IŇ AGYR ÝÜK
Bir zat aýan: ähli adamyň ýasalan materialy toprak! Seniňem, meniňem, onuňam asly toprak! Ol birinden uly boljak bolsaň, köpçülige kiçiligiňi äşgär edersiň. Ol birinden beýik boljak bolup göze-başa düşseň, pesligiňi görkezersiň. Beýik ärler, serdarlar, serkerdeler, danalar kiçigöwünligi, pespälligi bilen halkyň söýgüsine mynasyp bolandyrlar.
Ulumsy bolmaly däl, ýöne ulumsy bolmajak bolup, görene ýyrşaryp ýörmek hem gerek däl. Toprakdan ýasaldyňmy – toprak ýaly agras bol, toprak ýaly mährem bol, toprak ýaly hasylly bol.
Jübiňe ýüz manat düşeninde hondanbärsi bolup, ile sygmasaň, şol puldan aýrylan günüň ne hala düşersiň? Jübiňe ýüz manat düşeninde müň manatlyk ulalýan bolsaň, sen puluň adamsysyň!
Wezipe kürsüsine müneniňden töweregiňdäkilerden ulalyberseň, sen wezipe adamsysyň, iliň adamsy dälsiň. Kürsä müneňden ýer görmän ugrasaň, düşeniňde hem ýer görüp bilmersiň.
Bir gezek awam pahyr zeýrendi:
– Hut öten ýyl: «Tüweleme,ýigit kemi ýok, adamyň jany ýaly ýigit, bilimem bar, danalygam» diýip, başlyk saýlapdyk, ynha, ýaňam ony işinden aýyrdyk. Başlyk boldy-da, adamçylygyny ýitiräýdi…
Magtymguly aýtmaýarmy: «Ikiniň sylagy birin azdyrar» diýip. Sylag-hormaty, wezipäni, yrsgal-döwleti götermäge baldyr gerekdir, baldyr!
Dawut pygamber ullakan ýurduň patyşasy eken. Onuň dagyň arslany ýaly kyrk sany ogly bolupdyr. Ol bir gün ogullary bilen namaz okamaga oturanynda göwnüne şeýtan «men-menlik» salýar. Ol öwünýär: «Eý, Alla, meniň ýaly kyrk ogluna ymamlyk edip namaz okap ýören patyşa giň dünýäňde ýene barmydyr?»
Dawut pygamber namazyny tamamlap, yzyna gaňrylsa, kyrk oglunyň kyrkysam tükgerip ýatyrmyş…
Men bu rowaýaty ýazyjy ýewreý dostum Aleksandr Gowberge gürrüň berdim weli, ol gaty tolgunyp, ýewreýlerde beýle rowaýatyň ýoklugyny aýdyp, ýandepderçesidir ruçkasyny çykaryp, ýazyp aldy. Ulumsylygyň, öwünmekligiň, men-menligiň nämedigi hakda türkmende rowaýatam köp, mysal hem. «Görogly» eposynyň «Arap Reýhan» şahasynyň bir parçasyna gulak salyň. Görogly beg Arap Reýhany öldürmegiň ugruna çykýar. Ol duşmanynyň geläýjek ýerinde ýüz ýazdyryp, kyrk ýigidini awa ugradyp, Öwez jan bilen Araba garaşyp ýatyrka, meý içip, mes bolýar. Meý-mes bolan adam hem öwünýär. Eposyň beýikligem şonda. Görogly begde adama mahsus bolmadyk beýiklikler hem adama mahsus bolan peslikleriň ähsili bar.
– Nowşirwan adylam meniň ýaly adyllyk bilen ýurt soran däldir gerek?
– Rastdyr, aga.
– Hatam Taýam meniň ýaly ýurda aş-nan beren däldir gerek?!
– Rastdyr, aga.
– Hezreti Alam meniň ýaly agyp-dönüp söweş eden däldir gerek?!
– Haý, haý! Gatyrak gitdiň, aga!
– Öwez jan, gatyrak giden bolsam, kyrklaryň kyrk ýapynjasy bilen meni basyr. Men derläp aýňalmasam, asyl aýňalmaryn…
Görogly beg gollary arkasyna gaňrylyp daňlansoň aýňalýar. Görogly beg öwüneni zerarly, ölümden ýeser muşakgatlara sezewar bolýar. Bu bize ata-babalarymyzyň sapagydyr.
Türkmen halkynyň eposlarynda, dessanlarynda, nusgawyy poeziýasynda «men-menlik» iň ýaramaz häsiýet hökmünde ýepbeklenýär. «Men-menligi» Taňrynyň halamaýandygy hakynda taryhda örän pajygaly bir hakykat hem bar. Beýik seljuk soltany – imperatory Alp Arslan 1072-nji ýylda Jeýhun derýasynyň köprüsinden geçip, ýüz müň ýygyny bilen Tamgajyň hökümdary Şems El-Mülküň üstüne ýörişe ugraýar. Onuň maksady Samarkandy syndyrmak. Şol ýörişde onuň ýanyna bir duşmany alyp gelýärler. Ol galany goraýjylaryň biri eken. Alp Arslan meýdan ýörişi çadyrynyň tagtynda oturan ýerinden höküm edýär:
– Dört sany gazyk dikip, el-aýagyny baglap, jezalandyryň!
Jezalandyrylmaly duşman Ýusup al-Hwarazmy Alp Arslana garap batyrlyk bilen:
– Eý, haýyn! Heý, är ýigidem şeýle öldürerlermi! – diýip, soltana topulýar. Soltan oturan ýerinden ok-ýaýyny alyp, özüne tarap ok bolup gelýän Ýusupdan atýar. Ömründe oky boş geçmeýän soltanyň oky boş geçýär. Soltan gazap bilen turup, duşmana tarap ylganynda çadyryň ýüpüne aýagy çolaşyp ýykylýar. Özüni ýer saýýan Ýusup al-Hwarazmy ýerde ýüzin ýatan soltany pyçaklaýar. Onuň begleriniň birini hem hanjardan geçirýär. Şol mahal soltanyň ermeni ferraşy (Ýatýan düşeklerine serenjam berýän) gürzi bilen Ýusubyň depesine berýär. Ýusup ölýär. Soltan agyr ýaralanýar. Soltan ölümini duşmandan görmeýär, özünden görýär. Ol:
– Men Allahyma daýanman, hiç bir duşmanyň, hiç bir kişiniň garşysyna iş etmezdim. Düýn men bir beýik depä çykyp, agyr goşunymdan ýaňa gara ýeriň endiräp durşundan hoş bolup: «Men – zeminiň eýesi, meniň garşyma çykyp biljek hiç bir güýç ýok!» diýip öwünäýipdirin. Men Allanyň ýanynda küpür gepläpdirin, bu iş şonuň netijesi!» diýipdir.
Her kim öz ornunda duranynda beýik bolýar! Dellek dellek ornunda, häkim häkim ornunda, daýhan daýhan ornunda. Kim bolsaň bol, özüňi tanamaly, il hem seni seniň tanaýşyň ýaly, bilşiň ýaly bilmeli. Pul bilen, wezipe bilen beýik bolýan kişileriň beýikligi wagtlaýyndyr.
«Baýlyk, wezipe, pul ýaman» diýen adam akmakdyr!
Pul doganyň etmedik ýagşylygyny eder!
Wezipe iliň ýetmedik beýikligine ýetirip biler!
Ýöne pula mynasyp bolmaly, wezipä mynasyp bolmaly!
Iň agyr ýük – pul, baýlyk.
Iň agyr ýük – wezipe.
Iň agyr ýük – baýlygy, wezipäni, iliň sylag-hormatyny göterinip bilmezlik! Göterinip bilýän kişi maksat-myradyna ýeter, abraýly ýaşar!
Toprakdan ýasalan ynsan topraga gaýdyp barýar. Toprakdan ýasalan ynsan toprak ýaly mährem, toprak ýaly agras, toprak ýaly bereketli bolup ýaşasyn, ynha, şonda ol topraga gaýdyp baranynda, toprak bilen garyşyp gider!
Osman ÖDE.
Edebi makalalar