HER HAL...
O gündiz gatnady, gije gatnady,
Ýel sübseläp ýetişmedi yzyny.
Nätsin pahyr, göwni karar tapmady,
Göräýmese aşyk bolan gyzyny.
Ýöne welin gyzy görse dymdy ol,
Eden hyýallary boldy biderek,
Bir gowy zat, her ädimde gürsülläp,
Dünýä bir setiri bagyş etdi ýürek?
Ýolda dörän şygra pata berdi-de,
Ahyr ony sawçylyga ýollady.
Oň üstüne gorky leşger sürse-de,
Wepadary – arzuwlary goldady.
Tilki däl-de, gurt bolama garaşdy,
Umytly garaşdy – «Çüwäýse gerek?»
Arman, günler getirmedi jogaby,
Ýa-da goşgy çykdymyka biderek?!
Ýok, ol şygyr aýdym berdi dillere,
Boldy müňläp ýürekleriň hemrasy.
Oň bilen söz gatyldy kän dilbere,
Tapylmady setirleriniň yrýasy.
Onlap-onlap «sag bol» geldi her günde,
Sawçysyndan bolmazmyka, heý derek?!.
Şondan özge alkyşlaryň barysy
Şahyr üçin biderekdi, biderek.
Bir gün ýolda günüň öýle çagynda,
Tisgindi öz şygryn eşdip ol ýene.
Şygyr okýan bir nätanşyň ýanynda,
Şahyryň söýgülsi durdy näz bile.
Bu şadyýan iki juwan ýüregi
Mübärekläp pyşyrdady bir derek.
Şahyr bolsa zordan başyn galdyryp,
Diýdi: «Her hal ýazylmandyr biderek...»
Italmaz NURYÝEW.
Goşgular