17:39 Informatika ýaryşynda yza galan iki läheñ: Germaniýa we Ýaponiýa | |
INFORMATIKA ÝARYŞYNDA YZA GALAN IKI LÄHEÑ: GERMANIÝA we ÝAPONIÝA
Publisistika
Segseninji ýyllarda dünýäde ylym-bilimde we tehnologiýada onlarça ýurduñ arasyndan syrylyp öñe saýlanan, hataryñ başyny çeken iki ýurt bardy. Ikisi-de parlak ýyldyz ýaly lowurdap, daş-töweregine ýalkym saçýardy. Bularyñ biri günbatardaky Germaniýa, beýlekisi-de gündogardaky Ýaponiýady. Adamlar ýüzünde "Made in Germany" ("Germaniýada öndürilen") ýa-da "Made in Japan" ("Ýaponiýada öndürilen") ýazgyly harytlaryñ hili babatda hiç hili ikirjiñlenmän, gözüni dañsañam eliniñ uran ýerinden alyp bilýärdi. Şu günki ýaly ýadymda: Owganystanda ýetmişinji ýyllaryñ ahyrynda mülkümizde mal-garalarymyza seredýän talabanymyz bardy. Onuñ iñ uly arzuwy - aýdym-saz diñlär ýaly magnitofon almakdy, mallary örüde otlap ýörkä magnitofonda aýdyp diñläp, gök çaýyñ keýpini göresi gelýärdi. Ulanylyp ýörlen magnitofon almak üçin birnäçe aýlap aýlygyny üýşürip, bir gün köne magnitofony goltugyna gysyp gelipdi. Okap-ýazyp bilmeýändigi üçin aljak magnitofonyny maña görkezip: - Seret, şunuñ yzynda "Made in Japan" diýip ýazgy barmy? - diýip sorapdy. Şol wagt men bäşinji klasda okaýardym we iñlis dili sapagyna täze başlapdym, hernäme-de bolsa, latyn harplaryny okap biljek derejede öwrenmäge ýetişipdim. Seretdim, dogrudanam magnitofonyñ yzynda "Made in Japan" ýazgysy bardy. Men ondan "näme üçin beý diýdiñ?" diýsem, "Sen entek çaga, bilýän dälsiñ, ýapon harytlary ýokary hilli bolýar, şonuñ üçin onuñ ulanylyp ýörlen könesini alsañam, birnäçe ýyla çekýär, döwülmeýär" diýipdi. Talabanyñ aýdan sözüne şol wagt kän düşünmesemem, ýyllar geçdigisaýy owgan daglarynda çopançylyk edip ýören bisowat adama deñiç şeýle ynamy berendigi üçin Ýaponiýa we ýapon halkyna ýürekden guwanmagy öwrenipdim. Şondan soñky ýyllar sowet okkupasiýasy başlapdy we rus esgerleriniñ owgan dükanlaryndan birinji gözleýän zady ýapon kysymly elektron enjamlardy. Sowet generallary özleri üçin Kabuldaky dükanlardan ýapon kysymly kir ýuwýan maşyn, telewizor, holodilnik ýaly hojalyk enjamlaryny alýardylar, ýönekeý rus esgerleri-de owgan dükanlaryna gidip, awtoulaglarynyñ eskizlerini, ätiýaçlyk tekerlerini ýa-da beýleki tehniki enjamlary ýapon kysymly magnitofona ýa-da wideomagnitofona çalyşýardylar. Rus esgerleri bilen owgan dükanlarynyñ eýeleri biri-birilerine düşünmeýändikleri üçin olara ýanlaryndaky täjik esgerleri dilmaçlyk edýärdiler. Sebäp diýseñ, täjiklerem owganlar ýaly pars diliniñ bir şiwesinde gürleýärdiler. Görlüşi ýaly, biziñ padymanymyzyñ ýapon önümlerine bolan gyzyklanmasy we ynamy ýöne ýere däldi. Bütin dünýä ýapon önümlerine bendiwandy. Şol ýyllarda Owganystan ýaly yzagalak ýurtda ýapon kysymly elektron enjamlara eýe bolmagyñ özi aýratyn abraýdy. Segseninji ýyllaryñ başynda Türkiýä gelenimizde-de ýagdaý şeýledi: iñ soñky model "Sony", "Sanyo" kysymly audio we wideomagnitofonlary, "Seiko" sagatlaryny edinmek daş-töweregiñe fason atnak üçin ýeterlikdi. Ýöne bu gezek ýapon önümleriniñ ýiti bäsdeşi bardy: ýüzüne "Made in West Germany" ("Günbatar Germaniýada öndürildi") ýazgyly "Bosch", "Siemens", "Grundig" kompaniýasynyñ öndüren elektron önümleri. 1995-nji ýylda "Windows"-yñ ilkinji wersiýasynyñ ulanyşa goýberilmegi we internetiñ gitdigiçe giñden ýaýramagy bilen "Sony", "Sanyo", "Siemens", "Grundig" ýaly gigant ýapon we nemes markalary informatika dünýäsine gadam basan bolsalar-da, tizligi ýygjamlaşýan ýaryşda gitdigiçe yza galdylar. Jübi telefonlarynyñ ýaýramagy bilen bu ulgamda ilkibaşlarda "Nokia", "Motorola" ýaly iki Günbatar firmasy bazaryñ hojaýyny ýaly bolup görünseler-de, Günorta Koreýa, Taýwan, Hytaý markalarynyñ bazara aralaşmagy bilen az salymda gözden ýitdiler. 2000-nji ýyllara gelenimizde bolsa, ýapon we nemes markalary informatika dünýäsinden doly bolmasa-da, ep-esli möçberde çekilip, bazarda Günorta Koreýanyñ "Samsung", ABŞ-nyñ "Apple", Hytaýyñ "Xiaomi" firmasynyñ önümleri agalyk sürüpdi. Häzir adamlar elektron enjamlaryñ bazarynda ýapon ýa-da nemes kysymly laptop, planşet, el telefonyny görmese-de, dünýäde Afrika materigi hem-de Arktika-Antarktida buzluklary bolaýmasa, "Samsung" ýa-da "Apple" kompaniýalarynyñ önümi bolmadyk hojalyk ýok diýen ýaly. Geçen ýyl Mýunhende çykýan "Tageszeitung" ýerli gazetinde täsin maglumata gabat geldim. Gazet dünýäniñ iñ uly ýüz sany tehnologiýa firmasynyñ sanawyny çap edipdir. Sanawda ellä golaý amerikan, otuza golaý hytaý, ona golaýam Günorta Koreýa we Taýwanyñ firmalary bardy. Gözüm sanawda könäniñ iki läheñini gözledi, Ýaponiýadan dört, Germaniýadan bary-ýogy üç firma sanawa giren eken. Angliýa, Fransiýa, Kanada ýaly ýurtlaram sanawda bir-iki firma bilen ýer alypdyr. Gazet Germaniýa ýaly ýurduñ dünýäniñ iñ gowy ýüz firmasynyñ sanawynda bary-ýogy üç firma bilen ýer almagyna masgaraçylyk diýip baha berýärdi. Häzirem dünýä bazarynda iñ köp girdejili 100 firmanyñ arasynda bary-ýogy üç nemes firmasy bar. Kim islese, Googl-da aýdan sanawlarymy tapyp biler. Elbetde, Germaniýadyr Ýaponiýa häzirem dünýäniñ iñ uly tehnologiýa we agyr senagat läheñi. Emma bu iki ýurduñ informatika tehnologiýasy ýaryşynda mazaly yza galandygy-da indi hemmeleriñ kabul edýän hakykaty. Daşary syýasatyñ we daşary ýurtlaryñ gürrüñi orta atylanda Türkiýede her öñýeteniñ köpbilmişsiräp, hünärmensiräp akyl satmaga başlaýandygyny bilýärin, şonuñ üçin maña-da bilmeýän temamda pikir ýöredýär diýip bilerler. Ýaponiýany biljek däl, ýöne otuz ýyldan gowrak wagt bäri Germaniýada ýaşap gelýärin we bu ýurtdaky üýtgeşmeleri ýakyndan synlap geldim. Germaniýada hemme ugurda hiliñ gitdigiçe pese gaçýandygyny her gün gözüm bilen görýärin: minudyny, hatda sekundyny hem gijä galman gelýän otlular, metrolar, awtobuslar indi öñküsi ýaly wagtly-wagtynda gatnanok. Bir gezek howa menzilinde metro 45 minut gijä galyp gelende, ýanymdaky ýaşuly nemesden "nemes takyklygyna nä döw çaldy?" diýsem, ol ajy gülümsireme bilen: "Oña indi siz eýeräýmeseñiz..." diýip jogap beripdi. Bu ýurtda öñler duşuşyklara, ýygnaklara bir munut gijä galyp barsañam salynmaýan bolsañ, indi 5-10 minutlyk gijä galmalara intipis edýänem ýok. Döwlet edaralarynda, beýleki pudaklarda işler juda agyr ýöreýär. Şäher häkimliginiñ bir hepdede tamamlap biljek işi, infrastrukturasy birnäçe ýyla çekip bilýär. Bir mysal: 2017-nji ýylda başlanan Mýunhendäki "Sendlinger Tor" metro duralgasynyñ täzeleýiş-abatlaýyş işleri häzirem gidip dur. Gallawdyklary, işeññirdikleri bilen tanalýan we şu häsiýetleri bilen bütin dünýäde dile düşen nemesler indi has az işläp has köp dynç almagyñ we keýp çekmegiñ ýollaryny gözleýärler. Germaniýadaky surnukdyryjy iş režiminden ýadan nemesleriñ köpüsi has rahat durmuşda ýaşamak üçin Kanada, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Braziliýa ýaly alys ýurtlara göçýär. Ýagdaý-a şeýle, gadyrdanlar. Depregiñ sesi daşdan gulaga ýakymly eşdilse-de, ýakyndan diñlände gulagyñy lerzana getirýär. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 02.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |