01:42 Türk dünýäsini nähili birleşdirip bolar? | |
TÜRK DÜNÝÄSINI NÄHILI BIRLEŞDIRIP BOLAR?
Publisistika
Türk dünýäsini birleşdirmek - Ýewropa Bileleşigine meñzeş guramanyñ hatarynda jemlemek üçin otuz ýyldan gowrak wagt bäri çekilen şonça zähmete, durmuşa geçirilen ownukly-irili maksatnamalara garamazdan, bu boýunça diliñe çolap bolaýjak üstünlik gazanyp bolmandygyny aýtsak onçakly öte geçdigimiz bolmasa gerek. Yza dönüp seredenimizde, hakykatdanam barmak dürtüp görkezip bolaýjak, göze iläýjek hiç zat ýok. Elbetde, Türk Geñeşi, Türki döwletleriñ Parlamentar Assambleýasy, Türk-Iş Geñeşi, Türk Akademiýasy, TRT-AVAZ, Ýewraziýa Ýazyjylar birleşigi ýaly simwoliki manydan başga manysy bolmadyk ownukly-irili birnäçe edara-guramany sanabam oturmañ. Birleşmek, bir agza bakmak ýaly güýçli isleg-duýgulardan söz açmak isleýän bolsak, onda bu ideýanyñ ikitaraplaýyn bolmalydygyny ýatdan çykarmañ. Duýgularyñyz bir taraply bolsa, döwlet ýa-da birnäçe döwlet bilen birleşmek beýlede dursun, halaýan adamyñyz bilenem dil birikdirip bilmersiñiz. Gynansak-da, Türkiýede otuz ýyldan gowrak wagt bäri bu boýunça birtaraply söýgini başdan geçirýär. Ençem ýyllap her üýşülen ýerde birleşmegiñ gürrüñini edýän, birleşmek şygarlaryny ýokaryk galdyrýan diñe Türkiýe. Türkleriñ ene ýurdy hasaplanýan Orta Aziýadan şumada çenli bu boýunça ýeke peýdaly işiñ edilendigini eşitmedik. Gazagystanyñ öñki prezidenti Nazarbaýew ýa-da azeri lider Aliýew ýaly käbirleri aram-aram Türk bileleşiginden söz açýanam bolsa, olaryñ bu seslenmesi birnäçe ýyllap "birleşeliñ" diýip janygyp gelýän Türkiýäniñ göwnüni awlamak üçin edilen dilujy hereketden ybaratdyr. Emma Türkiýe Respublikasy bu meselä aşa duýguçyl garaýandygy üçin sebitden gelen her bir ymtylyşa çynlakaý seredýär we gereginden artyk üns berýär. Emma biziñ bärde seretmeli zadymyz - dilujy aýdylan sözlerden zyýada iş ýüzünde edilen işler. 2022-nji ýylyñ başynda Gazagystanda halk gozgalañlary turanda, gazak liderleriniñ kömek üçin "dat, ýetiñ!" manysynda birinji göz diken ýerleri Ankara däl-de, Moskwa boldy. Putiniñ ugrafan harby birlikleri az wagtyñ içinde gozgalañy zorluk bilen basyp ýatyryp, asudalygy ýola goýdy. Ýagny, Orta Aziýada jygba-jygly ýagdaýa gelinende Türk dünýäsiniñ öñbaşçylygyny etmäge ymtylýan Türkiýä seretmek, oña sala salmak hiç kimiñ ýadyna düşmedi. Edil şonuñ ýaly Ahmet Dawutoglynyñ premýer-ministrlik eden döwründe Siriýa bilen aramyzda bolup geçen uçar konfliktinde-de Orta Aziýadaky dört türki respublika Moskwanyñ tarapyny tutdy. Hatda ogly Türkiýäniñ hasabyna Demirgazyk Kiprde ýokary okuw jaýynda okap ýören tanyş gyrgyz žurnalistlerimiñ biri "Terrorçy Erdogan - DAIŞ-iñ sponsory" diýip twit atanda, men haýran galypdym we oña jañ edip: "Ynsap ýagşy, ogluñ Türkiýäniñ pulunyñ hasabyna okap ýör, sen "Türkiýäniñ araçäginde rus uçarynyñ näme işi bar?" diýip sorajagyña, biziñ prezidentimize terrorçy diýýäñmi?" diýsemem, onuñ bilen düşünişip bilmedim we gürrüñimiz (şol sanda tanyşlygymyzam) ikitaraplaýyn birnäçe göwne degiji söz bilen gutardy. Siz Azerbaýjanyñam Türkiýä ýakyn durýandygyna seretmäñ. Dogrusyny aýtmaly bolsa, Azerbaýjany Türkiýäniñ gujagyna itenem Daglyk Garabag meselesidi. Ýagny, Azerbaýjanyñ şular ýaly problemasy bolmasa, asla Türkiýe bilen beýle ýakynlaşmady, has dogrusy Özbegistan, Gyrgyzystan nähili durýan bolsa, olam şolar ýaly aralykda durardy. Azerbaýjanyñ Türkiýeden tapawutly pikir edýän birnäçe syýasy ugry bar. Meselem, azeri döwleti we halky Ysraýyla has ýakyn durýar hem-de Palestin konflikti bilen hiç hili gyzyklanmaýar. Maksadym, bolşundan bäşbeter kartina çekip, adamlary Türk bileleşigi idealyndan daşlaşdyrmak ýa-da sowatmak däl. Gaýtam tersine, näçe ajy-da bolsa, ýakymsyz-da bolsa, hakykatlary görkezip, meseläniñ çözgüdini tapmak. Hernäme-de bolsa, ata-babalarymyzyñ aýdyşy ýaly, "hakyky dost ajy-da bolsa ýüzüñe aýdar". "Ýeri, munuñ çözgüdi nähili, Türk bileleşigini nädip ýola goýup bileris?" diýýän bolsañyz, hemme zatdan öñ alty respublikany Türkiýäniñ daşyna jemlemegiñ ýerine, ilki olary öz aralarynda güýç birikdirmäge çagyrmalydyrys. Orta Aziýadaky bäş respublika bilen Azerbaýjany öz aralarynda haryt, hyzmat we gelim-gidim dolanşygyna rugsat berýän Ýewropa Ykdysady jemgyýetine meñzeş bileleşik gurmaga çagyryp bileris. Şeýtmek bilen alty ýurt öz aralarynda birleşip blok emele getirseler, Hytaýdyr Russiýa ýaly ýurtlaryñ basyşlaryna garşy güýçleri artar, şol sanda erkin söwda gatnaşyklary arkaly sebitiñ ykdysadyýeti çalt ösüp, ilatyñ ýaşaýyş-durmuş derejesi-de gowulanar. Munuñ üçin sebitiñ ýeterlik derejede ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklary bar. Täjigistanyñ halky hernäçe türki halk bolmasa-da, ol ýerde özbek medeniýeti agdyklyk edýär. Özbekler bilen täjikleriñ arasynda medeni gatnaşyklar şeýle bir çuñ welin, täjikleriñ aglaba bölegi özbek dilinde gürläp bilýär. Özbegistanda-da öýünde iki dilde - özbek we täjik dillerinde gürleýän adamlaryñ sany sanardan kän. Şonuñ üçinem täjikler bilen Türk bileleşiginiñ arasynda düşünişmezlik bolmajagy belli. "Türk bileleşigi" ady astynda hemme zady Türkiýä baglanyşdyrmaga synanyşmak Orta Aziýada nägilelik döredýär. Meselem, Türkiýede türkçi gatlaklaryñ arasynda ýygy-ýygydan ulanylýan "gazak türkçesi", "türkmen türkçesi" ýaly sözler olaryñ dilini Anadoly türkçesiniñ bir şiwesine indermäge synanyşylýandygy hakdaky pikirleri döredýändigi üçin nägilelik bilen garşylanýar. Öñki Sowet Soýuzynda gürlenen türki diller aýry-aýry şiwe bolmakdan çykyp, indi özbaşyna dil derejesine ýetdi. Türkmen, özbek, gazak, gyrgyz dillerinde ýazylan ýüzlerçe romanlar, hekaýalar, powestler we taryh, ykdysadyýet, filosofiýa boýunça ýazylan müñlerçe kitaplar bar. Bu dilleriñ hersinde ýazylan - Türkiýedäki eserler bilen hemmetaraplaýyn bäsleşip biljek klassyky we häzirkizaman çeper eserleri bar. Türk jemgyýetçiligi onçakly tanamasa-da, Berdi Kerbabaýew, Hydyr Derýaýew ýaly türkmen sowet ýazyjylarynyñ Ýaşar Kemaldyr Kemal Tahyr ýaly ýazyjylardan birjigem pes ýeri ýok. Çingiz Aýtmatow ýaly dünýä belli ýazyjylaryñ-a adyny agzabam durjak däl. Birnäçe ýyl öñ, ýalñyşmaýan bolsam 2018-nji ýylda bolmaly, Almatyda Al-Faraby adyndaky uniwersitetde Owganystan temasyndan çykyş edipdim. Ol ýerde tanyşan birküç sany ýaş professorym we dosentim bilen Türk bileleşiginiñ üstünde bolan gyzgyn gürrüñdeşlikde maña şeýle diýipdiler: - Siz türkler, aşa duýguçyl adamlar. Garaşsyzlykdan soñ bärlere gelen türkler her gören gyýyk gözlüsine "babadaşym", "gardaşym" diýip gujak açypdy. A bizde bolsa beýle duýgy ýokdy, çünki 150 ýyllyk rus we sowet häkimiýetiniñ astynda ýaşan bize taryh sapaklarynda ruslaryñ gowy, osmanlylaryñ bolsa erbet adamlardygy öwredildi. Osmanly-Bolgariýa uruşlarynyñ taryhyny öwrenden, biz bolgarlaryñ gowy adamlardygyny öwrenýärdik. Edil şonuñ ýaly ýagdaýda siziñ çagalaryñyz Atatürki şöhratlandyrýan şygyrlar bilen ulalan bolsa, biziñkiler Lenindir Stalini öwýän şygtrlar bilen ulalypdy. Ýagny, biziñ halkymyz Türkiýä başgaça göz bilen seredýärdik, häzirem şeýle seredýäris. Nijeme ýyllaryñ werziş bolan endigini bir demde taşlaýmak añsat däl. Siz welin ruslaryñ biziñ añymyzda eden 150 ýyllyk weýrançylygyny aradan aýyrmak üçin hiç hilu ylmy-barlag işlerini geçirmezden her gören gyýyk gözliñize "kowumdaşym" diýip topulýarsyñyz we biz entek garaşsyzlygyñ mazasyny bilip ýetişmänkä "Türk bileleşiginiñ" gürrüñini edip bizi ürküzdiñiz. Siz Türk bileleşiginiñ sözüni etdigiñizçe, biziñkiler "Biz ruslardan ýañy dyndyk, indi türkler gelip bize eýemsirejek bolýar" diýen pikiri etdiler. Gazaklaryñ aýdýany dogrudy. Türkiýe 1991-nji ýylda garaşsyzlyklaryny alandan soñ döwlet derejesinde-de, jemgyýet derejesinde-de hiç hili taýýarlyksyz Orta Aziýa kürsäp giripdi. Türkiýeden giden firmalaryñ we biznesmenleriñ bir böleginiñ kezzapçylyga ýüz urmagy sebitde türkleriñ at-abraýyny ýedi gat ýeriñ teýine sokupdy. Meselem, Türkmenistanyñ öñki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylda türk firmalaryñ biriniñ ýerine ýetirýän gurluşyk taslamasyny gözden geçirip durka, degişli ministre "Türkleriñ aldawçy bolýanyny bileñokmy näme, olaryñ bar maksady gözüñi baglap jübiñdäki puluñy almak" diýip igenipdi. Berdimuhamedowyñ bu sözleri türk mediýasynda "türklere dil ýetirdi" sözbaşysy bilen berilenem bolsa, türkmen lideriñ niýetinde Türkiýäniñ ýa-da doganlyk türk halkynyñ göwnüne degmek pikiri ýokdy, gaýtam tersine, onuñ bu aýdýanlary sebitde türk firmalaryna bolan garaýşyñ nähilidigini görkezýän iñ bärkije mysaldy. Daglyk Garabagda gazanan üstünligi we harby-goranyş senagatyndaky öñegidişlikler Türkiýäniñ Orta Aziýadaky at-abraýyny artdyrýanam bolsa, Ankara entek Türk bileleşigi diýilýän zatdan juda uzak. Sebit ýurtlary şonsuzam Türkiýäni Russiýanyñ ýerini tutup biljek döwlet hökmünde görenok. Türkiýedäki üýtgeşmeleri ýakyndan synlaýan Orta Aziýaly intelligentoer biz üçinem, özleri üçinem ýagşy umyt-arzuwdan zyýada uly gaýgy-alada galýarlar. Ýaş gazak žurnalisti muña "Biz Türkiýä meñzäliñ, demokratiýamyzy ösdüreliñ" diýip ýörkäk, gaýtam düýpgöter tersine boldy - Türkiýe gitdigiçe güýçlenýän ýeke-täk adam hökümeti bilen bize meñzemäge başlady" diýip baha berýär. Gepiñ gysgasy, Türk bileleşigi edil häzirki wagt üçin-ä, lotoreýa biletini satyn alyp, ullakan bir zady arzuw edýän raýatyñ arzuwy ýaly elýeterden uzakdaky gury arzuw. Arzuwy nesibä goýmajak bolsak, göz üçin edilýän netijesiz işlerden el çekip, akyl-paýhasa we mantyga goldanýan hakyky işleri durmuşa geçirmeli bolarys. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Duşenbe, 20.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |