14:15 Iki goşgy | |
DOGRULYK HAKDA GOŞGY
Goşgular
Bapba Gökleň pahyryň ruhuna degsin Bu durmuşda dogry ýaşa, Aýagyňam basma egri. Suwlary batly akdyrýar Egri gazlan ýaplaň ugry. Ýöne şunam oýlan bir dem, Sen asla suw dälsiň adam. Ataň bilinden syzylan, Bir damja suw wagtyňda-hem, Hatda ene garnynda hem, Dop-dogry bolmalysyň sen. Bagly däl ýagdaýlar saňa, Sen adam bolmaly diňe Dogry ýaşa, egri bolma, Egri basma ädimlerňem. Bilýäňmi dogrylyk näme? Dogrulyk ol adamlygyň. Özüň ýaly adamlaryň, Ýaşap ýörseň ädin ýakman. Bu zat bolmalydyr hökman, Iru-giç dogry bolarsyň. Ajalyň agzyndan sypman, Bur gün-ä dogry gelersiň. Dogry bol agyr-da bolsa, Kyn bolmaz gabyrda bolsaň Ýaşajak bolup gör dogry, Ömri geçirme bipeýän. Hiç bolman ýat edip gabry, Dogry ädimle birmeýdan. Durmuşda dogry bolmasaň, Görde-hä dogurlanarsyň. 28.02.2021 ý. • KYRK BIR ÝAŞ Şahyr, dostum Guwanç Sapara “Kyrk bolduň-pyrk bolduň” bir gelşiksiz gep, Kyrk müň gezek eşdendirin kyrka çen. Sen nä bilýäň, belki-de men Lukman dek, Dört müň dört ýüz ýaşandyryn gör haçan. Düşünmän dünýäniň oýun-çynyna, Käte gan agladym, kä ser sämese. Alaýyn şuny-da boýunjygyma, Hak söz üçin depdiler ýeňsäme-de. Kyrka nädip ýetenmizem bilmedik, Ýaşadymmy ýa-da ýaşamadym haýp? Gezip ýörüs göge zyňlan alma dek, Zemine düşýänçä ýa pelek diýip. Kyrk ýaşa çen kyrk garakçy mysaly, Meni söýenleriň köňlün taladym. Bu gün öz-özüme diýýän mysapyr, Indi beri bet tamaňy tala daň! A kyrkbirden weli eýmeniberýän, Ol göýä gazaply kyrkbirinji ýyl. Kalpda jeň turuzyp eý nurbat-aman, Kyrk bir diýseň sandyraýar injigim. Şol mawy köýnekli magşuk geljek däl, Bilmesem-de arzuw tükendi-ä diýip, Men düşündim indi ýaşap boljak däl, Kyrk bolmasa kyrk bir eken-dä diýip. Sylapberdi MUHAMOW. 2021 iýun. Gorjaw obasy. | |
|
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Söýgi / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |