12:40 Hülgent | |
HÜLGENT
Goşgular
![]() Özgede duýlanda señrik ýygyrtjak Bir meýil ot saldy gyzgyn damara Utanjak däl... Utanmadym şol günem Deñeşdirseñ barabar bir ömüre duýgulañ yzyna düşen dessime Hyrydarlañ hemmesinden öñürtjek boldum-da gyp berdim hyýal atyma, Döndüm duruberdim erksiz çomara. Düşmeýşimi... häzire çen geñ görýän Onuñ adaty däl hyýalatyna... Ýogsa başbermezek erkime garşy Göreşipdim, göreşýärdim ýene-de göreşjekdim soñky demime çenli... Çünki men doglamda esger ahwetin, Çekinemok birem darkaş gurmaga! A men nädip sag elimi çekgäme Ýetirdim-de... huzurynda ses-üýnsiz Utanmadym dik gönelip durmaga?!.. Äşgär bolsa birden bu hülgentligim, Gapym bolmaz dalda gözläp barmaga Ýene onuñ zerli syýyny ogşap Sülük barmaklarna ýüzüm sürmäge Bararyn... barybir, barmaly gagşap... Taýýar bolsa demir donly nökerne Bir kürüşge mähir suwun bermäge! 09.10.2023 ý. Aşgabat. Has TÜRKMEN. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||