23:07 Hydyr Derýaýew: "Etmişim näme?" | |
HYDYR DERỶAỶEW: “ETMIŞIM NÄME?”
Taryhy makalalar
Hormatly okyjy, eger okan bolsaň, şu ýylyň iýul sanynda (№7) “Sowet edebiýaty” žurnalynda 1937-nji ýylda ýazyjy Hydyr Derýaýewiň “hаlk duşmаnу” hökmünde tutulyşy barada ýazypdym. Şo ýazgyda şaýatlardan we günäkärlenýän H.Derýaýewden edilen soraglaryň protokoly hem okyjylaryň dykgatyna hödürlenipdi. Şonda TSSR NKWD-siniň üçlüginiň karary esasynda 10 ýyllyk möhlet bilen tussag edilen H.Derýaýewiň 1939-njy ýylda SSSR Prokurorynyň adyna ýazan şikaýaty hem çap edilipdi. H.Derýaýewiň tutulyşyna degişli bar bolan materiallaryň ählisini žurnal makalasyna ýerleşdirmek mümkinçiligi bolmansoň, o materiallaryň diňe 1937-nji ýyla degişlisi okyjylara hödürlenipdi. Şondan soň şo makalany okan adamlaryň, tanyş-bilişleriň birnäçesi H.Derýaýewiň tutulyşyna dahylly galan materiallary hem okyjylara hödürlemelidigini aýtdylar. Men hem şolaryň belliklerini nazarda tutup, şo tema dolanyp gelmegi göwnemakul tapdym. Materiallar bilen tanyş bolup otyrkaň, Hydyr Derýaýewiň örän täsin ykbalyna, onuň her bir zada özüniň berk garaýşynyň bolandygyna anyk göz ýetirýärsiň. Ölüm ýa-da ömür ýaly aýgytlaýjy pursatyň öňünde öz garaýyşlaryndan dänmändir. Ýekeje mysal, onuň baryp-ha otuzynjy ýyllaryň başynda türkmen döwlet dili meselesine garaýşyny alyp göreliň. Ol ilkinjileriň biri bolup döwlet diline garaýşyny aýan edipdir. Şu günüň nukdaý nazaryndan seredip göreliň, onuň bu baradaky nazarýeti edil häzirki syýasat bilen pugta baglanyşýandyr. Onuň “hаlk duşmаny” hökmünde basylmagynyň bir sebäbi hem H.Derýaýewiň türkmen döwlet dili hakda aýdan sagdyn pikiridi. Şeýle pikiri üçin hem ol tä tutulýança yzarlanylýar. Onuň her bir “üýtgeşik” hereketi, aýdan sözi, makalalarydyr kitaplarynda ýazan her bir jümlesi hasaba alynýar. Bu aýdanlarymyza subutnama hökmünde bir mysala ýüzleneliň. Hojamyrat Baýlyýew bilen Hydyr Derýaýewiň “Ýewropalylar üçin türkmen dilinden iş kitaby” gadagan edilýär. Kitabyň “kemter taraplaryna” syýasy äheň berlipdir. Bu ylmy derňewi okap, ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Kitapda goýberen “säwlikleri” hakda awtorlar “Şuralar Türkmenistany” gazetine hat ýazypdyrlar. Bu hatyň awtorlaryň öz inisiatiwasy bilen ýazylandygyna asla ynanasyň gelmeýär. Öz “ýalňyşlyklaryny” boýun alýan adam hökmünde olar haty mejbury ýagdaýda ýazan bolmaly. Awtorlar öz “ýalňyşlyklary” barada şeýle ýazýarlar. Ony biz dolulygyna okyjylara hödürlemegi makul bildik. 1.”Oba şähere näme berýär” atly hekaýatda” ...Daýhanlar özlerinden galan artykmaç zatlary şähere berýär” diýlip ýazyldy. Emma biz onda kolhoz-sowhozlar, kontraktasiýalar hakda kelam agyz söz ýazmandyrys. 2. “Türkmenistanyň suw hojalygy” atly hekaýatyň 78-nji sahypasynda “Suwsuz ýerlerde pagta, galla we beýleki medeni ösümlikler ösmeýär” diýlip ýazyldy. Emma biz düme ýerlerde-de ekin ekilýändigi hakda ýaznagy unudypdyrys. 3..”Türkmenistanyň medeni zologynda” (86 sah.) – pagta ekilýän ýerler hökmünde Merw we Baýramaly raýonlaryny agzap, beýleki pagta ekýän raýonlary agzamandyrys. Ýogsam, onuň şeýledigi hemme adama mälim. 4. “Oba hojalygynda” (111 sah.) – “Kolhoza giren daýhanlar öz mallaryny umumylaşdyrýarlar” diýilýär. Emma häzirki wagtda beýle zat ýok. Has takygy, häzire çenli ähli kolhozlar öz mallaryny umumylaşdyranoklar. 5. “Hünärmençilik senagaty” bölüminde (125 sah.) “Ruslar Türkmenistana 45-50 ýyl mundan ozal geldiler” diýilýär. Emma makalada rus imperializminiň Türkmenistany basyp alandygyny hökman görkezmeli ekenik. Biz onuň tersine, hatda proletariaty hem aýyl-saýyl etmän, ruslaryň ählisini goşupdyrys. 6. “Meret aganyň hekaýaty” atly bölümde “...Zawod-fabrikleriň eýeleri türkmenler däl-de, başga milletleriň wekilleridi” diýlip ýazylan. Bu Türkmenistanda baýlaryň ýoklugyny tassyklaýar. Ýöne Türkmenistanda azam bolsa, zawod-fabrikleriň hojaýynlary bardy. Baýlar bolsa şol hojalyklary goldaýardylar. Bu uly syýasy ýalňyşlyk. Biz bu hekaýatda “baýam ýok, süýthoram” diýip ýazmak bilen uly ýalňyşlyga ýol beripdiris. Çünki biz olary heniz düýp-teýkary bilen ýok edemzok. Baýlar ýok diýmek – synpy göreşiň ýoklugyny tassyklaýar. Hakykatda bolsa synpy göreş – baýlary synpy taýdan ýok etmek göreşi dowam edýär. Kitapda başga-da ýalňyşlyklaryň bolmagy ähtimal. Şonuň üçinem şol säwlikleri tapan ýoldaşlara sag bol aýdýarys”. Gürrüň şunuň bilen tamamlanaýmaýar. Degişli ýerlerde şol “säwliklere” syýasy öwüşgin çaýylýar. “Säwlikleriň” derňewi edilen sprawka meniň elimde. Gyzyklanma döreder niýet bilen ony okyjylaryň dykgatyna hödürleýärin. Bu “säwlikler” hakda, ine, şeýle netijä gelinýär. “Ýalňyş düzedijiler birinji säwlik barada “Biz kolhoz-sowhozlar, kontraktasiýalar hakda kelam agyz söz ýazmandyrys” diýip görkezýärler. Bu syýasy şowakörlükler. Haçan-da sosializm gurluşygy döwründe hemme zadyň planly ösýän wagtynda, olar oba hojalygyny plansyz goýjak bolýarlar. Daýhan özünde artyk-süýşük zat tapsa, goý, şähere bersin, eger bolmasa, bermese-de bolýar diýip görkezýärler. 2. “...Türkmenistanda ýer köp, ýöne suw örän az, şonuň üçinem köp ýerler özleşdirilmeýär, suwsuz ýerlerde bolsa pagta-da, galla-da, beýleki medeni ösümlikler-de bitenok” diýip ýazýarlar. Olar muny düzeden bolup, ýazylan zatlary doly mysal getirenoklar-da, onuň bir bölejigini alýarlar. Şeýle hem ýazgyda ýok zady – düme ýerlerde-de ekin ekilýär – diýip goşan bolýarlar. Haçan-da biz uly güýç sarp edip, ekine ýaramly ýerleriň möçberini giňeldýän wagtymyz, olar düme ýerleri hasaba alanoklar. Tersine, düme ýerlerde ekiniň möçberini giňeltmezlige ýol berýärler. Mundan başga-da “Türkmenkultuň” ekspedisiýasynyň “Garagumy suw bilen üýtgetmek bolanok. Suw bilen üýtgetseň, onuň tebigy görnüşi zaýalanar, tebigy kanunalaýyklygy ýiter” diýip gelen netijeleri bilen doly ylalaşýarlar. Şeýdibem olar göwnüçökgünlige we opurylyşyga ýüz urýarlar. 3. “Kolhoza giren daýhanlar öz mallaryny umumylaşdyrýarlar” diýen pikirlerini düzediş, “häzire çenli hemme kolhozlarda mallar umumylaşdyrylanok” diýip ýazýarlar. Eger olar birinji gezek ýalňyş ýazan bolsalar, düzedişleri ondanam ýalňyş. Birinji gezek olar Sowet kanunynda ýok düzgünleri görkezýärler. Ýöne kanunda kolhozlardaky işçi mallary umumylaşdyrmaga ýol berýär. Eger olaryň ýazyşyna gulak salsaň, onda ol kommunany ýadyňa salýar. 4. “Işçiler düşünýärler” atly bölümde (80 sah.) – “Indi işçiler oýandylar. Işçiler kapitalistleri ýok edýärler. Dünýä kapitalistleri indi uzak ýaşamaz. Kapitalistleriň dünýäsi ýykylar, onuň deregine başga bir dünýä, proletariatlaryň dünýäsi dörär. Işçiler we zähmetkeşler, sosializm gurýan daýhanlar, geliň, how!” diýip ýazýarlar. Düzüjiler şeýle ýazmak bilen näme diýmekçi boldular? Eger olar SSR Soýuzyny göz öňünde tutup ýazan bolsalar, onda olaryň bu ýazan zady 15 ýyl mundan öň amala aşdy. Eger-de başga döwletleri göz öňünde tutýan bolsalar, onda näme üçin ähli mysallary sosializm gurýan Sowet häkimiýetinden alýarlar? Olaryň maksady okyjylaryň düşünmezleri ýaly, ähli zady garjaşdyrmak. 5. “Oba daýhanlary kulaklardyr işanlara, mollalara garşy göreş alyp barýarlar. 1917-nji ýylda işçiler we daýhanlar patyşany agdardylar. Patyşa ýykylandan soň, onuň deregine ownuk baýlar, fabrikantlar geldiler. Döwleti bolsa olaryň syýasy serdarlary Kerenskiý dolandyrdy” (97 sah.) diýip ýazýarlar.kitabyň awtorlary fewral rewolýusiýasyndan soň häkimiýetiň ownuk buržuaziýanyň eline geçenligini ýazyp, Kerenskiý şol buržuaziýanyň syýasy serdary boldy diýip maliýe we senagat kapitalistleriniň hökümdarlyk edendiklerini duşlaryndan geçirip goýberýärler: awtorlar proletariata garşy beýleki syýasy partiýalaryň we buržuaziýanyň göreşini unudyp, ony belli bir adamyň üstüne ýükleýärler. Şunlukda awtorlar onuň haýsy synpa gulluk edendigini aýdyňlaşdyrmaýarlar. Bir söz bilen aýdanyňda ähli mesele bulaşdyrylýar. 6. “Haly esasy hünärmençilik önümleriň biridir. Ýöne onuň önümçiligine üns berenoklar. Haly häzire çenli köne gurallarda dokalýar” diýip ýazýarlar. Görnüşi ýaly, ýazyjylar Sowet häkimiýetiniň 15 ýylyň içinde halynyň hilini ýokarlandyrmak barada alyp baran işleriniň baryny püçege çykarýarlar... 7. Olar “Meret aganyň hekaýatyny” duşlaryndan geçirip, ýene-de bir gezek syýasy taýdan şowakördüklerini subut edýärler. “Biz bir gezek ak sakgally, ýetmiş ýaşly Meret aganyň ýanyna bardyk. Ol bize pagta hakda gürrüň berdi: “Siz ýaş ýigitler, indi kolhozda işleýäňiz. Ýöne siz pagtanyň ekilişi barada bilýäňizmi? Oruslaryň Türkmenistana gelen 45-50 ýylyndan bäri pagtaň ekilişi hakda men köp zat bilýän. Pagta ozallaram ekilýärdi. Orus gelen soň pagtaň hilem gowulaşdy... Öňler pagta baýlardyr zawod-fabrikleriň hojaýynlary tarapyndan daýhanlardan satyn alynýardy. Zawod-fabrik eýeleri başga milletlerdendi. Olar türkmen baýlarynyň üsti bilen köp baýlyk topladylar.... Olaryň ikisem zähmetkeş daýhanlaryň duşmanydy, olar daýhanlaryň ganyny sordular. Indi baýlaram ýok, ganhorlaram. Zähmetkeşleriň döwleti bar, indi kolhozlar we sowhozlar gurulýar. Baýlar ýok bolsun! Ganhorlar ýok bolsun! Ýaşasyn zähmetkeşleriň döwleti, ýaşasyn kolhozy!..” Kitabyň awtorlary şu hekaýanyň üsti bilen rus imperalizmi Türkmenistany basyp aalmak bilen pagta ekmäge mejbur etdi, bu ugurda öňe gidişlik gazandy diýip görkezmekçi bolup, Sowet häkimiýetiniň bu babatda eden zady ýok diýmekçi bolýarlar. Eger şeýle bolmaýan bolsa, onda olar Sowet döwründe pagtaçylygyň ösdürilişiniň uly depgini, gurulýan zawod-fabrikler, sosialistik sektor hakynda ýazýardylar.galyberse-de, olar milli meselede bulaşdyrýarlar – ruslaryň ählisini fabrik eýelerini, işçileri we daýhanlary imperialist hökmünde görkezýärler. Olar milletçiler hökmünde synpy bölünişige kembaha garaýarlar. Bu meselä milletçileriň nukdaý nazaryndan garap ýazýarlar. Olar baýlar ýok diýmek bilen, dowam edýän synpy göreşi inkär edýärler. Synpy göreşi gizlemek arkaly hem baýlara hemaýat edýärler, olaryň bolmagyny isleýärler. Şeýle hem Türkmenistanda tütjar baýlaryň ýoklugyny inkär edip, gödek ýalňyşlyklar goýberýärler. Goýberilen syýasy bulam- bujarlyklary göz öňünde tutmak bilen, bu kitap biziň maksatlarymyza düýbünden ýatdyr, syýasy taýdan zyýanlydyr”. Ine, Hydyr Derýaýewiň H.Baýlyýew bilen ýazan kitabynyň “ylmy” derňewi şeýle. Ýaňy H.Derýaýew özüniň nähak basylandygyny öz işine gaýtadan seredilmegini sorap Moskwa arz edendigini ýaňzydypdyk. Ine, şondan soň aradan ep-esli wagt geçirip, döwlet howpsuzlygy gullugynyň sülçüleri H.Derýaýewiň işi bilen baglanyşykly öňki şaýatlardan täzeden sorag edýärler. Soň dürli ýyllarda bu iş bilen bagly şaýatlardan sorag etmeleriň protokollaryny H.Derýaýewiň ömrüniň pajygaly döwrüniň “ak tegmilini” aýyl-saýyl etmäge nepi deger niýeti bilen bolşy-bolşy ýaly okyjylara hödürleýärin. Soragyň protokoly: 1941-nji ýylyň 2-nji aprel güni men, ýagny TSSR DHK-nyň derňew bölüminiň sülçüsi, döwlet howpsuzlygynyň seržanty Semençenko graždanin K-ny şaýat hökmünde sorag etdim. Şaýada galp maglumatlar berse, TSSR JK-niň 73-nji maddasy bilen jogapkärçilige çekiljekdigi duýduryldy. Sorag: Hydyr Derýaýewi tanaýaňyzmy? Jogap: Hydyr Derýaýewi men 1932-nji ýyldan1 onuň tussag edilen gününe – 1937-nji ýyla çenli tanaýan. Aşgabadyň türkmen pedinstitutynyň mugallymy bolup işledi. Men 1931-nji ýyldan 1934-nji ýyla şol institutyň studentidim. Ol bize häzirki zaman türkmen dilinden sapak berdi. 1934-nji ýylda instituty tamamladym, oňat okanlygym üçin meni institutda işe alyp galdylar. Derýaýew bilen men onuň tussag edilen gününe çenli bile işledik. Sorag: Siz onuň sosial gelip çykyşy hakda nämeler bilýäňiz? Jogap: Sosial gelip çykyşyna näbelet. Sorag: Hydyr Derýaýewiň syýasy garaýyşlary nämeden ybaratdy? Jogap: Pedinstitutda okaýan döwürlerim institutyň mugallymy, ol häzirem institutda işleýär, dosent B. (biz onuň bilen ýoldaş hökmünde gowy gatnaşykdadyk) maňa Derýaýew hakda şu zatlary gürrüň berdi: Hydyr Derýaýew Daşkentde SAGU1 okaýan döwürleri Bäşim Torumow, Garahanow we beýleki milletçiler bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Gizlinlikde milletçilikli edebiýatlary ürç edip okady. Muny men hut öz gözüm bilenem gördüm. Bir gezek onuň öýüne baramda studentleriň birnäçesi kitap okap oturan ekenler. Olar meni gören batlaryna kitaby gizlemek bilen boldular. Meniň hut özüm ony milletçi hökmünde häsiýetlendirýän. Muňa mysal getirip biljek: Hydyr Derýaýew mugallym hökmünde sapak wagty ýa-da ondan daşarda tireparazlyk edýär. Bir tiräniň wekillerini gowy görýär, beýleki bir tiräniň wekillerini ala tutýar. Çärjew topar raýonlarynda ýaşaýan ärsary tiresinden bolan adamlaryň üstünden gülüp, erbet baha goýýar, tekeleri bolsa arşa göterýär. Teke edebi diliň özenidir diýýär. Şunlukda iki taýpanyň wekilleriniň arasynda oňuşmazlyk emele gelýär. Sorag: Onuň institutyň pedagogy hökmünde dil we edebiýat meýdanynda kontrrewolýusion milletçilikli işleri hakda anyk mysallar getirip biljekmi? Jogap: Onuň kontrrewolýusion milletçilikli işleri şundan ybaratdy: haýsy ýyldygy ýadymda däl. Ýöne onuň mugallym bolup işleýän wagty respublikan metbugatda makala bilen çykyş etdi. Makalaň ady ýadyma düşenok. Ýöne mazmuny dil gurluşygy hakyndady. Özem şo makalasynda ol türkmen dili Oktýabr rewolýusiýasyndan öň emele geldi, ýagny türkmen döwlet dili Oktýabr rewolýusiýasyndanam öň bardy. Şeýle ýazmak bilen Derýaýew milletçilikli pikiri öňe sürdi diýip netijä gelýän. Ol Oktýabr rewolýusiýasynyň roluny, milli respublikalary we bir bütewi edebi dili. Sowet häkimiýetiniň döredenligini inkär edýär. Ikinji mysal. Derýaýew “Kommunistlar magaryfy” žurnalynyň 1932-nji ýylyň 19-20-nji sanlarynda çap edilen makalasynda özüni milletçi hökmünde has-da aýdyň edýär. Bu žurnalda ol “Köne türkmen edebi dili” diýen makala bilen çykyş edip, diňe garaşsyz döwlet bolup, ykdysadyýetem, apparatdaky syýasatam bir elde jemlenende diňe bir dil ulanylan ýagdaýynda edebi dili gazanyp bolar diýip ýazdy. Onuň başga kontrewolýusion milletçilikli işleri häzir ýadyma düşenok. Ýöne 1937-nji ýylda TSSR NKWD-siniň organlary Derýaýewiň kontrewolýusion işleri hakda sorag edipdiler. Şol görkezmelerimde men onuň kontrrewolýusion işleri hakda anyk mysallar getiripdim. Häzirem şol görkezmelerimi doly tassyklaýaryn. Meniň adymdan ýazylanlar dogry. Soragyň protokollaryny okadym, aşagyna golumy goýýaryn. Gol. Soragyň protokoly: 1941-nji ýylyň 5-nji aprel güni men – TSSR Döwlet howpsuzlygy komitetiniň derňew bölüminiň sülçüsi, döwlet howpsuzlygynyň seržanty Semçenko graždanin S-ni şaýat hökmünde sorag etdim. Şaýat galp maglumatlar berse, TSSR JK-nyň 73-nji maddasy bilen jogapkärçilige çekiljekdigi duýduryldy. Sorag: Siz Hydyr Derýaýewi tanaýarmysyňyz? Jogap: Hydyr Derýaýewi men 1932-nji ýyldan bäri tanaýaryn. Birnäçe gezek iş salyşdyk. Men birnäçe ýola onuň öýünde boldum, ol birnäçe ýola meň öýümde boldy. Ýygnaklarda zatda bile bolundy. Ol TPI-de (Türkmen pedagogiki institut – A.