13:45 Haýp... Haýp | |
HAÝP... HAÝP
Taryhy makalalar
Janym ýanýar. Şol sözi edenlere däl-de, özümize gaharym gelýär: Diýmek, ýeterlik derejede işlemändiris, ýeterlik ýazmandyrys, ýeterlik düşündirmändiris... Köçe reportažy alynan biri Mustapa Kemal hakda "Ierusalimi iñlislere taşlap, frontdan gaçdy" diýip, yzly-yzyna sugşurdy. "Sekizinji goşun birikmesiniñ başynda kim bardy, aýdyñ?" diýip, gürledi. Men aýdaýyn: Sekizinji goşun birikmesiniñ başynda Nemes Kress paşa (Fridrih Kress fon Kressenşteýn) bardy! Bitola (Monastyr) harby uçilişesinde okap ýörkä, uçilişeden gaçyp, osmanly goşunynyñ hatarynda greklere garşy söweşmek islän 16 ýaşly kursant Mustapa Kemal frontdan gaçdy, şeýlemi? Tripolitaniýada san we ýarag üpjünçiligi taýdan ep-esli güýçli italýanlara garşy frontda garşylyklaýyn hüjüme geçip, gözünden ýaralanan müñbaşy (müñbaşy) Mustapa Kemal frontdan gaçdy, şeýlemi? Çanakkale söweşinde Sekizinji diwiziýanyñ başyna hut özi geçip, mehmetjiklerjmiz bilen bile garşylyklaýyn hüjüme geçen podpolkownik (ýarbaý) Mustapa Kemal frontdan gaçdy, şeýlemi? Haýp. Seret, gardaşym! Size hakykatlary ýazaýyn: • MUSTAPA KEMALA PARA HÖDÜRLENÝÄR 1917-nji ýylyñ 5-nji iýuly. Mirliwa-brigada generaly Mustapa Kemal palestin frontuna bellendi. Oña berlen tabşyryk - täze gurulýan Ýedinji goşun birikmesine serkerdelik etmekdi. Bu goşun nemes Erih fon Falkenhaýnyñ serkerdelik edýän "Ýyldyrym goşunlar" toparynyñ düzüminde Halaba ýerleşdirildi. Şol ikiarada Falkenhaýn bilen Mustapa Kemalyñ arasynda puluñ üstünde ilkinji düşünişmezlik ýüze çykdy Mustapa Kemalyñ Stambul Akaretlerdäki 76-njy belgili garnizonyna ýaş nemes ofiseri serkerde Falkenhaýmyñ ugradan sowgatlyk sandyjaklaryny getirdi. Sandyklarda altyn bardy. Mustapa Kemal munuñ ýalñyş salga ugradylandygy aýdyp, Ýaragly Güýcleriñ Tyl uprawleniýesine ugratmagy talap etdi. Nemes 9fiseri "Serkerdäm, olañky başga. Bu size" diýdi! Altynlar Fahkenhaýna hiç bir garşylyksyz boýun sunmagy üçin berilen parady! Mustapa Kemalyj gahary geldi, altynlary güwäleriñ gatnaşmagynda Tyl uprawleniýesine ugratdy. Siriýa-palestin frontunda osmanly goşunynyñ sany 175 müñdi. Iñlisleriñ bolsa iñ güýçli ýeri şu ýerd8 we 433 müñ adamlyk goşuny bardy. Falkenhaýn iñlislere zyýan ýetirmek üçin mehmetjigiñ ölmegine biparh garaýan strategiýany durmuşa geçirmek isleýärdi. Mustapa Kemal frontdan Baş komanduýuşi Enwer paşanyñ salgysyna 1917-nji ýylyñ 20-nji sentýabrynda habarnama ugratdy: - Goşun urşuñ başky döwürlerine garanda has gowşak. Birnäçe goşun bölümleriniñ hereket edýäni gerekli goşunyñ bäşden biri ýaly. Ofiser ýetmezçiligi ýiti duýulýar. - Sagdyn galan jigitler rýadowoýlar 17-20 ýaşlaryndaky entek beden taýdan berk däl ýetginjekler we 45-55 ýaşlaryndaky işe ýarawsyz ýaşulylar. - Rýadowoýlar aç-ýalañaç. Rýadowoýlar goşuny taşlap gaçýar. - Garşylyklaýyn hüjüme geçip Bagdaty almak, Sarygamyş pajygasy ýaly uly heläkçilige ýol açar. - Häzirlikçe goragda galyp, garşylyklaýyn hüjüme geçjek duşmanyñ haýyny almak iñ oýlanşykly ýol bolup durýar. Dört günden soñ ýene bir habarnama ýazyp, Sinaý frontunyñ serkerdeliginiñ özüne berilmegini sorady. Soñ näme boldy? • SERET, GARDAŞYM Enwer paşa Falkenhaýnyñ strategiýasyny dogry hasaplady. Mustapa Kemal göz-görtele halkyñ we goşunyñ gyrylmagyna şärikdeş bolup bilmejekdigini aýdyp, 1917-nji ýylyñ 7-nji oktýabrynda eýeleýän wezipesinden el çekdi. Mustapa Kemalyñ aýdyşy ýaly boldy: Iñlisler oktýabr aýynyñ aýynyñ ahyrlaryndan başlap Beerşebany, Ýafiýany, El-Halili, Gazzäni eýeledi. 9-njy dekabrda Ierusalime girdi. Yzyndan Eriha girdi... Falkenhaýn eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Ýerine Otto Liman fon Sanders bellendi. Mustapa Kemal goşuny gaýtadan jemlemek üçin 1918-nji ýylyñ 1-nji sentýabrynda ikinji gezek Ýedinji goşun birikmesiniñ serkerdeligine bellendi. Çanakkale urşunda Sandersiñ iñlisleriñ matlabyna düşünmän taýýarlan gorag meýilnamasyny gowşak hasaplandygy üçin gyssagly ýagdaýda bütin goşun bölümleriniñ öz garamagyna berilmegini talap etdi. Suwla (Anafartalar) we Anzak (Aryburny) frontlarynda bolşy ýeñiş gazanmak mümkinçiligi bardy. Ýene sözüni diñledip bilmedi. Üstesine... maslahatyny diñlemän, ýañsyly ýylgyryş bilen garşylan Sanders iñlis hüjüminden janyny kynlyk bilen halas etdi! Dördünji, sekizinji goşun birikmeleri derbi-dagyn boldy. Dargaman galan ýeke-täk goşun birikmesi Mustapa Kemalyñ serkerdelik edýän Ýedinji goşun birikmesidi. Mustapa Kemalyñ bir ýyl öñ "goşunlary birleşdirip, serkerdeligi maña beriñ" diýen sözüni iñlisler garşylyklaýyn hüjümleri arkaly aşyrdy! Emma 500 km² ýeri elden giderip... Mustapa Kemal Halapda goranyş barrikadasyny gurdy. Iñlisler hüjüme geçdi, şäherde gerilla söweşi boldy, Mustapa Kemal eli ýaragly köçeme-köçe söweşdi. Çaknyşyklar dowam edip durka, 1918-nji ýylyñ 30-njy oktýabrynda ýaraşyk yglan edildi, Mudros ýaraşyk şertnamasyna gol çekildi. Seret, gardaş, töhmet atma! Ine, hakykat şu. Indem, seni şeýle gürledýänlerden sorasana: şol ganly müddetde musulman araplar iñlisler bilen birigip, haýsy gyrgynçylyklary etdi, näçe müñ musulman türküñ ganyna galdy? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 23.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |