HOŞLAŞYK
Ganym uruş ýerden ýöräni bir maksada gönükdirdi. Bir adama öwürdi. Gije-gündize parh galmady. Uly-kiçi her kim öz ornunda ýan bermän duşmany ýer garbadyp, ýeňişe ýetip, goç ýigitleriň sag-aman dolanyp gelerine uly umyt bilen garaşdy. Meýdandaky işleriň bary gelin-gyzlaryň gerdenine düşdi. Ýigitler gidenden soň gowaçany otaýanlaram, çürtýänlerem, suwarýanlaram olardy. Gazy işlerem gelin-gyzlaryň başyna düşdi. Olaryň näzijek ýüzleri güne ýanyp akýagyzy, garaýagyzy bir reňke öwrüldi.
Gyzlar günortan bir sellemjik dyzlaryny epip iýip-içäýmeseler atyzdan çykanokdylar. Adamlaryň özlerine elleri ýetenok diýlen döwür gelipdi.
Dogabitdi alçak, şadyýan Gülnäz özüni aldym-berdime salan gussasyny ýüreginiň töründe gizläp, töweregini ala-ýaz edip, şol eňip ýördi. Ol sähelçe hallyň-sallyň edýänleri özüne duýdurman, igelemäge-de ökdedi.
– A gyz, Eneş, sen-ä şu gün bize eýgertjekgäl – diýip, maýyny tapsa, çökýän Enejana degýärdi. Betdi brigadir bu gün telpegini göge zyňar.
– Otursana, sendenem bizar boldum, işlesemem gün-mydar bereňok, işlemesemem diýip, olam goltugyna garpyz gysdyrylýanyny duýar.
Näme etse eli gelşip, geplese dili gelşip barýan kenek ýaly Gülnäzi eý görmeýän ýokdy. Ak ýüzlüje mährem hem şadyýan Gülnäz obanyň ýaraşygydy. „Men” diýen ýigitleriň oňa öýlenip bilse armanlary ýokdy. Emma Gülnäziň ýekeje ýigitde gözi eglendi. Ol uçgyraksyz meýdanlarda Dawut bilen ýabam gazdy, çilem çekdi, suwam tutdy. Ýekeje gezegem ony nazaryndan sypdyrmady, ýigidiň boýna-syratyna guwandy. Ol söýgüniň ýakymly serhoş ediji täsin dünýäsinde bagtyýarlykdan ýaýnap ýüzdi ýördi. Ol eşreti kimdir biri elinden alyp biler oý etmedi.
Bir gün goňşy atyza suw düzmäge giden gyz Dawudy diňe ýeňsesinden görüp galdy. Ol hoşloşmaga gelen eken. Bedeninde ysgyn-mydar galmadyk gyz diňe duran ýerinde aşak çökäýdi. Ol gözýaşlaryny saklap bilmän zordan gepledi.
– Wah saňa nälet bolsun, ganym uruş.
– Dawut seni sorady, Gülnäz, hoşlaşyp bilmedigine gynanyp-gynanyp gitdi. Senem dolanaýmadyň-da wagtynda – diýip, çaý içip oturan gyzlaryň biri dillendi.
Gülnäz eşidiler, eşidilmez ynjyly gürledi:
– Ýapdan böken ýeriň atyz. Göwnünde bolsa hoşlaşardy.
Ne ýigit gyza, ne-de gyz ýigide ýüregini açdy. Gülälek armanly bolup galdy.
Gyz ýigide ýüregini açyp bilmän, armanly bolup galdy.
Aý, howa-da namysjaň gyz ýigidiň özi dillenmese hiç wagtam dil ýarmazdy. Birden sende göwnüm ýok, diýäýse Gülnäziň ýüregi çat açar. Dagy-duwara özüni bagyşlamaz. Agyr gussa ýegşerdip barýan gyz, näderini bilmän çykalga agtardy. Boşluk...
Gyz meýdanda biri özüne lak atsa, güň ýaly bolup bada näme diýilýänini aňşyrmady. Öýde-de näme edip, näme goýanyny bilmedi. Ganym uruş kalby boşap galan gyzy uzakdan, ýakyndan görüp ýigide guwanyp ýörmekdenem mahrum etdi. Onda-da gyz hyýalynda Dawut töwereginde işläp ýören ýaly käýarym göwnüni aldady.
Bolsa-da gam-gussany ýalňyz çekeniňden köp bilen çekeniň ýagşydy. Agyr günlerde gyz daş-töweregini gurşap alan adamlardan, irmän – arman çil çekip, kätmen urup, tükeniksiz yrsgal eçilýän mähriban toprakdan kuwwat aldy.
Gülnäz dagy, Şasenemiň galasynda gowaçanyň ujuny çyrpýardylar. Üç gektarlygy oba adamlary şeýle atlandyrýardylar. Bu meýdanyň gündogar tarapy giden baýyrlykdy. Baýyrlygyň aňyrsy daga baryp direýärdi. Ýalançy ýagtylmanka, obadan saýlanan Gülnäz Şasenemiň galasyna baranda ol ýerde ynys-jynys ýokdy. Ol goş-galamlaryny bagyň düýbüne oklady-da, golaýdaky baýryň depesine çykdy. Ol üstüne labyryny atan gussadan saplanmak isläp, çagalykdan tanyş mährem ýerlere, beýikli – pesli depelere, uzakdan magallaklap görünýän daglara gözüni aýyrman nazaryny dikip oturdy. Gyzyň hyýalynda Dawut, baýyra dyrmaşyp oňa tarap ugrady. Gyz uludan demini aldy. Obadan çykan joralarynyň sesini daň şemaly gyzyň gulagyna ýetirdi. Mähriban ýerlerden kuwwat alan gyzyň aşak düşmäge hyýallananam şoldy, ýeňsesinde aýak sesini eşidip, tisginip ýerinden galdy. Ady tutulanda sesi tanady.
Gülnäz tolkynyp aşak düşen saçlaryny tahýasynyň daşy bilen kellesine orady.
Gyzyň deňine gelen ýigit müýnli gürledi.
– Gorkuzaýdym, öýdýän, Gülnäz!
– Ýok-la, diýip, Gülnäz bir hili ynjyly aýtdy-da ýigit bilen saglyk-amanlyk soraşyp, baýyrdan aşaklygyna düşüp ugrady. Gyzyň bolşundan özüniň küselmeýändigini aňan ýigit onuň gapdalyndan haýaljak ädimläp gelşine bir hata iş eden şekilde:
– Yzarlasam halamaýanyňy aňýan, Gülnäz. Gelmän bilmedim. Hoşlaşaýyn – diýdim. „Hoşlaşýanyňam barlygyna şükür” diýip, içini gepleden gyz, badyny gowşadyp ýigide tarap öwrüldi.
– Näme, senem gidýärmiň?
Nurmuhammet biriniň ýalňyz ogludy. Ejesiniň şondan başga hossary ýokdy.
– Aý, hawa, özüm arza berdim. Obada deň-duş galmady ýeke öýlüň horazy ýaly bolup ýörmäge namys edýän.
– Ejeňe kyn düşmese. Ýigit diline gelenini saklamady.
– Sen – bar-a.
Gyz eşitmedikden boldy. Ýigit muny göwnüne alman, dowam etdi:
– Sen hatyma jogap ýazarmyň, Gülnäz!
– Hatlaşyp ýörmäge zerurlyk barmy!
– Utansaň bukjanyň daşyna ejemiň adyna ýazaýaryn.
Gyz sesini çykarmady. Ýuwlup-ýuwlup sary gaçan atlaz köýnegini haýaljak öwüsýän şemaljyga pasyrdadyp, eňip barýan keýik ýaljak eýjejik gyz elinden gider gorkusy bilen ýüregi howlan ýigit bolmanda hoşlaşmak üçinem ony sähelçe saklap bilmeýänine gynandy.
– Bolmanda dostlugyň hatyrasyna-da ýazyp bolar-a, Gülnäz. Bir synpda bileje okamadykmy? Seň hatlaryň meni gyzyl oduň içinden diri alyp çykar, şuňa ynanaý sen. Ýeňiş bilen dolanyp gelerin.
Ýigit öz kalbynda gyza aýtmaly, hasap edip ýören zatlaryny-da duýdurdy!
– Käýarym wagt tapyp, ejem janyň ýanyna-da aýlanarsyň diýip umyt edýärin, muny oňararsyň. Özüň bilýänsiň ol eklenje mätäç däl, mähre mätäç.
Nurmuhammediň ejesi Güller daýza obada pagtaçylyk brigadasynyň brigadiridi. Ol berk bedenli armazak, ýadamazak, gelinlere gaýra dur diýýän syratly aýaldy. Onuň entek ak sepmedik tokmak ýaly saçlary bilindenem aşakda ýatyrdy. Ol juda mylaýym nurana aýaldy. Gürlände-de edil dilinden bal damyp duran ýalydy. Ýylyň-ýylynda pagtadan ýokary hasyl alyp, ýurtda tanalýan gaýratly aýaldy. Güller daýzanyň Nurmuhammetden başga perzendi ýokdy. Nurmuhammet onuň ýeke dikrarydy. Adamsy bolsa Nurmuhammet bäş ýaşyndaka ýurduny täzeläpdi.
– Ejem hossarsyz däl, ýöne her kimiň öz ýeri bar. Onuň seni nähili eý görýänini saňa düşündirip oturmagymyň hajaty ýok. Menem yzymda bir mährem maşgalanyň ejem jany penalaýandygyny duýup gideýin.Ýigidiň sözlerini gulagynyň duşundan geçirip diňlemeýän ýaly bolup, tüweleýläp barýan gyz bolşundan utanyp ädimini haýallatdy. Onýança-da baýyrdan aşak düşdiler.
Gyz ýigidiň aýak çekenini duýup, yzyna gaňrylypdy. Gurşundan guýlan ýaly berk bedenli, çaksyz syratly ýigidiň ejesiniňkä meňzäp duran owadan ala gözleri bu gezek göni Gülnäze gönükdi. Ol nazar Gülnäzden ýakymly söze garaşdy. Näme üçindir Gülnäziň ýigidiň bolup durşuna nebsi agyryp bir hili bokurdagy doldy. Gyz gürlände sesi sandyrap çykdy:
– Sen alada etme, Nurmuhammet. Güller daýzam ýalňyz bolmaz, sag-aman baryp, ýeňiş bilen dolanyp gel.
Öýlän her näçe çytraşsa-da Gülnäziň işläp ynjalygy bolmady. Goýbermejek bolýan brigadirden zordan rugsat alyp, işden irräk gaýtdy. Ol baýryň etegine ýetende, Nurmuhammet henizem şol goýup gaýdan ýerinde duran ýaly, ol tarapa gözüni aýlady. Özi bolmasa-da, hyýalynda ýigidiň mähirden püre-pür gözleri hoş söze garaşyp balkyldady durdy.
Gyz öýe gelip özüni biynjalyk duýdy. Ýüregi içine sygman, duýgulary baş bermän, onuň sebäbini-de bilmän, oda düşen kebelek ýaly urundy. Birden-birdenem ol özüni bir gymmatly zadyny ýitirip, onam tapman ýören ýaly duýdy.
Daş-töwereginden delalat isledi. Emma hersi bir sorag berip, alyp-ýolup barýan jigileri ony ýadatdy. Eli işe barman daşaryk çykdy. Ýene Nurmuhammediň intizar nazary ony yzarlady. Mende adamçylygam galmandyr, üstlerinden geçip gaýdyp, bolmanda Güller daýza „Nurmuhammet sag-aman gelsinem” diýmändirin. Göwün edendir. Içini gepleden gyz, sen-men ýok öýdäkilere-de hiç zat diýmän Güller daýzalara eňdi. Barsa gapylary gulply. Öňküje keýpine-de sogan dograldy. Gyz otludan galan ýolagçy ýaly bolup, olaryň gapysynda irikgä bolup durdy. Goňşulary Gülnäzi uzakdan görüp, Güller daýzanyň ogluny ugratmaga gidendigini aýtdy. Nurmuhammet ýowşanlykdan fronta ugraýarmyş.
Gyz ýüzjagazyny sallap gelen yzyna tarap gaýtdy. Emma öýlerine aýagy çekmedi. Ýene Nurmuhammediň sesi gulagyna geldi. „Sen maňa hat ýazarmyň Gülnäz! Seniň hatlaryň maňa güýç berer. Seň üçin ol bir kyn zat däl-ä”.
Öýleriniň deňinde gyz kürtdirip durdy. Ýeri, sen „ýazaryn” diýäýeniňde begenjinden onuň ýüregi çat açaýarmydy. Ýa ol senden başarmajak zadyňy talap etdimi. Ol ilerki oba görme-görşe ýa toýa gidenok ahyryn? Ol uzak ýola söweşe, gyzyl oduň içine barýar. Adamda näme göwün bar.
Ulugyz ýowşanlyga gidiberse il oňlarmyka? Gyz öz soragyna özi jogap berdi. Il bendäň gybata eli degýärmi? Gülnäz ýigitleriň arasy bilen fronta gidipdir diýselerem geňlän tapylmaz. Ýene ýatlamalar... „Sabyrly bolup, umytly ýaşamak, adamy maksadyna ýetirýärmiş, Gülnäz, sen şuňa ynanýarmyň? Ynangyn özüm-ä ynanýaryn. Nesip bolsa ýeňiş bilen dolanyp gelerin. Garşylarmyň...
Gülnäz ýaşyp barýan güne seretdi. Seretdi-de bir aýgyda gelip, ýeňläp ýowşanlyga tarap ýelik ýasady. Demir ýol menziline golaý, giden meýdany tutup ýatan ýowşanlyk obadan gaty daş däldi.
Gülnäziň öýme ýaglygy günbatardan birden-birden batly, birdenem haýallap öwüsýän şemala pasyrdap keýpden çykdy. Tokmak ýaly saçlary iki ýana galgap hallan atyp ganata öwrüldi. Gyzyň daşyndan seretseň ol ýöräp däl-de, ylla diýersiň uçup barýan ýalydy.
Gülnäz ylgawyny ýazdyrman, ýowşanlyga ýetdi. Ol ýere ýygnanan märekeden ýaňa ýokaryk top oklasaň ýere düşjek däldi. Biri-biri bilen hoşlaşýan kim, Gülnäz ýaly alakjap kimdir birini gözleýän kim. Adamlar gaýda-gaýmalaşykdy. Gülnäz haýsy tarapa, nirä ýörejegini bilmän, märekäniň çetinde kürtdirip durdy. Ol goş haltalaryny eginlerinden asyşyp duran ýigitleri galagop halda gözden geçirdi. Edil häzirki ýagdaýda ol Nurmuhammede pete-pet geläýende oňa näme diýjeginem bilmeýärdi. Adamyň tebigatynyň geňdigini. Gyz märekäniň içine özüni urdy, hem çekinip, hem alňasap, demi-demine ýetmän çar tarapa ýorutdy.
Otly zoguldap gara tütün goýberip, gelip durdy. Gülnäz demi-demine ýetmän sojady. Özünü igeledi. „Ýeri öň adam bolanlygyňda şu görgüleri görjekmi? sowulaýmalydyň-a olara: Gykylyk, gowur, gaýda-gaýmalaşyk hasam artdy. Ugramakçy bolýanlary gallap, olaryň ýanlaryna hossarlaryny goýbermejek bolýan esgerleriň ýagdaýam kyndy. Bir ýerini saklasalar, adamlar başga bir ýerden böwsüp geçýärdi. Birden märekäniň arasynda Gülnäziň Güller daýza gözi düşdi. Ol ogly bilen gürleşip durdy. Gülnäz adamlary itekleşdirip, ýykylyp-sürşüp olara tarap eňdi. Golaýladygyça demi-demine ýetmän sojady. Onýança Güller daýza gyzy gördi. Gördi-de, ýüzi ýagtyldy. Gülnäz olara golaýlaşdygyça demini dürsemäge çalyşdy. Güller daýza gyzy gujaklady.
– Wah, kim bilen hoşlaşmaga geldiň balajygym.
Güller daýzanyň soragyna jogap bermedi-de gyz çalaja başyny galdyryp Nurmuhammediň ýüzüne seretdi. Nurmuhammet bada düşündi. Ol tolgunyp, Gülnäziň didaryndan doýman ýuwaşja dillendi:
– Sen üýtgeşik, Gülnäz.
Bu sözler sadady. Emma olar gursagy ýaryp çykypdy.
Ýigidi dünýäde oňa iň ýakyn adamlar watan goragyna ýola saldylar. Gyz yhlasyndan kuwwat tapyp, güýji goşalanan ýigit ýeňiş bilen dolanyp geljegine ynanyp – ynanyp gitdi.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Hekaýalar