Ç.) türkmen dili mugallymy bolup işleýärdi. Men bolsam Komwuzda türkmen dili mugallymydym. Soň Döwlet neşirýatynda işledim. Onuň türkmen dili hakdaky okuw kitaplaryna redaktorlyk etdim. 1936-njy ýylyň ortalarynda täze elipbiýe geçmek hakdaky komitetde işledim. Derýaýew bolsa Dil we edebiýat institutynda işleýärdi. Biziň işimiz täze elipbiý bilen berk baglanyşyklydy. 1937-nji ýylda TSSR Döwlet howpsuzlygy gullugy tarapyndan Derýaýew tussag edildi. Şondan 20-25 gün öň TPI-niň dil we edebiýat fakultetinde studentleriňem gatnaşmagynda Derýaýewi milletçi hökmünde ara alyp maslahatlaşyldy we ol institutdan işden kowuldy. Sorag: Hydyr Derýaýewiň dil we edebiýat meýdanynda hem-de TPI-niň mugallymy hökmünde kontrrewolýusion milletçilikli işleriniň anyk mysallaryny bilýäňizmi? Jogap: 1932-nji ýylda “Kommunistler magaryfy” žurnalynyň 19-20-nji sanlarynda köne türkmen edebi dili bilen baglanyşykly sözbaşy bilen Derýaýewiň makalasy çap edildi. Ol makalasynda “Edebi dile nähili düşünmeli?” diýip ýazdy... Makala çykandan soň men edebi dile milletçilikli garaýşyň bardygyny bada-bat duýdum. Şonuň üçinem 1932-nji ýylda Derýaýewiň makalasynyň garşysyna tankydy makala bilen çykyş etdim. Derýaýewiň edebiýatda öz milletçilikli propagandasyny ornaşdyrmakçy bolandygy hakdaky pikirimi häzirem tassyklaýan. Derýaýew şo makalasyny ýazanda “Kommunistler magaryfy” žurnalynyň jogapkär redaktory Esen Soltannyýazowdy. Ol 1937-nji ýylda TSSR Içeri işler halk komissarlygynyň organlary tarapyndan tussag edildi. Mundan başga-da Derýaýewiň milletçilikli garaýyşlary 1936-njy ýylda-da belli boldy. Birinji lingwistik gurultaýdan soň, onuň rezolýusiýasyny redaktirlemek Derýaýewe tabşyryldy. Ol redaktor döwründe birgiden syýasy we milletçilikli ýalňyşlyklara ýol berdi. Bu babatda häzir anyk mysallar ýadymda ýok. Ýöne onuň redaktorlyk işi syýasy taýdan yrgalygy sebäpli püçege çykaryldy. Rezolýusiýanyň metbugatda 6 aý giç çykmagyna sebäp boldy. Tussag edilmezinden öň Derýaýew “Ganly penjede” ady bilen türkmen dilinde roman ýazdy. Kitap doly çap edilip çykarylandan soň Glawlit ony biderek zat hökmünde saklap, satuwa çykartmady. Sorag: Başga nähili görkezme berip biljek? Jogap: Başga zat aýdyp biljek däl. Meniň adymdan ýazylan sözler dogry, okap, gol çekdim. Gol. 50974-nji nomerli arhiw-derňew işiniň zaklýuçeniýesi: Hydyr Derýaýew 1929-njy ýylda Daşkentde okaýarka milletçiler bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, bilelikde kontrrewolýusion işleri alyp barandygy, soň Aşgabatda pedinstitutda işlän wagty edebiýatda we praktiki işinde milletçilikli wagyz-nesihatyny alyp baranlygy üçin 1937-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistan SSR-niň NKWD-siniň üçlüginiň karary bilen günäkärlenildi. 1936-njy ýylda lingwistik gurultaýyň kararlaryny redaktirlände milletçi-kontrrewolýusion häsiýetdäki ýalňyşlyklary bilgeşleýin öňe sürdi. Şeýlelik bilen ol kararlaryň öz wagtynda çap edilmegine göz-görtele päsgelçilik berdi. Milletçileriň paş edilýän wagty ol aç-açan olary gorap çykyş etdi. Ine, şulara laýyklykda Derýaýew zähmet-düzediş lagerinde jezasyny çekmek bilen 10 ýyl möhlet bilen tussag edildi. Derýaýew SSSR Prokurorynyň adyna iberen şikaýatynda özüniň hiç haçan milletçi bolmandygyny, nähak basylandygyny, işlän döwründe goýberen ýalňyşlyklarynyň bolsa tejribesizliginiň, geleňsizliginiň netijesidigini, ýalňyşlyklaryň bilgeşleýin däldigi, şonuň üçinem onuň işine gaýtadan seredilmelidigini ýazypdyr. TSSR Prokuraturasynyň 1940-njy ýylyň 4-nji dekabryndaky zaklýuçeniýesine görä, Derýaýewiň işiniň derňewiniň doly däldigi nazarda tutulyp, ol täzeden derňewe iberildi. Gaýtadan edilen derňewiň gidişinde 1941-nji ýylyň 2-nji aprelinde şaýatlaryň birinden sorag edilende ol 1937-nji ýylda Derýaýew bilen baglanyşykly beren maglumatyny tassyklady. 1941-nji ýylyň 5-nji dekabrynda täze sorag edilen şaýat bolsa 1932-nji ýylda Derýaýewiň makalasynyň kontrrerwolýusion milletçilik häsiýeti we 1936-njy ýylda birinji lingwistik gurultaýyň kararlaryny redaktirlände Derýaýewiň goýberen syýasy ýalňyşlyklary hakda görkezme berdi. SSSR NKWD-siniň we Prokurorynyň 1941-nji ýylyň 2-nji iýulyndaky 7834-nji görkezmesiniň esasynda 1941-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda onuň şikaýatyna gaýtadan seretmek bes edildi. Derýaýewiň işine – onuň eden şikaýatyna görä 1942-nji ýylyň 29-njy aprelinde TSSR Prokuraturasynyň karary bilen ýaňadan seredilip (şikaýat deloda ýok), şikaýat kanagatlanarsyz galdyryldy. 1955-nji ýylyň 18-nji martynda TSSR-iň Prokurorynyň orunbasary Derýaýewiň işini goşmaça derňemek üçin TSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Döwlet howpsuzlygy komitetine iberdi. Derňewiň gidişinde ýaňadan sorag edilen şaýatlar 1937-nji ýylda beren maglumatlaryny tassykladylar... Ýokarda aýdylanlaryň esasynda Hasap edýärin: Derýaýew Hydyr 1937-nji ýylda TSSR NKWD-siniň öňki üçlügi tarapyndan dogry basylypdyr, onuň işine täzeden seretmäge esas ýok, şikaýatyny kanagatlandyrmaga degişli däl. TSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky DHK-nyň derňew bölüminiň uly sülçüsi maýor Lebedew. Soragyň protokoly: Şaýat K. 1955-nji ýylyň 30-njy apreli. Aşgabat ş. (Şaýadyň, terjimehalyna degişli maglumatlar deloda bar). Başlandy 9 sag. 20 m. Gutardy – 15 sag. 15 min. Sorag: Hydyr Derýaýewi tanaýaňyzmy? Jogap: Hydyr Derýaýewi men tanaýardym. Sorag: Derýaýew hakda nämeler bilýäňiz? Jogap: Derýaýewiň özi Mary oblastyndan... Ol tutulmazyndan öň pedinstitutynyň dosenti B-wa özüniň Derýaýew bilen OADU-da (Orta Aziýa döwlet uniwersiteti – A.Ç.) okandygyny, Derýaýewiň Tumailowyň ýolbaşçylyk edýän troskiçi toparyna girendigini, başga-da bu topara Aman Kulynyň, Atajanow Merediň, Bugurçy Taýymowyň, Bäşim Torumowyň hem girendigini aýdypdy. Men bu adamlary tanamok. Ol adamlar hakda diňe B-dan eşitdim. Olaryň soňky ykbaly we ýaşaýan ýerleri maňa belli däl. Ýaňky adamlaryň, şol sanda Derýaýewiň milletçilige ýugrulan kitaplary, tropkiçileriň eserlerini okandyklaryny, Bakaýewiň, Zinowýewiň, Ýewdokimowyň gollary bilen ýoldaş Staline garşy ýazylan hatlary işläp geçendiklerini öz gözleri bilen görendigini B-wa maňa aýdypdy. Şeýle hem ol maňa Derýaýewiň soň milletçi hökmünde basylan Berdiýew bilen örän golaý gatnaşyk edendigini hem gürrüň beripdi. Ýokarda aýdylan zatlary men B-wadan eşitdim... Sorag: Derýaýewiň OADU-da okan döwri troskiçi topara goşulandygyny başga kim tassyklap biler? Jogap: Men muny B-wadan eşidenligimi öňem aýdypdym. Ýöne muny tassyklajak başga bir adamyň adyny tutup biljek däl. Protokoly okadym, meniň adymdan ýazylan sözler dogry. Gol. SPRAWKA: B-wa M.I. tatarka, 1908-nji ýylda Buhara şäherinde doglan. SSKP çleni, ýokary bilimli. 1937-nji ýylda Türkmenistan SSR NKWD-si tarapyndan Jenaýat kodeksiniň 58-6, 58-7, 58-11 maddalary bilen tussag edilýär. 1938-nji ýylda aklanylýar. 1955-nji ýylda Moskwada ýaşaýar. Moskwa uniwersitetiniň SSSR halklarynyň edebiýatynyň kafedra müdiri. Soragyň protokoly: 1955-nji ýylyň 12-nji maýy. Başlanan wagty 11 sag. 50 min. – gutaran wagty 13 sag. 50 min. Sorag: Size Derýaýew Hydyr tanyşmy? Jogap: Hawa, tanyş. Sorag: Derýaýew bilen tanyşlygyňyz we onuň bilen gatnaşyklaryňyz hakda aýdyň. Jogap: 1925-nji we 1929-njy ýyllar aralygynda men Daşkendiň Orta Aziýa döwlet uniwersitetinde gündogar fakultetiniň Eýran bölüminde okadym. Soňky kursda okap ýörkäm, uniwersitetiň gündogar fakultetiniň türk bölüminiň studenti Derýaýew bilen tanyşdyk. Ady we atasynyň ady ýadyma düşenok. Nähili ýagdaýda tanşanlygymyz hem häzir hakydamda däl. Biz bir-birimiz bilen student hökmünde tanyşdyk. Uniwersiteti tamamlanymdan soň men Moskwa gaýtdym. Aspiranturada okadym. Şo döwürde men Derýaýewe duşmadym. Ikilenç gezek men onuň bilen 1935-nji ýylda Aşgabatda duşupdym şo wagta çenli men aspiranturany tamamlap, dil we edebiýat ylmy-barlag institutynyň direktory bolup işleýärdim. Şol bir wagtyň özünde men täze elipbiý boýunça Merkezi Komitetiň (megerem, Guramaçylyk komitetiniňdir – A.Ç.) başlygydym. 1935-nji ýylda Derýaýew Aşgabat pedinstitutynda işleýän eken. Aşgabatda biz onuň bilen birinji lingwistik gurultaýa taýýarlyk görmek we ony geçirmek baradaky çäreler işläp düzülende görüşýärdik. Sorag: Derýaýew lingwistik gurultaýa taýýarlyk görmäge nähili gatnaşdy? Jogap: Derýaýewe türkmen dilinde punktasiýa düzgünleriniň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy. Mundan başga-da Derýaýew beýleki ýoldaşlar bilen sintaksisi işläp düzmäge gatnaşdy. Ýalňyşmasam, Derýaýewi bize Aşgabat pedinstitutynyň professory Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiý hödürläpdi. 1949-njy ýylyň (1948-nji ýyl – A.Ç.) ýer titremesinde Poseluýewskiý wepat boldy. Gurultaýyň öňüsyrasynda metbugatda Derýaýewiň punktasiýa boýunça düzen taslamasy çap boldy. Gurultaýda ol bu taslama dogrusynda doklad bilen çykyş etdi. Mundan başga-da Derýaýew gurultaýyň öň ýanynda-da, gurultaý günlerem diliň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşdy. Sorag: Derýaýew gurultaýy taýýarlamakda we ony geçirmekde özüni nähili alyp bardy? Jogap: Men haçan-da Türkmenistana işe gelemde, spesialist hökmünde üns beren zadym – edebi dil bilen gepleýiş diliniň arasyndaky ara tapawut boldy. Bir gezek men bu hakda professor Poseluýewskiden soranymda, ol muny şeýle düşündirdi: birinji jahan urşundan soň ýesir düşen türk ofiserleriniň köpüsi Türkmenistanda ýaşamaga galýar. Türkmenistanda Sowet häkimiýeti berkarar edilenden soň, olaryň köpüsine birentek ugurlarda, aýratynam dil we edebiýat ugrunda işlemek başardypdyr. Ozalky türk ofiserleri türkmen edebi dili we osman-türk diliniň elementlerini ornaşdyrmak baradaky syýasaty ýöredipdirler. Türkmen edebi diliniň gepleýiş dilden çürt-kesik tapawudynyň esasy sebäbini şeýle düşündirmek bolar. 1935-nji ýylda men “Turkmeniskaýa iskra” gazetine makala ýazyp, türkmen edebi diliniň orfografik we terminologik ýagdaýyny täzeden garamak meselesini öňe sürdüm. Makala çap bolup çykandan soň, meni Türkmenistan K(b)P MK çagyrdylar. O ýerde men Plenumda doklad bilen çykyş etdim. Plenum türkmen dil gurluşygynda belli bir tertibi ýöretmek üçin lingwistik gurultaýy çagyrmak hakynda karar kabul etdi. Gurultaýa taýýarlyk görülýän döwürde iki pikir ýüze çykdy. Birinji pikiri öňe sürýänler orfografiýany we sintaksisi düýbünden täzelemeli diýseler, beýleki birleri türkmen edebi diline berk ornaşan normalary saklamaly diýýärdiler. Derýaýew türkmen edebi diline köne normalary saklamaly diýýänleriň tarapynda boldy. Onuň bu garaýşy punktuasiýa düzgünleriniň we sintaksisiň taslamasynda hem öz beýanyny tapdy. Gurultaýyň öňinçäsi taslama ara alnyp maslahatlaşylanda Derýaýew taslamany täzeden işlemeli diýip çykyş etdi. Derýaýew girizilen teklipleri nazara alyp, gurultaýa taslamanyň düzedilen görnüşini hödürledi... Sorag: Beki Berdiýew Derýaýew bilen hat alyşýarmyka? Jogap: Maňa Derýaýewiň Beki Berdiýewden bir gezek hat alandygy mälim. Muny maňa Derýaýew aýdypdy. Sorag: Derýaýew Berdiýewden hat alandan soň Size näme gürrüň berdi? Jogap: Näme gürrüň bereni doly ýadyma düşenok. Ýöne Derýaýewiň Berdiýewiň tutulyşy hakda ýüregi awap gürrüň berşi ýadymda. Sorag: 1937-nji ýylda Derýaýew bilen baglanyşykly Sizden sorag edipmidiler? Jogap: Hawa, sorag edipdiler. Sorag: 1937-nji ýylyň 14-nji noýabrynda soragda Derýaýew bilen baglanyşykly maglumatlaryňyzy tassyklaýarmysyňyz? Jogap: 1937-nji ýyldaky soragda aýdan zatlarymy esasan tassyklaýaryn. Şo soragyň protokolynda Derýaýewiň Berdiýewden hat alandygy hakdaky fakt bolmaly. Bu hakykatdanam şeýle. Häzir bu fakt barada doly gürrüň berip biljek däl. Şeýle hem şo soragda men Derýaýewiň gurultaýyň öň ýanynda özüni alyp barşy hakda maglumat beripdim. O maglumaty men häzirem tassyklaýaryn. Ýadyma düşýär, Derýaýew gurultaýyň öňüsyrasy “Sowet Türkmenistany” gazetinde makala bilen çykyş edip, diliň köne formalaryny gorady. 1937-nji ýylyň soragynyň protokolynda gurultaýdan soň Derýaýew Sähedowyň1 ýanyna çagyrylyşy hem-de meniň Sähedow bilen Derýaýew hakdaky gürrüňlerim bolmaly. Muny men doly ýadyma salyp bilemok, ýöne bu hakda öz beren maglumatlarymdan kes-kelläm ýüz öwremok. 1937-nji ýylyň soragynda Derýaýewiň gurultaýyň rezolýusyýasyny redaktirlemäge gatnaşandygy, şo bir halatda-da bilgeşleýin syýasy we ylmy ýalňyşlyklary goýberendigi görkezilipdi. Bu hakda men häzir doly güwä geçip biljek däl, çünki Derýaýewiň gurultaýyň rezolýusyýasyny redaktirlemek işine gatnaşygynyň nämeden ybaratdygyny doly ýadyma salyp bilemok. Sorag: Aýdylanlara ýene nämeler goşmakçy? Jogap: 1937-nji ýyldaky soragyň protokolynda Beki Berdiýew bilen baglanyşykly Derýaýewiň aýdan şeýle sözleri bar: “Beki Berdiýew ýaly ýerli milletden bolan şeýle akylly, zehinli, ylymly adamlary uzak demirgazyga kowup, ähli işlerden gyrakladýarlar”. Elbetde, häzir men Derýaýewiň aýdan şo wagtky bu hakda aýdan zady sözme-söz ýadymda däl. Ýöne onuň mazmuny şeýleräkdi. Meniň adymdan ýazylan sözler dogry, protokoly okadym. Gol. Sorag eden: Döwlet howpsuzlygy komitetiniň Moskwa oblast uprawleniýesiniň derňew bölüminiň sülçüsi, leýtenant Uşakow. * * * Hydyr Derýaýewiň soňky ykbaly özüňe mälim, hormatly okyjy. Başga 10 ýyllyk möhlet bilen zähmet-düzediş lagerine iberilen “halk duşmany” Hydyr Derýaýewe ýigrimi ýyldan soň Aşgabada dolanyp gelmek miýesser etdi. “Ykbal” romany onuň adyny bütin Soýuza mälim etdi. Ýetmişinji ýyllaryň ahyrynda ol bir gezek şo döwürde meniň işleýän “Edebiýat we sungat” gazetime geldi. Ýeke özüm kabinetimde işläp otyrdym. Men onuň bilen gadyrly salamlaşdym. (Ýalňyşmasam, megerem, ol şo wagtlar TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi). Ozal ýaşulyny men ýygnaklarda zatda görýärdim. Hiç haçan ýüzbe-ýüz oturyp gürleşmändik. Hal-ahwal soraşdyrdy, ondan-mundan gürrüň etdik. Şonda men Hydyr agadan otuz ýedinji ýylda ýygnalan “Ganly penjede” atly kitabynyň nädip saklanyp galandygyny soradym. Ol maňa “Bir gezek Ýakup Nasyrla duşdum. “Hydyr alada etme. Kitabyň bir ekzemplýary mende. Ol şunça ýyllap aşhanasynda örülip goýlan kitaplaryň iň aşagynda meniň kitabymy gizläp saklan ekeni” diýdi. Hydyr aganyň doglan gününiň 75 ýyllygy bellenende men telewideniýede edebi-drama gepleşikler redaksiýasynda baş redaktor bolup işleýärdim. Ýubileý gepleşigi taýýarlananda ony öz öýünde surata düşürdik. Özüniň okamagynda ýigriminji ýyllarda ýazan Amyderýa hakdaky poemasyndan bölek okatdyk. Men şondan soň Hydyr aga bilen ikiçäk gabat gelişmedim. Ýöne onuň surata düşürilen ýazgysyny hem-de mehaniki ýazgysyny öz arhiwimde aýawly saklap ýörün. Allaýar ÇÜRIÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 22.11.1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |