiler we ýerlerinden turdular. Şol wagt topar-topar kepderiler peýda boldular. Olar ýerde togalandylar, bir silkinip, perilere öwrüldiler we ýerli-ýerine geçip özlerini dürsediler. Hatam olaryň hemmesinden ýokarda altyn tagtyň üstünde owadanlygy bilen özüne çekiji bir periniň oturandygyny gördi. Ony gören adam yşk söwdasyna sataşyp, kalbyna aşyklyk gowgasy düşýärdi. Ol periniň näz-kereşmesinden Hatamyň kalbyna düşen uçgun ot bolup tutaşdy we ol özüni ýitirdi. Hatam özüni bu ýagdaýdan çykarmak üçin “Lä hawla” okady we Beýik Taňryny taryplap, ýardam sorady. Ol: — Eý, yns-jynsy ýaradan Taňry! Sen munuň ýaly görkli bendeleri ýaradypsyň — diýip, Hudaýa şükür etdi. Hatam çalasynlyk bilen ornundan turup, edep tagzym bilen oňa salam berip ýagşy dilegler etdi. Şol wagt ortada desterhan ýazylyp, dürli-dümen naz-nygmatlar getirildi. Olar iýip-içenlerinden soň, saçak ýygnaldy. Ondan soň Noşleb peri mähribanlyk bilen: — Eý, juwan ýigit! Sen haýsy çemeniň gülüsiň we haýsy bossanyň bilbilisiň. Sen bu ýerik niçik düşdüň? — diýip sorady. Hatam: — Men biçäre bende Ýemen topragyndan bolaryn. Meniň adyma Hatam ibn şa Taý Ýemeni diýerler — diýip, başyndan geçiren wakalarynyň hemmesini birin-birin gürrüň berdi. Ol Hüsniýe Banuwyň dört sowalynyň jogabyny tapyp, bäşinji sowalyň jogabyny gözläp Kuhy-nidadan gaýdyp gelýändigini aýtdy we: — Beýik Taňry siziň ýurduňyza salamatlyk bersin — diýip, ýagşy dilegler etdi. Hatamyň bu gürrüňini eşidenler oňa: — Berekella! Seniň janyňa bereket! — diýip, alkyş okadylar. Noşleb peri uzakdan-ýakyndan perileri jemledi we Hatamyň hormatyna uly meýlis gurnady. Aradan bir hepde geçdi. Noş leb peri: — Eý, Ýemen döwletiniň şazadasy! Eger sen tutuş ömrüňi bu ýerde geçirseň, bize ýagşy bolardy. Biz saňa guwanardyk — diýip, mährem sözledi. Hatam ýerinden turup: — Eý, ýagşyzadalaryň soltany! Men biçärä rugsat bolsa ýagşydyr. Çünki meniň ýoluma gözlerini dikip garaşýanlar bardyr. Eger men öz rahatlygymy gözlesem, günäkär bolaryn — diýip, jogap sorady. Noşleb peri: — Onuň ýaly bolsa rugsatdyr — diýdi. Ol Hatamy ýola ugratdy, ony öz döwletiniň araçägine eltip hoşlady we yzyna dolandy. Hatamyň ýeke özi ýola düşdi. Ol köp muşakgat görüp, Altyn derýasyna baryp ýetdi. Ol onuň beýleki kenaryna göz ýetmeýän uly derýadygyny gördi. Hatam ýene başyny seždä goýdy we Allatagala ýalbaryp, bu derýadan ötürmegini sorady. Ol seždeden başyna göterip görse, bir gaýyk derýanyň kenarynda dur. Ol Hudaýtagalany ýat edip, onuň üstüne münüp, oturdy. Ol gaýyk uçýan guş ýaly bolup ýüzüp barýardy. Elkyssa, Hatam derýanyň beýleki kenaryna sag-salamat ötdi. Ol gaýykdan düşüp, gury ýere gadam basdy. Şol wagt gaýyk gözden ýitdi. Hatam Hudaýtagala şükür etdi, oňa alkyş aýtdy we onuň tarypyny ýetirdi. Hatam ýene öz ýoluna rowana boldy. Ol ürgün çägeli çöle ýetdi. Wagt günorta boldy. Çöl günüň yssysyndan ýaňa ot ýaly gyzdy. Hatamy teşnelik basmarlady. Onuň ysgyn-mydary gidip, huşuny ýitirip ýykyldy. Birden çeşmeden çykyp, Hatama iki bölek çörek we suw beren şol iki kişi peýda boldy. Olar Hatamyň başyny dyzlaryna aldylar we onuň üstüne kölege etdiler. Hatam huşuna geldi. Olar Hatamy aç-suwsuzlykdan çykardylar. Ol ikisi: — Bu yssylyk ot derýasyndan gelýär. Sen gam iýme! — diýip, oňa bir ýüzük berdiler. Olar: — Indi saňa ot täsir etmez. Sen ot derýasyndan öteniňden soňra ony derýanyň kenarynda goýup git. Bolmasa, saňa ol ýüzügiň peýdasyndan zyýany köp bolar — diýip, gözden gaýyp boldular. Hatam Hudaýa köp şükür edip, ýola rowana boldy. Ol bu ýüzügi agzyna salyp, ýol ýöredi. Elkyssa, ol ot derýasyna ýetdi. Bu derýanyň äpet tolkunlary möwç urup, kenara gelip ýetýärdi. Hatam başyny çäge sürtüp, Beýik Taňrydan amanlyk ýoluny diledi. Ol ahy-nala edip, başyny göterdi. Ol seredip görse, ot derýasynyň kenarynda gümmeze meňzeş bir zat peýda bolupdyr. Hatam onuň içine girdi. Ol zat gämi ýaly ýöredi. Her demde uly tolkunlar we geň tupanlar peýda bolýardy. Ol birnäçe gün bu ot derýasynyň içinde galdy. Onuň beýleki kenary asla görünmedi. Hatam ýene başyny seždä goýup, Beýik Taňrydan özüni bu derýadan sag-aman ötürmekligi diledi. Ol gümmez çalt ýüzüp ugrady. Hatam gözüni ýumup: — Indi men oduň içine gark bolaryn — diýdi. Gümmez derýanyň içine çümdi. Hatam huşuny ýitirdi we birnäçe wagtdan soň özüne gelip gözüni açdy. Ol derýadan hem, gümmezden hem nam-nyşan ýokdugyny we özüniň howpsuz ýerde durandygyny gördi. Ol bu ýerde demini dürsedi Allatagala şükür etdi we ýüzügi kenarda bir ýere goýup ýola düşdi. Hatam bir-iki gün ýol ýöränden soňra, gözüne mähirli görünýän bir ýere ýetdi. Ol haýran galyp, ýöremekligini dowam etdirip barýardy. Ol bir daýhana sataşdy. Hatam onuň ýanyna baryp salam berdi. Daýhan salama jogap gaýtardy. Bu daýhan tiz-tizden ýokary bakýardy. Hatam: — Siz tiz-tizden ýokary bakar ýaly mende näme alamat gördüňiz? — diýip sorady. Daýhan: — Münir atly bir şazada bar. Ol Hatama sabyrsyzlyk bilen, gözüni ýola dikip garaşýar. Indi Hatamyň gelmeklige wada beren wagty doldy. Ol Hudaýtagalanyň ýoluna girip gidipdi. Men sizi şol Münir şazadanyň garaşýan Hatamyna örän meňzedýärin. Şonuň üçin men tiz-tizden asmana bakýaryn — diýdi. Hatam ýyglap: — Men şol Hatamdyryn — diýdi. Daýhan özüni Hatamyň aýagyna taşlady. Elkyssa, bu ikisi tanşyp oturdylar. Daýhan desterhanyň üstünde nan, gatyk, suw goýup, Hatamy hormatlap myhman aldy. Hatam daýhandan atasy Taý şanyň hal-ahwaly barada sorady. Ol onuň hal-ýagdaýyny aýdyp berdi. Hatam öz ahwaly barada Taý şa bir hat ýazyp, ony daýhana berdi. Ol ýene birnäçe däne göwher, lagl böleklerinden oňa peşgeş berip: — Bu zatlar seniň ömrüňe ýeter. Sen olary satsaň baý bolarsyň — diýdi. Hatam daýhana ýagşy dilegler etdi we ol: — Meniň hatymy Taý şa ýetir — diýdi. Soňra ol daýhan bilen hoşlaşyp Husnabat şäheriniň ýoluna tarap rowana boldy. Daýhan Hatamyň hatyny Taý şa ýetirdi. Ol şat boldy, bu daýhana söýünji peşgeşini berdi we ony köşk emeldarlygyna belledi. Daýhan göwherleri satyp, uly baýlaryň hatarynda boldy. Taý şa Hatamyň ýagdaýyny bilip, Zerrinpoş Melikä habar berdi. Şa hem, Zerrinpoş Melike hem bu hoş habara şady-horram boldular. Elkyssa, Hatam ýene birnäçe gün çöl-beýewanlary gezip, Husnabat şäherine ýetdi we Münir şazadanyň hüjresine gadam goýdy. Ol şazada bilen gujaklaşyp görüşdi we bu gije dem-dynjyny aldy. Ertesi ir bilen Husnyýe Banu Hatamyň gelendigi baradaky habary eşitdi we enekesini onuň ýanyna iberdi. Eneke şazadanyň hüjresine geldi we Hatam bilen Melikäniň dilinden hal-ahwal soraşdy. Hatam bilen Münir şazada Melikäniň myhmanhanasyna bardylar. Eneke olary dürli-dümen tagamlar bilen üç günläp myhman aldy. Hatam Kuhy-nidanyň depderini enekä berdi, eneke bolsa ony Melikä gowşurdy. Melike Hatamyň gören wakalary barada okap, oňa: “Berekella” diýdi. Hatam bilen şazada bu gije dem-dynç aldylar. Gije ötdi we gündiz geldi. Melike enekesinden pul, peşgeş we bir hat iberdi. Eneke şazadanyň hüjresine geldi we bu zatlary Hatama tabşyrdy. Soňra ol Hatam bilen hoşlaşyp Melikäniň hyzmatyna bardy. Hatam Melikäniň hatyny açyp okady. Onda şu beýt ýazylypdyr: Alty boldy sowal aglamy Habar “Badygird” hammamy “Eý aşyk! Meniň bäş sowalyma berlen jogaplar dogry boldy. Indi meniň altynjy sowalym şu beýtdir. Onuň manysy, Badygird atly hammam haýsy ýerde, we haýsy adam salypdyr. Oňa “Badygird” diýip at berilmeginiň sebäbi näme? Munuň ýaly heläkçilige eltýän hammam salmaklygyň sebäbi näme? Ine, şu altynjy sowalyň jogabyny tap. Wessalam-nama tamam”. ______________________________________ Hezreti Isgender — (Aleksandr Makedonskiý—biziň eramyzdan öň 356-323)—Gündogarda Isgender Zülkarneýn ady bilen meşhur bolup, Makedoniýa patyşasy Filip ikinjiniň ogludyr. Isgender gadym dünýäniň meşhur basybalyjylaryndan biri bolup, biziň eramyzdan 336 ýyl ozal patyşalyk edipdir. Ol köp ýerleri: Eýrany, Hindistany, Arabystany we başga-da birnäçe ýurtlary basyp alýar. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň halk döredijiliginde we edebiýatynda hem Isgendere degişli köp sanly folklar eserlerine we rowaýatlara duş gelmek bolýar. Ol 33 ýaşynda ýogalýar. Sarsar ýeli — içiňden geçip barýan güýçli sowuk ýel. Merwerit — dür. Lä hawla — howply ýagdaýa düşülende okalýan dilegleriň biri. Onuň doly görnüşi: “Lä hawla we lä kuwwata illä billähi-azym”, ýagny “Beýik Taňrynyň güýç we kuwwaty hiç bir zatda ýokdur”. Agmaly — belli edileni, mälim bolany. Badygird hammamy — tupan turuzýan hammam. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |