17:37 Jelaleddin / poema | |
JELALEDDIN
Poemalar
Geçmişim, şu günüm hakda oýlanyp, Göz öñüme getiremde geljegi. Añymda janlanýar keşbiñ bada-bat, Şany dünýä dolan türkmen gerçegi. Ýazylan zatlary okap sen hakda, Akylymy çuññur ýetiren zadym: Ýüreklere çekilipdir keşde deý, Jelaleddin diýen mübärek adyñ. Şuny-ha nygtaýyn, kelam bedewim Özge bir güzerden inmezden burun. Ýürek keramatdan paýlydyr, onda Mukaddes zatlara berilýär orun. Şu hakykat aýdyñlykda Kuýaşyñ Gözüñ gamaşdyrýan nuruna des-deñ. Adyñ bakylykdan seraý ýapynýar, Ýürekde tutunyp bileñde mesgen. Orun alsyn diýseñ adyñ ýürekde, Owal-başdan mäkäm guşap biliñi, Oñyn işler bitirmeli öñküden Has-da beýge götermäge iliñi. Pelek çarhyn aýladykça, nesiller Ýagşylykda ýatlar ýaly merdini. Ulus-iliñ biri bolmagyñ gerek, Toýun toýlap, dep edere derdiñi. Ömür beýanyñy öwrenip siññin, Ýüzin saldyramda hyýalmyñ atyn. Bagryñ badaşdyran ata ýurduna, Gördüm sende Arkadagyñ sypatyn. Dal bedew üstünde belent howalañ, Awun nazarlaýan bürgüt hamala. Başyñdaky silkme gara telpegiñ, Buýralary ykjap gidýär şemala. Syýlary galgaýar goñur çäkmeniñ, Ýüwrük inip-çykýan ganata meñzeş. Kemsiz añlap atyñ hyýalda baryñ, Toýnak kakýar seniñ bilen göwündeş. Bu hakykat gaty öñden gelýändir, Mertler bagtyn gözlär işiñ kynyndan. Sag goluñda egri dembermeziñ bar, Ýöne ýere gylyç çykmaz gynyndan. Gyndan çykan bolsa şemşiriñ parlap, Özüne ýetesi sebäbi bardyr. Watanyñ üstüne howp abananda, Ata atlanmazlyk namysdyr, ardyr. Jylawy deñ tutup eýer üstünde, Oturşyñ nusgalyk guýlan gurşuna. Misli gara daşa atylan gülle, Haýbat bolup barýarsyñ sen durşuña. Bedew atyñ bilen jebis sazlaşyk Ýüregiñde çyrpyndyrýar ýaz paslyn. Göni garap garagyna duşmanyñ, Görejiñ sançmaga bolmaly aslyñ. Muña bäş müñ ýyllyk taryhym şaýat, Asylzadalardan gaýdýandyr añryñ. Watana hossar çykjak ogullaryny, Türkmene eçilip bilipdir Tañrym. Oguz handan dowam tapan gerçekleñ, Barmak büküp çykardan kän hasaby. Ýüzüniñ tuwagy ulus-ilimiñ, Şolar bolan ata ýurduñ ynsaby. Gorkut, Seljuk hem Mikaýyl, Alp Arslan, Çagry, Togrul, Sanjar, Keýmir kör ýaly, Mertligiñ nusgasyn goýan çyn ärler, Gadym milletimiñ çüwen ykbaly! Diñe bir şular däl, ýene kän ärler, Mynasyp iş bitirdiler tarypa. Jahana dolansoñ olañ şöhraty, Ebedilik girip gitdi taryha. Atalañ mertligi, gaýduwsyzlygy Geçenligi üçun seniñ ganyña, Watanyñ üstüne howp abananda, Hossar çykmak ýazylandyr alnyña. Wysal tapdyrmaga bu parzy kemsiz, Köñül içre bolmaz ýaly gümanyñ, Ata Watanyña söýgiñ joş urup, Möwçlerinden paç almaly ummanyñ. Ol mukaddes söýgi diñe pederden, Dowamata geçip oñýan hem däldir. Bäbejikkäñ ak süýdünden enäniñ Hem şol käbäñ hüwdüsinden geçýändir. Ýüregiñde pajarlaýar ol söýgi, Milletimiñ aýdymyndan, sazyndan. Tomsundan, güýzünden, garly gyşyndan, Joşup gelen bereketli ýazyndan. Ol söýgi kemala gelýär pederleñ Pentlerinden joş alanda gursagyñ. Oña kemsiz düşünersiñ sähramyñ Çägesine bagryñ oýkan pursadyñ. Al-asmana göterilip ruhuñ, Arş-aglada seýran eder şo halat. Özüñi saýarsyñ daglaryñ şiri, Süññüñ ýeñläp, biter köñlüñe ganat. Bu hal alçy gopdugydyr aşygyñ, Köñli ganatlynyñ güýji bir sildir. Ata Watanydyr arka daýanjy, Synagly gün hemaýatkäri ildir. Häzir sen serpaýly şeýle keremden, Namysdan çarp urýar damarda ganyñ. Goluñda oýnadyp ar gylyjyñy, Gözlerinde ot ýakardy duşmanyñ. Añymy ýetirýän şeýle zada-da, Kitap okap oturan dek hamala. Tutjakdan däl dessesinden gylyjyñ, Parahat bolanda eger zamana. Günler gelip geçse rahatlykda, "Ýagşy bolsun ~ diýip ~ iliñ hatary", Çopan taýagyny atyp egnime, Garagumda sonatlatjak mallary. Pagyş-para eräp gary gaýalañ, Öwsen mahalynda bahar ýelleri. Bagryñ badaşdyryp mele topraga, Daýhan bolup bejerjek sen pelleri. Bagşy bolup toý-baýramlañ bezegi, Aýdymlar döretjek kalbyñdan dömen. Bagyñ bilen belli bagban bolup sen, Terjimen güllerden baglajak çemen. Ussaçylyk kärin ele alşyña, Ýüregiñde pajarladyp hoş päli. Orak ýasamagy höwes ederdiñ, Bugdaý ýetişende oraryñ ýaly. Herhal öz hakyna kaýyl halkymyñ, Şöhraty öñküden artsyn diýip has, Ýelden ýüwrük, görkli tohum atlary Ýetişdirdiñ sen bolup atşynas. Kärleriñ haýsysyn saýlap tutsañ-da, Hözirli bolardy ýaşalan ömür. Ýowuz boldy çykan asyr alnyñdan, Saña başga ykbal bagş etdi döwür. Nesip eden çagy bu täji bagtyñ, Eý, daglañ peleñi, çölleriñ gurdy, Manyly ömrüñde saña düşen paý, Nägehan duşmandan goramak ýurdy! Ony başarmaklyk hele-müçük däl, Eger-de bermeseñ duşmanyñ merkin. Ganly gözün dikmän özge hiç zada, Jylawlamakdadyr maksady erkiñ. Hak gorasyn beýle ryswalykdan, Erkiñi aldyrsañ baýlygyñ, şanyñ, Pederleñ miras goýan topragy, Ýowuñkydyr tende amanat janyñ. Düşüneniñ üçin bulara çuñdan, Oguz han atamyñ aýdyşy ýaly, Diliñ däl, ýüregiñ sena edindi, "Ser bereris, ýer bermeris!" kelamy. Kasamlañ içinde iñ beýgi şudur, Bu jümlede görýän mukaddes anty. Diñe är ogullar şeýle kelamy Içýärler ýurda howp abanan wagty. Ana, tutup ýatyr giden meýdany, Sap-sap bolup duran leşgeri ýowuñ. Wagşy seslerinden gümmürdeýär gök, Sähel ýöwsel bolsañ basyljak howuñ. Ýigitlerñe diýýäñ: "Ýyrtyp bogazyn, Gygyryşybersinler galyşyp görgä. Bu aýtgy galandyr eždatlarmyzdan, "Bir kesek oklamak ýetik müñ garga". A siz bolsa bürgütleri ilimiñ, Bürgütlerin mydam ganlydyr awy. Her dem ýa-da salyñ, şu gün, şu ýerde, Çözülýändir Watanmyzyñ ykbaly. Goçaklarym, parzymyzdyr duşmanyñ Başlaryna gopdurmaklyk kyýamat. Ilimizde baky pajarlap döwran, Nesillermiz tapar ýaly dowamat. Söweşýäs öz topragmyzyñ üstünde, Ene topragmyzda gudrat, kerem bar. Pederleñ synmaz ruhlary goldap, Arzyly ýeñşimiz bize bolar ýar". Bu sözlerden hyruç alan ýigitler, Ajal bolup duşman üstüne eñdi. Iki goşun garpyşdy, bu tutluşyk Şindi görlüp-eşdilmedik bir jeñdi. Pes ýagy däl sürnüp gelen bu duşman, Tilkiden hilegär, jan algyç zalym. Olaryñ zoruna döz gelip bilmän, Ençe şäher-galañ synany mälim. Uçgun çykýar gylyç gylja degende, Atlañ toýnagyndan goduklaýar ýer. Giñ meýdanda iki ýygyn çaknyşman, Häzir darkaş gurýar haýyr bilen şer. Görkezip nusgasyn gahrymanlygyñ, Awuna topulýan ýolbars hamala. Inip-çykyşyna göz ilmän gyljyñ, Ganymlary getirýärsiñ amana. Seniñ mertligiñden görelde alan Ýigitler öwrülýär gaýduwsyz güýje. Düwüp gelen niýetini ýamana, Duşmanyñ maksady çykýar, bak, puja. Sülsatlarnyñ sansyz läşin galdyryp, Ölüm penjesinden sypanlar diri. Yzyna garaman gaçýar jyrralyp, Ýatladyp kemandan atylan tiri. Yklymlara dowul salan bu ýowuñ, "Hiç bir güýçden ýeñilmezek" diýýänin, Ýeñşiñ bilen ýalandygny o gepiñ Subut etdiñ illerine dünýäniñ. Şeýle ynanjy-da guýduñ añlara, Onuñ bahasy has gymmatly zerden. Haýyrdan gönezlik alan amallar, Üstün çykmalydyr mydama şerden. Çañ-tozany umma äkitdi şemal, Çigildemleñ roýy dañyñ şapagy. Jelaleddin, seniñ gazanan Ýeñşiñ Nesilleñ çuñ öwrenmeli sapagy. Bag içinde bilbil saýrady şirin, Diýlen ýaly oña: "Bir nama gaýyr!" Andalybyñ owazyndan añlanym: "Şerden mydam üstün çykmaly Haýyr!" Çaý-çeşme çyrpynyp, joş urdy derýa, Dag gelip zybana, dil açdy baýyr. Deñiz, umman goşdy olara sesin: "Şerden mydam üstün çykmaly Haýyr!" Haýyr mydam üstün çykmaly şerden!" Bu jümläni gaýtalady ýer, asman. Jelaleddin, adyñ asyrlar aşyp, Boljakdygy hakdyr dillerde dessan. Köñlümiñ aramy şu guwanjymy, Ýüregimden üzüp sözlesem aýan. Seniñ türkmen bolup doglanyñ üçin, Men özümiñ türkmendigme buýsanýan! © Döwletmyrat NURYÝEW. | |
|
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |