11:08 Hemme zady birin-birin seljerip berdi: Ýylmaz Özdil wirus hakykatyny ýazdy | |
HEMME ZADY BIRIN-BIRIN SELJERIP BERDI: ÝYLMAZ ÖZDIL WIRUS HAKYKATYNY ÝAZDY
Publisistika
"Sözcü" gazetiniñ žurnalisti Ýylmaz Özdil koronawirus melamatynyñ Türkiýäniñ jemgyýetçilik durmuşyna girmeginden bäri bolup geçenleri birin-birin seljerip, bu boýunça tankydy belliklerini bildirdi. Koronawirus Türkiyä ýaýramagyny dowam edip durka, Ýylmaz Özdil goýberilen säwlikleri we giç ýa-da ýalñyş kabul edilen kararlar sebäpli ýokary wezipeli ýolbaşçylary tankyt astyna aldy. Özdiliñ "Wirusyñ haýdamagyna hajat ýok, bize bu düşünje bilen häkimlik etjek bolsalar "biz bize ýeteris" Türkiýäm!" ady bilen ýazan makalasynda şeýle bellikler bar: - Wirus bir ýüz ýigrimi bäş ýurda ýaýrady. Gresiýa, Bolgariýa, Eýran, Yrak, Gürjüstan, beýleki ähli goñşularymyzda barka, "Bizde ýok!" diýdiler. - "Kesel bar" diýip 10-njy ýanwarda Bilim jemgyýetini döretdiler. - Şeýle ýokanç keseliñ bardygyny bilip duranam bolsalar, Bilim jemgyýetini döredenlerine bir aý geçenden soñ 21 müñ 500 raýatymyzyñ Käbä umra zyýaratyna gitmegine idin berdiler. - Zyýaratçylar dolanyp geldiler, hiç bir öñüni alyş işini geçirmezden 17 müñ 500 adamy öýlerine goýberdiler, umraçylar öýlerinde ölmäge başlady, howsala düşdüler, soñky tapgyrda gelen 3 müñ kişiden ybarat zyýaratçyny alyp, karantinde sakladylar... - Karantin wagty hassahanada saklamaly raýatlarymyzy toparlara bölüp, ýokary okuw jaýlarynyñ umumyýaşaýyş jaýlaryna dykdylar, zyýaratçylar biri-birileriniñ bolýan otagyna salam-helige bardylar, üýşüp nahar iýdiler, netijede kesel ýolukmadyklaryna-da ýolukdy. - Umraçylary gyssagly ýerleşdirjek bolup, ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyp oglan-gyzlary gijäñ içinde umumyýaşaýyş jaýyndan çykaryp goýberdiler, kim uçara petek alyp ene-atasynyñ ýanyna uçdy, kimler bolsa dañ atýança gagşadyp barýan sowuk howanyñ bardygyna garamazdan seýilgähde oturdylar (gijäñ içi nirä gitsin talyp görgüli!) - Okuw jaýlarynyñ sterilizasiýa edilendigini, 100 tonna dezinfiksirleýji serişde bilen üpjün edilendigini, okuwçydyr talyplara hiç bir meselede gaýgylanar ýaly zat ýokdugyny, okuw sapaklarynyñ dowam etjekdigini mälim etdiler. - Ertesi günem okuw jaýlaryny ýapdylar! - "Ýokanç kesel bar" diýib-ä baryp 10-njy ýanwarda Bilim jemgyýetini döredýärler. "Ýokanç kesel bar" diýibem, üstünden iki aý geçensoñ, okuw jaýlaryny ýapýarlar! - Futbol duşuşyklaryny togtatmadylar. Oýunlar dowam etdi. Kesel tälimçi Fatih Terime ýolukdy. "Fenerbahçä" ýolukdy. Oýunlar togtadyldy. - “Elimizde hemmämize ýeter ýaly antitelo (test kiti) bar” diýdiler. Ýokdugy belli boldy. Hytaýdan satyn aldylar. Hytaýdan getirilýänçä hiç kimi gözegçilikden geçirmediler. - "Ýokanç kesel bar" diýib-ä baryp 10-njy ýanwarda Bilim jemgyýetini döredýärler. Hytaýdan satyn alynan antitelolary bolsa, diñe iki ýarym aýdan soñ - 20-nji martda ýurda getirdiler. - Raýatlar saglyk gözegçiliginden geçirilmändigi üçin gözümiziñ alnynda ölüp ýatyrka, häkimiýetiñ öz ýallakçylaryna, özüne gulluk edýänlere lükgeläp antitelo berendigi, AK partiýanyñ deputatynyñ oglunyñ antitelo söwdasyny edýändigi ýüze çykdy. - "Asyryñ lideri" il-halkyñ öñüne çykyp "8 müñ 554 adamda koronawirusyñ alamatlary tapyldy" diýýär. Iki sagat geçip-geçmänkä saglyk ministri “2 müñ 433 adamda koronawirus alamatlary bar" diýýär. Görkezilen sanlar biri-birine ters. Emma bu tersligiñ sebäbi düşündirilmedi. - Koronawirus ýolugup hassahana ýüz tutan raýatlaryñ saglyk gözegçiliginden geçirilmändigi üçin aradan çykandygy, aradan çykan raýatlaryñ kesel taryhyna "adaty ölüm" ýa-da beýleki "kesel sebäpleri" diagnozy goýlup jaýlanandygy, şeýdibem olaryñ koronawirusdan ölenleriñ sanawyna goşulandygy mälim boldy. - “Iñ takyk maglumaty berýäris” diýdiler, diýdiler diýmesine, emma Gury ýer goşunlarynyñ öñki serkerdebaşysy Aýtaç Ýalmanyñ wirusdan ölendigini bukmaga çalyşdylar. - Türkiýäniñ tebipler birleşiginiñ habar bermegine görä, tassyklanan ölüm görkezijisi bilen ölenleriñ sany deñ gelenok. - Geçen ýylyñ 1-10-njy aprel aralygynda Stambulda aradan çykan raýatlaryñ sany bilen şu ýylyñ 1-10-njy aprel aralygynda aradan çykanlaryñ umumy sanyny deñeşdirenimizde... Ölenleriñ sany 1099 adam artyk gelýär. Bu iki görkezijiniñ arasyndaky tapawut nämede? Aýdanoklar. - Hem-ä “öýde otur” diýýärler. Hem “Işe git” diýýärler. - Dünýäde koronawirusa garşy profilaktika hökmünde "jaý üçin kredit" berýän ilkinji we ýeke-täk ýurt biz bolduk! - Hem-ä “öýde otur” diýýärler. Hemem "Ylga, banka tarap, kredit al" diýýärler. - Jemgyýetçilik banklarynyñ iş wagty adaty iş wagtyndan has uzap başlady. - Hem-ä “öýde otur” diýýärler. Hemem şäherden şähere uçsunlar diýip, uçar petekleriniñ nyrhyny düşürýärler. - Bir hepde geçensoñ şäherara uçuşlary gadagan edýärler! - Hamala adamlaryñ biri-birleri bilen gatnaşygyny azaltmak üçin "şäherara awtobuslar bilen gezelenje gitmek üçin häkimlikden rugsat almaly diýen bolýarlar. Awtoduralgalar mygyllym boldy. Polisiýany çagyryp zordan dargatdylar. Yzyndanam awtoduralgalary ýapdylar. - "Ýokanç kesel bar" diýib-ä baryp 10-njy ýanwarda Bilim jemgyýetini döredýärler. Otuz sany uly şähere we Zonguldak şäherine girip-çykyşy diñe üç aýdan soñ gadagan edýärler! - Gaş bilen gözüñ arasynda "Kanal Stambul" taslamasyny amala aşyrdylar, dogrumy?.. - Allanyñ tokmagy ýok... "Metjitleri ýapdylar, pylan-pysmydan..." diýip hyşy-wyşy etdiler, yzyndanam metjitleri özleri ýapdy. - Göz üçin köşkde VIP namaz kyldylar. - “Eýrandan bikanun geçýän bosgunlar bar” diýdim. Şobada içeri işler ministri çykdy: "Ahlaksyz žurnalist, aýdýan zadyñy delillendirmeli bolarsyñ!" diýip gygyrdy. 24 sagadam geçmedi… Wanda mini awtobus agdaryldy, içinden 55 sany serhetden bikanun geçen bosgun çykdy we olar karantine alyndy. - “Koronawirus Stambuldan soñ iñ köp Izmire ýaýrady” diýdim. AK partiýanyñ Izmirdäki deputatlary "ýalan sözleýändigimi, bulagaýlyk döredýändigimi" aýdyp, hatda içalyçylykda aýyplamaga çenli het etdiler. Ertesi gün hut saglyk ministriniñ özi teleýaýlymda çykyş edip "Koronawirusyñ Stambuldan soñ iñ köp Izmire ýaýrandygyny" mälim etdi. - 65 yaşanlara köçä çykmagy gadagan etdiler. Köçä çylan 65 ýaşla wirus ýolugar diýdiler. Şol öýde ýaşaýan 65 ýaşdan kiçileriñ bolsa köçä çykmagyna, işe gitmegine we agşam ýene ol öýe gelmesine göz ýumdular. Bu gadagançylyk dünýäniñ iñ samsyklaç düzgüni bolandygy üçin dünýäde diñe Türkiýede ýerine ýetirildi! - 65 ýaşly raýatlaryñ köçä çykmasyny gadagan etdiler, emma olaryñ mart aýynyñ pensiýa pullaryny almagyna hiç hili şert döretmediler. Köçä çykmasy gadagan bolan 65 ýaşly ildeşlerimiz mejbury ýagdaýda köçä çykdy, banka gitdi, şeýdibem polisiýanyñ temmi çäresine uçradylar. - Aprel aýy "pensiýa pullaryñyzy öýüñize elinjek ugradarys" diýdiler. Emma baýramçylyk üçin berilýän pullary öñe süýşürdiler. Bolman näme, 65 ýaşly ildeşlerimiz ýene mejbury halda köçä çykdy, banka gitmeli boldy. - Bazarlara we supermarketlere kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ girip-çykyşy gadagan edildi. Emma bu karar kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ haýsylaryna degişli? Ýaş kategoriýasy aýdylmady. Ýagdaý şeýle bolsa, meselem... On ýaşly çagada wirus bar bolsa, 18 ýaşly ýetginjekde bolmazmy? - Koronawirus alamatynyñ ýurda ilkinji bolup kimde ýüze çykandygyny 10-njy martda mälim etdiler. Ýöne haýsy şäherde ýüze çykandygyny aýtmadylar. “Haýsy şäherdedigini aýtsak?, Türkiýä ýaýrar” diýdiler. - Ýigrimi gün geçensoñ... “Türkiýäniñ ähli ýerine ýaýrady” diýdiler. Şäherme-şäher kartasyny görkezdiler! - Wirusyñ iñ köp ýaýran ýeri ABŞ boldy, Nýu-Ýorkda rekord derejä ýeten adam ölümleri barha artýar. Stambul-Nýu Ýork uçuşlary bolsa 27-nji marta çenli togtadylmady. - Ýewropada wirusyñ iñ köp ýaýran ýeri - Italiýa. Izmirden we Stambulda Triýestä häzirem gämi gatnap dur, bu gämilerde häzirem müñlerçe tyr gidip-gelýär. - Dünýä ýurtlarynyñ hökümetleriniñ ählisi raýatlaryna pul kömegini etdi. Bular raýatlardan pul diläp başladylar. - "Asyryñ lideri" haýyr-sahawat kampaniýasynyñ başyny başlady. "Raýata pul kömek etmegiñ deregine, raýatdan pul soraýarlar" diýenleri, "pitne-pesadyñ ojagy" yglan etdi. - Respublikan halk partiýasynyñ deputatlarynyñ dolandyrýan häkimliklerinde raýatlara maddy kömek etmek maksady bilen başlanan haýyr-sahawat kampaniýasy Içeri işler ministrligi tarapyndan togtadyldy, hasaplary (sçýotlary) bloklandy. "Puluñyz bolsa, diñe "Asyryñ lideriniñ" kampaniýasyna bermeli" diýdiler. - "Asyryñ lideri" başyny başlan şahsy haýyr-sahawat kampaniýasyny hiç bir babatda meñzeşligi bolmasa-da, Mustapa Kemalyñ (Atatürküñ) "Tekalif-i Milliýe" maksatnamasynyñ emirlerine meñzetdi. - “Külli Türkiýä agzybirlik we jebislik çagyryşyny” eden "Asyryñ lideri" diñe AKP-ly deputatlaryñ häkimliklerinde duşuşyk geçirdi. - 20 ýaşdan aşakdakylara köçä çykmagy gadagan etdiler. Ertesi gün "eger 20 ýaşdan aşakdakylar işleýän bolsa işine gidip-gelip biler" diýdiler. Ýagny, eger sen 20 ýaşdan kiçi bolsañ, senden wirus bar. Eger sen 20 ýaşdan kiçi bolup, bir ýerde işleýän bolsañ, sende wirus ýok! - Şäherlerde pandemiýa jemgyýetlerini döretdiler. Emma tebipçilik guramalaryny muña çagyrmadylar. - Aýdaly Stambulda "Coca Cola"-ny protest etmek üçin "Fanta" içen häkim wirus boýunça buýruk çykarýar, muny Stambulyñ Tebipçilik guramasyndan soramalydyram öýdenoklar. - 10-njy ýanwarda Bilim jemgyýetini döreden bolýarlar. Ýigrimi gün geçensoñ, Hytaý Türkiýeden 200 million sany maska satyn alýar. Bular şonda-da oýanmady. - Bilim jemgyýetiniñ agzasy teleýaýlymda çykyş edip "maska geýmegiñ geregi ýok" diýýär. Bir aý geçensoñ, hut şol jemgyýetiñ agzasy ýene şol teleýaýlyma çykyp "hökmany suratda maska geýiñ" diýýär. - "Asyryñ lideri" ministrleri bilen ýygnak geçirýär. "Asyryñ lideriniñ" ministri mawy ekrana çykyp, "raýatlara maska satuwyny ýola goýarys" diýýär. Ertesi gün "Asyryñ lideri" çykyp "Maska satmak gadagan, doly mugt" diýýär. - “Maskany PTT paýlar” diýýärler. Ertesi gün "dermanhanalar paýlar" diýýärler. - "Hepdede" adam başyna bäş sany maska paýlanýandyr" diýdiler. Ertesi gün “on günde” adam başına bäş sany maska paýlanýandyr" diýdiler. - "Maska satmak doly gadagan, mugt maska 20-65 ýaşly raýatlara mugt paýlanar" diýdiler… Ýeri onda, işe gitmegine göz ýumulan 20 ýaşdan aşakdakylara näme bolmaly? - “Täze hassahanalary gurmagyñ geregi ýok, ýeterlik ýatakhanalarymyz bar” diýdiler. Bir hepde geçensoñ Atatürk howa menzilinde we Sanjakdepede müñ adamlyk hassahananyñ guruljakdygyny mälim etdiler. - Ertesi gün Atatürk howa menzilinde gurmaly diýilen hassahananyñ Atatürk howa menzilinde däl-de, başga ýerde guruljakdygy ýüze çykdy. - Iki million adama PTT-niñ üsti bilen müñ lira paýlanjakdygyny mälim etdiler. Halk görgüli PTT-ä ylgady, dyknyşyk döredi. PTT-leri ýapdylar. - “Işden çykarmalar gadagan edilýär” diýdiler… Yzyndanam tölegsiz rugsada (безсодержание) çykanlara gündelik 39 lira 29 teññe berilýändigi belli boldy. Adatça, işden çykarylsañ 2.354 lira işsizlik tölegi alynýardy. Häzir bolsa işden çykarmak gadagan, emma 1.170 lira alýañ! - “Wirusyñ ýaýramagynyñ öñüni almak üçin köçä çykmagy gadagan etmeli" diýenlere diýmedik zatlary galmady, gargyndylar-sögündiler, hatda "watan dönükleri agdarylyşyk geçirmegiñ pyglyna düşdi" diýdiler. Yzyndan köçä çykmagy özleri gadagan etdi. - Wirus ýaýramasyn diýip iki günlük köçä çykma gadagançylygyny girizýärler, gadagançylygyñ girizilenini bolsa munuñ güýje girmeginiñ bary-ýogy iki sagat öñünden aýdýarlar. Il-halk köçä döküldi, marketlerde, dükanlarda dyknyşyk döredi, wirus iki aýlap ýaýramadygyny iki sagatda ýaýrady! Içeri işler ministrinden “Näme üçin iki sagat galanda aýdýarsyñyz, näme üçin giç?” diýip soralsa, “Ir aýdan bolsak, marketlere çozardylar” diýdi! - “Maglumatlary deñgyrañly berýäris” diýýärler… Köçä çykma gadagançylygynyñ Stambul, Ankara, Izmir ýaly jemi 40 million ilatly şäherleri dolandyryp oturan Respublikan halk partiýanyñ häkimliklerine habar berilmändigi ýüze çykdy. - Häzirem... “Hiç bir wirus biziñ görýän çärelerimizden güýçli bolup bilmez” diyip gygyrýarlar. Häzirem… “Türkiýe koronawirusy iñ taýýarlykly garşylan ýurtdur" diýip gygyrýarlar. Indi Allanyñ hakyna özüñiz aýdyñ: dünýäde wirusa garşy göreşde şular ýaly başarnyksyz, şular ýaly nalajedeýin, şular ýaly taýýarlyksyz başga ýurt barmyka? 13.04.2020 ý, "Yeniçag" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |