00:58 Imperator kimiñ bähbidini aradyka? | |
IMPERATOR KIMIŇ BÄHBIDINI ARADYKA?
Taryhy makalalar
Agalyk ediji ideologiýa taryh ylmyny öz bähbidi üçin üçin ulanmakçy bolanda galplyk başlanýar. Imperiýanyň bähbidini gulluk eden kommunistik ideologiýa SSSR-iň düzümindäki halklaryň taryhynyň aýry-aýry sahypalaryny öz islegine görä düşündirmekçi boldy. Hakykat ýoýuldy. Şu ýagdaýda ol taryh bolman, aç-açan syýasata öwrülýärdi. Türkmenistanyň Rossiýa birikdirilmegini meýletin bolan hadysa hökmünde görkeziljek bolundy. Watan üçin janyny gurban edenleriň atlary unudyldy, ýadygärlikleri basgylandy. Hatda XVIII asyryň başynda bolup geçen wakalara-da başga reňk berildi. Biziň gürrüňimiz Hojanepesden başlanýar. Türkmen sowet ensiklopediýasyndan ýazgy: “Belli türknen täjiri Hojanepes 1713-nji ýylda Maňgyşlak söwdagärleriniň bir topary bilen Astrahana barýar we şol ýerde knýaz Zamanow (ady Zaman-bek özi Gilýanda doglan eýranly täjir. 18-nji asyrda Astrahana göçüp barýar, baýlygyny saklajak bolup, hristian dinini kabul edýär, soňra knýaz bolýar) bilen duşuşýar, oňa Russiýanyň imperatory Pýotr I-niň huzuryna baryp, döwlet ähmiýetli bir iş bilen maslahatlaşmak isleýändigini habar berýär. Zamanow Hojanepesiň arkasyndan öz bäh- bidini arap, ony Sankt-Peterburga alyp gidýär we Pýotr I-niň ýakyn adamy bolan gwardiýa poruçigi A.Bekowiç-Çerkasskiniň üsti bilen Hojanepesiň patyşa tarapyndan kabul edilmegini gazanýar. Pýotr I Hojanepesi 1714-nji ýylyň ýazynda kabul edýär. Hojanepes oňa Bu- hara hanlygynda, Amyderýa boýunda çägeden altyn alynýandygyny, derýanyň geçmişde Kaspi deňzine guýandygy, Hywa hanynyň ony Russiýadan ätiýaç edip, Aral deňzine sowandygy barada habar ber- ýär. Duşuşygyň dowamynda Pýotr I-den Amyderýany öňki hanasyna – Uzboýa sowup Kaspi deňzine akdyrmagy haýyş edýär. Eger şeýle edilse, onda türkmenleriň Amyderýany Arala sowmak üçin galdyran gaçysynyň nirededigini görkezip, ony açyp, derýany Uzboýa sowmakda ruslara kömek berjekdigini aýdýar. Hojanapesiň altyn alynýan ýer baradaky maglumatyny Sibiriň gubernatory knýaz Gagarin bilen Hywa gelen ilçi Aşyr beg hem tassyklaýar. Sebäbi öň hem Kaspi deňziniň üsti bilen Hindistana söwda ýollaryny açmagyň aladasy edilýär ekeni. 1714-nji ýylyň 29-njy maýynda Pýotr I perman çykar- ýar, Kaspi deňziniň Gündogar kenaryny öwrener ýaly hem Amyderýa, Buhara, Hywa baradaky deslapky maglumaty ýygnamak maksady bilen A.Bekowiç-Çerkasskiniň ýolbaşçylygynda ekspedisiýa gurmagy buýruk berýär”. Türkmen sowet ensiklopediýasynda berlen şu maglumata görä Amyderýany Arala sowmak üçin gaçy galdyranlar türkmenler bolup çykýar. Türkmenler näme maksat bilen beýle etdilerkä diýen kanuny sowal döreýär. 1984-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň 60 ýyllygy bilen bagly Türkmen sowet ensiklopediýasynyň ýörite çykaran tomlugynyň taryh bölüminde: “1715-nji ýylda Pýotr I A.Bekowiç-Çerkasskiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistana ekspedisiýa ýollaýar. Öz hal- kynyň ilçisi hökmünde Sankt-Peterburga baran türkmen Hojanepes ekspedisiýanyň guralmagynda uly rol oýnaýar” diýip ýazylypdyr. Ýene sowal: tutuş bir halka wekilçilik eder ýaly Hojanepesi kim ygtyýarly etdikä? Ýokarky maglumata ynanyp aýtjak bolsaň, derýany Arala sowan türkmenler-ä oňa ygtyýarlyk berip bilmezler. Onda kimler? Bu sowala jogap ýok, bolup-da bilmez. Uzboýyň sakasyny türkmenler ýapmandy. Türkmenler ýapan bolsa ony açdyrmak maksady bilen Hojanepesiň Peterburga gidip ýörmesiniň geregi-de bolmazdy. 1984-nji çykan ensiklopediýadaky “türkmenler gaçy galdydylar” diýlip berlen nädogry fakta, baryp-ha, 18-nji asyryň başynda Orsyýetiň paýtagtynda-da ynanmazdylar. 1986-njy ýylda çykan “Pýotr I-niň ilçisi Gündogarda” (“Poslannik Pýotr I na Wostoke”) diýen kitabyň altynjy sahypasynda şeýle ýazylypdyr: “Amyderýanyň göni Kaspi deňizine guýýan golunyň bolandygyny, emma hywalylaryň, galmyklaryň (XVIII asyryň başynda Rossiýada oýrotlary, uýgurlary, gyrgyzlary galmyk atlandyrýardylar) golaýda derýany Aral deňzine sowmak üçin bent gurandyklaryny, öz mülklerini howpdan halas etmek üçin şeýdendikleri baradaky habarlar Russiýada bilinýärdi Ýa-da başgaça: Amyderýanyň iki goly bolup, biri Kaspi deňzine, beýlekisi Arala guýupdyr, hywalylar şolaryň birini bekläpdirler”. Taryhçy alym S.P.Tolstowyň pikirine görä, XVI-XVII asyrlarda türkmen taýpalarynyň Etrek-Gürgen sebitlerine uly göçüş etmeklerine esasan Amyderýanyň Arala sowulmagy bilen Derýalykda, Sarygamyşda, Uzboýda daýhançylyga amatly şertleriň gutarmagy sebäp bolupdyr. Sarygamyşa suw gelmesi XVI-XVII asyrlaryň sepgidinde doly kesilipdir. Ensiklopediýadaky makala salgylansaň, diýmek türkmenleriň özleri özlerini suwdan mahrum eden bolup çykýar-da! Üns beren bolsaňyz, şol makalada Hojanepes “Hywa hanynyň Russiýadan ätiýaç edip, derýany Aral deňzine sowandygy barada habar berýär” diýilýär. Emma rus dokumentlerinde biz bu pikire gabat gelmedik. Bu soňky ideologiýanyň emri bilen toslanan delil bolsa gerek. “Pýotr I-niň ilçisi Gündogarda” diýen kitabyň girişinde altyn alynýan ýerler bilen bagly meseler hakynda şeýle ýazylypdyr: “Şol mahal Amyderýanyň boýunda, Buharada altyn bardygy hakyndaky başga bir myş-myşam paýtagta ýetipdi. Ony Astrahana gelen Hojane- pes atly türkmen gezendesi aýdypdyr”. Üns beriň, bu taýda Hojanepes ýöne bir gezende (strannik) hökmünde atlandyrylýar. Eger halkyň wekili hökmünde giden bolsa, ol başgarak häsiýetlendirilerdi diýjek bolýan. Onsoňam, onuň halkyny bol suwa ýetirmek hakdaky arzuwy barada dokumentlerde aýdylanok-la? Ýa-da, onuň adyna ýöňkelýän arzuw soň, ideologiýanyň emri bilen dörediläýdimikä? Biz Hojanepesiň hyzmatyny peseltjek bolamzok, ýa-da, öz halkyna hemaýat bermek maksady bilen beýle daş hem hatarly ýola baş urandygyna-da şübhelenmeýäris. Bizi şübhelendirýän mesele başga. Bizi ideologiýanyň oýny gyzyklandyrýar. Ol taryhy faktlary hakyky bolşunda görkezmäge, düşündirmäge päsgel berdi diýjek bolýarys. Hamala, türkmen halkynyň bol suw hakyndaky asyrlardan gelýän arzuwyna ruslar, onuň imperatory Pýotr şol mahalam düşünipdir, ýöne Hywa hanlary, Buhara emirleri düşünmändirler, gaýta ruslaryň bu ugurdaky tagallalaryny puja çykardylar diýip, delil hökmünde Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýasynyň Şirgazy tarapyndan heläk edilişine salgylanylýardy. Gynansagam, bu taryhy hakykatyň beýany däldi. Dogry, Şirgazy hanyň ähtiýalanlyk bilen telim müň adamy ýok etdirmegini hiç bir syýasat bilen aklap bolmaz, emma düşünip bolar. Rossiýa ýaly imperiýanyň köpmüňli, atly-ýaragly otrýady üstüňe gelse, haýsy han ony gujak açyp garşylarka? Rossiýanyň Astrahany özüne birleşdirenini Şirgazy han bilýär-ä, Bekowiç- Çerkasskiniň eýýäm Kaspiniň boýunda gala saldyranyndan ol habarly ahyry! Hoşniýetli gelýän ilçi ýoluny gala bilen berkidip gelenok. Şirgazy han häkimligini, ýurduny berenden janyny bermäge taýyn. A.S.Puşkin: “Şol mahalky geografiýa maglumatlaryň nädogrulygy Bekowiçiň heläkçiliginiň baş sebäbidir” diýýär. Ýene beýik şahyryň aýtmagyna görä, Pýotr ölüm ýassygynda ýatyrka iki zat üçin ökünýändigini aýdypdyr: "Prutdaky şowsuzlyk üçin Osmanlydan, Bekowiçiň ölümi üçin Hywadan öç almadym" diýipdir. Şirgazy han tä ölinçä Pýotryň howpundan gorkupdyr, soňra Rossiýa bilen aragatnaşyk açmaga höweslidigini ilçileriň ýanynda ant içip, awy ýalap aýdypdyr. Biz bulara häkimleriň taktikasy diýip düşüneliň. Uly syýasatyň başa barmagynda bekowiçleriň müňlerçesi ölýär. Pýotr muny bilýär, sabyrlylyk görkezýär. Bekowiç üçin öç almaga onça uzak, nätanyş ülkä goşun çekmegiň hatarlydygyna gözi ýetip dur. Kem-kemden, howlukman, mazaly öwrenip, barjak ýollaryňa belet bolup, onsoň gitmeli bolar. Gidiljeginiň ujy iki däl. Orta Aziýa ýyly deňizlere, Hindistana barýan amatly ýol, Orta Aziýa altynyň, gaýry baýlyklaryň mekany, hazynasy. Pýotryň gara gaýgysy bäş sany türkmeniň ykbaly däl, uly döwletiň aladasy has uly bolmaly! Pýotryň uly maksadyny Russiýa XIX asyryň ikinji ýarymynda amal etdi. Bekowiçiň heläkçiliginden soň Pýotr başga emele geçýär. Nätanyş ülkä ilçileri, söwdagärleri ýollaýar, goý ýurdy içgin öwrensinler! Şu maksat bilen ilkinji sapar Florio Beneweni saýlap alýarlar. Onuň milleti italýan, önüp-ösen ýeri Balkanlaryň Dubrownik şäheri. Pýotryň ilçisi hökmünde 1718-1725-nji ýyllar aralygynda Eýrana, Buhara eden syýahaty döwründe gören-eşidenleri hakyndaky iberen hatlary “Pýotr I-niň ilçisi Gündogarda” atly kitapda doly çap edilipdir. Ol Bekowiç-Çerkasskiniň aýagyzy ýitmänkä bu ülkelere gidýär. Ol Pýotryň tabşyrygy boýunça nähili meseleler bilen gyzyklanmalydygyny gaty gowy bilýär. Amyderýanyň beklenen goly bilen, altyn känini saklaýan ýerler bilen juda içgin gyzyklanýar, emma türkmenleriň agyr durmuşy, olaryň suwsuz galan mekanlary ony asla gyzyklandyrmandyr. Kitabyň 132-nji sahypasyndaky aýdylan pikir ilçiniň syýahatyndan gelip çykýan maksady aýdyň edýär: [i]“Amyderýanyň köne ugry bilen akyp, Kaspi deňzine guýmagyny gazanmaly, şol ýagdaýda rus gämileri Astrahandan Hywa ýüzüp gelerler, Hywada ornaşsa bolar, soňra gapdaldaky beýleki ýerlerem rus mülküne öwürse bolar”.[/b] Ine, gördüňizmi Amyderýanyň köne ugry Pýotra näme üçin gerek ekeni! Eger onuň maksady Hojanepesiň arzuwynyň amala aşyrylmagy bolan bolsady, iň bolmanda, bir ýerde ýatlanylyp geçiläýjek ýaly-da! Biz bolsak hamala, imperator Hojanepesiň arzuwy bilen içgin gümra bolup ýören ýaly äheňde makalalar, pýessalar ýazdyk, çeper film döretdik, suratlar çekdik. Men bu meselede Pýotry ýa-da ruslary günäkärlemekden daşda durýan. Pýotr öz imperiýasynyň aladasy bilen meşgul, ony başaran adam. Rus döwletiniň berkeme- ginde ol örän uly taryhy işler etdi, nesilleriň minnetdarlygyny gazandy. Biz welin, XX asyryň ikinji ýarymynda sowet imperiýasynyň ideologiýasyna gulluk edip hem türkmen, hem rus taryhyny ýoýmaga goşant goşduk. Pýotryň niýet etmedik aladasyny onuň boýnuna dakdyk, hantama bolduk, imperatory hossar tutunmaga çalyşdyk. Şeýdibem, Garagum kanalynyň gurlany üçin Moskwa, rus halkyna bolan minnetdarlygymyzyň taryhy köklerine serediň diýdik. Biz kanalyň gurlanyna minnetdar, ýagşylygy ýatlamadygyň gözi çyksyn! Ýöne taryhy hakykaty ýoýmagyň geregi ýog-a! Taryh-taryh, ol geçen zaman, geçeni üýtgedip bolanok. Şeýdilse, wagt geçýär, onuň sepi açylýar duruberýär. Hojanepesiň Pýotryň ýanyna baran bolmagy-da halkyň agyr ýagdaýyny aýdan bolmagy-da ähtimal, ýöne imperator näme sebäbe juda daş, nätanyş ülkede pytraňňy ýaşap ýören türkmenleri aýratyn goldamalymyş? Käşgä türkmeniň döwleti bolan bolsady! Imperatora Hywa hanlygy, Buhara emirligi, Eýran döwleti aýan, türkmenleriň kimdigini welin bilenok. Iberen ilçisi Beneweni imperatora ýoldan hatlarynda türkmenler barada telim öwre ýazýar, hemmesinde diýen ýaly olary galtaman, çölde ýol urup ýören adamlar hökmünde häsiýetlendirýär. Şu äheň soňky syýahatçylaryň hem köpüsinde diýen ýaly bar. Olar aglaba türkmenleri gurşap oturan döwletleriň bize beren häsiýetlendirmesine gulak asypdyrlar. Ol döwletleriň erkinlik söýen türkmene ýaman göz bilen garandyklary taryhda hiç kime gizlin däl. Bolýar aýdaly, Pýotr türkmenlere kömek etmek islänmiş-dä, ýöne imperator hem bolsa, şol döwürde bu islegi amal edip bilmezdi, Pýotryň islegi imperiýanyň islegi bilen gabatlaşmaly. Näme üçin imperiýa bäş sany türkmeni goldajak diýip, Hywa, Buhara, Eýran ýaly döwletleriň garşysyna gitmeli? Hawa, şol döwletleriň çägine aralaşmak üçin türkmenleri ýol görkeziji edip ulansa bolar, ulanypdyrlaram. Aýdylyşyna görä, Bekowiç-Çerkasskiniň otrýadyna Hojanepesiň özi ýol görkezipdir. Munuň üçin Şirgazy hanyň gazabyna duçar bolupdyr, gaçyp ölümden başyny gutarypdyr. Geliň, Amyny köne ugruna dolamak Rossiýa başardypdyr diýeliň onuň gämileri Hywa, Buhara ondanam aňyrlara ýetipdir, Gyzylgumyň altyn känlerine aralaşypdyr diýip göz öňüne getireliň. Şeýle ýagdaýda Rossiýa öňi bilen hyzmatdaşlygy Hywa, Buhara döwletleri bilen başlardy. Olaryň garşysyna gidip, türkmenleri goldamaga döwtalap bolmazdy, döwletiň, imperiýanyň bähbidine garardy. Hywanyň, Buharanyň häkimleri bolsa, edil alkymlarynda türkmenleriň ymykly mesgen tutunmaklaryndan çekinýärdiler, şonuň üçinem Uzboýy baglapdyrlar. Eger ruslar türkmenlere hemaýat beräýen ýagdaýynda, bu döwletlere howp döredýärdi. Bu döwletler beýle syýasat bilen asla ylalaşmazdylar, Rossiýanyň täsiriniň garşysyna baş götererdiler. Bu çaknyşyk Rossiýanyň bähbidine däldi. Türkmenler ýene ellerini burunlaryna sokup galybererdi, ýene mekanlary çöl bolardy, düz bolardy. Imperiýa özüne bolmaýan halklary halamaýar. Bu gün Hywa hanyna boýun synmaýan türkmen ertir ruslaryň döwlet maşynyna-da boýun synmajak bolar. Şeýle halatda türkmenlere imperiýanyň güýjüni görkezmeli bolardy. Görkezdilerem! XIX asyryň altmyşynjy, segseninji ýyllaryny ýatlaň. Daşoguz, Ahal türkmenleriniň garşysyna aýylganç harby ekspedisiýalar muňa degerli mysal. Ýene bir pikir kelläme gelýär: eger Pýotryň tagallasy bilen Amyderýany gaýtadan Kaspi deňzine akdyrmak başardan bolsady, häzirki Doşoguz welaýaty, megerem bu gün Türkmenistanyň kartasyna girmezdi, mes toprakly Was düzlügine hyrydar köpelerdi. Edil alkymyndaky ekinzarlykda türkmenleriň arkaýyn ýaşamaklary bilen Hywa hanlary, Buhara emirleri asla razylaşmazdylar, ol ýerleri öz raýatlaryna bererdiler. Şu pikire gümra bolup oturyşyma: “Bagt-a bolmazdy welin, betbagtlyk kömek edäýdi” diýen sözi ýatladym. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |