22:20 Howp mifi | |
HOWP MIFI
Publisistika
Üns merkezine NATO düşdi. Geliñ onda köne depderleriñ gatyny açalyñ: Ikinji jahan urşundan soñ Sowet Soýuzy 22 million 403 müñ km² meýdany bilen dünýäniñ iñ uly ýurdydy. Resmi taryhymyzyñ aýtmagyna görä, Sowet Soýuzy bize şeýle diýenmiş: - Karsy, Ardahany bize beriñ! Tekrarlap ýazýaryn: meýdany 22 million 403 müñ km² bolan SSSR aýdyşlaryndan 14 müñ km² bolan kiçijik Karsa we Ardahana tiñkesini dikipdi! Hany diýýäñiz-ä: syýasy, harby, ykdysady, sosial-medeni taýdan, ýagny, geosyýasy taýdan bu ýerler diýseñ möhüm! Olam ýok... Galyberse-de, Türkiýe SSSR-i özüne howp hasaplamaýandygy üçin uruşdan soñ araçäkdäki goşunyny dessine Erzuruma çekdi. Sowet Soýuzy Türkiýäni özünden daşlaşdyrjak şeýlekin möhüm strategik ýalñyşlygy goýberip bilermi? Duruñ entek, hamana, başga talaplary-da barmyş: - Bosfor bogazynda baza gurmak isleýärlerdi. - "Hökümetiñ düzümine çepçileri-de alyñ" diýýärlerdi! Ýeri, bu talaplar boýunça resmi beýanat, nota, hat we ş.m. barmydy? Ýok. Diñe şol döwrüñ Türkiýäniñ SSSR-däki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Selim Sarperiñ Ankara ugradan maglumatnamasy bar. SSSR-iñ Daşary işler ministri W.Molotow 1945-njy ýyldaky özara duşuşygynda Sarpere bulary aýdanmyş. Ýagny aslynda Molotowyñ şeýle diýendigini Sarper aýdýar! Şol Selim Sarper Moskwadan soñ BMG-da we NATO-da Türkiýäniñ hemişelik wekili bolup işledi. Yzyndan Daşary işler ministri boldy! Gürrüñimize dolanyp geler bolsam: Çyndanam... Çerçilliñ "diplomatiýanyñ ussady" diýip uly baha beren Molotowy bulary agzap biljek ýalñyşlygy goýberdimikä? • HOWP MYŞ-MYŞY Prezident Ismet Inönü harby gullukçylar bilen geçiren duşuşygynda "olar ýalam gorkuly zat ýokdugyny" we "mobilizasiýa yglan etmäge hajat ýokdugyny" aýtdy. Jelal Baýar, Fewzi Çakmak ýaly tejribeli syýasatçylar, harby gullukçylar "sowet howpunyñ" boş myş-myşlardan ybaratdygyny aýtdylar. Olar Azat-edijilik urşy döwründe SSSR-iñ eden kömegini we onuñ yzysüre birek-birek üstüne çozmazlyk ýaly ikitaraplaýyn şertnamanyñ baglaşylandygyny, dowam edip duran oñyn gatnaşyklary gowy bilýärdiler... Premýer-ministr Şükrü Saraçogly 1945-nji ýylyñ 11-nji maýynda şeýle diýdi: "- Azmy tükenmedik halk ogullary halkyñ ýene bir ogly bolan Staliniñ töwereginde jemlenip, onuñ çuññur paýhasy we ýolbaşçylygy astynda ähli arlaryny birin-birin ýerine saldylar..." Uzatmaýyn: Işiñ özeni diñe Molotowyñ eden "teklibidimi"? Howp hakykatdanam diñe "myş-myşmydy"? Bu jedelleriñ gowry häzirem ýatanok... Şol döwür "kommunizm howpy" habarlary ilki ýewropa metbugatynda, yzyndan türk gazetlerinde ýer aldy! Hemmesiniñ gozgaýan gürrüñi birmeñzeşdi: "sowet howpy" we "1945-nji ýylyñ garabasmasydy". 1945-nji ýylyñ 4-nji dekabrynda "sowet howpy" gürrüñiniñ ýalandygyny ýazan "Tan" gazeti antikommunist ýaşlar tarapyndan talandy. SSSR-iñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sergeý Winogradow bu zatlaryñ bolup geçýän wagtynda sowet eserleriniñ ýok edilmesine berk çäre görülmegini isledi. Moskwa hem seresaply dil ulandy. Sowet Soýuzy şeýlekin howp abandyrýan bolsa şeýdermidi? Soñky belligimi goşaýyn: • MYŞ-MYŞYÑ NETIJELERI SSSR şol döwür - 1946-njy ýylyñ 8-nji awgustynda ABŞ-na, Angliýa we Türkiýä Montro şertnamasynyñ Garadeñiz bilen çäkleşýän ýurtlaryñ peýdasyna täzeden gözden geçirilmeginiñ gerekdigini resmi taýdan mälim etdi. Onuñ çäkleri üýtgetmek, ýer almak ýaly talaby ýokdy! Netijede: Ýewropa we türk habar beriş serişdeleri arkaly çişirilen "sowet howpunyñ" üstünden ýöredilen psihologiki uruş ýurduñ ýazgydyny gepsiz-gürrüñsiz Günbatara baglady we yzyndan Türkiýe NATO-nyñ agzasy boldy! "Täze Türkiýe" guruldy... Aradan nijeme ýyllar geçdi: Meniñ pikirimçe Türkiýe "Sowuk uruşyñ" ýeñilen ýurtlaryndan boldy! Biz henizem şu ajy hakykat bilen ýüzleşip bilemzok. Hötjetlik bilen propogandanyñ miwesi bolan resmi taryhyñ ýalan-ýaşryklaryny gaýtalap ýörüs. Anyk deliller bar ýogsa. Mysal üçin: "Watany böleklejek sowet howpy" we "kommunist hyzmatdaşlar" gorkusyny hemişe üns merkezinde saklan NATO "Gladio" ýaly kontrgerilla tipli gizlin toparlaryñ eli bilen "sagçy-çepçi" diýip, ýurduñ ýaşlarynyñ biri-birini gyrmaklaryny gurnady! Bugün… Erdoganyñ, Bahçeliniñ berk NATO nägileligine "biziñ çepçi mähellämiz" burunlaryny towlaýar! Haýp, kompaslary indi teoriýany görkezmän, tribuna tarapdarlygyny edip başladylar! Ukraina-Russiýa urşy öwrülişik sepgidi - täze uly lagerleşmegiñ simwoly. Türkiýe ilki Ikinji jahan urşunda bolşy ýaly aktiw tarapsyzlyk syýasatyny ýöretdi. Yzyndan... Häkimiýete şärikdeşler Erdogan-Bahçeli NATO çykyşyny etdi. Bu bolsa ýurdy kyn kararlar almaga äkiderli görünýär. Dünýäde lagerler, ýaranlyklar täzeden gurulýar, Türkiýäniñ ýeri, pakty nirede bolarka? "Sabyn köpürjigi" meselelerini bir ýana taşlap, häkimiýetinden oppozisiýasyna çenli bu düýpli meseleleriñ üstünde kelle durlaýjy çekişmeleri etmelidiris. Ýogsam bolmasa 1945-nji ýyldaky ýaly myş-myşlara aldanma howpumyz ýokary! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |