08:03 Her-nä, ýitmesin gözüň röwşeni | |
HERNÄ, ÝITMESIN GÖZÜÑ RÖWŞENI
Goşgular
Hernä, ýitmesin gözüň röwşeni, Saýgarsyn ýagşyny hem ýamany, Il içinde alkyşyny gözlesin, Ýöne gözlemesin, dosduň kemini, Hernä ýitmesin gözüň röwşeni, saýgarsyn agyň, garaň serhedin, Gara zat ak bolup görünýän bolsa, Şol ak zat ýüreginiň reňkidir Hernä ýitmesin gözüň röwşeni, gowy ,gowy durmuş görsün entekler, öwrensin, öwretsin görenlerini, soň össün, güller açsyn, pyntyklar. Hernä ýitmesin gözüň röwşeni, Ýaman dälde, ýagşy görsün hemmäni, Çünki ähli zada arzuwly bolsun, Söýsün. şu görünýän dünýäni. Hernä ýitmesin gözüň röwşeni, ýagşy zatlar arzuw etsin ylaýym, Bu dünýäde ähli ynsan ýüregi Goý, ýylgyrsyn bahar ýaly mylaýym. 21.03.2022 ý. Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||