IKI DOST / täzeden işlenen erteki
Gadym zamanlarda ogry hem örän hilegär bir tilki bar eken. Obadaky keteklere girip towuklaryň, horazlaryň baryny ogurlap iýeni üçin, onuň indi oba barmaga ýüzi ýok eken.Baraýanda-da obanyň itleri ony gören batlaryna düýt-müýt etjek bolşup: “Şol ogry tilki bir şu jelegaýlara geläýsedi“ diýip, dişlerini gyjaşyp ýörenmişler. Bu gep ogruja tilkiniň özüniňem gulagyna degenmiş. Şonuň üçin ol her näçe ajygyp, içi eljuk diýse-de oba tarap seretmegem islemändir.
Şol hilegär tilki bir gün içi aw agtaryp ýörkä, bir gün ogrynja ýodajygyň üstünde ýatan goýun ullakan guýrugynyň üsünden barypdyr. Ol bu guýrugyň gapdalyna baryp, gultunyp, agzyndan gyllygyny akdyryp, tiňkesini dikip oturşyna:v“Özüň-ä bir hiläň bolmasa, sen bu ýerde ýatmal-a dälsiň“ diýip oýlanypdyr. Derrewem: “Bu guýrugyň astynda hökman gapan ýatan bolmaly“ diýip samrapdyr. Şonda-da aç tilkijik guýrugy taşlap gidip bilmändir. Ony ele salmagyň telim ýoluny agtarypdyr. Onuň içi bolsa, açlykdan ýaňa eljuk diýýän ekeni.
Şol oýlanyp oturşyna, tlkiniň ýadyna ýegre dosty möjek düşüpdir. Onuň diýýän möjegi hem edil tilkiniň özi ýaly açgöz, ogry, kelasaň eken. Ol nebsi üçin özüni oda urmaga-da taýýarmyşyn.
Hilegär tilki iýere bir lukmajyk gözläp, güni bilen biderek kaňkap ýören möjek „dostuny“ tapypdyr. Möjek juda aç hem nebisjeň bolansoň, tilkini görüp gaty begenipdir. Içinden“Ine, saňňa taýýarja aw!“ diýip oýlanypdyr-da, tilkiniň daşynda aýlanyp başlapdyr.
Tilki muny bada-bat duýupdyr-da:
- Möjek dost, sen näme hyýala münüp ýörsüň? - diýip gyssanyp sorapdyr. Onda möjek:
- Wah, Tilki jan, dostum, men telim gün bari agzyma bir lukma zat atamok. Men açlykdan halys ölüp barýan. Sen maňa dostluk kömegini et. Gel, men seni iýeýin - diýipdir.
Hilegär tilkijik möjegiň özüni hökman iýjegine berk ynanypdyr-da, bada-bat:
- Dost jan, sen meni iýme. Men seniň ajyganyňy bilip, hol gizlinje ýerde goýnuň semizje guýrugyny ýygşyryp goýdum. Ýöri, basymrak bol, şoňa gideli - diýipdir.
Möjek razy bolup, tilkidenem öňe düşüp ylgap başlapdyr. Tilki öz dostuny guýrugyň ýatan ýerne eltip, ony görkezipdir-de,, özem bir gyra çekilip duruberipdir. Möjek guýrugy görüp, özüni saklap bilmän, guýrugyň üstüne zyňypdyr. Barybam gurulgy duran gapana jaýdar düşüpdir.
Möjegiň badyna honda zyňylan guýrugy bolsa tilki alypdyr-da, iki üzüp bir ýalmapdyr.
Muny gören möjek bolsa janhowluna:
- Tilki jan, dostum, men indi näderin, sen öz dostuňy ne günleresaldyň? - diýip aglapdyr. Onda hilegärje tilki:
- Bir emmasy bolmasa munda ýagly guýrugyň ýatmajagy barada öň oýlanmaly ekeniň, möjek dostum, indimen saňa men nädip kömek edeýin - diýip, gürüm-jürüm bolupdyr.
20.08.1999 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Ertekiler